The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

17.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýew we Assambleýanyň Baş sekretary Roberta Montella bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat  Maslahatyna gatnaşmak hem-de onuň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli duşuşygy geçirmek üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýewiň we Assambleýanyň Baş sekretary Roberta Montellanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ähli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeler, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýändigi, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we onuň Parlament Assambleýasy Türkmenistanyň iň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegine we işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikdäki çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň   dowamynda   taraplar  Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykýandygyny we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şol sanda parlamentara dialogy ösdürmek we halkara bilermenler bilen pikir alyşmak üçin bilelikde guralýan çäreleriň, okuw maslahatlarynyň ähmiýeti barada durup geçdiler.

Myhmanlar parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde parlamentara dialogyň möhümdigini bellemek bilen, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak boýunça paýtagtymyzda geçirilýän üçünji Aşgabat Maslahatynyň möhüm ähmiýetini nygtady. 

Taraplar Aşgabatda geçiriljek bilelikdäki maslahatyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine we ösdürilmegine uly ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.