The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

23.01.2026

DÖWLETIŇ GORAGY — HALKYŇ DAÝANJY

 

     Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň  yzygiderli  berkidilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy we ylmyň  soňky  gazanan sanly tehnologiýalary  bilen enjamlaşdyrylan  täze binalaryň  gurlup  ulanmaga berilmegi  boýunça  giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň  hemişelik Bitaraplyk  hukuk derejesine  esaslanýan, diňe  goranyş häsiýetine  eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy  edaralary  iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň döwrebap iş we ýaşaýyş şertlerini döretmek babatda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde  ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen,  merdana ata-babalarymyzyň  şöhratly  ýörelgelerini mynasyp  dowam  etdirýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän birnäçe kanunlar  bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralara  degişli 35-den gowrak Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Olardan «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Goranmak hakynda», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda», «Gümrük gullugy hakynda», «Harby  ýagdaý  hakynda», «Ýarag hakynda», «Ýangyn howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň  içerki  goşunlary  hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Harby gullukçylaryň  maddy jogapkärçiligi  hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» we  başga-da birnäçe Türkmenistanyň Kanunlaryny aýtmak  bolar. «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň goranyşynyň esaslaryny hem-de onuň guralyşyny, goranmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş  edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, ýerine ýetiriji  ýerli häkimiýet, ýerli  öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň wezipeli adamlarynyň wezipelerini, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşyny we guralyşyny, goranmak çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle-de goranmaga degişli beýleki  hukuk kadalarynyň bozulmagy üçin  jogapkärçiligi kesgitleýär. Şeýlelikde, bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirilýär.

     Ýurdumyzda «Garaşsyz, baky  Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda ata Watanymyzyň şanly baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýubileýine  barýan Diýarymyz uly üstünliklere beslenip, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň watansöýüji, mert, edermen, ýurduna, halkyna wepaly bolup ýetişmegine uly üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly atalyk kitaplary ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar terbiýe mekdebi bolmak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň jogapkärçiligini, abraýly kärine ygrarlylygyny has-da ýokarlandyrýar.

     Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goraýan Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilmegi olara goýulýan uly hormatyň we egsilmez ynamyň subutnamasydyr.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, agzybir halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. 

     Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby kuwwatynyň pugtalandyrylmagy üçin ähli şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.