Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.10.2023

IKITARAPLAÝYN BÄHBITLI GATNAŞYKLAR

 

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny barha berkidýär. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde durýan täze wezipeler hem-de esasy maksatlar anyk we aýdyň kesgitlenilýär. 

Kon­sep­si­ýa­da san­ly dip­loma­ti­ýa­nyň has­-da ös­dü­ril­megi we döwrebap­laş­dy­ryl­ma­gy üçin mag­lu­mat howp­suz­ly­gyny we kiber howpsuz­ly­gy üpjün et­me­giň yl­my esas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bilen bag­ly we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek boýunça iş­le­r we çä­re­le­r göz öňün­de tu­tul­dy. 

Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, eneli­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ma­ýyp­la­ryň, bos­gun­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ýa­ly meseleler bi­len meş­gullan­ýan beý­le­ki hal­ka­ra gura­ma­la­r bi­len iş­jeň özara hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bu ugur­da­ky iş­ler Türk­me­nista­nyň de­giş­li hal­ka­ra konwen­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­sine go­şul­ma­gy, şeý­le hem ýurdumyzyň yn­san­per­wer ugry bo­ýun­ça Bir­le­şen Millet­ler Guramasynyň möhüm ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň we ko­mi­tet­le­ri­niň ag­za­ly­gy­na saý­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. 

Ýa­kyn­da türk­men hal­kynyň Milli Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymyzyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­jü­lik­li da­şa­ry sy­ýa­saty­ny my­na­syp do­wam edýän hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz Ar­kadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz bi­len Türki­ýe Res­pub­lika­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­nyň ara­syn­da An­kara şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­jede gepleşikler ge­çi­ril­di. Şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk hem ­iki dogan­lyk hal­kyň ta­ry­hyň do­wa­myn­da eme­le ge­len umu­my­lyk­lara daýan­ýan türk­men-­türk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk­-de pugtalandyrylma­gy­nyň we ös­dü­ril­me­giniň ýo­lun­da mö­hüm wa­ka bo­lup ta­ry­ha gir­di. Ta­rapla­ryň hoş­ni­ýet­li erk­-is­le­gi, bar bo­lan ägirt uly kuwwaty köp­ýyl­lyk öza­ra­ bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň maz­muny­ny baýlaşdyr­mak, ony hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hil taý­dan täze de­re­jä çy­kar­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri şert­lendir­ýär. 

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­dumyz­da tä­ze ulag des­ga­la­rynyň, aw­to­mo­bil we de­mir ýol ge­çel­ge­le­ri­niň giň gerim­li gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, ho­wa, de­ňiz menzil­le­ri­niň dur­ky­ tä­ze­len­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň ulag eda­ra­la­rynyň, as­so­sia­si­ýa­la­ry­nyň, kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň arasyn­da yzy­gi­der­li esas­da iş du­şuşyk­la­ry­ny ge­çir­mek öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup durýar. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň döw­let ulag eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy ulag-lo­gis­ti­ka kompani­ýa­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ryn­da bi­le­lik­däki ulag-­lo­gis­ti­ka merkezini dö­ret­mek ba­ra­da­ky öňe süren tek­lip­le­ri hem uzak gelje­gi nazar­la­ýan mak­sat­lar­dan ny­şan­dyr. 

Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lygy we ag­ro­se­na­gat pu­da­gyna köp mukdarda ma­ýa goýum­lar gö­nük­di­ri­lip, onuň mad­dy ­teh­ni­ki bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gy yk­dy­sa­dy­ýetiň mö­hüm ugurlary­nyň hata­ryn­da bol­mak bi­len, esa­sy we­zi­pä­niň hem iki dostluk­ly ýur­duň azyk howpsuz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den we bu ugur­da ta­gal­la­la­ry bi­rik­dir­mek­den yba­rat­dyr. Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýokarlan­dyrmak, to­hum­çy­lyk we seç­giçi­lik ul­ga­my­ny ös­dür­mek, tä­ze til­si­mat­la­ry önüm­çili­ge or­naş­dyr­mak ba­bat­da Tür­ki­ýe bi­len hyzmatdaşly­gy ös­dür­mek we tej­ri­be alyş­mak bi­ziň esa­sy maksadymyzdyr di­ýip, hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz duşu­şyk­da belledi.

 Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň suw üp­jün­çi­lik hem­-de suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we suw tygşyt­laý­jy til­si­mat­la­ry ornaşdyr­mak ba­bat­da ne­ti­je­li hyzmat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gy esa­sy wezipe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di. Bu ugur­lar­da de­giş­li türk kompaniýala­ry bi­len ys­ny­şyk­ly he­re­ket­le­ri alyp bar­ma­ga döw­le­ti­mi­ziň taý­ýar­dy­gy ba­ra­da­ky tek­liple­ri­ni be­ýan et­di. 

An­ka­ra­da ge­çi­ri­len ýo­kary de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, türk­men ta­ra­py Tür­ki­ýe bi­len söw­da-­yk­dysa­dy gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gy maksat edin­ýär. 

Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­rilen du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­laryň 13-­si­ne gol çe­kil­me­gi döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň şertnama­-hu­kuk bin­ýa­dynyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, Türkme­nis­tan we Tür­ki­ýe Respub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has­-da ösdü­ril­jek­di­gi­niň aýdyň subut­na­ma­sy bol­dy. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il­-ýurt we umu­ma­dam­zat bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç bolsun! 

 

Maksatberdi GURBANOW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli

 häkimiýet we öz-özüňi dolandyryň edaralary 

bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy