The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gazanylmagyna örän uly üns berýär. Çünki, elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi diňe bir halk hojalygymyzyň beýleki ugurlarynyň döwrebap ösdürilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde bu pudakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi pudagyň önümçilik kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berdi. Energiýa çeşmesine barha ösýän islegi has doly kanagatlandyrmakda netijeli ädimler ädildi. Şeýlelikde, Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň hem-de ilatyň arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasyna barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatynyň täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryň hasabyna ýokarlandyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligine-de giň ýol açdy. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da kuwwatly elektrik geçirijileriň, paýlaýjy desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegine-de örän uly üns berildi. Milli ykdysadyýetimiziň iri pudagyndaky ýokary depginli ösüş-özgerişler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da rowaçlanýar.
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň öňdebaryjy pudagy bolan elektroenergetika pudagynda amal edilýän özgertmeler institutymyzyň mugallymlaryna we talyplaryna bildirilýän talabam ýokarlandyrýar. Geljekki energetiklere kämil tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmagy öwretmekde has jogapkärli wezipeler öňe çykýar. Biz şol wezipelerden ugur alyp, ýokary taýýarlykly ýaş energetikleri ýetişdirmekde ähli tagallalary edýäris.
Merdan ORAZMEREDOW. TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.