Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny barha berkidýär. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde durýan täze wezipeler hem-de esasy maksatlar anyk we aýdyň kesgitlenilýär.
Konsepsiýada sanly diplomatiýanyň has-da ösdürilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin maglumat howpsuzlygyny we kiber howpsuzlygy üpjün etmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işler we çäreler göz öňünde tutuldy.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, eneligi we çagalygy goramak, maýyplaryň, bosgunlaryň hukuklaryny goramak ýaly meseleler bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalar bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň degişli halkara konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ynsanperwer ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm komissiýalarynyň we komitetleriniň agzalygyna saýlanmagy netijesinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjülikli daşary syýasatyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda Ankara şäherinde ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk hem iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylyklara daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm waka bolup taryha girdi. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegi, bar bolan ägirt uly kuwwaty köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmek özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň döwlet ulag edaralarynyň, hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky öňe süren teklipleri hem uzak geljegi nazarlaýan maksatlardan nyşandyr.
Ýurdumyzda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilip, onuň maddy tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Oba hojalygy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda bolmak bilen, esasy wezipäniň hem iki dostlukly ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda tagallalary birikdirmekden ybaratdyr. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz duşuşykda belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň suw üpjünçilik hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bu ugurlarda degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga döwletimiziň taýýardygy baradaky tekliplerini beýan etdi.
Ankarada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklardan görnüşi ýaly, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär.
Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekilmegi döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!
Maksatberdi GURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli
häkimiýet we öz-özüňi dolandyryň edaralary
bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy