The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkara derejesinde abraý-mertebesi, ykdysady kuwwaty ýokarlanýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň uly gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyndan, durmuş ýörelgelerinden, parahatçylyk söýüjiliginden, dost-doganlyk gatnaşyklaryndan alyp gaýdýar. Munuň şeýledigine, 1991-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda», 1995-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda», şu ýylyň 19-njy sentýabrynda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kadalary we olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan diplomatik guramaçylyk işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň bilen birlikde, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamalary, şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň goldamagy esasynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň — «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edilmegi, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk binýady bolup durýar. Ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek ýaş nesillerimizi Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren we çuňňur paýhasyndan gözbaş alýan «Dialog parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy anyk ugurlarda netijeli işlere çagyryş bolup durýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we beýleki ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.
Türkmenistan yzygiderli ösýän ýurt, onuň ösmegi üçin ähli şertler bar. Tebigy baýlyklarymyzyň ýeterlik bolmagy, olary özleşdirmegiň barha giňeýän gerimi, hormatly Prezidentimiziň geçirýän özgertmeleri, halkymyzyň agzybirlikde çekýän döredijilikli zähmeti häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna geçmegine mümkinçilikleri döredýär. Jemgyýetimiziň esasyny düzýän täze nesliň aňyndaky, kalbyndaky ýagşy niýetler, durmuşa geçirilýän haýyrly işler bolsa geljegimiziň röwşenliginiň kepilidir.
Durdyguly MEREDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty