​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.10.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň 151-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Представители Меджлиса Туркменистана приняли участие в 151-ой Ассамблее Межпарламентского Союза

Representatives of the Mejlis of Turkmenistan took part in the 151st Assembly of the Inter-Parliamentary Union

 

2025-nji ýylyň 19-20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň 151-nji Assambleýasynyň «Ynsanperwer kadalaryny berjaý etmek we krizis döwründe ynsanperwer kömegini goldamak» atly maslahatyna gatnaşdy. 

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem ýurdumyzda adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem milli Parlamentiň wekili Parlamentara Bileleşigiň 151-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen ýaş parlamentariler forumynyň sessiýasyna gatnaşdy we ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan netijeli işler, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde tutýan orny barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem  «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ugur alnyp, durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdi. 

Türkmen tarapy şu ýylyň awgust aýynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäginde geçirilen ýaşlar forumynyň netijeleri barada hem nygtady.

Bu halkara maslahaty ýaşlaryň arasynda tejribe alyşmak, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek, şeýle hem ýaş nesliň syýasy we jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm meýdança boldy.

 

19-20 октября 2025 года представители Меджлиса Туркменистана приняли участие в 151-ой Ассамблее Межпарламентского Союза «Соблюдение гуманитарных норм и поддержка гуманитарной помощи во время кризиса», проведённой в городе Женева Швейцарской Конфедерации,.

В ходе заседания представитель Меджлиса Туркменистана выступил по вопросам повестки дня Ассамблеи и отметил значение позитивных международных инициатив Туркменистана, статус постоянного нейтралитета которого трижды признан Организацией Объединённых Наций, в области укрепления мира и доверия, а также деятельности, проводимой в нашей стране по обеспечению справедливого социального развития.

Кроме этого, представитель национального парламента принял участие в форуме молодых парламентариев, проведённом в рамках 151-ой Ассамблеии, и выступил об эффективной деятельности, проводимой в нашей стране по молодёжной политике, об их роли в развитии международного сотрудничества. А также подчеркнул значение реализуемых мероприятий, исходя из «Стратегии международного сотрудничества молодёжи Туркменистана на 2023-2030 годы».

Туркменская сторона отметила итоги Молодёжного форума, проведённого в августе текущего года в рамках Третьей конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю.      

Данное международное заседание стало важной площадкой для обмена опытом между молодёжью, продвижения совместных инициатив, а также повышения политической и общественной активности молодого поколения.

 

On October 19-20, 2025, representatives of the Mejlis of Turkmenistan took part in the 151st  Assembly of the Inter-Parliamentary Union  «Adherence to humanitarian norms and support for humanitarian aid during a crisis», held in the city of Geneva, Swiss Confederation.

During the meeting, a representative of the Mejlis of Turkmenistan spoke on the issues on the Assembly's agenda and noted the importance of Turkmenistan's positive international initiatives, whose status of permanent Nneutrality has been recognized three times by the United Nations, in strengthening peace and trust, as well as the activities carried out in our country to ensure equitable social development.

Furthermore, a representative of the national Parliament participated in a forum of young parliamentarians held as part of the 151st Assembly and spoke about the effective youth policy efforts in our country and their role in developing international cooperation. And also emphasized the importance of the activities being implemented, based on «The Strategy for International Cooperation of the Youth of Turkmenistan for 2023-2030». 

The Turkmen side noted the results of the Youth Forum held in August of this year within the framework of the Third UN Conference on Landlocked Developing Countries. 

This international meeting has become an important platform for exchanging experiences among young people, promoting joint initiatives, and increasing the political and social activity of the younger generation.