The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň, ähli halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň netijesinde çekilýän zähmet eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet üstünliklere, belent sepgitlere ýetirýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky özgerişleriň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirip, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady ösüşi, senagatyň, sanly hyzmatlar, ylym-bilim, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlaryň ilerlemegi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.
«Sanly ykdysadyýet» düşünjesine ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary babatda merkezi düşünje hökmünde garamagymyz gerek. Sebäbi sanly ykdysadyýet ähli düzümleriň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçilmeginiň we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmek, ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda sanly ulgamyň kämil kanunçylyk binýadynyň bolmagy, alnyp barylýan döwlet syýasaty, maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler durýar.
Sanly ulgama geçmek, sanlylaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda ýerine ýetirmegiň hökmany şertleriniň biri bu ugurda kämil kanunçylyk binýadynyň bolmagydyr. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryň esasy binýady hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy çykyş edýär. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda döwletiň ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýändigi, ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýändigi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy barada konstitusion kadalar öz beýanyny tapýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan sanlylaşdyrylmak işleriniň kämil derejede bolmagyna hukuk taýdan esas bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiber howpsuzlyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» we beýleki ençeme Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi ýurdumyzda innowasiýalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, maglumatyň goraglylygynyň hukuk binýadynyň döredilendigine şaýatlyk edýär. Ýokarda agzalan Kanunlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, sanly hyzmatlar, täze innowasiýalar, elektron resminama dolanyşygy, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy baradaky kadalaryň öz beýanyny tapmagy we olaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de döwrüň talabyna görä kämilleşdirilip durulmagy giň mümkinçilikleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüşleri gazanmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýete geçmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barylýar.
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny», şeýle-de bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly öňde goýlan wezipeleriň meýilnamalaýyn esasda, tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, sanly bilim, sanly lukmançylyk, maliýe pudagyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen sanly bilim-ylym, sanly lukmançylyk, telelukmançylyk we beýleki hyzmatlar ulgamynda täze sepgitlere ýetilýär. Hususy pudagy goldamagyň çäklerinde kiçi we orta telekeçiligi sanlylaşdyrmaga, dolandyryşyň netijeliligini we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döreder. Fiziki we ýuridik şahslaryň işlerinde has amatly şertleri üpjün edip, olaryň netijeliligi ýokarlandyrmaga, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda emeli aňdan ýerlikli peýdalanyp, ösüşleriň gazanylmagyna, ilatyň sanly sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, internet hyzmatlarynyň durnukly bolmagyna, elektron söwdanyň we sanly töleg hyzmatlarynyň has-da ösmegine, ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagyna ýardam eder. Elektron Döwlet hyzmatlary portalyndan («e.gov.tm») peýdalanýanlaryň sany artýar hem-de maglumat tehnologiýalarynda, innowasiýalardan peýdalanmakda, programmirlemekde zenanlaryň orny hem-de inklýuziw gatnaşyklar ýokarlanar. Her bir raýatyň elektron hökümetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyna, önümçilikde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, ýokary ussatlygy bolan hünärmenleri taýýarlamaga, sanly tejribeleri ornaşdyrmaga, ýurdumyzda sanly ulgamyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda adamyň gündelik durmuşyna öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary ornaşdyryp, ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň baglanyşygynda amala aşyrylýan tutumly işler dünýä ýurtlary we döwür bilen aýakdaş gitmäge ýardam berýär. Eziz Diýarymyzda sanly ulgam babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, berkarar Watanymyzda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan adam hakynda bimöçber alada edilýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.