The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

MAŞGALANYŇ BAGTYÝARLYGY UGRUNDA

 

Türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala institutynyň belent abraýy saklanyp gelýär. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we ululara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň taryhy köklerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda maşgalanyň jemgyýetiň özenidigini, özboluşly ilkinji guramadygyny, onda gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelip, dürli meseleleriň çözülýändigini, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydygyny, maşgalanyň näçe berk boldugyça, jemgyýetiň şonça-da hemmetaraplaýyn baýdygyny, biziň esasy wezipämiziň türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan, berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdygyny yzygiderli belleýär. 

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde maşgalanyň goraglylygyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biri bolup öňe çykýandygyny nygtady. Şoňa göräde, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň maşgala mukaddesligini gorap saklamak, agzybirligini berkitmek baradaky tabşyryklaryny amal etmek maksady bilen, milli kanunçylygymyza seljerme geçirilip, «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, maşgala oňşuksyzlygynyň döremegine getirýän sebäpleriň hem şertleriň öňüni almak, olary aradan aýyrmak, maşgala abatlygyny gazanmak babatda hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, maşgala gymmatlygyny goramak we bitewüligini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 149-njy maddasynyň ikinji böleginden soňra, nika bozmak hakyndaky hak isleýiş arzasynda är-aýalyň bile ýaşamagy, maşgalanyň saklanyp galmagy mümkinçiliginiň aradan aýrylandygy barada nikany bozmagyň sebäpleriniň hem-de oňa getiren ýagdaýlaryň anyk görkezilmelidigi barada goşmaça bölek girizildi. 

Şeýle-de raýat işini kazyýet seljerişine taýýarlamagyň tertibinde kazynyň nika bozmak hakyndaky işler boýunça taraplar bilen söhbetdeşlik geçirmegi, nikany bozmagyň sebäplerini deslapdan aýdyňlaşdyrmagy we taraplaryň ýaraşmagy üçin her bir işiň aýratynlyklaryndan (maşgalanyň ýaşaýyş şertleri, maşgala agzalarynyň özara gatnaşygy, çagalaryň iň gowy bähbitleriniò üpjün edilmegi, işe jemgyýetçilik wekilleriniň çekilmegi we beýleki ölçegler) ugur alyp, zerur çäreleri görmegi hem-de nika bozmagyň hakykat ýüzünde başga maksatlar üçin ulanylmagyna ýol bermezlik üçin degişli işleri geçirmegi, şunda taraplara ugurdaş işleri çözmegiň tertibiniň hökmany düşündirilmelidigi we mümkin boldugyça, olary bilelikde seretmek üçin çäreleriň görülmelidigi barada hukuk resminamasynyň 171-nji maddasynyň 2-nji bendinden soň, bir belgili 2-nji bent girizildi. Mundan başga-da, 180-nji maddada maşgala işleri boýunça önümçilikde seredilýän işlere taraplaryň özüniň gatnaşmagynyň hökmanydygy, ýöne taraplaryň biriniň ýurduň çäginden daşarda halatlary muňa degişli däldigi görkezildi. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp, Raýat iş ýörediş kodeksi bilen bagly täze Kanunyň kabul edilmeginiň Esasy Kanunymyzyň maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kadasynyň hemme taraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, maşgala oňşuksyzlygynyň döremegine getirýän sebäpleriň we şertleriň öňüni almakda, olary aradan aýyrmakda, maşgala abatlygyny gazanmak babatda hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakda, maşgala gymmatlygynyň goragyny we bitewüligini, çagalaryň terbiýesini, iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmekde uly gollanma boljakdygy şübhesizdir. 

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy

 

01.05.2024 Details

BEHIŞDI BEDEWLERIŇ ŞAN-ŞÖHRATY

 

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ýurdu­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­tyn­da hem ulu­dan bel­le­nip ge­çil­di. We­la­ýat dere­je­sin­dä­ki esa­sy da­ba­ra Bä­herden et­ra­by­nyň Bör­me oba­sy­nyň golaýyn­da — te­bi­ga­tyň gö­zel ýe­rin­de ýaý­baň­lan­dyryl­dy. Oňa köp ­san­ly il­deş­le­ri­mi­z gat­naş­dy. 

We­la­ýa­ty­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýetirmegin­de ýaý­baňlan­dy­ry­lan joş­gun­ly aý­dym-saz­lar­da, mil­li ru­ha bes­le­nen tans-halk dö­re­di­ji­lik çy­kyşla­ryn­da gö­zel­lik­de we ýyn­dam­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk, şan-şöh­ra­ty dün­ýä do­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň was­py joş­gun­ly be­ýa­ny­ny tap­dy. 

Du­tar­çy we gy­jak­çy bag­şy­la­ryň jo­şup aýdym aýt­ma­gy, at üstündäki ji­git­le­riň aja­ýyp to­ma­şa­la­ry bi­len da­ba­ra be­zeg ber­me­gi, toý ga­zan­la­ry­nyň ata­ryl­ma­gy hem-de ol ýer­de taý­ýar­la­nan mil­li ta­gam­lar­dan toý­çy mä­re­kä hö­dür-ke­rem edil­me­gi tä­ze ta­ry­hy döw­rümiz­de ga­dy­my toý däp­le­ri­mi­ze bir­kem­siz eýe­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy. Da­ba­ra­nyň geç­ýän ýe­rin­de kör­pe nes­liň ýe­ri­ne ýe­tirme­gin­de hal­ky­my­zyň asyr­lar­ bo­ýy do­wam edip gel­ýän mil­li ça­ga oýun­la­ry bo­ýun­ça şü­we­le­ňe orun be­ril­di. 

To­ma­şa­ly toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şany­na Ak bug­daý et­ra­by­nyň Gu­ry­how­dan ýaý­la­syn­da, Ka­ka et­ra­by­nyň Hy­waa­bat jül­ge­sin­de, Sa­rahs etra­by­nyň Tä­ze gu­ýy ýaý­la­syn­da degişlilik­de «Ro­waç­ly Wa­ta­ny­myz­da sar­paň be­lentdir, be­de­wim!», «Türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy — za­ma­naň gu­wan­jy türk­men bedewi», «Be­hiş­di be­dew — türk­me­niň buý­san­jy» ady bi­len ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry hem ýa­kym­ly duý­gu­la­ry bi­len ýat­da gal­dy. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy. 

01.05.2024 Details

SAGDYN ÝAŞAÝYŞ ŞERTLERINIŇ GORAGYNDA

 

Ýurdumyzda täze ekologik dünýägaraýşy emele getirmek, ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli başlangyçlar durmuşa geçirilýär, halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurtda sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edilýän işler ekologiýa syýasatynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleri kanun taýdan berkitmek üçin degişli hukuk namalaryny kabul etmek zerur bolup durýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy bet bagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Konstitusiýamyzdan gözbaş alýan Howa kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», Milli tokaý maksatnamasy hereket edýär. Olaryň täze döwrebap kanunlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ähmiýeti örän uly möhüm çärelerdir. 

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanunçykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly» diýip nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda öňde durýan belent maksatlary nazarlaýan işleriň kanunçylyk esaslaryny kesgitlemegiň, jemgyýetçilik ösüşini gazanmagyň aýdyň ýoluny salgy berdi. 

Ajaýyp üstünliklere beslenýän täze taryhy döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek maksady bilen, täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak ugrunda Mejlisde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi. Maslahatda birnäçe kanunlar bilen birlikde, «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Bu Kanun V bapdan we 27 maddadan ybarat bolup, onda ulanylýan düşünjelere anyk kesgitlemeler berildi. Olara gidrologiýa, meteorologiýa, gidrometeorologiýa işi, gidrometeorologiýa gözegçilikleri, gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň ulgamy, gidrometeorologiýa maglumatlary, umumy maksatly gidrometeorologiýa maglumatlary, ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlary, gyssagly gidrometeorologiýa maglumatlary, göçme gidrometeorologiýa gözegçilik nokady ýaly düşünjeler degişlidir.

 Bu Kanun ýurdumyzyň çäginde gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň globallygyny, toplumlaýynlygyny, ulgamlylygyny we üznüksizligini berjaý etmäge, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumatyny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmäge, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Kanunda gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem Kanunda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulmagydyr. Olaryň kabul edilmegi bu ulgamdaky işleriň döwrebap alnyp barylmagynda we täzeçil guralmagynda, gözegçilikler esasynda alynýan maglumatlaryň anyk we dogry bolmagynda hem-de degişli peýdalanyjylara wagtynda ýetirilmeginde oňyn netijesini berer. Kanuna gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini ygtyýarlandyrmak, maliýeleşdirmek, gidrometeorologiýa işi babatda jedelleri çözmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak barada kadalar hem girizildi. Kanun ýurdumyzda gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa işi we tebigy gurşawyň ýagdaýy baradaky anyk maglumatlar bilen üpjün etmekde ýüze çykjak gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwrebap hukuk binýady bolup hyzmat eder. 

Umuman, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynyň dowamynda kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. 

 

Serdar GAÝYPOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy 

goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat 

toplumy baradaky komitetiniň başlygy.

30.04.2024 Details

ÜNS MERKEZINDE — ULAG LOGISTIKASY

 

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan häzirki döwürde hem howa, awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly aragatnaşygy üpjün edýän iri merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň geostrategik ýerleşişi ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamyny ösdürmäge giň ýollary açýar. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we logistika ugry boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşyp, netijeli teklipler bilen çykyş edýär. 

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar sebitiniň ulag logistikasy — 2024» atly III halkara forumy şeýle çärelere mysal hökmünde görkezmek bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Halkara çäräniň dowamynda Wolga — Hazar ulag-logistika ulgamynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň esasy meseleleri barada pikir alşyldy. Bütin dünýäde ulag akymlarynyň üýtgemegi we Ýewraziýanyň köp gatnawly Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Gündogar, Günorta — Günbatar ugurlaryna öwrülmegi şertlerinde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ýollarynyň üstünde durlup geçildi. Mundan başga-da, Hazar deňzi sebitinde ulag logistikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, ýükleri daşamagyň esasy ugurlary, deňiz portlarydyr gury ýer duralgalaryny döwrebaplaşdyrmak, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça, şeýle-de Wolga derýasynyň üsti bilen ýükleri geçirmek, gämi gurluşygy we ýük daşamak bilen bagly meseleler dogrusynda, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ulag-logistika infrastrukturasynyň, işewürligiň ösmegi, sebitde agrar önümleriň eksporty üçin taslamalara maýa goýmak ýaly meselelerede garaldy. 

Forumda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hazarüsti halkara gatnaw ýollaryna işjeň goşulyşýar we bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň netijeli ulanylmagy, öz gezeginde, milli deňiz flotuny has-da giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Halkara forumyň çäginde şäheriň derýa duralgasyna gezelençler guralyp, medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Eziz MATDYÝEW, «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk toplumynyň başlygy.

 

30.04.2024 Details

MILLI GYMMATLYKLARA SARPA

 

Be­ýik tu­tum­lar, şan­ly wa­ka­lar, şöh­rat­ly men­zil­ler mil­le­tiň buýsançly ta­ry­hy­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri türk­men hal­kynyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan şöh­rat­ly taryhy­nyň tä­ze al­tyn sa­hy­pa­la­ry­nyň ýa­zyl­ýan eý­ýa­my­dyr. Tür­ki medeniýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň — TÜRK­SOÝ-nyň He­mi­şe­lik ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­siniň me­de­ni paý­tag­ty» diýlip yg­lan edi­len hem-de ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ýü­rek ar­zu­wy bi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­guly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2024-nji ýy­ly­my­zyň ta­ry­hy pur­sat­la­ry mu­ny jüm­le-ja­ha­na ýaý­ýar. Merda­na hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýan şeý­le şan­ly wakala­ryň maz­mun taý­dan bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän gün­le­rin­de Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan gözbaş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy kö­ňül buýsanjy­my­zy go­şa­lan­dyr­dy. 

Hormatly Prezidentimiz bu kitaby ýazmak bilen, öňde goýýan baş maksadynyň türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şunuň ýaly asylly hem-de beýik maksat bilen ýazylan bu eser ýene-de bir buýsançly hakykaty, ýagny peder ýoluny dowamata atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň beýik taryhyna, ýeten belent derejelerine, umumadamzat ösüşiniň bölünmez synasy bolup durýan ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklaryna bolan nusgalyk söýgi-sarpasyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol bir wagtda, munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, ýaş nesilleriň ruhy hem-de ahlak taýdan kämilligini gazanmakda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde taryhy-medeni mirasymyzy mizemez binýada öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny has-da berkidip, mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrýandygyny hem doly tassyklaýar. Şunlukda, şöhratly geçmişimiziň gymmatly mirasyny öz gymmaty bilen geljege ýetirmekde we jahana ýaýmakda paýhasly döwlet syýasatymyz täze belentliklere göterilýär. Sebäbi bu gymmatly miras irki adamzat medeniýetiniň esaslandyrylmagyna ummasyz goşant goşan halkymyzyň synmaz erkiniň, agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň, ýaşaýşa bolan nusgalyk söýgüsiniň misilsiz güwäsidir. Şeýle beýik hakykaty özünde jemleýän Änew topragynyň her daban ýeri adamzat ösüşiniň gadymy subutnamalaryny özünde jemleýär. 

Änew ak bugdaýy dünýä beren mukaddes toprak hasap edilýär. Munuň özi türkmen topragynyň gadymy ekerançylygyň gözbaşydygyna, oturymly ilatyň diňe bir ekerançylyk bilen däl, eýsem, hünärmentçilik, söwda-satuw bilen meşgullanyp, adamzat medeniýetiniň kemala gelmegine önjeýli goşant goşandygyna güwä geçýär. Ylmy maglumatlaryň, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri arkaly tassyklanylan bu taryhy hakykatlar Änew medeniýetiniň adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ýeten derejesindäki mynasyp ornunyň kepilidir. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby öz okyjylaryny şeýle buýsançly hakykatlaryň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gitmek arkaly, döwürler bilen döwürleriň, nesiller bilen nesilleriň sazlaşykly arabaglanyşygyny üpjün edýär. 

Täze eser hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň köptaraply ösüşinde taryhy-medeni gymmatlyklarymyza möhüm ähmiýet berýändigini ýene bir ýola görkezdi. Döwlet syýasatymyzyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýan şeýle tagallalaryň oňyn netijeleri ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanylýan ýaş nesillerde halkymyza, eziz Watanymyza, şöhratly geçmişimize çäksiz buýsanç duýgularyny terbiýelemekde ýetilýän belent sepgitlerde ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu bolsa öz nobatynda, bagtyýar ýaşlarymyzy täze taryhy eýýamda berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, hoşniýetli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde ýeten belent derejesini has-da berkitmek babatda üstünliklere beslenýän taryhy tutumlara mynasyp goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen hyjuwly ýaşlarymyz pederlerimiziň miras galdyran medeni gymmatlyklarynyň, mertebeli ýollarynyň mukaddesligine çuňdan düşünýärler. Şeýlelikde, milli taryhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaşlaryň kalbynda halkymyzyň beýikligine bolan buýsanç duýgusyna öwrülýär. 

Hormatly Prezidentimiziň özboluşly terbiýe mekdebine öwrülip, okyjylarynyň kal­byn­da iň naý­ba­şy duý­gy­ny — mil­le­tiň beýikligine bolan çäksiz buýsanç duýgusyny kemala getirýän ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun! 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

30.04.2024 Details

HEŇŇAMLARYŇ JÜMMÜŞINE SYÝAHAT

 

Taryhy şahsyýetlerimiziň tirsegine galdyrylyp, däp-dessurlarymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylýan zamanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby her birimiziň ylham çeşmämize öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda ata Watanymyza arşy-agladan nuruň ýagandygy, dünýäni ýagtyltjak pikir-taglymatlaryň beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigi bellenilýär. Şeýle hem müňýyllyklary öz içine alýan gadymy Änewiň birnäçe dünýä medeniýetleriniň emele gelmegine ýetiren täsiri baradaky taryhy maglumatlar getirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän, Milli Liderimiziň pikir-taglymatlaryna eýerýän hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda «Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir» diýip belleýşi ýaly, çuňňur oýlanyşykly pikir ýöretmeleriň esasynda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Täze taryhy döwrümizde bolup geçýän wakalar parahatçylyga we özara ynanyşmaklyga gönükdirilen taglymatdan gözbaş alýar. Aslynda, bu jaýdar jümleleriň özeninde geçmişiň wakalary hem-de şöhratly pederlerimiziň «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr!» diýen danalyga ýugrulan tejribe ýoly ýatyr. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletiň, halkyň ykbalyna dahylly zatlarda ownuk mesele diýen zat bolmaýandygy, her bir işe juda jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi, halkyň bähbidine gönükdirilen meseleleriň her biriniň möhümdigi bilen bagly öwüt-ündewlerine salgylanmagy Milli Liderimiziň watansöýüjiliginiň, milletimiziň döredijilik ýoluna hormat-sarpasynyň näderejede beýikdiginiň aýdyň şöhlelenmesidir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda, bu ajaýyp eseriň müň ýyllyklaryň taryhy gatlaryny açyp görkezýän, täsirliligi bilen okyjynyň kalbyna nagyş çekýän, ylmy düşünjeleri we ýiti zehinli pähim-paýhasy bilen hakydalarda müdimilik orun alýan parasada eýedigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Şeýle hem Änew medeniýetiniň, ekerançylygynyň we binagärliginiň milli nusgasynyň gadymy kökleri, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmelerinde aýdyň şöhlelenýär. Türkmen halkynyň, hususan-da, Änew topragynyň şöhratly geçmişi, şanly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz barada söz açýan bu kitap ählimiziň ýan kitabymyza, ajaýyp gollanmamyza öwrüldi. 

Şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny tutuş dünýäde dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döreýän şeýle eserleriniň höwri köp bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW,

 welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Details

ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN ŞANLY GELJEGE

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Her bir halk özüniň taryhy bilen şöhratlanýar, türkmen halkynyň baý taryhy bolsa häzirki döwrümizde döwletimize şan-şöhrat, halkymyza uly abraý getirýär. Türkmeniň taryhyny anyk maglumatlar esasynda çeper dilde beýan edýän bu täze kitapda diňe bir Änew medeniýeti barada söz açylmak bilen çäklenilmän, halkymyzyň durmuşy, asyrlaryň dowamynda gazananlary, zähmetsöýerligi, paýhaslylygy, sungaty hem öz beýanyny tapýar. 

Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň geçmişimize bolan sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň alamaty bolmak bilen, ol her bir okyjy üçin halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Änew medeniýeti ylmy esasda öwrenilmäge juda mynasypdyr. Sebäbi orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülip, ol häzirki döwürde-de meşhur, täsinlige baý künjek hasaplanýar. Täze kitap hem Änew ýaly gadymy ojagy goýnunda jemleýän Türkmenistan döwletiniň müňýyllyklaryň dowamynda geçen menzillerinden, döwlet gurmagyň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň agzybirlik taglymatyndan söz açýar. 

«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýen ganatly sözleri hormatly Prezidentimiziň öz halkyna bolan söýgi-buýsanjynyň, belent ynamynyň beýanydyr. Milli ýörelgelerimize esaslanýan halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýan zamanasynda öz halkyna daýanyp, bedew batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň beýik geljegini gurýan hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan ajaýyp eserleri agzybirlige we watanperwerlige özboluşly çagyryşdyr. 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Details

TELEKEÇILIK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

 

Güneşli Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek we goldamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Telekeçiler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde edilýän aladalar telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun almagy juda guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlary goldamak üçin has amatly şertleri üpjün edýän resminamalaryň kabul edilmegi, her ýylda işewür telekeçileriň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň, öndürýän önümleriniň sergisiniň guralmagy, olara ýeňillikli karz serişdeleriniň yzygiderli berilmegi telekeçileriň has öndürijilikli işlemeklerine ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary gurmakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär. Döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlardan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan telekeçileriň gazanýan zähmet üstünlikleri abadan we bagtyýar durmuşymyza gönükdirilýär. Türkmen telekeçileri bolsa özleri hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. 

 

Tuwakgylyç Weliýew, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

25.04.2024 Details

ILGÜN BÄHBITLI TAGALLALAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde belent sepgitlere eýe bolunýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň bady artyp, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy ýyl saýyn ýokarlanýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýandygy guwandyrýar. 

Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyzda iş sapary bilen bolmagy üstümizdäki ýylyň möhüm wakasy boldy. Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň barşynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ulag ulgamynda iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem şu dabarada döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyzyň ýolagçylaryna täze awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat etmegi il-günümizi begendirdi. Dogrusy, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary güni şatlykly wakalara baý boldy. Şol gün Mary şäherinde durky täzelenen welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gözel binasy hem ulanmaga berildi. Merkezde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda döredilen şertler olara edilýän lukmançylyk hyzmatyny hil taýdan ýokary derejelere çykarmaga mümkinçilik berer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Mary topragynda iş sapary bilen bolan güni ýene bir şatlykly waka il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Has takygy, şol gün welaýat merkezimiziň günbatarynda iki gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň ulanmaga berilmeginiň dabarasy alyslara aşdy. 

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary il-gün bähbitli tagallalar bilen dabaralandy. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edip, täze sepgitlere ruhlandyrdy. 

 

Çary GURBANMYRADOW. 

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Details
1 ... 23 24 25 26 27 ... 60