The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.11.2026

Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany

Şu gün «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisleri, şeýle-de “Awaza” toplumynyň kiçi mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Türkmenistanda guralýan mejlisiniň taryhy ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Çünki ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilýär. Mejlisiň ýene-de bir möhüm aýratynlygy onuň öň ýanynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň degişli gün tertibinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa sebitleýin dialoga we GDA agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermekde Arkalaşygyň goşandynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Çykyşlarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň parlament ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň mejlislerini geçirmäge döredilen ýokary derejeli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirildi. Mejlisde onuň gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Şol meseleler Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň işiniň degişli ugurlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy baradaky maglumatlary, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçirilen ikinji halkara maslahatyň netijelerini, 9-njy oktýabrdaky GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, 7-nji oktýabrdaky GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek, Arkalaşyga agza döwletlerde saýlawlara gözegçiligi guramak hakynda meseleleri öz içine aldy.

Çykyşlarda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy baradaky maglumatlar diňlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri GDA-da resmi taýdan başlyklygyny üstünlikli amala aşyrýar. Degişli Konsepsiýa laýyklykda, şu ýylda parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we ulag integrasiýasy, sanlylaşdyrmak, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly esasy bäş ugur boýunça birnäçe iri halkara çäräni geçirmek meýilleşdirildi. Konsepsiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibiniň «BMG-niň hem-de sebit we beýleki guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly 126-njy bendi boýunça guramanyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň demir ýol ulgamy boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisi, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, ykdysady Geňeşiň 111-nji mejlisi ýokary derejede guraldy. Olarda senagat kooperasiýasyny ösdürmek, ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýalary kesgitlenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleriň dowamy hökmünde Aşgabat şäherinde GDA agza döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa GDA agza ýurtlaryň jemgyýetçilik teleradioýaýradyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisi, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli guraldy.

9-njy oktýabrda Awazada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýylyň möhüm syýasy wakasy boldy. Sammitiň dowamynda Arkalaşygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan taryhy Beýannama we birnäçe beýleki resminamalar kabul edildi. Türkmenistanyň GDA-da başlyklygynyň netijeli işi şu ýyl tamamlanýança dowam eder. Bu döwürde ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisi guralar. Bilelikdäki hyzmatdaşlyk esasynda geçirilýän çäreler durnukly ykdysady ösüş, ekologiýa abadançylygy, halklaryň arasyndaky taryhy dostluk köprülerini berkitmek üçin berk binýady döredýär.

Bellenilişi ýaly, parlamentara hyzmatdaşlyk GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi berkitmegiň ygtybarly gurallarynyň biridir. Ýylyň dowamynda geçirilen çärelerde kabul edilen çözgütleri amala aşyrmak öňde täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri öz wagtynda we doly ýerine ýetirmek üçin kanun çykaryjy edaralaryň utgaşdyrylan, maksadalaýyk işi zerurdyr. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy bilen alnyp barylýan oňyn gepleşiklere ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Mejlisi öňdebaryjy kanunçylyk tejribesini üns bilen öwrenýär we mundan beýläk-de ýurtlaryň umumy bähbitlerine laýyk gelýän ugurlarda işjeň parlamentara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär. Çykyşda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýolbaşçylaryna Arkalaşyga başlyklygynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny hem-de tekliplerini işjeň goldandyklary üçin hoşallyk bildirildi.

Gün tertibiniň meselesi boýunça beýan edilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçirilen ikinji halkara maslahatyň netijelerine bagyşlanan çykyşa hem möhüm orun berildi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” kongresler merkezinde geçirilen bu halkara maslahat ählumumy saglygy goraýşyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, bilermenler gatnaşdylar. Häzirki wagtda saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biridir. Adamyň saglygy diňe her bir raýatyň binýatlaýyn hukugy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini we döwletiň durmuş taýdan durnuklylygyny kesgitleýän esasy ykdysady serişde bolup durýar. Ýokary hilli, elýeterli lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamy döredilmezden, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak mümkin däldir. Şunuň bilen baglylykda, forumyň dowamynda beýan edilen teklipler ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmäge möhüm goşant bolar.

Awazada geçirilen halkara maslahatyň netijeleri GDA-nyň çäginde saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmak, adam mümkinçiligini, ýaşaýşyň hilini gowulandyrmak üçin berk binýady döretdi. Şol bir wagtyň özünde, forumyň netijeleri ýurtlaryň milli parlamentleri, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan bu ugurda amala aşyrylmaly işleri has aýdyňlaşdyrdy. Şol maslahatda öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we raýatlaryň abadan hem sagdyn geljegini bilelikde gurmaga ýardam eder.

GDA-nyň parlamentarileriniň Awaza duşuşygynyň möhüm meseleleriniň biri-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermekden ybarat boldy. Bu baradaky çykyşda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasylaryna goşulandygy, dünýä bileleşigi tarapyndan tassyklanan resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň öz halkara borçnamalaryna berk eýerip, milli kanunçylyga, hukuk ulanyş tejribesine umumy ykrar edilen halkara kadalary yzygiderli ornaşdyrýandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ornuny berkitmek hem-de parlamentara gatnaşyklary täze derejä çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýäniň iri parlamentara guramalary bolan Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy babatda uly tejribe toplandygyny subut edýär. Munuň özi sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde täze görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny peýdalanyp, häzirki döwrüň möhüm meseleleri bоýunçа işjeň dialogyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Bu ugurda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Döwletimiz Arkalaşygyň degişli geňeşleriniň, komissiýalarynyň, komitetleriniň, beýleki düzümleriniň işlerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bolsa Arkalaşygyň giňişliginde netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öne sürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. “Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine, dürli derejedäki çärelere yzygiderli gatnaşmagy taraplaryň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň berk binýadyny emele getirdi. Gazanylan bu tejribe, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ösüşi Türkmenistanyň Mejlisiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini almagy üçin hemmetaraplaýyn we esasly şertleri döretdi” diýlip çykyşda nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar çykyşy ünsli diňläp we sese goýlanda goldap, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini berdiler. Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisde resmi ýüztutmanyň goldanylyp, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi döwletimiziň daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň 1992-nji ýylda döredilen bu düzümde synçy derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara we sebit tejribesini öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, parlamentara dialogy ösdürmäge, halkara, sebit meseleleri boýunça parlamentleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça şertleri döreder.

Mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine, Parlamentara Assambleýanyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna hem-de beýleki meselelere degişli çykyşlar diňlenildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

* * *

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi geçirildi.

Bu komissiýa GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň döredilen ilkinji ýyllaryndan bäri işleýän esasy düzümleriň biridir. Ol GDA agza döwletler üçin zerur kanunlaryň, halkara şertnamalaryň we möhüm syýasy wakalaryň, şol sanda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek boýunça Assambleýanyň beýannamalarynyň taslamalaryny taýýarlaýar. Onuň Awazada geçirilen şu gezekki mejlisiniň gün tertibindäki meseleler boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň ýolbaşçysy saýlandy, şeýle hem 2026-njy ýylda “Hakyda otlusy” atly medeni-bilim maksatly taslamanyň ýerine ýetirilişine, Pnompende geçirilen (Kamboja Patyşalygy) parlamentleriň ýolbaşçylarynyň ikinji parlamentara maslahatynyň netijelerine we Ýewraziýa howpsuzlygynyň gurluşyny kemala getirmek boýunça başlangyjyň parlament ölçegleriniň ilerledilişine, Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek meselesine, zyýan ýetiriji maglumatlaryň ýaýradylýan döwründe dogruçyllygy we ynanyşmagy hem-de halkara ynsanperwer işleriň üpjün edilmegine, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine, “Terrorçylyga garşy durmak maksatlarynda we radikallygyň we ekstremizmiň öňüni almakda emeli aňyň hem-de täze tehnologiýalaryň ulanylyşyny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek” ady bilen geçirilen halkara maslahatyň netijelerine, halkara parlament guramalarynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň işlerinde bu guramalaryň çäreleriniň we hereketleriniň utgaşdyrylyşynyň netijelerine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Parlament Birleşiginiň Maslahatynyň 20-nji mejlisiniň netijelerine we Parlamentara Birleşigiň 153-nji Assambleýasynyň netijelerine garaldy.

Çykyşlarda GDA-nyň giňişligindäki syýasy durnuklylyk, sebitleýin howpsuzlyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk çäreleri, abraýly halkara guramalaryň parlament düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek baradaky meselä garalmagynyň ähmiýeti barada diňlenen çykyşlarda bu başlangyjyň GDA ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendigi nygtaldy.

Şeýle-de mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň möhletine degişli meselä garaldy.

* * *

Şu gün «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi-de geçirildi.

Bu komissiýa Assambleýanyň kanun çykaryjylyk işini utgaşdyrýan esasy düzümleriniň biridir. Onuň mejlislerinde GDA-nyň çäginde baglaşylýan halkara şertnamalaryň hukuk seljermesi geçirilýär, beýleki hemişelik komissiýalar tarapyndan taýýarlanylan kanun taslamalarynyň hukuk kadalaryna laýyklygy barlanylýar. Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary Arkalaşyga agza döwletleriň milli kanunçylygyny ýakynlaşdyrmak we sazlaşdyrmak maksady bilen, nusgawy kanunlaryň we kodeksleriň taslamalaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Bu resminamalar raýat, jenaýat, dolandyryş, maşgala we zähmet hukugy ýaly giň ugurlary öz içine alýar. Bu komissiýanyň kabul edýän kanunlary GDA agza ýurtlaryň parlamentleri üçin maslahat beriji häsiýete eýe bolup, milli kanunlary taýýarlamakda esasy gollanma hökmünde peýdalanylýar.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň nobatdaky mejlisinde-de degişli kanun taslamalaryna hem-de guramaçylyk-hukuk meselelerine garaldy.

20-nji noýabrda «Awaza» toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçiriler.

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)