Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.
Daşary döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Duşuşyklaryň çäklerinde dostlukly hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwer syýasatyny hem-de bu ugurda toplan tejribesini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak maksady bilen, utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly ikinji duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli işletmek babatda zerur çäreler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmäge aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu döwrebap toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutup berendigi üçin himiýa pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Munuň özi kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmaga, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.
Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işlerini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny, BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan makullanyldy. 2005-nji ýyldan şu güne çenli ýurdumyzda jemi dört sany Çarçuwaly maksatnama amala aşyryldy. Nobatdaky maksatnama Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýubileý sessiýada eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan giňden goldanylandygy hem-de olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.
Mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri we onuň dowamynda kabul edilen resminamalary, hususan-da, Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça meseleleriň giň toplumyna seredildi. Şeýle-de bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary, olaryň çäklerinde ýaşlar syýasaty, metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalar, energetika ulgamlarynda maksatnamalaryň häzirki ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edilýär. BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde gämileri abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň ösüşine, gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.