The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiňem, rowaçlygyňam pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär. “Her bir adamyň mukaddesliklere, halallyk ýörelgelerine, päk göwünlilige, zähmetsöýerlige we beýleki asylly häsiýetlere bolan garaýşyndan durmuşyň binýady tutulýar, döwlet sütüni bina bolýar. Döwleti döwlet, ili il edýän hem adamlardyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar.
Il-ýurt bähbitli meseleleriň maslahatlarda çözülmegi gadymdan gözbaş alýar. Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan halk häkimiýetiniň ýörelgelerini, demokratik däplerini özünde jemlän halk maslahatlarynda syýasy, hojalyk we hukuk meseleleri boýunça wajyp kararlar çykarylypdyr. Soltanlar, hanlar has wajyp meselelerde maslahat geçirip, geňeş gurap, gutarnykly netijä gelipdirler. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň döwlet gurluşy babatda toplan tejribelerini, döwrüň talaplaryny, taryhy däp-dessurlary özünde jemlemek bilen, asylly ýörelgeleriň häzirki zaman dowamatyny alamatlandyrýar.
Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Olaryň agzalary degişli dolandyryş çäk birliklerinde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar. Býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar. Kanunçylygyň berjaý edilişine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna ýardam edýär. Şol bir wagtda onuň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşygynyň ýola goýulmagyda üns berilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetine döwrebaplyk, kanunylyk, milli we dünýä tejribesini utgaşdyrmak ýörelgeleri mahsusdyr. Munuň şeýledigini gazanan üstünliklerimiziň netijesinden görmek bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti we tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek; ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly maksatlara aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurlardaky üstünlikler raýatlaryň syýasy düşünjesiniň, durmuş-ykdysady işjeňliginiň we hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, “Geçmişde diňe halalhon, ynsaply, adamkärçilige mahsus sypatlara eýe bolan adamlar iliň öňüne düşmegi başarypdyrlar. Şeýle adamlardan maslahat soralyp, olaryň pikiri durmuşda islendik ýagdaýda dogry, maksadalaýyk hereket etmäge dogry ýol görkezýän çelgi hasap edilipdir”.
Halkylyk döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň şöhlelenmesidir. Jebis işjeňlikde, ylalaşykda halka hyzmat etmek, onuň bähbitlerini goramak we jemgyýetde depginli ösüşi üpjün etmek wezipeleri döwletiň esasy maksatlarynda aýratyn orun eýeleýär. Halkylyk türkmen döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Çünki pederlerimiziň «Geňeşli salamat bolar», «Il gözi—terezi», «Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar» diýen pähimleriniň özeninde jemgyýetiň bitewüligi, ynsanlaryň raýdaşlygy, iline-ýurduna wepadarlygy jemlenýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Goç ýigide toýdur-baýram, Her iş gelse il biläni» diýmek bilen, iliň abatlygynda öz ömrüň, öýüň abadanlygynyň hasyl bolýandygyny ündeýär. Agzybirlikde köplügiň parasadyna we tejribesine daýanylyp, halk bilen geňeşilen işe döwletliligiňem ýaran bolýandygyny, toýuňam uzaga gidýändigini taryhy wakalarda has aýdyň görýäris.
Häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň ornuny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek, bu düzümleriň halka hyzmat etmegi üçin amatly hukuk ýagdaýyny döretmek, ýerli öz-özüňi dolandyryşy giňeltmek hem-de halkyň abadançylygynyň bähbidine durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisiniň çözgütleri Milli Liderimiziň ýola goýan başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwründe demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nobatdaky gezek äşgär eder. Täze kabul edilýän hukuk resminamalarynyň, çözgütleriň özeninde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçiliginiň, döwrebaplygynyň hem-de her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygynyň, döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni
30.08.2023