The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymaty bu günki gün bedew batly ösüşlerimiziň mizemez esasyna öwrülip, rowaçlyklara şan berýär. Her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, durmuş maksatly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatdaky meseleleriň ählisi maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändigi bilen tapawutlanyp, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň ilerlemegine batly itergi berýär. Bularyň aýdyň hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýüze çykdy. Taryhy mejlisde gazanylan üstünlikler, ýurdumyzy mundan beýläk hem netijeli ösdürmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edilip, bu babatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda eden çuň manyly çykyşynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada durup geçip, şol işleri ýene-de berkitmek babatda wezipeleri öňde goýdy. Bu, elbetde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işlere hem dahylly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz täze taryhy döwürde ýurdumyzyň milli parlamentiniň ösdürilýändigini, kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk kämilleşdirilýändigini belläp, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda durmuş ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi we hereket edýän kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegi häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri hasaplaýandygyny nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň — Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp we hemişe sargyt edişi ýaly, golaýda milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda bir näçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň hatarynda «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», ýurdumyzyň Hökümeti bilen degişli döwletleriň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyklary tassyklamak hakynda, konwensiýalara goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şonuň ýaly hem öňden hereket edýän kanunlara, kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlar bar.
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adamyň bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende götermek, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýata bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. Bu ýokary döwlet sylagy bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilýär. Ýeri gelende aýtsak, döwletimiziň hem halkymyzyň bähbitlerini ýokary derejede goýýan, ösen durmuş gurşawyny üpjün etmekde ýokary tagallalaryny gaýgyrmaýan, döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, belent abraý-mertebeden peýdalanýan, milli ýörelgelerimize, haýyr-sahawatlylyga, mätäji goldamak ýaly asylly işlere ygrarly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanmagy tutuş halkymyzyň buýsanjyny hem şatlygyny goşalandyrdy.
Mejlisiň maslahatynyň dowamynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi ösýän döwürde onuň talabyna laýyk wezipeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksadyny göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňümizde goýýan wezipelerine amal edilýändigini aýdyňlaşdyrýar.
Täze wezipeler uly üstünliklere badalga berýär. Hemişe döwletimize we hakymyza üstünlikleriň ýar bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaç
bolsun!
Gurbangylyç DURDYÝEW,
welaýat häkimliginiň işgärler,
geňeşlikler we häkimligiň
edaralarynyň işini utgaşdyryjy
bölüminiň baş hünärmeni,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputaty.
“Daşoguz habarlary”, 26.10.2023