2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy hormatly myhmana Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara foruma we ugurdaş çärelere gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi we ýurdumyza iş saparynyň täsirli we netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Duşuşykda Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem-de bu Guramanyň parahatçylygy we özara ynanyşmagy, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini berkitmekde we durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerine aýratyn ähmiýet berýändigi, şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine oňyn täsir edýändigi barada bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde dünýäde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyldy.
Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag we ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, şol sanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de durmuş goraglylygyny, gender deňligini üpjün etmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň ençeme halkara resminamalara goşulandygy, milli kanunçylygyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda yzygiderli kämilleşdirilýändigi, Mejlisiň 2014-nji ýyldan bäri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agzasydygy, Mejlisiň wekilleriniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň maslahatlaryna we çärelerine yzygiderli gatnaşýandyklary barada bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda geljekde hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we onuň Parlament Assambleýasy bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
