The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

04.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

В Меджлисе Туркменистана проведено заседание, посвящённое итогам работы за январь-апрель 2026 года

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemlerine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. 

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň geçirilip, onda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini  has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryna seredildi we kabul edildi. 

Maslahatda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet hem-de halkara derejede meýilleşdirilen  çärelere, aýratyn-da şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çärelere  ýokary derejede taýýarlyk  görülmegine  we geçirilmegine, bu işlere Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümligine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisde  döredilen ýörite iş toparynyň ähli tagallalary etmelidigi bellenildi. 

Şeýle hem maslahatda edilen çykyşlarda halkara guramalar we dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we ýurdumyzyň döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak bilen, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti barada durlup geçildi.   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň we ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we wagyz etmek, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek işleriniň täsirli hem-de yzygiderli alnyp barylmagyna Mejlisiň deputatlarynyň ünsi çekildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek, parlament işiniň derejesini ýokarlandyrmak   ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

4 мая 2026 года в Меджлисе Туркменистана проведено заседание, посвящённое итогам работы за январь-апрель текущего года, объявленного «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов», на котором  была обсуждена деятельность, осуществлённая по совершенствованию национального законодательства страны и определены предстоящие задачи. 

В ходе заседания было подчёркнуто важное значение деятельности, проводимой по совершенствованию национального законодательства страны в соответствии с приоритетными направлениями гуманной государственной политики, успешно проводимой уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым. 

В связи с этим, отмечалось, что за отчётный период была проведена очередная сессия Меджлиса, на котором  рассмотрены и приняты законопроекты, связанные с защитой прав и законных интересов граждан, обеспечением промышленной безопасности производственных объектов, совершенствованием бухгалтерского учёта и финансовой отчётности на преприятиях, в организациях, учреждениях,  лицензированием отдельных видов деятельности, автомобильными дорогами и дорожной деятельностью, охраной окружающей среды, водных биологических ресурсов, повышением эффективности деятельности миграционной службы.

На заседании особое внимание было уделено подготовке и проведению запланированных  мероприятий на государственном и международном уровне по случаю объявления 2026 года  «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов» и славного праздника 35-летия священной Независимости Туркменистана, и   в частности, мероприятий, которые пройдут в национальной туристической зоне «Awaza» в октябре текущего года, активному участию в них депутатов Меджлиса. В связи с этим было отмечено, что рабочая группа, специально созданная в Меджлисе, должна приложить все усилия для обеспечения высокого организационного уровня   запланированных мероприятий.  

Также в выступлениях было подчёркнуто  важное значение деятельности, проводимой по дальнейшему развитию плодотворных отношений, налаженных с международными организациями и парламентами стран мира, укреплению межпарламентского сотрудничества, и поддержке государственной политики нашей страны посредством парламентской дипломатии.

Внимание депутатов Меджлиса было привлечено на эффективное и последовательное проведение деятельности по донесению до мировой общественности и популяризации общественно-политического значения славного 35-летия священной Независимости Туркменистана и девиза года, международных инициатив, выдвигаемых нашей страной, разъяснению населению содержания действующих законов.

Участники заседания заверили уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара и Героя-Аркадага в том, что и в впредь приложат все усилия для совершенствования национального законодательства в соответствии с требованиями времени, и повышения уровня парламентской деятельности.