The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Mälim bolşy ýaly, awgustyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Her on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işiniň esasy netijesi — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdunda durnukly ösüşi gazanmak üçin «ýol kartasy» bolar. Şular dogrusynda has giňişleýin gürrüň bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman ROZYÝEWE ýüz tutduk.
— Gahryman aga, ilki bilen, DÇBÖBD-niň maslahatynda Parlament forumynyň orny barada aýdyp beräýseňiz!
— DÇBÖBD-niň maslahatynda ilkinji gezek ýöriteleşdirilen platformalar — raýat jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, parlamentariler we Günorta — Günorta ugry boýunça hyzmatdaşlar üçin meýdançalar hereket etdi. Bulara 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun degişlidir. Sebäbi agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi milli syýasatlar bilen sazlaşygy, inklýuziwligi we jogapkärçiligi talap edýär. Bu iş, ilkinji nobatda, raýat jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenanlar, iň esasysy bolsa, parlamentariler arkaly başlanýar we ilerledilýär diýlip, geçen döwrüň içinde gazanylan tejribeler öwrenilip gelnen netijedir. Parlament forumy DÇBÖBD-niň ählumumy hyzmatdaşlygynyň sazlaşyklylygynyň yzygiderli üpjün edilmegini gazanmak işine berlen badalgadyr. Inklýuziwligi gazanmak parlamentarileriň esasy wezipesidir. Bu diýildigi dahyllylygy, ýagny, ýaşyna, bilimine, jynsyna we beýlekilere garamazdan, her bir adamy, her bir gatlagy, her bir pudagy, her bir döwleti öňde duran uly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine, durnukly ösüşleriň gazanylmagyna dahylly etmek, mümkin boldugyndan olaryň bu işe gatnaşmagyny gazanmak. Bularyň işinde sazlaşygy döretmek hem saklamak parlamentarileriň üstüne düşýär. Umuman, parlamentariler hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar.
— Awazadaky parlament forumynyň işi barada-da durup geçäýseňiz!
— Bu forum parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak maksady bilen geçirildi. Ol «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri» atly mowzuklaýyn mejlislerde has-da anyk häsiýete eýe boldy. Şeýle hem forumda parlament diplomatiýasyny we dialogy ösdürmek boýunça tejribeler hem-de strategiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara maksatnamalary durmuşa geçirmegiň zerur şerti bolup çykyş edýän syýasy dialogy we sosial jebisligi ilerletmekde parlamentleriň eýeleýän orny barada pikir alşyldy. Parlament institutlaryny pugtalandyrmak, durnukly hem-de inklýuziw ösüş üçin şertleri döretmek üçin halkara guramalar we raýat jemgyýeti bilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýeri gelende bellesek, parlamentariler kanun çykaryjylyk, gözegçilik işi we býujet çözgütleri arkaly ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmäge konstitusion ygtyýarlyklara eýedirler. Döwleti dolandyrmagyň çäklerinde parlamentler söwdany, infrastrukturany, innowasiýalary ösdürmäge, şeýle hem sebit integrasiýasyny we arabaglanyşygy giňeltmäge ýardam berýän hukuk binýadyny döredýärler. Syýasat we býujet işlerinden başga-da, döwlet bilen raýatlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýärler. Şeýle hem durnukly ösüşiň esasy bolan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda parlamentlere wajyp orun degişlidir. Olaryň has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda parlamentleriň bu resminamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek, degişli kanunlary kabul etmek we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmek bilen bagly işleri alyp barmak borçlary anyk kesgitlenendir. Ýene-de bir zady belläp geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabaradaky çykyşynda: «Häzirki wagtda parahatçylygy hem-de durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, halklaryň, ähli sagdyn, netijeli güýçleriň gatnaşyk etmäge, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga ymtylmalaryny goldamak üçin diplomatiýanyň, şol sanda halk diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak möhümdir» diýmek bilen, biziň işimiziň haýsy ugur bilen gitmelidigini kesgitläp berdi. Ýöriteleşen forumyň jemleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Parlament Ýüzlenmesi kabul edildi. Onda şol 32 döwletiň parlamentleriniň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin, olara tehniki we maliýe ýardamlaryny, şol sanda degişli halkara guramalar tarapyndan düzümleýin maslahatlaryň we gözükdirmeleriň hem-de mümkinçilikleri artdyrmak üçin serişdeleri işjeňleşdirmek babatda ýardamlaryň berilmegini üpjün etmäge çagyryş beýan edilýär. Umuman, Awazada geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň ösüşinde milli kanun çykaryjylyk edaralarynyň möhüm ornuny ykrar etdi.
— 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda bellenilenler barada-da düşünje beräýseňiz!
— Bu resminama öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýatlygy üçin ähmiýetlidir. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdunda durnukly ösüşi gazanmak üçin «ýol kartasy» bolar. Ol infrastrukturany ösdürmek, ykdysady diwersifikasiýa, öndürijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyny ösdürmek, maliýeleşdirmek, söwdany işjeňleşdirmek, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar we bu döwletleriň ösüşiniň esasy ugurlaryny ilerletmekde, ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özgertmeler, hususan-da, düýpli düzümleýin özgertmeler zerur. Bu işde adam maýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek wajyp bolup durýar. Bilime, saglygy goraýşa, hünär taýýarlygyna maýa goýumlar uzak möhletleýin ösüşiň binýady hasaplanýar. Döwrebap ukyp-başarnykly, ýaş we bilimli nesiller diňe bir täze tehnologiýalary netijeli ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdunyň özboluşly zerurlyklaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri özbaşdak döretmäge-de ukyplydyrlar. Şeýlelikde, Hereketleriň Awaza maksatnamasy ykdysady meýilnama bolmak bilen birlikde, has durnukly, abadan jemgyýetleri gurmak boýunça hemmetaraplaýyn strategiýa hem bolup durýar. Şu ajaýyp işleriň, anyk aýtsak, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, uly hyzmatlary bardyr. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!