«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň agzalarynyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň, şeýle-de «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyň guramaçylykly, ýokary derejede geçirilendigini bellemek bilen, oňa gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsun aýtdylar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi, özara ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.