The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

28.10.2023

SPORT DÖWLETI

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Aşgabadyň gözümiziň alnynda dünýäniň iň iri sport merkezleriniň birine öwrülip barýandygy biziň her birimizi, şu berkarar ýurduň raýaty hökmünde, diýseň buýsandyrýar. Paýtagtymyzdaky stadionlar, buzly köşk, suw toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki desgalaryň ençemesi ilatyň iň köp barýan ýerlerine öwrüldi. Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýä gazananlaryna tarap okgunly hereketimiziň beýanyny alamatlandyrdy. 

Türkmenistan döwletimiz sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki iri sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat dünýäde sport paýtagty hökmünde tanalýar. 

Türkmenistanyň paýtagty — bu medeni we sport merkezi bolup, bu ýerde köpsanly teatrlar we döwlet muzeýleri, şeýle-de beýleki medeniýet merkezleri, iri sport desgalary, şol sanda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw-sport toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy, atçylyk sport toplumy we beýleki köpsanly dürli maksatly ähmiýetli desgalar bardyr. 

Gyşky oýunlar sport toplumy buzda typmak boýunça sport bölümlerine has köp türgenleriň goşulmagyna hem-de milli we şäher derejesindäki ähli ýaryşlarda bäsleşigiň güýçlenmegine ýardam berýär. Bu ýerde sportuň gyşky oýun görnüşleriniň 4-si boýunça türgenleşik işleri we bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Buzly köşk diňe bir sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem bu ýerde dürli baýramçylyk maksatly medeni köpçülikleýin aýdym-sazly dabaralar hem guralýar. Ýurdumyzyň belli baýramçylyk günleri mynasybetli daşary ýurtlardan gelýän aýdymçylaryň konserti bu sport desgasyna raýatlaryň ençemesini jemleýär. 

Şunuň ýaly iri sport desgalary diňe bir paýtagtymyzda däl-de, welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli etrapdyr şäherlerinde guruldy. Olar milli we halkara derejeli dürli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegine ýardam berýär. Munuň özi, ýurdumyzyň sport döwletine öwrülendigini tassyklaýar. 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.