The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

09.01.2026

PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYK

 

     Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda, hyzmatdaşlyklarda parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä döwletleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerlemeginde işjeň orun eýeleýär. Parlamentara guramalaryň, forumlaryň çäklerinde parlamentara gepleşikleriň giňeldilmegi, döwrüň ýüze çykaran meselelerini göz öňünde tutýan resminamalaryň kabul edilmegi dünýäde parlamentleriň ornunyň ýokarlanýandygyny äşgär edýär

 

     Gender deňligini üpjün etmek, şol sanda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» boýunça döwrüň ýüze çykaran meselelerine syn bermek hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Filippinler Respublikasynda halkara maslahata gatnaşdylar.

    Manilada geçen duşuşyk oňa gatnaşan parlament wekilleriniň, bilermenleriň, hünärmenleriň Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda» Konwensiýanyň hem-de Pekin Jarnamasynyň we Hereketler platformasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitlerinde ýerine ýetirilişi boýunça öňde durýan ählumumy meseleleri we mümkinçilikleri baradaky tekliplerini hem-de pikirlerini umumylaşdyryp, olary sebitiň çäginde amal etmäge ýol açar. 

     Ilat gaznasy we ösüş boýunça Aziýa Ýuwaş ummany parlament forumynyň wekilleriniň başlyklyk etmeginde maslahat geçip, onuň maksadyna, has takygy, BMG-niň, ýagny Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmegiň hem-de «Aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk» syýasatynyň ählumumy derwaýyslygyna üns çekildi. Şunda syýasy, ykdysady işjeňlikde lider zenanlary ykrar etmegiň hem-de aýallary, ýaşlary goldamakda mümkinçilikleriň döredilmeginiň döwrebap çemeleşme bolup hyzmat etjekdigi barada pikirler öňe sürüldi. 

     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň we ýaşlar forumynyň hem gün tertibine girizilmegi zenanlaryň, ýaşlaryň ähli derejede syýasy, ykdysady we medeni proseslere işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini açyp görkezdi. Bu foruma gatnaşyjylar Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek işinde zenanlaryň hem-de ýaşlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin dürli maksatnamalary taýýarlamak arkaly  bilime gönükdirilýän  maýa  goýumlary artdyrmagyň, olaryň başlangyçlaryny  goldamak  boýunça maliýeleşdirme prosesleri arkaly telekeçiligi, işewürligi ösdürmegiň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlar we ýaşlar guramalarynyň arasynda raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ähmiýet berildi. 

     Manilada geçen maslahatyň gün tertibiniň esasy mazmunyny düzen BMG-niň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitlerinde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy, howpsuzlygy berkitmekde orny, hususan-da, raýat jemgyýetini we ýaşlar toparynyň, zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmagyň, olara mümkinçilikleri döretmegiň döwrebap çemeleşme bolup durýandygy baradaky pikirler ähli edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Geçen maslahatyň dowamynda «Ýaşlar we howpsuzlyk» meseleleri, ýagny olaryň ruhy we ahlak ösüşinde maglumat tehnologiýalaryň ýetirip biljek kiber howplardan we zorluklardan goramagyň netijeli ugurlaryny kesgitlemegiň hem-de hökümet derejesinde çäreleri durmuşa geçirmegiň netijeli ugurlaryny beýan etdiler. Maslahatyň jemleri boýunça geçen sessiýada Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebitleýin hereketleriň ylalaşygy bilen bagly özara maslahatlaşmalar we teklipler öňe sürüldi. Şunda ynsanperwer halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygy nygtaldy. Maslahatyň soňunda Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleriniň parlamentarileriniň duşuşygynyň netijeleri umumylaşdyrylyp, bu ugurda geljekde edilmeli hereketleriň yzygiderliligi beýan edildi. Ýurdumyzda zenanlaryň, ýaşlaryň azatlyklaryny kepillendirmek we hukuklaryny durmuşa geçirmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek bilen bagly işleriň çäginde halkara tejribesi bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni