The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

27.08.2025

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY UGRUNDA

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlarymyz toýa ulaşýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanylýan bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem uly dabaralara beslenip baýram ediler. 

     Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmakda yzygiderli işler amala aşyryldy. Şeýlelikde, şu döwrüň içinde Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşýändigini görkezip geldi. 

     Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ekologiýa abadançylygy ugrunda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG­niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda başlangyçlary öňe sürýär. 

     Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döretmekde hem giň möçberli işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak hakynda düzgünler berkidilendir.  «Ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerinden ugur alnyp, senagat toplumlaryny tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň ählisi  hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigaty goramak babatdaky döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem­de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.

     Daşky gurşawy goramaga innowasion çemeleşmeleriň anyk mysaly hökmünde ekologik artykmaçlyklara eýe Arkadag şäherini görkezmek bolar.  Arkadag şäherinde seýilgäh toplumlary, şeýle hem şäheriň daş­töwereginde tokaý zolaklary döredildi. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde, ekologiýa ýagdaýyň degişli derejede saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

     Ýaşamak üçin amatly şäherleriň biri bolan Aşgabat şäheri hem ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär. 

     BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi möhüm waka bolmak bilen, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny gazanmakda alnyp barylýan giň gerimli işleri­de dabaralandyrdy.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyzy tutumly işlere ruhlandyrýan Gahryman  Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan  peýdalanmak we agrosenagat toplumy  baradaky komitetiniň agzasy.