Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran iş sapary iki ýurduň arasynda gazanylan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykardy. Iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» birinji dialogyna gatnaşmak bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň imperatory, Ýaponiýanyň premýer-ministri, Ýaponiýanyň parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy, ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy we ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşyklary örän baý mazmunly boldy. Olarda öňe sürlen tekliplerdir gazanylan ylalaşyklar geljekde hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna, şeýle hem strategik ähmiýetli boljakdygyna güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynda: «Şol bir wagtda Türkmenistan suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär» diýip nygtamagy, aýratyn hem sirkulýar ykdysadyýet boýunça tehnologiýa babatda öňdebaryjy ýurduň kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip etmegi diýseň täsirli boldy. Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalaryna galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Ýurdumyzyň daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardygyny tassyklady. Şular bilen birlikde, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.
Daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiriň artmagy we galyndylaryň toplanmagy, «almak-öndürmek-peýdalanmak-galyndy» ýörelgelerine esaslanýan, häzirki hereket edýän göni çyzykly önümçilik sarp ediş modeliniň ýetmez tarapy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu adaty önümçilik we sarp ediş modeliniň ornuny tutup biljek, «almak-öndürmek-peýdalanmak-dikeltmek-gaýtalamak» ýörelgelerine esaslanýan, tebigy serişdeleriň utgaşykly ulanylmagyna gönükdirilen ýapyk aýlanyşykly çemeleşme çykalga hökmünde garalýar.
Sirkulýar ykdysadyýetiň esasy peýdaly tarapy serişdeleriň durnukly sarp edilmegi we öndürilmegidir. Serişdeleriň durnukly sarp edilmegine we öndürilmegine esasy ählumumy çagyryş hökmünde 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen maslahat bolup durýar. Bu maslahatda öndürijileriň we sarp edijileriň galyndylary netijeli peýdalanmakda bilimlerini artdyrmak, energiýany we suwy netijeli ulanmak ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek başlangyçlary öňe sürüldi. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň on ikinjisinde, ýagny «jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik» hökmünde orun aldy. Sirkulýar ykdysadyýet giň manyda «ýaşyl ykdysadyýet», dar manyda bolsa bioykdysadyýet düşünjelere bölünýär.
Durnukly sarp ediş we önümçilik sirkulýar ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň şertidir. Şol bir wagtyň özünde sirkulýar ykdysadyýet durnukly sarp edişi we önümçiligi gazanmaga itergi berýär.
Häzirki wagtda sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň kabul edilen ählumumy syýasy resminamasy ýokdur. Muny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde gyzyklanýan taraplarda belli bir kynçylyklary döredýändigine garamazdan, şunda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde geçirilen «BRIСS goşmak»/autriç» formatyndaky BRIСS sammitinde eden çykyşynda Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamagy öňe sürendigini ýatlamak ýakymlydyr.
Sirkulýar ykdysadyýeti gazanmakda ekoulgamlaryň metaforasy, galyndylaryň nusgawy iýerarhiýasyna 3R esasda garamak, önümleriň we olaryň goşundylarynyň peýdalanylmagynyň hat-da soňky tapgyrlarynda-da ykdysady gymmatyny saklamak, «DECOPLING» modeli (bagly bolmagyň aradan aýrylmagy) esasy çemeleşmeler bolup durýar. Bu çemeleşmeleri jemläp aýdanymyzda, sirkulýar ykdysadyýet gazylyp alynýan tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmagyň, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsirleriň we galyndylaryň kemelmeginiň ulgamlaýyn çözgüdi bolup durýar. Maksat önümçilige girýän tebigy serişdeleri iň ýokary derejede azaltmak we önümçilikden çykýan galyndylary nola getirmekdir. Şeýle ulgamlaýyn çemeleşme sirkulýar ykdysadyýet boýunça ISO-59004 standartyna gabat gelýär.
Türkmenistan döwletimizde hem ykdysady ösüşde sirkulýar ykdysadyýeti gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň önüm öndürijilere döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde, bu ugurda birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Hususy pudagyň wekilleri birnäçe ugurlarda gaýtadan işleýän önümçilikleri alyp barmak bilen, bu önümçilikleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär.
Halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!
Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy