2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça Komitetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Duan Çunhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada nygtaldy.
Duşuşykda iki ýurduň oba hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Taraplar toprakdan netijeli peýdalanmak, oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, innowasion usullary ornaşdyrmak, ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, ýokary hilli tohumçylyk ulgamyny ösdürmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, oba hojalygynda durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ulgamda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ugra degişli halkara hukuk resminamalaryna goşulmak bilen, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, Türkmenistanda oba hojalygy bilen bagly kabul edilýän milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Ýer hakynda Bitewi Kanuny, Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Tohumçylyk hakynda» hem-de «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmekdäki ähmiýeti bellenip geçildi.
