​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

AJAP EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARY Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da rowaçlyklara beslener

 

Halk arasynda täze ýyl nähili wakalar bilen başlansa, şonuň ýaly-da dowam edýär diýen düşünje bar. Biziň berkarar, asuda Watanymyzda bolsa her bir ýyl il-­ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ajaýyp wakalar bilen badalga alýar. Şeýdibem, ýyllarymyz beýik taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Türkmen halkynyň durmuşy toý-­baýramlara, guwandyryjy üstünliklere, ösüş-­özgerişlere beslenýär. Uly ynam bilen gadam goýlan 2025­-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda-­da çuňňur many bar. Çünki parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmen halkynyň durmuş, aňyýet, ruhy ýolunyň baş ýörelgesidir. Beýik Pyragynyň şygyrlarynyň paýhas binýadydyr. Eziz Watanymyzyň geljege uzaýan bagtyýarlyk ýoluna nur saçýan şamçyragdyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylyň şowly bolşy ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda hem halkymyza uly-uly üstünlikler, möhüm wakalar garaşýar. Bu ýylda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şanly baýram hökmünde giňden belläp geçer. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty bilen berkarar bolýan ajap eýýamyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek bilen bagly beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini ýylyň başyndan bäri bolup geçýän wakalar hem aýdyň subut edýär. 

Bitarap Türkmenistan parahatçylygy gorap saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly derwaýys meseleler boýunça umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan garaýyşlary bilen çykyş edip gelýär. Şu syýasat häzirki döwürde durmuş, ykdysady, syýasy taýdan ýeňil bolmadyk dünýä ösüş hereketiniň çäklerinde iň zerur meseleleriň çözgüdini tapmagy başarýan ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Häzirki çylşyrymly döwrüň iň wajyp ählumumy meselesi bolsa parahatçylygy üpjün etmekdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar». 

Elbetde, türkmen halky Garaşsyz döwletiň, asuda durmuşyň saýasynda bagtyýar ýaşaýar. Bu bagtyýarlygy hem-de ösüş-özgerişleri biz adaty ýagdaý hasap edýäris. Bolçulyk, üpjün durmuş, günlerimiziň asudalyk bilen, toý-baýramlara beslenip gelip-geçip durmagyna öz-özünden bolaýmaly ýagdaý diýip düşünýäris, ýöne Ýer ýüzünde bolup geçýän çylşyrymly, gapma-garşylykly wakalaryň çäginde, dünýäniň häli-şindi özgerip durýan şertlerinde halkymyzyň bu günki asuda, bagtyýar durmuşyny berkarar etmegiň asla ýeňil wezipe däldigine hemmämiz düşünmelidiris. Çünki hiç bir zat öz-özünden bolmaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidine gijesini gündiz edip alyp barýan işleriniň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyz muňa örän oňat düşünýär we her bir işde, her pursatda Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi öz yhlasly zähmeti, watançylyk hereketleri bilen ýürekden goldaýar. 

2025-nji ýyl halkara derejede ýene bir möhüm senäniň bellenilýän ýylydyr. Bu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýyl dolýar. Bu hem dünýä taryhynyň ösüşine uly täsir eden wakadyr. Şu geçen döwrüň dowamynda döwletleriň arasynda, sebitleýin çäklerde dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ynjalygyny gaçyrýan wakalar bolup geçse-de, Birleşen Milletler Guramasy parahatçylyk ideýasyny ýaýratmakda esasy merkez bolup, ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözgüdini tapmakda her bir döwletiň öz sesi bilen çykyş etmegine mümkinçilik berýän täsirli münbere öwrüldi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçen ýylyň iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelende, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde bu iri halkara guramanyň möhüm hyzmatdaşy bolup gelýändigini belläp, bu ugurda döwletimiziň bitirýän işlerine öz hoşallygyny bildirdi. 

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylda geçirilýän sessiýalarynda dünýä ösüşi baradaky öz garaýyşlaryny hödürläp çykyş edýär. Parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; ynsanperwer meseleler bolsa Baş Assambleýanyň geçen ýyl öz işine başlan 79-njy sessiýasynda wise-başlyklyk edýän ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary hökmünde öňe sürüldi. Şunda, esasan, öňüni alyş diplomatiýasynyň hereket gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň, «Parahatçylygyň täze gün tertibine» laýyklykda, parahatçylyk döredijilik işini has-da ösdürmegiň zerurlygy baradaky pikirlere aýratyn üns berilýär. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny halkara derejede amala aşyrmagyň möhüm ulgamlarynyň biri bolan, ştabkwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işini sebitdäki ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sebitde ýüze çykmagy mümkin hasaplanýan gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik gepleşikleri geçirmek, şeýle-de ykdysady, durmuş we ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly ugurlara gönükdirýär. Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça işiniň ugurlary Türkmenistanyň daşary syýasatynda-da ileri tutulýan wezipeleriň biridir. 

Şu ýylyň dowamynda kesgitlenen şu we beýleki ugurlar boýunça hem-de «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamada göz öňünde tutulýan wezipeleri amala aşyrmakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçiriler. Bu işlere işjeň gatnaşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak biziň hemmämiziň watançylyk borjumyzdyr. 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

ВО ИМЯ БЛАГОПОЛУЧНОГО БУДУЩЕГО ЧЕЛОВЕЧЕСТВА

 

В эти дни весь туркменский народ охвачен высокими патриотическими чувствами. В стране продолжается презентация книг Президента Сердара Бердымухамедова «Махтумкули – мыслитель мира» и Героя-Аркадага «Hakyda göwheri». Новый мощный и объединяющий импульс туркменистанцам придало объявление 2025 года Международным годом мира и доверия на мировом и государственном уровне. Этому событию была посвящена конференция во Дворце мукамов Государственного культурного центра Туркменистана, которая вылилась в торжественно-праздничное мероприятие. Слово его участникам:

Дженнет Овекова, депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по законодательству и его нормам: 

– Замечательная традиция объявлять девиз каждого года открывает всё новые и новые грани внутренней и внешней политики нашего суверенного государства, богатство духовного и культурного наследия туркменского народа. Всё это способствует повышению национального самосознания, воспитанию чувства гордости и патриотизма среди подрастающего поколения, а также повышает славу и авторитет нашей Родины на международной арене. 

2025 год ознаменован такой датой, как 30-летие статуса постоянного нейтралитета Туркменистана и объявлением Генеральной Ассамблеей  ООН по инициативе Туркменистана 2025 года «Международным годом мира и доверия». Кроме того, в этом году мировое сообщество отмечает 80-летие образования Организации Объединённых Наций. Параллельно Резолюции Генеральной Ассамблеи ООН в Туркменистане, учитывая предложения, поступившие от представителей Халк Маслахаты Туркменистана, крупных общественных объединений, трудовых коллективов и граждан страны, Меджлис постановил объявить 2025 год «Международным годом мира и доверия». Вкупе это всё имеет определяющее значение для проведения всех мероприятий и в нашей стране и за рубежом под девизом года на высоком организационном уровне и с содержательной повесткой. 

Проведение 2025 года как Международного года мира и доверия является продолжением политики независимого нейтрального Туркменистана по продвижению культуры мира через понимание безальтернативности мирного сосуществования народов и государств, необходимости решать возникающие в международных отношениях проблемы через диалог и осуществление конкретной миротворческой программы действий. Все эти идеи заложены в концепцию политики нейтралитета нашей страны. А нейтралитет берёт свои истоки в традициях туркменского народа. Это очень чётко прозвучало на сегодняшнем мероприятии. 

Предстоящие задачи в свете объявления 2025 года «Международным годом мира и доверия» и 30-летнего юбилея нейтралитета страны обсуждались 9 января на заседании Организационного государственного комитета под председательством Национального Лидера, Председателя Халк Маслахаты Героя-Аркадага. Поручения, которые были даны членам Оргкомитета, призваны широко, торжественно и на высоком уровне провести мероприятия, чтобы они запомнились жителям и гостям нашей страны. 

Как подчеркнул ГеройАркадаг, все мероприятия должны наглядно продемонстрировать всему миру благородные традиции и гостеприимство нашего туркменского народа, всестороннее процветание нашей Родины, а международные мероприятия, которые будут проводиться в нашей стране совместно с Организацией Объединённых Наций, послужат укреплению мира и доверия во всём мире, достижению Целей устойчивого развития. для этого у нас есть все возможности. Каждый из нас должен проявить ответственность для проведения предстоящих мероприятий на самом высоком уровне! Мы должны принять все меры для приумножения международного авторитета нашей независимой нейтральной Родины, – подчеркнул Герой-Аркадаг. Этим наказом мы и будем руководствоваться в своей работе.

DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGE

 

Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik başlan­gyç­la­ry­ny mi­ze­mez ýö­rel­ge edin­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ugurlaryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa ag­zy­bir hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bir­lik­de, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gatnaşyk­lary­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk derejesiniň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ne gy­şar­nyk­syz eýer­ýän­li­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 

Şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesi çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden bellenilip geçiler. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen bu taryhy çözgüdiň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda kabul edilmegi her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär. Munuň özi ýubileý ýylyň şygarynda hem-de nyşanynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, abadançylygynyň şöhlelenmegini, okgunly ösüşlerimiziň, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzyň öz mynasyp beýanyny tapmagyny üpjün edýär. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň çuň mazmunly şygarynyň ýurdumyzyň şöhratly taryhy ýolunyň özboluşly beýany bolup durýandygyny nygtamak gerek. Geçilen taryhy menziller bolsa mähriban Watanymyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň dogrudygyny, onuň halkymyzyň, şol sanda hem umumadamzat bähbitlerine, ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine, dünýä döwletleri hem-de halklary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Halkara hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesiniň hormatyna ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekmegi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Bu resminama Türkmenistanyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlary bolan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralary we çäreleri ýokary derejede ýaýbaňlandyrmak maksadyndan ugur alýar. 

Hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy we onuň gazananlaryny pugtalandyrmakda, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän Diýarymyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny yzygiderli berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini buýsanç bilen bellemelidiris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly senesi uludan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini şunuň ýaly döwletli tutumlar bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

BELENT MAKSATLAR, MERTEBELI MENZILLER

 

Tä­ze ­ýy­lyň ­öňü­sy­ra­syn­da ­ge­çi­ri­len ­Mi­nistr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň ­we­ Döw­let­ howpsuz­lyk­ ge­ňe­şi­niň­ gi­ňiş­le­ýin­ mej­li­sin­de­ hor­mat­ly­ Prezidentimiz­ 2025-­nji­ ýy­ly­ «Hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk ­we ­yna­nyş­mak ýyly»­ di­ýip ­at­lan­dyr­mak­ ba­ra­da­ky­ tekli­bi­ ma­kul­lap,­ bu ­ýyl­da Garaşsyz Türk­me­nis­ta­nyň ­he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap­ly­gy­nyň30­ ýyllygynyň ­giň­den belle­ni­lip ­ge­çil­jek­di­gi­ni,­ şan­ly ­se­ne ­my­na­sy­bet­li ýur­dumyz­da­ we­ dün­ýä döw­let­le­rin­de ­bir­nä­çe ­hal­ka­ra­ çä­re­le­ri­ gurama­gyň ­me­ýil­leşdi­ril­ýän­di­gi­ni­ aýt­dy.­ Şu­nuň­ bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ döw­let­ Baş­tu­ta­ny­myz­ Hal­ka­ra parahatçy­lyk­ we­ yna­nyş­mak ­ýy­ly­ my­na­sy­bet­li ­da­ba­ra­la­ry ­we ­çä­re­le­ri­ ýo­ka­ryde­re­je­de­ ge­çir­mek boýun­ça­ gu­ra­ma­çy­lyk­ döw­let­ to­pa­ry­ny­ döret­mek ­ha­kyn­da Permana ­gol ­çek­di. ­9­-njy­ ýan­war­da­ bol­sa ­türk­men hal­ky­nyň ­Mil­li­ Li­de­ri,­ Türkme­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy Gurbanguly­ Berdimuhamedow­ Mejli­siň Baş­ly­gy­nyň ­hem-­de­ Mi­nistr­ler Kabinetiniň ­ag­za­la­ry­nyň ­gat­naş­ma­gyn­daHalk ­Mas­la­ha­ty tarapyndan ýol­baş­çy­lyk­ edil­ýän ­bu­ to­pa­ryň ­mej­li­si­ni geçirdi.

­Gah­ry­man Arkadagymyz mejlisde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň we halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýdyp, bu işleriň kada-kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden başlap, baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatlara, paýtagtymyzyň bezegine, sowgatlyk harytlara, çäreleri guramagyň medeni jähetlerine, protokol-guramaçylyk işlerine, myhmanlary ulag-aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge çenli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamak, sazlaşykly tagallalary ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda şanly ýylda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreler dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak babatda möhüm waka öwrüler. 

Bu günki gün Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanyp, täze many-mazmuna eýe bolýar. 2025-nji ýylyň dünýä we ýurt derejesinde yglan edilen şygarlarynyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly we meňzeş bolmagynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň özara gatnaşyklary aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bitarap daşary syýasat strategiýasy we Milletler Bileleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýär. Bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine bolsa 80 ýylyň dolýandygy bu ýylyň, hakykatdan-da, öz adyna mynasyp boljakdygyna, şanly wakalara beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde şanly ýylda geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň, myhmansöýerliginiň, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändiginiň we ynamly öňe barýandygynyň bütin dünýä aýdyň görkezilmelidigine aýratyn ünsi çekdi. 

Täze ýylyň öňüsyrasynda ýene bir şatlykly waka kalbymyza ganat baglady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ildeşlerimizi ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem beýik akyldarymyzyň agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan filosofik garaýyşlarynyň, pähim-paýhasly ündewleriniň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklarymyzda ýol-ýörelge boljakdygyny tassyklaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz milli hem dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak şygaryny baýdak edinip, 2025-nji ýyla görnükli akyldarymyzyň parahatçylyga, ynsanperwerlige, belent ahlaklylyga ýugrulan pentleri bilen gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz täze eseriniň «Parahatçylygyň şahyry» diýen bölüminde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatçylygy we agzybirligi berkitmekdäki ähmiýeti barada şeýle belleýär: «Söz ussady halkymyzyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahsyýetdir. Ol öz ýaşan döwrüniň taryhy ýagdaýy, çylşyrymly wakalary barada ýörite ýazan goşgularynda syýasatçy, taryhçy hökmünde wajyp maglumatlary belläp geçýär, adamlara rahat durmuşyň, bagtyýar geljegiň ýollaryny salgy berýär. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragy, ilkinji nobatda, agzybirligiň ündewçisidir, parahatçylygyň şahyrydyr». 

Kitapda dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda «Dünýäni ýagşylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikiriň durýandygy, şonuň üçin hem olaryň durmuşy gowulyga özgertmäge, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ruhy ýörelgelerini kesgitlemäge ýol salgy berýändigi beýan edilýär. Magtymgulynyň pähim-paýhas ummany medeni ösüşleriň badalgasydyr, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň edebi hem milli özboluşlylygynyň aýnasydyr. Onuň üç asyr çemesi mundan ozal ýazylan eserleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary ruhlandyrmagyny dowam edýär. 

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan kitapda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, dünýäniň ähli ýurtlary üçin hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyna, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen köpugurly gatnaşyklary alyp barýandygyna üns çekilýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrjak 2025-nji ýylda öňümizde asylly maksatlara gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. Kitapda bellenilişi ýaly, bu ýyl ähli babatda şanly wakalara baý bolar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekmegini dowam etdirip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda alnyp barylýan asylly işleri giňden wagyz etmek, şanly ýyly uly üstünliklere, belent sepgitlere beslemek ugrunda yhlasyny gaýgyrmajakdygyna pugta ynanýarys. Halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen özgertmelere goşant goşmak, ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, işewürlikde innowasion tehnologiýalary özleşdirip, täze sepgitlere ýetmek hususy pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder. 

Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkäp, bütin dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we dostdoganlyk güllesin! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary esasynda bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!

 

 Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

ПРИНЦИПЫ ГУМАНИЗМА И ВЫСОКИЕ ЦЕЛИ

 

Мы сегодня живём и трудимся в счастливой стране в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова проводятся грандиозные преобразования по выводу нашей страны на новый уровень развития, улучшению социально-бытовых условий и повышению качества жизни населения. Эти отрадные перемены, являющиеся свидетельством большого созидательного потенциала общества, мы ощущаем на достигнутых успехах за годы независимости и постоянного нейтралитета нашей любимой Отчизны. 

Все мы, туркменистанцы, уверенно смотрим в завтрашний день, в прекрасное будущее нашей Родины, идущей уверенной поступью по пути мира, созидания и прогресса. Новый, 2025 год станет очередным годом трудовых побед и великих свершений во имя процветания нашей суверенной Отчизны – независимого нейтрального Туркменистана и принесёт счастье и благополучие в каждый дом. Триумфом внешнеполитической стратегии Президента Туркменистана стала единогласно принятая Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций Резолюция «2025 год – Международный год мира и доверия». Знаменательно, что в этом году отмечается 30-летие постоянного нейтралитета Туркменистана. 

Постоянный нейтралитет Туркменистана, дважды провозглашённый и закреплённый Генеральной Ассамблеей ООН, является главной доктриной уважаемого Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Героя-Аркадага, которая сегодня успешно претворяется в жизнь под руководством Президента Сердара Бердымухамедова, что является конкретным подтверждением торжества мира, дружбы, взаимопонимания, высоких целей и принципов гуманизма. Международный день нейтралитета объединяет многие народы стран дальнего и ближнего зарубежья. 

В минувший год, который проходил в нашей стране под девизом «Кладезь разума Махтумкули Фраги», туркменистанцы достигли больших успехов в различных отраслях экономики. В эти достижения внесли свой вклад и труженики Дашогузского велаята. Их вклад есть и в общем хармане туркменского зерна и хлопка, в урожаях риса и плодоовощных культур, в успехах туркменских спортсменов на международных соревнованиях. Жители северного региона гордятся земляком атлетом, уроженцем Акдепинского этрапа Дашогузского велаята, мастером спорта Шахзадбеком Матякубовым – золотым призёром чемпионата Азии среди юношей (до 17 лет) и юниоров (до 20 лет) в Дохе (Катар), восхищают и успехи Анамджан Рустамовой, также ставшей обладательницей золотых медалей в этом чемпионате. 

Развитие массового физкультурно-оздоровительного и спортивного движения, набирающего новые обороты в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства, служит важным приоритетом государственной политики, проводимой сегодня уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым. 

Мы по праву гордимся нашим миролюбивым Отечеством и в Международный год мира и доверия ещё больше прославим родную страну мирным трудом, мирными инициативами, дружественными взаимовыгодными отношениями с другими государствами. 

 

Расул Садуллаев, 

депутат меджлиса Туркменистана

PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY

 

Türk­men hal­ky yn­san­per­wer­li­ge, asyl­ly ýö­rel­ge­le­re be­lent sarpa goý­ýar. Esa­san hem, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­milleş­di­rip ge­lip­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de para­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýörelge­si my­na­syp ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam ed­ýär. Şun­da he­mi­şe­lik Bitaraplyk sy­ýa­sa­ty, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­-do­gan­lyk gatnaşykla­ry uly ma­ny-­maz­mu­na eýe­dir. 

Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň il-gü­nüň asu­da, pa­ra­hat ýa­şa­ma­gy ugrunda ir­gin­siz ala­da edip, dün­ýä­niň ýa­kyn-alys ýurt­la­ry bi­len dostlukly gat­na­şyk­la­ry ös­dü­rendik­le­ri­ni en­çe­me ta­ry­hy mag­lu­mat­lar beýan ed­ýär. Bu gün­ki gün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne daýan­ýan döw­le­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny dün­ýä ýa­ýyp gel­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ýörelgeleriň giň­den da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny we uly meş­hur­ly­ga eýe bolýandy­gy­ny gör­kez­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gymy­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­ny toý­la­rys. Mu­nuň özi dünýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyşma­gyň, hoş­ni­ýet­li­li­giň dabaralanmasydyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ­—­ hal­ky­my­zyň aňy­ýe­ti­ne, ruhy dün­ýä­si­ne, ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na or­na­şan tag­ly­mat. Ol döwletimi­ziň, hal­ky­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni tu­tuş äle­me ýaý­dy, ynam­ly ädim­ler bi­len öňe git­mä­ge ýar­dam et­di, asu­da­lyk­da, ag­zy­bir­lik­de ýaşama­ga giň ýol açyp, yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi dün­ýä­de giň­den da­ba­ra­lan­dyr­dy. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da 185 döw­le­tiň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Assamb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bitarap­ly­gy» Kararnamasy ka­bul edildi. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» Kararnamasy 193 döw­le­tiň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da ikin­ji ge­zek ­ka­bul­ edil­di. Bu Kararnamalaryň döw­le­ti­mi­ziň, halkymyzyň pa­ra­hat­çy­lyk, ynsanperwerlik ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä nus­ga­lyk hök­mün­de yk­rar edilendigi­ni gör­kez­ýän­di­gini, ge­çen 30 ýy­la golaý döwrüň için­de ýurdumy­zyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, bi­rek-bi­re­ge sar­pa go­ýup, dünýäniň äh­li döw­let­le­ri bi­len asyl­ly ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan­dy­gy­ny, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mö­hüm Kon­wen­si­ýa­la­ry­na we res­mi­na­ma­la­ry­na go­şul­mak bilen, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­ti­rip gel­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. 

Dün­ýä­niň bu be­lent yna­my Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň, be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň esasyn­da has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Dialog — pa­rahat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly be­ýik tag­ly­ma­ty dost-do­gan­lyk gatnaşyk­la­ry­ny ös­dürme­giň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Hut şo­nuň üçin hem ýur­du­myz hoş­ni­ýet­li pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýo­ly bi­len dün­ýä­de be­lent mer­te­bä eýe bol­ýar, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Türk­me­nis­tan dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň me­ka­ny hök­mün­de yk­rar edil­ýär. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

 

ŞANLY WAKALAR – ZAMANAMYZYŇ ZYNATY

 

Şa­ny wa­ka­la­ry, tu­tum­la­ry bi­len ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýazylýan Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de halky­myz eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýär, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra abraýy has-da be­len­de gö­te­ri­lip, äh­li ugurlar­da ýe­til­ýän be­lent sepgitler bir-bi­ri­ne ulaş­ýar. Şeý­le eş­ret­li döw­rüň her bir tä­ze ýy­ly­nyň döw­re­bap şy­ga­ryň as­tynda geç­me­gi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkme­nis­tan döw­le­ti­miz­de asyl­ly dä­be öw­rü­len aja­ýyp aýratynlyklaryň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ka­ra­ry bi­len 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yglan edilme­gi­ni hem şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri hök­mün­de görkez­mek bo­lar.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eýsem, dün­ýä ýü­zün­e ýaň saljak şan­ly se­ne – Bir­le­şen Mil­let­ler Gura­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len iki gezek yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bita­rap­ly­gy­nyň 30 ýyllygy da­ba­ra­la­nar. 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we ynanyşmak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň esa­syn­da hem şu şan­ly se­ne dur­ýan­dyr. Şeý­le il­ha­lar çöz­gü­de ge­lin­me­gin­de türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk  Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­sy­nyň mi­we­si bo­lan «Türk­me­nis­tan – para­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» at­ly aja­ýyp goş­gy­nyň esas edi­nil­me­gi her bi­ri­mi­ziň buýsan­jy­my­zy art­dyr­ýan ha­ky­kat­dyr. Milli Liderimiziň bu nus­ga­lyk şyg­ryn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň esa­sy mak­sa­dy­nyň, umu­ma­dam­zat bäh­bi­di­niň ýoka­ry çe­per­çi­lik bi­len be­ýan edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­mak bol­sa aý­ra­tyn ýa­kym­ly­dyr. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­myzyň ýaşaýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyrma­ga gö­nük­di­ri­len ynsanper­wer ýö­rel­ge­ler aja­ýyp za­ma­na­my­zyň be­ze­gi­dir. Bil­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, 2025-nji ýy­lyň 1-nji ýanwaryn­dan zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýala­ryň, döw­let kö­mek pullarynyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri 10 gö­te­rim ýokarlan­dy­ryldy. Il-ýurt bäh­bi­din­den ugur al­ýan bu çöz­gü­di üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady­na aý­dylýan al­kyş söz­le­ri çäksiz­dir. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bilen Watandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si­niň rowaçlyklara bes­len­ýän­digi­ni gör­kez­ýän şeý­le aja­ýyp pur­sat­lar bi­len badal­ga alan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da he­mi­şe­lik Bita­rap­ly­gy­myz­dan göz­baş al­ýan pa­ra­hatçy­lyk, yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri deň­hu­kuk­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň hem-de döw­le­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösüşiniň öze­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lup dabaralanýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2025-nji ýyl –Hal­ka­ra parahat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi bol­sa ýur­du­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha artýandygy­ny gör­kezýär. Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň dün­ýä­de dabaralanma­gy­ny ga­za­nan, eziz Wa­ta­ny­my­zy pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ynanyşma­gyň, dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­na öw­ren Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň janla­ry sag, ömür­le­ri uzak bo­lup, Hal­ka­ra para­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da dur­mu­şa ge­çir­jek ta­ry­hy tu­tum­la­ry ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň  Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

barada­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni. 

BERKARAR DÖWLETIŇ RUHY BINÝADY

 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tagal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­myzda ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, hal­ka­ra gatnaşyk­lar­da­ky üs­tün­lik­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da her ýy­ly döw­re­bap atlan­dyr­mak bag­ty­ýar za­ma­na­my­zyň asyl­ly dä­bi­ne öw­rül­di. 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edilmegi hem türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk söýüji­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lan­ýandy­gy­nyň, döwletimi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň hal­ka­ra giňişlikde tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr.

Ýylyň adyny kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler goldanylyp, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna esaslanylmagy, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerilmegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň göz öňüne tutulmagy aýratyn bellärliklidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlap, ýene bir ajaýyp eserini halkymyza sowgat etmegi ählimizi täze üstünliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldaryň goşgularynda agzybirlik, dost-doganlyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly gymmatlyklar öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiziň dana şahyrymyza bagyşlanan kitabynyň täze ýylyň bosagasynda neşir edilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda şahyryň goşgularynda beýan edilýän gymmatlyklara uly ähmiýet beriljekdigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserindäki: «Häzirki zaman dünýäsinde geçmişiň parasatly akyldarlarynyň şahsyýeti we nesillere galdyran edebi mirasy döwletara gatnaşyklary berkitmekde, şeýle-de medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Söz ussatlarynyň eserlerinde geçmişiň sapaklary, taryhyň hakykatlary, jebisligi, raýdaşlygy we dostlugy pugtalandyrmak ýaly gymmatly paýhaslardyr öwüt-nesihatlar öz beýanyny tapýar. Türkmen halky çeper söze, nusgawy ýol-ýörelgelere aýratyn hormat goýýar» diýen sözleri hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndaky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi akyldar şahyryň öwüt-ündewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Magtymguly Pyragynyň durmuş tejribesine ýugrulan pikirleri, filosofik garaýyşlary häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadyny berkidýär. Bize şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän döwlet Baştutanymyzyň döredijilik älemindäki gadamlary batly, ýiti zehininden döreýän ajaýyp eserleriň höwri köp bolsun! Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we 

te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň Ahal we­la­ýat

 ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, 

Mej­li­siň de­pu­ta­ty.

IN THE IDEALS OF PEACE AND HUMANISM

 

A significant step for the world community along the way to achieve sustainable peace and full and comprehensive progress and, in general, to preserve human civilisation is the declaration of 2025 the International Year of Peace and Trust at the global level. This step is significant because it will not only fill interstate relations with concrete actions, but also provide the platform for revert international relations to a positive direction for a long term. This motto of 2025 in Turkmenistan spotlights the role of our country in designing a new architecture of peace and cooperation. 

The year 2025 was declared the International Year of Peace and Trust in accordance with the Resolution of the UN General Assembly. By voting for it, the Community of Nations expressed support for neutral Turkmenistan in its efforts to harness peaceful political and diplomatic means of conflict and dispute resolution and fostering a constructive dialogue in the spirit of mutual understanding and trust. 

“The unanimous adoption of the Resolution ‘International Year of Peace and Trust, 2025’ by the UN General Assembly at the initiative of Turkmenistan vividly testifies to the international recognition of the foreign policy of the Motherland, based on peacefulness and mutual understanding. Moreover, the UN General Assembly unanimously adopted the Resolution ‘Zone of Peace, Trust and Cooperation of Central Asia’ proposed by our country. This proves once again that your policy, based on the principles of good neighbourliness, is becoming increasingly popular on the world arena,” the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan, Hero-Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedov said in his Address to the President of Turkmenistan. 

Today, no one doubts that an urgent issue of modern world politics is the lack of trust and mutual understanding in interstate relations and respect for national interests. All this affects the geopolitical situation. The trust factor is particularly important in the context of emerging integration economic processes and the desire of the peoples of the world to achieve the Sustainable Development Goals by 2030. Therefore, the lack of trust that is essential for maintaining peace and sustainable development is discussed by politicians and experts at various international venues. 

In this context, the declaration of 2025 the International Year of Peace and Trust can be said to be very timely and is intended to become an important event in the life of the world community. This is confirmed by the fact that 86 UN Member States co-authored the Resolution. The document reflects the fundamental goals and principles of the UN Charter, particularly the commitment to the peaceful settlement of disputes. 

In his New Year’s message to the people of Turkmenistan, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov emphasised our country would continue its efforts to maintain peace and trust on the planet and to achieve the Sustainable Development Goals. 

As world history shows, different states have different potentials for forging trust-based relations with other countries. In this regard, we rightly state that Turkmenistan has a unique potential for establishing peaceful and trusting interstate relations. 

First of all, the Turkmen people enjoy trust thanks to our cultural traditions that have been formed throughout history. An ancient farming civilisation emerged in the Turkmen land, our people are known for diligence and commitment to family values, which served as the foundation for peace and harmony in the family and society, and have always sought to live in peace and harmony with neighbouring nations. Intangible, moral and cultural values, openness and goodwill towards other nations have been passed down from one generation to another. 

After gaining independence, this served to maintain political stability in the country and was embodied in the foreign policy. Its crowning glory was the recognition by the world community of the status of permanent neutrality of Turkmenistan. Having realised itself as part of an interdependent world community, the neutral Turkmen state set active cooperation with the UN as a strategic aspect of its foreign policy to maintain international peace and good neighbourliness and to prevent conflicts. 

Sovereign Turkmenistan has the weighty powers to act as a viable supporter of peace and confidence-building measures among states. Over the years of independence, our country has built reliable good-neighbourly relations with neighbouring states and has established and promotes constructive cooperation with the countries of Europe, Asia, and America. Turkmenistan is the host country of the UN Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia. This unique outpost of the United Nations, founded in 2007, successfully serves the region in settling issues through preventive diplomacy and confidence-building measures among the Central Asia countries. 

Given the objective realities and modern trends of geo-economic and geopolitical development, Turkmenistan has initiated the adoption of resolutions on global issues of the modern world by the UN General Assembly. Along with the Resolution “International Year of Peace and Trust, 2025”, the UN General Assembly adopted the Resolutions “United Nations Games”, “Treaty on a Nuclear-Weapon-Free Zone in Central Asia and “Zone of Peace, Trust and Cooperation of Central Asia” at the initiative of Turkmenistan in 2024. 

As a result, our country has positioned itself for many years now as an authoritative and reliable partner, a staunch supporter of peace, a pillar of regional stability and a mediator of international dialogue. The practical implementation of the resolutions adopted at the initiative of Turkmenistan gives an impetus to international cooperation to develop specific measures to ease tensions, to use peaceful, political and diplomatic means of settlement of disputes and conflicts, to bridge the gap of trust and mutual understanding and to strengthen peace on the planet. Turkmenistan is recognised as a strategic partner of the United Nations in using confidence-building measures through dialogue in such areas as energy security, sustainable transport, environment protection and humanitarian development. Furthermore, Turkmenistan inevitably considers such important elements of international relations as peace and trust to be key ones in solving all problems. 

The political and philosophical doctrine “Dialogue is a Guarantee of Peace”, launched by Turkmenistan with the support of the United Nations, is of enduring importance. It was put forward by the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Hero-Arkadag and is viewed today by the world community as a new philosophy of interstate relations. 

Resolutely promoting peaceloving initiatives, Turkmenistan takes a responsible approach to implementing the humanistic ideas embedded in them. Complex measures, aimed at maintaining global stability and sustainable socioeconomic development, are implemented under the leadership of our esteemed President Serdar Berdimuhamedov, who consistently and purposefully pursues the policy of the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty, Hero-Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedov. 

In particular, foreign government officials and public figures, politicians and experts note the role of Turkmenistan in strengthening peace, maintaining good-neighbourly relations and creating a climate of trust in Central Asia and the Caspian Sea Basin. In particular, the key issue for the Central Asian states is the settlement of the situation in Afghanistan and the involvement of this country in the implementation of major transport, energy and communications projects as an equal and full-fledged partner. Making consistent efforts for this purpose, Turkmenistan has successfully implemented several regional, transport, energy and communications projects. 

We should say proudly that Turkmenistan has undoubtedly contributed to the development and adoption of the Convention on the Legal Status of the Caspian Sea, signed by all the five Caspian states. Five-party meetings at various levels have become an effective mechanism for cooperation that allows comprehensively considering issues arising in the region with a view to developing joint ways to tackle them in a way that respects each other’s interests. 

Turkmenistan attaches great importance to the effective use of parliamentary diplomacy mechanisms, the Women’s Dialogue, and the involvement of youth and the business community in building interstate relations in the context of the philosophy “Dialogue is a Guarantee of Peace”. 

The diversity and complexity of the tasks set to UN Member States today are obvious. They can be fulfilled only through collective efforts and the awareness of the responsibility of each country, authoritative international organisations for preserving peace and security on our planet. The unchanging position of our country is to promote the enhancement of the UN role on the world arena in establishing equal and mutually respectful relations among states and nations and achieving sustainable development of all states. The declaration of 2025 as the International Year of Peace and Trust under the auspices of the UN serves to build up the peacekeeping potential of this organisation. The goals and objectives of the Resolution indicate the guidance vector for the promotion of cooperation and constructive dialogue for peace. 

The Turkmen people highly value the peaceful and happy life that the Hero-Arkadag ensured with his wise policy and Arkadagly Hero Serdar continues and wish them good health and long life. 

The Party of Industrialists and Entrepreneurs considers it its high duty to elucidate the major aspects of the domestic and foreign policy initiated by the Hero-Arkadag and successfully pursued by Arkadagly Hero Serdar to cement the unity, to stir labour enthusiasm and to raise patriotic spirit of the people. 

 

Saparmyrat OVGANOV, 

Chairman of the Party of Industrialists and Entrepreneurs of Turkmenistan, a member of the Mejlis of Turkmenistan

1 ... 23 24 25 26 27 ... 90