The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

06.12.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda  Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça  hem-de alnyp barlan beýleki  işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. 

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän     hem-de döwletimiziň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kanunlarynyň 27-si, şol sanda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Wirtual aktiwler hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda»,  «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda», «Gazagystan  Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk  hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany  tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Mundan başga-da jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi. 

Maslahatda halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde  geçirilen Parlament forumynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog ‒ dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly utgaşykly görnüşde ikinji duşuşygynyň ýurdumyzyň  parahatçylyk döredijilik we bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmekde, dünýä  ýaýmakda  hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bellenip geçildi. 

Şeýle hem maslahatda Mejlisiň dünýä döwletleriniň parlamentleri, halkara guramalary, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň kanun çykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga goşýan goşandy hem-de bu ugurda geljekde alnyp baryljak işler barada durlup geçildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Mejlis tarapyndan alnyp barylýan anyk işler barada  aýdyldy.

Maslahatda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyly atlandyrmak hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, bu  ugurda  deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle hem  ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmek ugrunda deputatlaryň ýerine ýetirmeli işleriň üstünde jikme-jik durlup geçildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada giňişleýin bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek barada ähli tagallalary etjekdiklerine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.