The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

08.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

В Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась встреча с членами Великого Национального собрания Турции

Meeting was held with Members of the Grand National Assembly of Türkiye in Avaza National Tourist Zone

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň agzalarynyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň, şeýle-de «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyň guramaçylykly, ýokary derejede geçirilendigini bellemek bilen, oňa gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsun aýtdylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we    medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi, özara ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. 

8 октября 2026 года в рамках международных мероприятий, организованных в Национальной туристической зоне «Аваза», состоялась встреча председателя Комитета Меджлиса Туркменистана по науке, образованию, культуре и молодёжной политике Б.Мырадовой с членами Великого Национального собрания Турции.

В ходе встречи гости отметили высокий уровень организации и проведения Международного диалога женщин «Роль женщин в поддержании мира и достижении устойчивого развития», Второй международной конференции «Всеобщий охват услугами здравоохранения и Цели устойчивого развития», а также Международной конференции «Демографические процессы и устойчивое развитие: современные задачи и международный опыт», состоявшихся в Национальной туристической зоне «Аваза», и выразили глубокую признательность уважаемому Президенту Туркменистана и Национальному Лидеру туркменского народа за широкие возможности, предоставленные для участия в них.

На встрече была подчёркнута важность создания двусторонних групп межпарламентской дружбы, предоставляющих возможности для обмена опытом в законодательной работе. Кроме того, состоялся обмен мнениями об уровне отношений между двумя странами в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной сферах, а также о важности объединения усилий для укрепления взаимного доверия и расширения масштабов дружественного сотрудничества.

Было отмечено, что Резолюция «2028 год – Год международного права», принятая Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций по инициативе Туркменистана, имеет важное значение в укреплении роли международного права во всём мире, обеспечении глобального мира и безопасности,  развитии эффективного многостороннего сотрудничества и достижении Целей устойчивого развития.

On 8 October 2026 within the framework of the international events organized in the Avaza National Tourist Zone, a meeting was held between Chairperson of the Committee of the Mejlis of Turkmenistan on Science, Education, Culture and Youth Policy B. Myradowa and members of the Grand National Assembly of Türkiye.

During the meeting, the guests noted the high standard of organization and conduct of the International Women’s Dialogue «The Role of Women in Maintaining Peace and Achieving Sustainable Development», the Second International Conference «Universal Health Coverage and the Sustainable Development Goals», and the International Conference «Demographic Processes and Sustainable Development: Contemporary Challenges and International Experience», all held in the Avaza National Tourist Zone. They expressed their deep appreciation to the esteemed President of Turkmenistan and the National Leader of the Turkmen people for the extensive opportunities provided to participate in these events.

The meeting emphasized the importance of establishing bilateral interparliamentary friendship groups, which would provide opportunities to exchange experience in legislative work. The participants also exchanged views on the state of relations between the two countries in the political and diplomatic, trade and economic, and cultural and humanitarian spheres, as well as on the importance of pooling efforts to strengthen mutual trust and expand friendly cooperation. 

It was noted that the United Nations General Assembly resolution «2028 – International Year of International Law», adopted at the initiative of Turkmenistan, is of great significance for strengthening the role of international law worldwide, ensuring global peace and security, developing effective multilateral cooperation and achieving the Sustainable Development Goals.