Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
10.01.2026

SIRKULÝAR YKDYSADYÝET — GELJEGIŇ YKDYSADYÝETI

 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2025-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Ýapo­ni­ýa ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry iki ýur­duň arasyn­da gazanylan hyz­mat­daşlyk gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan ýo­ka­ry derejä çy­kar­dy. Iş sa­pa­ry­nyň dowamynda «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýaponi­ýa» bi­rin­ji dia­lo­gy­na gat­naşmak bi­len bir­lik­de, döw­let Baştutanymy­zyň Ýapo­ni­ýa­nyň im­pe­ra­to­ry, Ýa­po­niýanyň premýer-minist­ri, Ýa­po­ni­ýa­nyň par­la­men­ti­niň we­kil­ler palatasynyň baş­ly­gy, ýa­pon-türk­men par­la­men­ta­ra dost­luk toparynyň baş­ly­gy we ýa­pon işewürle­ri bi­len ge­çi­ren duşuşyklary örän baý maz­mun­ly bol­dy. Olar­da öňe sür­len teklip­ler­dir ga­za­ny­lan yla­la­şyklar gel­jek­de hyz­mat­daş­ly­gyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na, şeý­le hem stra­te­gik äh­mi­ýet­li boljak­dy­gy­na gü­wä geç­ýär.

 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­pon işe­wür­le­ri bi­len ge­çi­ren duşu­şy­gynda: «Şol bir wagt­da Türkmenistan suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­mak, su­wy aras­sa­la­mak, önüm­çi­lik galyn­dy­la­ry­ny dolan­dyr­mak, «ýa­şyl» we wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy ul­gam­laryn­da öň­de­ba­ry­jy ýa­pon teh­no­logi­ýa­la­ry­ny hem-de tej­ri­be­si­ni çekmäge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär» di­ýip nyg­ta­ma­gy, aý­ra­tyn hem sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ýur­duň kom­pani­ýa­la­ry­na bir­nä­çe anyk baş­lan­gyçla­ra ga­ra­ma­gy tek­lip et­me­gi diý­seň tä­sir­li bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ga­lyn­dy­lary saý­pal­la­ma­gyň, gaý­ta­dan işlemegiň we ikin­ji ge­zek peý­da­lan­ma­gyň ha­sa­by­na ola­ryň ýörite bel­le­ni­len meý­dan­ça­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni müm­kin boldu­gy­ça azalt­mak maksa­dy bi­len, dur­muş we gur­lu­şyk galyndy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça döw­re­bap za­wo­dyň gur­luşy­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp düz­me­gi tek­lip et­di. Şeý­le-de ha­pa suw­la­ry se­na­gat­da we je­ma­gat ho­ja­ly­gyn­da gaý­ta­dan peýda­lan­ma­ga müm­kin­çilik ber­jek de­re­jä çen­li aras­sa­la­magyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nükdi­ri­len tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lan­ýar. Ýurdu­my­zyň daş­ky gur­şaw­da plastik ga­lyn­dy­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­mak hem-de po­lie­ti­le­ni ikin­ji ge­zek ulan­ma­ga iber­mek üçin plas­tik çüýşe­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça ki­çi za­wod­la­ryň tas­la­ma­sy­ny öwren­mä­ge taýýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­lar bi­len bir­lik­de, me­tal, plas­tik we elekt­ron ele­ment­le­ri özün­de jem­le­ýän howp­ly we uzak wagt­lap dar­ga­ma­ýan ga­lyn­dy­la­ryň möç­beri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len, durmuş teh­ni­ka­sy­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça ki­çi za­wo­dyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni öw­ren­mek teklip edil­di. 

     Daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän ýara­maz tä­si­riň art­ma­gy we galyndy­la­ryň top­lan­ma­gy, «al­mak-öndür­mek-peý­da­lan­mak-galyn­dy» ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan, hä­zir­ki he­re­ket ed­ýän gö­ni çy­zyk­ly önümçi­lik sarp ediş mo­de­li­niň ýet­mez ta­ra­py bo­lup durýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ada­ty önüm­çi­lik we sarp ediş mo­de­li­niň or­nu­ny tu­tup bil­jek, «al­mak-ön­dür­mek-peýdalanmak-di­kelt­mek-gaý­ta­lamak» ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan, te­bi­gy se­riş­de­le­riň ut­ga­şyk­ly ulanyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ýa­pyk aý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­me çy­kal­ga hök­mün­de ga­ral­ýar.

     Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy peý­da­ly ta­ra­py se­riş­de­le­riň durnuk­ly sarp edil­me­gi we ön­dü­ril­megi­dir. Se­riş­de­le­riň durnukly sarp edil­me­gi­ne we ön­dü­ril­me­gi­ne esasy äh­lu­mu­my ça­gy­ryş hök­mün­de 1992-nji ýyl­da Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len mas­la­hat bo­lup dur­ýar. Bu mas­la­hat­da ön­dü­ri­ji­le­riň we sarp ediji­le­riň ga­lyn­dy­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­da bi­lim­le­ri­ni artdyrmak, ener­gi­ýa­ny we su­wy ne­ti­je­li ulanmak ýa­ly bir­nä­çe ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek başlan­gyç­lary öňe sü­rül­di. Bu bol­sa Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň on ikin­ji­sin­de, ýag­ny «jo­gap­kär­çi­lik­li sarp ediş we önüm­çi­lik» hök­mün­de orun al­dy. Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet giň ma­ny­da «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet», dar ma­ny­da bol­sa bioyk­dy­sa­dy­ýet dü­şün­je­le­re bö­lün­ýär.

     Dur­nuk­ly sarp ediş we önümçi­lik sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň aýryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýa­pyk aý­lany­şyk­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­me­giň şer­ti­dir. Şol bir wag­tyň özün­de sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet dur­nuk­ly sarp edi­şi we önüm­çi­li­gi ga­zan­maga iter­gi ber­ýär.

     Hä­zir­ki wagt­da sir­kul­ýar yk­dysa­dy­ýe­te geç­me­giň ka­bul edilen äh­lu­mu­my sy­ýa­sy res­mi­na­ma­sy ýok­dur. Mu­ny iş ýüzünde durmu­şa ge­çir­mek­de gy­zyk­lan­ýan ta­rap­lar­da bel­li bir kyn­çy­lyk­lary dö­red­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, şun­da hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýy­lyň 24-nji oktýabrynda Ka­zan şäherin­de ge­çi­ri­len «BRIСS goş­mak»/aut­riç» for­matyn­da­ky BRIСS sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­da Ýa­pyk aý­la­ny­şyk­ly ykdysady­ýe­te geç­me­giň äh­lu­mumy Çarçu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy öňe sü­ren­digi­ni ýat­la­mak ýa­kym­ly­dyr.

     Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­ti ga­zanmak­da ekoul­gam­la­ryň metafora­sy, ga­lyn­dy­la­ryň nus­ga­wy iýe­rar­hi­ýa­sy­na 3R esas­da gara­mak, önüm­le­riň we ola­ryň go­şun­dy­la­rynyň peýdalanylmagynyň hat-­da soň­ky tap­gyr­la­ryn­da-da ykdysady gymma­ty­ny sak­la­mak, «DECOP­LING» mode­li (bag­ly bol­ma­gyň ara­dan aý­ryl­ma­gy) esa­sy çeme­leş­me­ler bo­lup dur­ýar. Bu çeme­leş­me­le­ri jem­läp aý­dany­myz­da, sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet gazy­lyp alynýan te­bi­gy se­riş­dele­ri dur­nuk­ly peý­da­lan­ma­gyň, daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýan­ly tä­sir­le­riň we galyndy­la­ryň kemel­me­gi­niň ul­gam­la­ýyn çöz­gü­di bo­lup dur­ýar. Mak­sat önümçi­li­ge gir­ýän te­bi­gy serişdele­ri iň ýo­ka­ry de­re­je­de azalt­mak we önüm­çilik­den çyk­ýan ga­lyn­dy­la­ry no­la ge­tir­mek­dir. Şeý­le ulgam­la­ýyn çe­me­leş­me sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça ISO-59004 stan­dar­ty­na ga­bat gel­ýär.

     Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hem yk­dy­sa­dy ösüş­de sir­kul­ýar yk­dysa­dy­ýe­ti ga­zan­mak döw­let sy­ýasa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugurla­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň önüm öndürijilere dö­re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­sin­de, bu ugur­da bir­nä­çe iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Hu­su­sy pudagyň we­kil­le­ri bir­nä­çe ugur­lar­da gaý­tadan iş­le­ýän önümçilik­le­ri alyp barmak bi­len, bu önüm­çi­lik­le­riň ge­ri­mi ýylsa­ýyn giňeýär. 

     Hal­ky­my­zy aý­dyň gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe alyp bar­ýan Milli Liderimiziň, hor­mat­ly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mer­te­be­le­ri he­mi­şe belent bol­sun! 

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy