The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen iş duşuşygy geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. 

Parahatçylyk söýüjilikli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň iri halkara çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülendigi we dünýä jemgyýetçiligi üçin ynamdar gepleşikleri alyp barmakda möhüm meýdança hökmünde öňe çykýandygy bellenildi. Şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän durnukly ösüşi üpjün etmäge, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çäreleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. 

Taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, parlament diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem pikir alşyldy. Bu mejlisiň agza ýurtlaryň milli kanunçylyk ulgamyny we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýokary derejedäki halkara çäreleri we netijeli duşuşyklary geçirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.