The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

16.06.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleri bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermisseniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilýändigi, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda myhman ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty we ekologiýa diplomatiýasynda gazanylan üstünlikler bilen giňişleýin tanyşdyryldy. 

Türkmen tarapy ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşýändigi, metan zyňyndylaryny azaltmak, çölleşmä garşy göreşmek hem-de biodürlüligi gorap saklamak ugrunda anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2026-2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilendigi we onuň tokaý zolaklaryny giňeltmäge gönükdirilendigi bellenildi. 

Ýurdumyzda ekologiýa babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekilip, kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigi bellenilip geçildi.