Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

– Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu gün ýurdumyzda zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Häzirki zaman zenany — bu başarjaň ýolbaşçy, diplomat we syýasatçy, lukman, alym, mugallym, inžener, ykdysatçy, telekeçi. Zenanlar diňe bir maşgala ojagynyň mukaddesligi däl-de, eýsem, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde netijeli zähmet çekip, ýurduň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Olaryň döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy örän uludyr.
Ýurdumyzda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda, telekeçilikde we beýleki pudaklarda geçirilýän işlere deňhukukly gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Eneligi we çagalygy goramak, maşgala mukaddesligini aýawly saklamak hem-de zenan mertebesini belentde tutmak boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerinde we beýleki kanunlarynda gender deňliginiň hukuk esaslary, zenanlaryň hukuklary babatynda birnäçe durmuş kadalary hem-de ýeňillikleri göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin möhüm gurala öwrüldi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda anyk çäreleri we maksatlary kesgitleýän gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary işlenilip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär.
Halkymyzda «Ene süýdi bilen giren edep, gursaga hemişelik ornaşar» diýen pähimli söz bar. Bu pähimli jümle terbiýäniň gözbaşynyň maşgaladygyny, esasan hem, enäniň çaganyň beden, ruhy we ahlak taýdan ösmegini, umumy orta bilim almagyny üpjün etmek bilen, mynasyp terbiýeläp, kemala gelmegindäki tutýan ornunyň örän uludygyny delillendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur garaýyşlara esaslanýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda şeýle setirler bar: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň — döwletliligiň eýesidir». Bu parasatly sözlerde çuňňur many-mazmun bar. Çünki eneler nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy gymmatlyklarymyzy sünnäläp, geljekki nesillerimize ýetirýän, akylly-başly, sagdyn nesli kemala getirýän mähribanlarymyzdyr.