The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

08.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýadaky aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

В Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась встреча с главой координационного офиса структуры ООН-Женщины в Центральной Азии

Meeting held with Head of the UN Women Central Asia Coordination Office in Avaza National Tourist Zone

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýadaky aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa bilen BMG-niň Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýadaky aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy hanym Jeren Güwen Gureşiň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan halkara çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi hem-de gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsun aýtdy.

Duşuşykda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň sebitde we ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şeýle hem gender deňligini gazanmakda zenanlaryň ornuny berkitmekde we mümkinçiliklerini has-da giňeltmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilip geçildi.

Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmakda, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde,  başlangyçlaryny goldamakda, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi hem-de bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerine ýokary baha berildi.

8 октября 2026 года в рамках международных мероприятий, проводимых в Национальной туристической зоне «Аваза», состоялась встреча председателя Комитета Меджлиса Туркменистана по науке, образованию, культуре и молодёжной политике Б. Мырадовой с главой координационного офиса структуры ООН-Женщины в Центральной Азии госпожой Джерен Гювен Гуреш.

В начале встречи гостья выразила глубокую признательность уважаемому Президенту Туркменистана и Национальному Лидеру туркменского народа за высокий уровень организации международных мероприятий, проводимых в Национальной туристической зоне «Аваза», и широкие возможности, созданные для участия.

На встрече было подчёркнуто огромное значение Международного диалога женщин «Роль женщин в поддержании мира и достижении устойчивого развития» для обеспечения мира, доверия и устойчивого развития в регионе и во всём мире, укрепления роли женщин и дальнейшего расширения их возможностей во всех сферах государственной и общественной жизни. Также было отмечено, что в целях обеспечения гендерного равенства в Туркменистане успешно реализуется «Национальный план действий по гендерному равенству на 2026–2030 годы». 

Было подчёркнуто особое значение партнёрства, установленного в рамках таких авторитетных международных организаций, как Организация Объединённых Наций. При этом была отмечена важность координации усилий по повышению роли женщин в жизни государства и общества, поддержке их инициатив и улучшению возможностей трудоустройства, а также высоко оценены позитивные инициативы и масштабная деятельность, проводимая Туркменистаном в этой области.

On 8 October 2026 within the framework of the international events held in the Avaza National Tourist Zone was held a meeting between Chairperson of the Committee of the Mejlis of Turkmenistan on Science, Education, Culture and Youth Policy B. Myradowa and Ms. Jeren Guven Guresh, Head of the UN Women Central Asia Coordination Office.

At the beginning of the meeting, the guest expressed her deep appreciation to the esteemed President of Turkmenistan and the National Leader of the Turkmen people for the high level of organization of the international events held in the Avaza National Tourist Zone and the broad opportunities created for participation.

The meeting emphasized the great significance of the International Women’s Dialogue «The Role of Women in Maintaining Peace and Achieving Sustainable Development» in ensuring peace, trust and sustainable development in the region and throughout the world, strengthening the role of women and further expanding their opportunities in all spheres of state and public life. It was also noted that, with a view to ensuring gender equality, Turkmenistan is successfully implementing the «National Action Plan on Gender Equality for 2026–2030».

Particular importance was attached to the partnership established within the framework of such authoritative international organizations as the United Nations. In this regard, the importance of coordinating efforts to enhance the role of women in the life of the state and society, support their initiatives and improve employment opportunities was emphasized. The positive initiatives and large-scale activities undertaken by Turkmenistan in this area were also highly appreciated.