​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.08.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялось совещание, посвящённое итогам работы за января–июль 2026 года

Mejlis of Turkmenistan holds meeting on results of activities in January–July 2026

2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar-iýul aýlarynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. 

Hasabat döwründe raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanyň kanunlarynyň 7-siniň, şol sanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Mejlisiň kararlarynyň 12-siniň kabul edilendigi bellenildi. 

Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Maslahatda Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar – ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen bagly, 2028-nji ýyly ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet hem-de halkara derejede meýilleşdirilen  çärelere, aýratyn-da şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çärelere  ýokary derejede taýýarlyk  görülmeginiň, bu işlere Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynyň möhümligi barada aýratyn durlup geçildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyklaryň, guralan okuw maslahatlarynyň, halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen daşary ýurtlara amala aşyrylan iş saparlarynyň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bolandygy nygtaldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ynsanperwer döwlet syýasatyny, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň hem-de amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek Mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, parlament işiniň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

2 августа 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялось совещание, посвящённое итогам работы за январь–июль 2026 года, проходящего под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов». В ходе совещания были обсуждены результаты работы по выполнению задач, поставленных уважаемым Президентом Туркменистана на заседаниях Кабинета Министров, направленных на дальнейшее совершенствование законодательной базы страны, а также определены приоритетные задачи на предстоящий период.

За отчётный период были приняты изменения и дополнения в действующее законодательство, касающиеся защиты прав и законных интересов граждан, обеспечения промышленной безопасности производственных объектов, совершенствования бухгалтерского учёта и финансовой отчётности, лицензирования отдельных видов деятельности, автомобильных дорог и дорожной деятельности, охраны окружающей среды и биологических ресурсов вод, повышения эффективности миграционной политики. Отмечено, что были приняты 7 законов Туркменистана, в том числе Закон Туркменистана «Об учреждении юбилейной медали Туркменистана «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja», а также 12 постановлений Меджлиса.

Также было отмечено, что в соответствии с поручениями уважаемого Президента и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага в настоящее время проводится деятельность по проведению заседания Халк Маслахаты Туркменистана на высоком организационном уровне.

На совещании была обсуждена добрая весть, поступившая из Организации Объединённых Наций: по инициативе Туркменистана единогласно принята резолюция «2028 год — Международный год права». В связи с этим были рассмотрены задачи по подготовке и проведению мероприятий, посвящённых этому году на высоком организационном уровне.

Особое внимание было уделено подготовке к государственным и международным мероприятиям, запланированным в связи с объявлением 2026 года Годом «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов», а также празднованием 35-летия священной независимости Туркменистана. Особо подчеркнута важность подготовки к мероприятиям, которые состоятся в октябре текущего года в Национальной туристической зоне «Аваза», и активного участия в них депутатов Меджлиса. 

Подчёркивалось, что большое значение для совершенствования законодательной деятельности и парламентской работы имели встречи в Меджлисе Туркменистана с представителями парламентов зарубежных государств, дипломатических представительств иностранных государств в Туркменистане, а также международных организаций, проведение обучающих семинаров и служебные командировки депутатов за рубеж для изучения международного опыта.

На совещании было отмечено, что одним из приоритетных направлений деятельности депутатов Меджлиса остаётся широкая пропаганда гуманной государственной политики уважаемого Президента, международных инициатив Туркменистана, направленных на обеспечение всеобщего мира и устойчивого развития, общественно-политического значения 35-летия независимости страны и проводимых социально-экономических реформ, разъяснение населению сути принятых законов.

Участники заседания заверили уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара и Героя-Аркадага в том, что и в впредь приложат все усилия для совершенствования национального законодательства в соответствии с требованиями времени и повышения уровня парламентской деятельности.

On August 2, 2026, a meeting dedicated to the results of activities for January–July of the year «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses» was held in the Mejlis of Turkmenistan. During the meeting, participants discussed the outcomes of activities aimed at the fulfilling the tasks set by our Esteemed President at the meetings of the Cabinet Ministers of Turkmenistan to further improve the country’s legal framework, and outlined upcoming priorities. 

It was noted that during the reporting period, appropriate amendments and additions were made to the current laws on protecting the rights and legitimate interests of citizens, ensuring industrial safety of production facilities, improving accounting and financial reporting, licensing of certain types of activities, highway and road activities, protecting environment, biological resources of water and further improving the effectiveness of migration policy, 7 laws of Turkmenistan were adopted, including the Law of Turkmenistan «On the establishment of the jubilee medal of Turkmenistan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» and 12 resolutions of the Mejlis.

It was also noted that appropriate work is currently being carried out, guided by the tasks set by our Esteemed President, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Hero-Arkadag, to prepare for the session of the Halk Maslahaty of Turkmenistan and hold it at a high organizational level.   

The meeting focused on the good news from the United Nations regarding the unanimous adoption of the Resolution «2028 – Year of International Law» initiated by our country, as well as upcoming tasks to ensure its preparation and high-level organization. 

Particular attention was paid to the preparation of high-level events at the state and international level on the occasion of the announcement of 2026 as the year of «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses» and the glorious holiday of the 35th anniversary of the sacred Independence of Turkmenistan, and especially the events that will take place in the National tourist zone «Avaza» in October of this year, the participation of the members of the Mejlis in these activities. 

It was emphasized that the meetings held in the Mejlis of Turkmenistan to discuss issues of bilateral cooperation with representatives of the parliaments of the world’s countries, foreign missions in Turkmenistan, as well as representatives of international organizations, organized training seminars and working visits carried out to foreign countries to study international experience has an important significance in improving legislative and parliamentary activities.  

During the meeting the wise and humanitarian state policy carried out by our Esteemed President, as well as the international initiatives of our country aimed at global peace and sustainable development, glorious 35th anniversary of our sacred Independence, the political and social significance of the implemented socio-economic reforms and the importance of explaining to the population the meaning and content of the adopted laws as priority areas of activities carried out by the members of the Mejlis were emphasized. 

The participants of the meeting assured our Esteemed President Arkadagly Hero Serdar and Hero-Arkadag that they will continue to make every effort to improve national legislation in accordance with the demands of the time and to raise the level of parliamentary activity.