The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

28.06.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

 

28-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanun taslamalarynyň  birnäçesine garaldy we kabul edildi. 

Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Kabul edilen kanunlar olaryň taslamalarynyň deslapky ara alyp maslahatlaşylmagy netijesinde işlenilip taýýarlanyldy. 

«Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň ara alyp maslahatlaşmalaryna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat  kodeksi 1998-nji ýylda kabul edilip, ol 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilipdi. Bu Kodeksiň taryhy ähmiýeti barada aýdylanda, ol  bazar  demokratiýasyny, hususyýetçiligi ösdürmekde täze döwri alamatlandyran waka boldy. Kodeks eýeçiligiň ähli görnüşleriniň, raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň deňligi we şertnamanyň erkinligi ýörelgelerini jar etdi.

Kodeksiň kabul edileni bäri geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Garaşsyz, bitarap  ýurdumyz öz  depginli ösüşünde  birnäçe galkynyşly döwürleri başdan geçirdi we dünýäniň  özygtyýarly döwletleriniň hatarynda mynasyp orna eýe boldy. Ýurdumyzyň dünýäniň  syýasy, ykdysady, hukuk  we beýleki ugurlarynda halkara giňişligine işjeň hem-de çalt depginler bilen goşulyşmagy, bazar ykdysadyýetiniň, telekeçiligiň we işewürligiň ösdürilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegi häzirki wagtda Kodeksi döwrebaplaşdyrmagyň  zerurlygyny ýüze  çykardy.

Şunuň bilen baglylykda, Kodeksiň taslamasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we  oňa  halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem girizmek  barada öňde goýan  wezipelerinden ugur alnyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda germaniýaly bilermenler bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy. 

 

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy, 104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugyndan deputat Ýusupguly Eşşäew öz çykyşynda kanun taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada giňişleýin durup geçdi. 

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, halkara tejribesine, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan berlen tekliplere, deputatlardan, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenlerinden ybarat düzümde Mejlisde döredilen ýörite iş topary tarapyndan geçirilen seljerme esasynda taýýarlanylan taslamada Raýat kodeksi gurluş taýdan kämilleşdirildi. 

Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda täze goşulan bapda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary beýan edildi.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.