The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.08.2025

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda: «Türkmenler köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň, ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir. Geňeşe, esasan, iliň ýaşululary, han-begleri ýolbaşçylyk edipdir. Olar meseläni orta atyp, iliň pikirini jemläpdir. Kähalat geňeşilýän mesele hakynda iki pikir ýüze çyksa, haýsy tarapyň sesi köplük bolsa, şolaryň gepi sana geçipdir» diýip, belläp geçýär. 

 

     Halk arasynda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimler bar. Geçmişde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyşyp, maslahat etmekleri özboluşly däbe öwrülip gidipdir. Oguz han atamyz öz guran döwletiniň kuwwatly hem ygtybarly bolmagy üçin ogullaryny, il-gününi ýygnap, ýurduň wajyp meselelerini çözmekde halk köpçüligi bilen maslahatlaşmagy berk ýola goýupdyr. Halkyň, il-günüň içinde hormatlanýan aksakgallaryny, dana-danyşmentlerini bir ýere jemläp, olar bilen geňeş etmegiň, ýurdy halk bilen geňeşli dolandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini sargyt edipdir. 

     Türkmenleriň döwletli işi uly jemagat bolup maslahatlaşandygyny, geňeşe uly ähmiýet berendigini Magtymguly atamyzyň eserlerindäki «Ärler geňeşi», «Uly jemagat», «Uly geňeş» ýaly sözleriň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygynda, nesihat almak, ile maslahat salmak hakyndaky öwüt-ündewlerinde hem görýäris. Köpügören ýaşululara sarpa, ulyny sylamak, kiçini söýmek edebi Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýär. «Beg, töre, aksakgal — ýurduň eýesi» diýen sözlerden görnüşi ýaly, şahyryň «Türkmeniň» goşgusynda hem ýaşuly nesle aýratyn hormat beýan edilýär. 

     Pederlerimiziň ynsanperwer garaýyşlary, ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bu günki gün eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda mynasyp dowam etdirilip, uly wakalaryň, tutumly toýlaryň öňüsyrasynda halka geňeş salmak indi ýurdumyzda milli ýörelgelerimize öwrüldi. 

     Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän günlerinde beýik ösüşler bilen nobatdaky Halk Maslahatyna barylmagy döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda üstümizdäki ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň gün tertibindäki soraglary, şeýle hem syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda Halk Maslahatynyň wekilleriniň we Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly ornunyň barlygyna möhüm ähmiýet bermeginiň mysalynda hem ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasy döredilip, jemgyýetimiziň her bir raýatynyň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala getirildi. 

     Eziz Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda, döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. 

     Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny taýýarlamak babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny bermegi, hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kanunçylyk taýdan berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr. 

     Geçirilen mejlisde merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň kabul edilmegi halkymyzy buýsandyran waka boldy. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu wezipeleri maksadalaýyk ýerine ýetirmekde, öňde duran maksatlara üstünlikli ýetmekde türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnygyna uly ynam bildirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. 

     Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlarymyz bilendigini, olaryň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydygyny, şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidigini aýratyn nygtaýar. 

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlislerinde kabul edilýän çözgütleri durmuşa geçirmekde, öňe sürlen başlangyçlary goldamakda we olaryň ähmiýetini wagyz etmekde ýurdumyzyň ýaşlary hem öňdäki hatardadyrlar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda nygtalyşy ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr. 

     Bir söz bilen aýdylanda, nobatdaky ählihalk maslahatynda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Munuň özi asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri bilen, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtyýarly wekillerine sarpa goýmagyň, olaryň abraý-mertebesini ýokary götermegiň, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.

     Döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. 

     Halkymyzyň ýagty geljegi we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.