The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.12.2025

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide Türkmenistanyň Mejlisiniň pawilýony görkezildi

Şu gün paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylan giň gerimli sergide berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň pawilýony görkezildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň pawilýonynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri goýuldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taryhy ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň asyl nusgalarynyň göçürmeleri sergide goýuldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Konstitusion kanunlaryň hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanylyp döredilen «Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordenini döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary türkmen we rus dilinde kitapça görnüşinde çap edildi hem-de sergide goýuldy.

Şeýle-de sergide ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasaty bilen bagly wideorolik bilen tanyşdyryldy. Onda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, oňyn halkara başlangyçlaryny, hemişelik Bitaraplygymyzyň syýasy ähmiýetini, kanunçylyk esaslaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek babatda durmuşa geçirilýän işler öz beýanyny tapdy.

Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleriniň özboluşly dabaralanmasy bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu sergi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikleri beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň güwäsine öwrüldi.