2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Petra Dahtler bilen Mejlisiň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bagly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň başlangyjy bilen, energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti babatda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi we onuň agza ýurtlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüşe eýedigi bellenildi. Esasan hem «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatyndaky gepleşikleriň sebitde ykdysady, energetika, ulag we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga oňyn itergi berýändigi nygtaldy.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem döwletleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şeýle hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagyň ähmiýeti nygtaldy.