The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

24.09.2026

Döwlet sylaglary gowşuryldy

Вручены государственные награды

State awards were presented

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumynyň gün tertibine  ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,  halkymyzyň  bagtyýar,  abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly meseleler girizildi hem-de taryhy ähmiýetli çözgütler kabul edildi. 

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň  raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylan, ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň wekillerine döwlet sylaglaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 

Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylan Mejlisiň deputatlary, halkymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň kuwwatyny we şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem, sylaglananlar ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmekde ähli tagallalary etjekdiklerine, geljekde-de gujur-gaýratyny gaýgyrman ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Заседание Халк Маслахаты, проведённое на высшем уровне 23 сентября в год «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» под председательством Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя Аркадага с участием Аркадаглы Героя Сердара, стало важным событием в общественно-политической жизни нашей страны. В повестку дня общенационального форума были внесены вопросы, связанные с дальнейшим социально-экономическим развитием страны, обеспечением счастливой и благополучной жизни нашего народа, и были приняты решения исторического значения.

24 сентября 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялось торжественное вручение государственных наград представителям законодательного органа нашей страны, награждённых в соответствии с Указом Президента государственными наградами Туркменистана за их личный вклад в укрепление независимости и суверенитета, страны, приумножение экономической мощи и международного авторитета страны, воспитание молодёжи в духе безграничной любви, уважения, преданности  Отчизне, многолетний добросовестный труд, а также в ознаменование 35-ой годовщины великой независимости нашего нейтрального государства. 

Награждённые выразили сердечную признательность нашему уважаемому Президенту  за высокую оценку их труда и заверили  Национального Лидера туркменского народа, нашего Героя Аркадага и  уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара в том, что приложат все усилия для совершенствования законодательной основы страны.

Они пожелали Герою Аркадагу и уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару крепкого здоровья, долгих лет жизни, успехов в их деятельности на благо народа.

 

In the year of «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses» the session of the Halk Maslahaty of Turkmenistan, held at the highest level under the chairmanship of the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan our Hero-Arkadag, with the participation of our Esteemed President Arkadagly Hero Serdar, became an important event in the social and political life of our country. The agenda of the nationwide forum, held on the eve of the 35th anniversary of the sacred Independence of our Fatherland, included issues related to the further socio-economic development of our country, ensuring a happy, prosperous life of our people and decisions of historical significance were made. 

On September 24, 2026, in the Mejlis of Turkmenistan was held a ceremony of presenting state awards to representatives of the legislative body of our country, who were awarded with the state awards of Turkmenistan taking into account their personal contribution to strengthening the Independence and sovereignty, legislation of Turkmenistan, increasing the economic power and international authority of our country, educating youth in the spirit of boundless love, respect, loyalty to our Fatherland, courage and honesty and special services to our Independent state and people, many years of conscientious and exemplary work, and in honor of the 35th anniversary of great Independence of our Neutral state, in accordance with the Decree of the President of Turkmenistan on awarding citizens of our country with state awards. 

The representatives of the Mejlis awarded with the state awards of Turkmenistan, expressed their sincere gratitude to our Esteemed President for highly recognition their work for the welfare of our people, the further increasing the power and glory of our Fatherland. The awardees assured the National Leader of the Turkmen people, our   Hero-Arkadag and Esteemed President Arkadagly Hero Serdar, that they will make every effort to further improve the legal framework of our country and will continue to work tirelessly and sincerely in the future.

The participants of ceremony wished our Hero-Arkadag and Esteemed President Arkadagly Hero Serdar sound health, long life, success in the noble endeavors.