The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

26.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Loseliani bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с Омбудсменом Грузии Леваном Лоселиани

Meeting held at the Mejlis of Turkmenistan with the Ombudsman of Georgia

2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Loseliani bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşykda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratiýalaşdyrmak, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzda adam hukuklaryny goramagyň institusional esaslaryny has-da berkitmek we halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň milli we halkara derejedäki möhüm orny, halkara guramalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti barada durlup geçildi. 

Taraplar Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler.

26 сентября 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с Омбудсменом Грузии Леваном Лоселиани.

В ходе встречи гость был ознакомлен с основными направлениями внешней политики Туркменистана, основанной на принципах позитивного Нейтралитета, миролюбия, доверия, равноправия, взаимной выгоды, со структурой национального Парламента, а также с успешно реализуемыми широкомасштабными национальными программами и комлексными преобразованиями, направленными на обеспечение благополучной, счастливой жизни нашего народа. 

На встрече была отмечена деятельность, проводимая в нашей стране под руководством уважаемого Президента, по демократизации всех сторон государственной и общественной жизни, обеспечению верховенства права, а также защите прав и свобод человека. Была подчёркнута важная роль на национальном и международном уровнях Уполномоченного представителя по правам человека в Туркменистане – Омбудсмена, учреждённого в стране с целью дальнейшего укрепления институциональных основ защиты прав человека и внедрения международной практики, а также значение налаженного эффективного сотрудничества с международными организациями, зарубежными партнёрами.

Стороны отметили, что политика позитивного Нейтралитета, основанная на принципах мира и гуманизма, проводимая Туркменистаном в международном пространстве, инициативы регионального и общечеловеческого значения, направленные на развитие равноправных, взаимовыгодных отношений сотрудничества между государствами и народами, широко поддерживаются мировой общественностью. 

On September 26, 2026, a meeting with the Ombudsman of Georgia, Levan Ioseliani, was held at the Mejlis of Turkmenistan.

During the meeting, the guest was briefed on the key areas of Turkmenistan’s foreign policy, based on the principles of positive neutrality, peacefulness, trust, equality, and mutual benefit, as well as on the structure of the national Parliament, the large-scale national programmes being successfully implemented, and comprehensive reforms aimed at ensuring the well-being and happy life of the Turkmen people.

The meeting highlighted the efforts undertaken in the country under the leadership of the esteemed President to democratize all spheres of state and public life, ensure the rule of law, and protect human rights and freedoms. The important role, at both the national and international levels, of the Authorized Representative for Human Rights in Turkmenistan — the Ombudsman — was emphasized. The institution was established with the aim of further strengthening the institutional foundations for the protection of human rights and introducing international best practices. The importance of effective cooperation established with international organizations and foreign partners was also underscored.

The interlocutors noted that Turkmenistan's policy of positive neutrality based on peace and humanism, along with its initiatives of regional and global significance aimed at developing equal and mutually beneficial cooperation among states and nations, receives broad support from the international community.