The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şöhratly menzilinde bolup geçen şanly wakalara, onuň taryhy köklerine göz ýetirmekde gymmatly gollanmadyr. Eserde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ýurdumyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Dokuz bölümden ybarat eseri okap çykanyňdan soňra berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ata Watanymyzyň abadançylygyny, türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigine has-da aýdyň göz ýetirýärsiň.
Kitapda Türkmenistanyň dünýäniň iň uly syýasy guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda toplan baý tejribesi, baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary aýdyň beýanyny tapýar. Eseri okap, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly işlerine buýsançdan başyň göge ýetýär we bu ajaýyplyklaryň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri dillerimiziň senasyna öwrülýär.
Begenç GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň agzasy.