​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
06.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäginde geçirilýän tegelek stol maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy M.Kulyýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň başlangyjy bilen geçirilýän Adam hukuklary boýunça parlamentara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribe alyşmaga bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy. 

Türkmen tarapy «tegelek stol» maslahatynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanda adam hukuklary babatda borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen alnyp barylýan işlere, hususan-da milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy her bir döwletde adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde, şeýle hem adam hukuklary babatda borçnamalaryň we ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmeginde halkara guramalar bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini kanagatlanma bilen belledi. Bu ugurda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» esasynda işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.  