​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.08.2023

JEBISLIGIŇ MILLI NUSGASY

Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiňem, rowaçlygyňam pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär.

Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ömrü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» atly kita­byn­da nyg­taý­şy ýa­ly, Halk Mas­la­ha­ty öz maz­mu­ny bo­ýun­ça ata-baba­la­ry­my­zyň ýa­şu­lu­lar­dan mas­la­hat so­rap, akyl­dar, ylym­dar, il bähbidi­ni ara­ýan ge­ňeş­dar­la­ryny ýyg­nap, ka­ra­ra gel­mek ýö­relge­si bi­len umu­my esa­sy aň­la­dyp, sy­ýa­sa­ty öw­re­niş nuk­daý­na­zaryn­dan al­nan­da, demok­ra­ti­ýany dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň bir ug­ru­dyr. Mu­nuň özi hal­kyň weki­li­niň döw­le­ti do­lan­dy­ryş işi­ne gat­na­şy­gy ba­bat­da ýo­ka­ry mümkinçilik­le­ri­ni gör­kez­ýär. “Her bir ada­myň mu­kad­des­lik­le­re, halallyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, päk gö­wün­li­lige, zäh­met­sö­ýer­li­ge we beý­le­ki asyl­ly hä­si­ýet­le­re bo­lan ga­raýşyn­dan dur­mu­şyň bin­ýa­dy tu­tulýar, döw­let sü­tü­ni bi­na bol­ýar. Döw­le­ti döw­let, ili il ed­ýän hem adam­lar­dyr” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­ýar. 

Il­-ýurt bäh­bit­li me­se­le­le­riň maslahat­lar­da çö­zül­me­gi gadym­dan göz­baş al­ýar. Asyr­laryň jümmüşinden gaýd­ýan halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýörel­ge­le­ri­ni, demok­ra­tik däp­le­ri­ni özün­de jemlän halk mas­la­hat­la­ryn­da sy­ýasy, ho­ja­lyk we hu­kuk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça wa­jyp ka­rar­lar çykarylypdyr. Sol­tan­lar, han­lar has wa­jyp me­se­le­ler­de mas­la­hat ge­çi­rip, ge­ňeş gu­rap, gu­tar­nykly ne­ti­jä gelip­dir­ler. Türk­me­nista­nyň Halk Maslaha­ty hal­kyň döw­let gur­lu­şy babat­da toplan tej­ri­be­le­ri­ni, döwrüň ta­lap­la­ry­ny, ta­ry­hy däp­-des­sur­la­ry özün­de jem­le­mek bi­len, asyl­ly ýörelgele­riň hä­zir­ki za­man do­wa­ma­ty­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Halk Mas­la­ha­ty ýur­duň ýo­kary we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy hök­mün­de ykdy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we ra­ýat­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni sazla­ýar. Döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýer­li eda­ra­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da welaýatlarda, etraplar­da we şä­her­ler­de dö­re­dil­ýän ýer­li we­kil­çi­lik­li edara­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Ola­ryň ag­za­la­ry de­giş­li do­lan­dyryş­ çäk bir­lik­le­rin­de ykdy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ösüş maksatnama­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýeti­ril­me­gi­ni gu­ra­ma­ga gat­naş­ýar. Býu­je­ti we onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi hakyn­da ha­sa­ba­ty tas­syk­la­ýar. Ka­nu­nçy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne we jemgyýet­çi­lik ter­ti­bi­niň go­ralyp sak­lan­ma­gy­na ýardam edýär. Şol bir wagt­da onuň jemgy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şy­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gyda üns be­ril­mä­ge my­na­syp­dyr. Ýurdumyzyň sy­ýa­sy partiýala­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry Halk Maslaha­ty­nyň ge­çen mejlisle­riniň ne­ti­je­le­ri­ni köp­çü­lik­le­ýin habar be­riş se­riş­de­le­rin­de düşündir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýarlar. 

Hä­zir­ki za­man türk­men jem­gyýe­ti­ne döw­re­bap­lyk, ka­nu­ny­lyk, milli we dün­ýä tej­ri­be­si­ni utgaşdyr­mak ýö­rel­ge­le­ri mah­sus­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ga­za­nan üstünlik­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­sin­den görmek bol­ýar. «Berka­rar döw­letiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022­—­2052­nji ýyl­lar­da durmuş-­yk­dy­sa­dy taýdan ös­dür­me­giň Mil­li maksatnama­syn­da» ykdysady­ýe­tiň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si­ni ýokarlandyrmak, san­ly ykdysadyýe­ti we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naşdyr­ma­gy çuň­laş­dyr­mak, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ýyn ösüşi­ni dowam et­dir­mek; eko­lo­gi­ýa we azyk howpsuzlygyny üp­jün et­mek, adam ma­ýa­sy­ny ös­dürmek, ra­ýat­la­ryň ýaşa­ýyş­-dur­muş de­re­je­si­ni, durmuş go­rag­ly­ly­gyny ýo­kar­lan­dyr­mak bilen bag­ly mak­sat­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­di. Bu ugur­lar­da­ky üstünlikler ra­ýat­la­ryň sy­ýa­sy düşünjesiniň, dur­muş­-yk­dy­sa­dy işjeňliginiň we hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­niň ýokar­lan­dyryl­ma­gy bi­len üp­jün edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy­ ýa­ly,­ “Geç­miş­de­ di­ňe halal­hon,­ yn­sap­ly,­ adam­kär­çi­lige­ mah­sus­ sy­pat­la­ra­ eýe­ bo­lan adam­lar­ iliň­ öňü­ne­ düş­me­gi­ başa­ryp­dyr­lar.­ Şeý­le­ adam­lar­dan mas­la­hat­ so­ra­lyp,­ ola­ryň­ pi­ki­ri dur­muş­da ­is­len­dik ýagdaýda dogry, ­mak­sa­da­la­ýyk­ he­re­ket­ etmä­ge dog­ry­ ýol­ gör­kez­ýän­ çel­gi­ hasap edi­lip­dir”.­ 

Hal­ky­lyk döw­let, jem­gy­ýet, şah­sy­ýet gat­na­şyk­la­ry­nyň bitewüliginiň şöh­le­len­me­si­dir. Jebis iş­jeň­lik­de, yla­la­şyk­da hal­ka hyz­mat et­mek, onuň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak we jem­gy­ýet­de dep­ginli ösü­şi üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri döw­le­tiň esa­sy mak­sat­la­ryn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Hal­ky­lyk türk­men döw­le­ti­niň hä­si­ýet­li aý­ratyn­ly­gy­dyr. Çün­ki pederlerimi­ziň «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Il gözi­—­te­re­zi», «Iliň ag­zy bir bol­sa, da­gy go­pa­rar» di­ýen pä­him­le­ri­niň öze­nin­de jem­gy­ýe­tiň bitewüligi, yn­san­la­ryň raý­daş­ly­gy, ili­ne-­ýurdu­na we­pa­dar­ly­gy jemlenýär. Da­na şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «Goç ýi­gi­de toý­dur-baýram, Her iş gel­se il bi­lä­ni» diýmek bi­len, iliň abat­ly­gyn­da öz öm­rüň, öýüň aba­dan­ly­gy­nyň hasyl bol­ýan­dy­gy­ny ün­de­ýär. Ag­zybir­lik­de köplügiň pa­ra­sa­dy­na we tej­ri­be­si­ne da­ýa­ny­lyp, halk bi­len ge­ňe­şi­len işe döw­let­li­li­gi­ňem ýaran bol­ýan­dy­gy­ny, to­ýu­ňam uzaga gid­ýän­di­gi­ni taryhy wa­ka­lar­da has aý­dyň gör­ýä­ris. 

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň äh­li şahalarynyň or­nu­ny we yg­ty­ýar­lyk­lary­ny kesgit­le­mek, bu dü­züm­le­riň hal­ka hyz­mat et­me­gi üçin amat­ly hu­kuk ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek, ýerli öz­-özü­ňi do­lan­dy­ry­şy gi­ňelt­mek hem-­de halkyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bähbidine dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ykdy­sa­dy işi ka­da­laşdyr­mak ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­ler iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň öň­de du­ran mej­li­si­niň çöz­gütle­ri Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýo­la go­ýan baş­lan­gyç­la­ry­nyň hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygyn­da do­wam et­di­ril­ýän döwrün­de de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek äş­gär eder. Täze kabul edil­ýän hu­kuk res­mi­nama­la­ry­nyň, çözgütle­riň öze­nin­de halk häkimi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çili­gi­niň, döwrebap­ly­gy­nyň hem­-de her bir ada­myň dur­muş taý­dan goraglylygynyň, dö­re­di­ji­lik­li zähme­ti­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nükdi­ri­len ýö­rel­ge­ler aý­dyň şöh­le­lenýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

30.08.2023