The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

Tebigatyň ýaşyl ýaraşygy

 

     Ýakynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, bu asylly işe badalga bermegi nesiller üçin nusgalyk ýoldur, görelde mekdebidir. Bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar halkymyzyň agzybirliginiň, döwletli işe ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň «Tebigat we zähmet hakynda» diýen bölüminde tebigatyň gymmatly baýlyklary bolan ösümliklere, haýwanlara, topraga, suwa degişli atalar sözleri, nakyllar getirilýär. Bu kitapdaky bag bilen baglanyşykly «Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözlerinde bag ekmegiň we oňa ideg etmegiň möhümdigi nygtalýar. 

     Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn­da, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar ýeri tutýan tokaý zolaklary döredildi hem­de bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem­de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gök zolaklary döretmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. 

     Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaýlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ekologiýa ugurlary boýunça ylmy­barlag işlerini alyp barmak hem­de tokaýçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. 

     Tebigatda tokaý agaçlarynyň we beýleki ösümlikleriň ähmiýeti öran uludyr. Ösümlik dünýäsi tebigatyň deňagramlylygyny saklaýar hem­de ýaşaýşyň gözbaşy bolup çykyş edýär. Baglar «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýärler. Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50-70 tonna tozany sorup alýarlar. Howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga­da, ýaşyl agaçlaryň täsiri bilen, onuň biologik taýdan arassalanmagy hem bolup geçýär. Haçan­da howa agaç şahalarynyň arasyndan geçen mahaly onuň bölüp çykarýan gazlary — fermentleri kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmekde, ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmekde, biodürlüligi gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 – 2025­nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», şeýle hem 2022­nji ýylda «Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 – 2025­nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

     Türkmen halky ähli döwürlerde­de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlarynyň, BMG­niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan, Çölleşmä garşy göreşmek, Biodürlülik baradaky konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalaryň berjaý edilmegine we Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär. 

     Türkmenistan Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly goldamak bilen, bu maksatlara goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileriniň ýerine ýetirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 2028­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar. 

     Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, şäher gurluşyk işlerinde we beýleki durmuş ulgamlarynda ekologiýanyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini ilkinji borç edip goýýar. Milli meýilnamalar, maksatnamalar, strategiýalar işlenilip taýýarlanylanda we olar amala aşyrylanda, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem­de Durnukly ösüş maksatlary, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulýar. 

     Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 sany görkezijisiniň 15­nji maksady «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem­de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem­de biologik köpdürlüliginiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen. Şu maksadyň 2­nji böleginde bütin dünýäde tokaýlaryň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň usullarynyň girizilmegine ýardam bermek, tokaýlaryň selçeňleşmegini togtatmak, selçeňleşen tokaýlary dikeltmek we bag ekilen meýdanlaryň çäklerini ep­esli giňeltmek babatda anyk wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabaralary hem durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde degişli işleriň ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

     Ýurdumyz boýunça şu möwsümde saýaly, pürli, miweli baglaryň jemi 632 müň 498 düýbi ekildi, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde 2 million 260 müň 836 düýp baglara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. Bag nahallarynyň ekilmegi, olara ideg edilmegi adam hakda edilýän aladadyr. Munuň şeýledigine 2022­nji ýylda BMG­niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14­nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip kesgitlenilýär. Şu düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökman ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm hukuk binýady bolup çykyş edýär. 

     Ýakynda ýurdumyzda geçirilen bag ekmek dabaralarynda ekilen baglar ata­babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýänliginiň aýdyň nyşanydyr. 

 

 

Azat SEÝDIBAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

02.04.2025 Details

AK ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ÝURDUNDA

 

     Bagtly ýaşaýşyň hikmeti parahatçylykda, abadançylykda, adam ömrüniň manysy bolsa bitiren sahawatly işlerindedir. Ýekeje düýp agaç ekip bilen adamyň hem dünýä kitabyna adynyň ýazyljakdygyny aýdan şahyr, aslynda, ynsan oglunyň ähli sahawatly işlerini göz öňünde tutan bolmaly. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri hem röwşen geljege gönükdirilen, ömürlere we döwürlere nusgalyk, tarypa mynasyp tagallalardyr.

 

     Çagalary hemmetaraplaýyn üns-alada we mähir bilen gurşap almak halkymyza mahsus asylly ýörelgeleriň biridir. Ol häzirki zaman türkmen jemgyýetinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde has-da dabaralanýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgeden ruhlanyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de orta mekdepler, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edildi, olaryň täzeleriniň gurluşyklary-da giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle merkezlerde çagalar saglygyny dikeldýärler, berkidýärler, döwrebap bilim alýarlar.

     Ýurdumyzda çagalar dynç alyş merkezleriniň, oýun meýdançalarynyň, sport sagaldyş merkezleriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilmegi raýatlary diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde, Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistan çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, eneligi hem-de çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyz dünýäde körpe raýatlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilýär.

     Parahatçylygyň mekanyna öwrülen, ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarly Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek-goldawlar berilýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan gaznanyň alyp barýan asylly işleri ynsanperwerligiň belent nusgasydyr. 2021-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda işjeň hem köptaraplaýyn haýyr-sahawat işlerini alyp barýan gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen çylşyrymly, köp basgançakly hirurgiýa operasiýalary amala aşyrylýar. Dürli çylşyrymly ýürek operasiýasy, neýrohirurgiýa, ortopediki we kosmetiki hirurgiýa operasiýalary geçirilen çagalar häzirki wagtda durmuşyny doly 

derejede işjeň dowam etdirip, deň-duşlarynyň arasynda özlerini rahat duýýarlar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

      Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldaýar. Bu babatda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi hem aýdyň mysal hökmünde görkezip bileris. Mälim bolşy ýaly, 25-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglyk ýagdaýy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda sahawatly gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk ýagdaýy we ony geçirmegiň ähmiýeti barada, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşik bilen bagly meseleler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

     4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigi çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga gönükdirilip, onuň maksady ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik ýaly ukyplaryny berkitmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybarat boldy. Türkmen milli oýunlary, aýdym-saz we tans sungaty, surat çekmek we amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary öz içine alan bu bäsleşik zehinli çagalaryň sungatda, medeniýetde, döredijilikde ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi. 

     Gyzykly geçen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Halylmyrat Kakadurdyýewe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, birinji orna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Rzagulyýewe, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şanur Berdiýewe we Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Saparowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, ikinji orny eýelän Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýewe, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ybraýym Täşliýewe we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Häkim Haýýamyň bilim toplumynyň 4-nji synp okuwçysy Helma Feizä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bäsleşikde üçünji orna mynasyp bolan Aşgabadyň halkara mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Awani Rawada, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Zeýnep Orazmyradowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk çagalar bagynyň orta toparynyň körpesi Osmanbeg Aşyrgeldiýewe Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gymmat bahaly sowgatlary, şeýle hem Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

     Mahlasy, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilim almaga, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary goralýar, berk berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär. Nobatdaky döredijilik bäsleşigi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Adamlaryň ykbalyna dahyllylyk, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerde halkymyza görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň esaslandyrylanyna uzak wagt geçmedik hem bolsa, onuň öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda amala aşyran işleri dünýä nusgalykdyr. Türkmen jemgyýetinde şeýle asylly işleri barha rowaçlandyrýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.

 

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

31.03.2025 Details

Dünýä nusgalyk taglymat

 

      Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri dünýä ýaýmak, halkara giňişlikde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Ýurdumyz parahatçylygy, dialog medeniýetini, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty amala aşyrýar.

 

     Döwletimiziň gülläp ösýän zamanasynda türkmen Bitaraplygynyň gerimi barha giňeýär. Ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary belent ykrara eýe bolýar. 1995­nji ýylyň 12­nji dekabrynda BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri ýurdumyz sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde Bitaraplygyň ähmiýetini görkezip gelýär. 2015­nji ýylyň 3­nji iýunynda BMG­niň Baş Assambleýasynyň 69­njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi buýsançly waka öwrüldi. 2017­nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12­nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025­nji ýylyň 21­nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79­njy sessiýasynyň 61­nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Toý­baýramlara beslenýän buýsançly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň üçünji gezek degişli Kararnama bilen ykrar edilmegi eziz Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe beýgeltdi. Gahryman Arkadagymyz: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýip belleýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň parahatçylykda, agzybirlikde ýaşamaga bolan islegini durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmäge, jedelleri we düşünişmezlikleri parahatçylykly ýollar arkaly bilelikde çözmäge, geljek nesiller üçin has röwşen geljegi gurmaga gönükdirilendir.

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky

Komitetiniň baş hünärmeni.

29.03.2025 Details

DÖREDIJILIKLI ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge anyk goşandyny goşýar. Bu ugurda Türkmenistan oýlanyşykly we anyk kesgitlenen teklipleri yzygiderli öňe sürýär, şol teklipler bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de peýdalanmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologiýa ulgamynda netijeli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

 

     Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi we hemişelik Bitarap döwlet. Biziň ýurdumyz dünýäde öz Esasy Kanunyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny kanuny esasda girizen ýeke-täk döwletdir. Munuň taryhy ähmiýetli wakadygy şübhesizdir. 

     30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şu ýylda ýurdumyzda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň anyk ädimleri hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutan garaýyşlary beýan edildi. Şunda esasy ugurlardan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň üstünde işlemegi dowam etdirýän Türkmenistan garyplygy ýok etmäge, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe arhitekturasyny kämilleşdirmäge, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmäge, bütindünýä aragatnaşyk-tehniki serişdeleriniň, emeli aň ulgamlarynyň deňagramly ösüşine gönükdirilen anyk ädimleri amal etmegi maksat edinýär. 

     Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda bu ýörelgeler öz beýanyny tapdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şol sessiýada eden çykyşynda: «Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Esaslandyrylan gününden bäri geçen on ýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy, hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär» diýmek bilen, munuň Türkmenistanyň düýpli garaýşydygyny aýratyn nygtady.

     Netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýokary derejeli maslahatlara gatnaşyp, öňe sürýän teklipleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýurdumyzyň taýýardygyny görkezýär. Bu bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär. 

     Biziň ýaşaýan döwrümiz iki müňýyllygyň kesişýän eýýamy, adamzadyň öz taryhynda geljege gönükdirilen aýgytlaýjy pursady başdan geçirýän döwürleriniň biridir. Syýasatda güýje daýanmak usuly hernäçe gadymy bolsa-da, onuň öňüni almaga gönükdirilen gurallar, serişdeler hem öz köklerini has gadymyýetden alyp gaýdýar. Bitaraplyk bolsa urşuň öňüni almaga gönükdirilen şeýle serişdeleriň iň möhümidir. Gahryman Arkadagymyz ýakynda ýurdumyzda saparda bolan «Euronews» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň habarçysyna beren interwýusynda hemişelik Bitaraplygyň örän anyk wezipeleri barada belläp geçdi. Berilýän nusgawy kesgitlemä laýyklykda, «Bitaraplyk» diýmek uruşda, dawa-jenjellerde iki tarapyň ne biriniň, ne-de beýlekisiniň tarapyny tutmazlygy aňladýan bolsa-da, onuň düýp tebigaty hiç hili hereketsizlikden, gol gowşuryp oturmakdan ybarat däldir. Aslynda, Bitaraplygyň urşa, dawa-jenjele ýigrençden, oňa bolan nägilelikden dörändigini ýatlasak, onuň düýp mazmunynda agzalan nogsanlyklary köki-damary bilen ýok etmegi niýet edinýän ynsanperwer pelsepe dur. Başgaça aýdanymyzda, Bitaraplyk — bu biperwaýlyk ýa-da özüňi üzňe tutmak däldir. Ol güýjüňe baýrynmak hem däldir. Bitaraplyk — bu gara güýji gowşatmak, başaryp bolsa, ony agyzdyryklamakdyr, mätäje hemaýat etmekdir, akyldar Magtymgulynyň sözleri bilen aýtsak, «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýen ýörelgä eýermekdir, «Çar tarapa il bolmaga» çagyryşdyr. Mollanepesiň aýdyşy ýaly, «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol bermezlik, birine gep berip, beýlekisine al bermezlikdir», ýagny taraplary dawa-jenjele küşgürmezlikdir. Bitaraplyk söweşmän ýeňmek sungatydyr. Bitaraplyk söweşiň öňüni alyp, asudalygy gazanmak sungatydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden şeýle ynsanperwer tebigata eýerýän bitaraplyk ýörelgesini öz daşary syýasatynyň binýadynda goýdy. Halkymyzyň bu ýoluny dünýä jemgyýetçiligi oňlady. Şunlukda, Bitaraplyk Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň düýp özeninde duran ýörelgedir. 2020-nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr.

     Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerindäki halkara ähmiýetli taryhy waka — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş  Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hemmeleriň buýsançly başyny göge ýetirdi. Özüniň ägirt uly tejribesi, ählumumy ösüşiň gidişini seljermäge we netije çykarmaga bolan ukyby, iň esasysy bolsa, öz halkynyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge bolan çäksiz yhlasy bilen türkmen taryhynyň altyn sahypalarynda ýitmejek yz goýýan  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmeniň gadymy mukaddes topragynda gülläp ösüşleriň üstünlikli dowam etjekdigine biziň ynamymyz mizemezdir. 

     Parahatçylygy ündeýän, milletleri ynanyşmaga çagyrýan, dialogy dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Maksatberdi GURBANOW

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.

28.03.2025 Details

MÖHÜM MESELÄ BAGYŞLANAN MASLAHAT

 

     Ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatyny dünýä ýaýmak, döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji martda Türkmenistanyň Mejlisinde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. 

     Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyndan ugur alyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, bu ugurda kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy. 

     Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzüm birlikleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada durup geçdiler. Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan nusgalyk işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigi bellenildi. 

     Maslahatyň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde zenanlar dialogynyň orny, zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryndan ugur alnyp kabul edilen «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy» boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini bellediler.

 

Enejan ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary işler we protokol bölümi.

28.03.2025 Details

DÜNÝÄ NUSGALYK MENZILLER

 

     2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary tutus halkymyz bolup uly buýsanç, galkynan ruhubelentlik bilen kabul etdik. Bu habar kalbymyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyza bolan beýik watansöýüjilik, il-ýurda ygrarlylyk duýgularymyzy, ata­Watanymyzy halkara derejesinde şeýle abraý-mertebeli belentliklere göterýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hormat-sarpamyzy arşa göterdi. Göwnümizi ganatlandyran ýakymly duýgular bolsa, asuda, abadan, bedew batly ösüşleri bilen diňe öňe barýan güneşli Diýarymyz, bagtyýar halkymyz, çüwen ykbalymyz barada ýürek sözümizi aýtmaga höweslendirdi. 

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adalatly, demokratik, dünýewi we hukuk döwlet hökmünde, gysga döwrüň dowamynda dünýäde uly abraý-hormata mynasyp boldy. Ýurdumyz öz ýöredýän adalatly, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatynyň ýörelgelerine daýanyp, ählumumy abadançylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän täze başlangyçlary öňe sürmek babatda barha işjeňleşýär. Şeýlelik­de, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebit hem-de dünýä möçberinde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ynanyşmak arkaly işeňňir hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut edýär. Munuň özi berkarar döwletimiziň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmeginde halkara derejesinde öňdebaryjy döwlet bolup çykyş edýändigini açyp görkezýär. 

     Ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan giň gerimli işler dünýä bileleşiginde gyzgyn goldawa mynasyp bolýar, sebäbi olar adamzadyň öňünde durýan sebitleýin we ählumumy häsiýetli meseleleriň çözgüdi üçin derwaýys bolan goşantlardyr.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň, öňe sürülýän başlangyçlaryň ählumumy ähmiýeti örän uludyr. Garaşsyz Türkmenistan, turuwbaşdan, Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryny halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda türkmen halkynyň garaýyşlaryna doly laýyk gelýän maksatlar hökmünde kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, olaryň öz ösüş ýoly baradaky hukugyna sarpa goýmak ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy hökmünde öňe sürüldi. Geçen ýyllar Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň dogrulygyny we esaslydygyny açyp görkezdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlykda Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny tapmagy başardy. Dünýä bileleşigi bilen arkalaşykly tagallalary birleşdirmegiň, beýleki ýurtlar bilen sazlaşykly, deňhukukly we sarpaly gatnaşyklary ýola goýmagyň uly tejribesine eýe boldy. Birek-birege ynanyşmak arkaly ýola goýlan hyzmatdaşlygyň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň iki taraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny baýlaşdyrýandygyny, olary täze mazmun bilen doldurýandygyny hem buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Şeýlelik­de, halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslaryny yzygiderli ösdürýär. Adam we onuň hukuklary hem-de azatlyklary biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygyny emele getirýär we döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.

     Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda goýulýar. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan adamzadyň bu naýbaşy gymmatlygynyň mizemez ýollaryny gurup, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygyň we agzybirligiň ösmegine uly goşant goşýar. Ol dünýä döwletlerini ynanyşmaga, ynsanperwerlige we hyzmatdaşlyga çagyrýar. Türkmenistanyň başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip resmi taýdan yglan etmegi, hormatly Prezidentimiziň bu abraýly guramanyň degişli Kararnamasyny we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny goldap, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30­ýyllygynyň halkara derejesinde giňden belleniljek senesi bolan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biziň döwletimize bildirilýän ynamyň mizemezdiginiň ýene-de bir anyk subutnamasy boldy. 

     Halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak bilen bir hatarda, dünýä we sebit abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň 

baş hünärmeni.

 

27.03.2025 Details

Bitaraplyk — dünýä dolýan mertebe

 

     Milli bahar baýramynyň toýlanylýan günlerinde ýene bir hoş habar jahan içre ýaýrap, bagtyýar halkymyzy begendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň belent ykrarnamasy boldy. Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi türkmen döwletiniň, merdana hem agzybir türkmen halkynyň belende galýan abraý-mertebesiniň kepilidir. 

     Kalbymyzyň buýsanjyna öwrülen mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyz bilen birlikde baky Bitaraplygymyz merdana hem agzybir halkymyz üçin asylly maksatlaryň myrat tapmagydyr, özygtyýarly döwletimizi täze belentliklere götermekde, il-ulsumyzy ynsanperwer maksatlara ruhlandyrmakda bagta uzaýan ýollarymyza nur çaýýan şamçyragdyr. Eziz Diýarymyzda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny nusgalyk derejede kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek we ösdürmek babatynda uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Berkarar ýurdumyzda üstünlikli dowam edýän beýik özgertmeleriň her biri, ilkinji nobatda, halkymyzyň bähbitlerine we demokratik ýörelgelere esaslanyp amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzy ösdürmegiň maksatlary we onuň kanuny taraplary Baş Kanunymyzyň esasy ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan borçlary we hukuklary pugtalandyryldy. Mukaddes Döwlet baýdagymyzda parahatçylygyň nyşany hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna öwrülen zeýtun şahalary öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlaryň hatarynda durýar. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini dabaralandyrýan ählihalk baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çözgüdi esasynda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi eziz Diýarymyzda döwletiň we halkyň jebisliginiň, ata Watanymyzda dowamat tapýan agzybirligiň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bütin dünýä nusgalyk hakykatdygynyň hem synmaz güwäsidir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG-ä agza döwletler tarapyndan biragyzdan ykrar edilmeginiň giňden toýlanjak 30 ýyllygy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalarynyň biri bolar. 

     Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterip, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Guwanç Çendirow,

TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

27.03.2025 Details

GYMMATY EGSILMEZ HAZYNA

 

     Hormatly Prezidentimiziň geçen “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ahyrynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyza baýramçylyk sowgady bolan “Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly täze kitaby okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň           300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde-de giň gerime eýe boldy. 

     Döwlet Baştutanymyz  “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynda beýik şahyrymyz hakynda söz açyp, dana şahyrymyzyň öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri ýokary ahlaklylykda terbiýeläp bilýändigimizi nygtaýar. Şeýle hem Watanymyzyň ýaşlaryna pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemekde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine eýermelidigimize okyjylaryň ünsüni çekýär. Hakykatdanam, döwlet Baştutanymyzyň kitabynda nygtaýşy ýaly, beýik akyldar şahyrymyzyň şygyrlary Diýarymyzyň her bir raýatynyň Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza   çäksiz söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, eserleriniň filosofiki many-mazmunyna göz ýetirmek okyjylar, aýratynam, ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Türkmen halkyna ajaýyp kitaplary peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara watansöýüjiligi ündeýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

 

Çary GURBANMYRADOW.

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji 

çagalar bölüminiň müdiri,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

27.03.2025 Details

ПОЛИТИКА НЕЙТРАЛИТЕТА – СТРАТЕГИЯ МИРА И СОГЛАСИЯ

 

     Мировая история создаётся людьми. И людей всегда объединяет желание жить в мире. Стремление к миру – главный посыл всех религиозных и философских учений, общественных наук, культуры и искусства. Сохранение мира рассматривается как условие существования человечества и продолжения жизни на Земле.

 

Данная проблема особенно актуальна в современной глобальной повестке. Как полноправный член мирового сообщества, нейтральный Туркменистан в полной мере осознаёт свою ответственность в содействии международным усилиям по обеспечению глобального мира и формированию прочной основы всеобъемлющего безопасного будущего. Приверженность политике нейтралитета как главному инструменту поддержания мира и безопасности есть руководящий принцип внешнеполитической стратегии нашего государства, и здесь показательны достижения и опыт Туркменистана в её реализации. 

Статус нейтралитета нашего государства был поддержан консенсусом стран-членов Организации Объединённых Наций и закреплён Резолюциями Генеральной Ассамблеи ООН «О постоянном нейтралитете Туркменистана», принятыми 12 декабря 1995 года и 3 июня 2015 года. Символично, что в Международный год мира и доверия Генеральная Ассамблея ООН недавно на 79-й сессии приняла Резолюцию «О постоянном нейтралитете Туркменистана», в которой заявляет о своей решительной поддержке статуса постоянного нейтралитета, объявленного Туркменистаном. Таким образом, Туркменистан является единственным государством, статус нейтралитета которого признан Сообществом Наций. В Основном Законе страны прописано, что Организация Объединённых Наций признаёт и поддерживает провозглашённый Туркменистаном статус постоянного нейтралитета, призывает государства-члены Организации уважать и поддерживать статус Туркменистана, его независимость, суверенитет и территориальную целостность.

Так официально выражено признание нейтралитета нашей страны Сообществом Наций. Что касается практического аспекта, то благодаря продвигаемым нашей страной принципам внешней политики нейтралитет не только обеспечил безопасность государства, но и трансформировался в стратегию в системе международных отношений, которая служит примером мировому сообществу. На основе принятых Генеральной Ассамблеей Организации Объединённых Наций Резолюций «О постоянном нейтралитете Туркменистана» сложился надёжный и востребованный стратегический курс в международных отношениях нашей страны в контексте глобального развития в третьем тысячелетии. Современные тенденции в мировых процессах показывают, что в международных отношениях, в согласованном сотрудничестве культур необходимы фундаментальные основы нравственных и философских взглядов, соответствующие новой эпохе. Уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов в книге «Махтумкули – мыслитель мира» пишет, что человек всегда жаждет слова ласкового, слова доброго и слова мудрого. Эти слова как нельзя лучше раскрывают роль и смысл универсальной ценности как необходимого фактора существования человека. 

Это является важным вопросом, стоящим на повестке дня и международных отношений. Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг в своей книге «Музыка мира, музыка дружбы и братства» провидчески излагает такую мысль: «XXI век изменил в мире многое. Вместе с тем грозные события привели к осознанию необходимости новых преобразований, которые касаются не только изменения политики, экономики, но и изменения культуры жизни, духовной жизни общества, морали и философии согласованного сосуществования Запада и Востока».  

   Как мудро отмечает Герой-Аркадаг, каждая страна, каждый человек имеет своё назначение, своё место в историческом пространстве. Это место необходимо переосмыслить в соответствии с сегодняшним мировоззрением и задачами времени. В постоянно меняющемся мире каждая страна, каждый народ решают вопросы определения своей судьбы и выбора своего пути. 

Вместе с тем, как подчёркивает Герой-Аркадаг в своих взглядах на изменения эпохи, ни одно государство в мире не может достичь развития в одиночку, не поддерживая нормальные внешние отношения. Ведь экономическая и технологическая интеграция в мире стала ещё более тесной, чем во все прежние времена. Кроме того, международное общественное мнение рассматривает позитивные отношения, мир и согласованное сотрудничество как главное условие решения всех вопросов. Конфронтация, столкновение интересов, политика силы лишь препятствуют развитию, приводят ко многим сложным и трудноразрешимым проблемам, изменяют позитивную динамику международной политики. 

Всё более очевидной становится необходимость совместных действий в вопросах обеспечения экологической, техногенной безопасности. Взгляды Героя- Аркадага на новую философию эпохи, проводимая в этом направлении уважаемым Аркадаглы Героем Сердаром государственная политика остаются конкретным примером того, как понимание Туркменистаном своего места и определения своего пути в современном глобальном развитии позитивно влияет на нашу страну, а также на соседние государства и страны-партнёров. Национальный Лидер туркменского народа всегда подчёркивает, что в мировой политике необходимо уделять внимание нравственной стороне. По мнению Национального Лидера туркменского народа, нравственные нормы созданы для жизни, и эти ценности созданы для защиты человечества, его всестороннего совершенствования и развития. Такова и политика. Внешняя политика независимого Туркменистана, основанная на нейтралитете, является выражением этой простой и величайшей истины. 

Основной смысл и цель государственной политики, проводимой Президентом Туркменистана уважаемым Сердаром Бердымухамедовым, связаны с осуществлением всех необходимых мер для укрепления мира и безопасности на Земле. Истоки этой политики берут начало в созданных нашим народом социально-культурных ценностях. Подчёркивая это в своей книге «Молодёжь – опора Родины», Аркадаглы Герой Сердар пишет: «В жизни всё взаимосвязано. Такие понятия, как мир, процветание, спокойное небо, благополучная жизнь, считаются ключом к изобилию, счастливой жизни. Потому как для изобилия требуется благополучие, а для счастья – мир и процветание. В нашей стране есть и то, и другое».

Необходимо отметить, что развитие в период после Второй мировой войны продолжалось в условиях создания Организации Объединённых Наций и укрепления доверия государств к Уставу и целям этой Организации. Доверие к тому, что противоречия, возникающие на международном и межгосударственном уровне, не выйдут за определённые рамки и будут решаться путём переговоров и соглашений, стало опорой всеобщего движения человечества к благополучному будущему. 

Объявленный Генеральной Ассамблеей ООН благодаря усилиям уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова 2025 год -Международный год мира и доверия, а также мероприятия на международном уровне, посвящённые 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана, 80-летию Организации Объединённых Наций, являются ещё одной возможностью для человечества укрепить мир на планете и доверие между государствами и народами.

 Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг отмечает: «Мир и доверие – величайшее богатство человечества». Успехи политики нейтралитета, являющейся стратегией мира и согласия, можно отчётливо увидеть в процветании нашей любимой Родины, в её высоком авторитете в мировом сообществе.

 

Ата СЕРДАРОВ, 

председатель Демократической 

партии Туркменистана, депутат Меджлиса Туркменистана.

26.03.2025 Details
1 ... 24 25 26 27 28 ... 98