2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, Halk Wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Peň Çiňhuanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna uly ähmiýet berýändigini belledi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we bu şanly senä bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli Halkara foruma we ugurdaş çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji awgusty – 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary netijelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.
Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, özara ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem taraplar şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň hem-de ýakynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini, bu halkara maslahatlaryň döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.