The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BAGTYÝARLYGA BESL ENEN ÝYLLAR

 

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da uly-uly üstün­lik­le­re ýe­til­ýär, Di­ýa­ry­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly hem beýik ösüş­ler bi­len tä­ze ta­ry­hy­my­zyň al­tyn sa­hy­pa­syn­da orun al­dy. Ynha, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy hem ýe­tip gel­ýär. Asyl­ly dä­be gö­rä, her ýyl­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, be­ýik ösüş­ler ha­kyn­da be­ýan edil­ýär. Şu ýyl­da hem mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň dün­ýä ýaýylan­dy­gy­ny, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň wa­gyz edi­len­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Bu şan­ly wa­ka­lar her bir yn­sa­nyň kal­byn­da buý­sanç dö­red­ýär.

Her bir ýyl şan­ly wa­ka­la­ry bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Şu ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy dün­ýä­de giň­den bel­le­nil­di. Şeý­le hem «Pä­him-­paýhas um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýylyn­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň gat­naşma­gyn­da Köpetdagyň ete­gin­dä­ki gö­zel künjek­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni­se­ýil­gäh top­lu­my­nyň hem­-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­niň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ma­gy be­ýik şa­hy­ra go­ýul­ýan uly hor­ma­tyň nyşany hök­mün­de kal­by­my­zy buý­san­ja bes­le­di. Mu­nuň özi akyl­dar şahy­ryň be­lent sar­pa­sy­ny has-­da ýo­kar­lan­dyr­dy, be­ýik de­re­je­le­re ýe­tir­di. 

Şu ýyl mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä ýa­ýyl­ýan aja­ýyp ýyl­la­ryn­dan bi­ri bol­dy. Mil­li me­de­ni­ýe­tiň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy dost­-do­gan­ly­gyň, halkla­ryň hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­dir. Şonuň üçin hem şu aja­ýyp ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä halk­la­ry bi­len dost­-do­gan­lyk gatnaşyk­la­ry­ny berkit­mä­ge, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly ähmi­ýet be­ril­di. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň has­da ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny alamat­lan­dyr­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da mu­kad­des topragymyzdan göz­baş al­ýan dost-­dogan­lyk ýol­la­ry yk­lym­la­ra uza­ýar. Hä­zir­ki wagt­da me­de­ni­ýet dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy halk­la­ryň dost­-do­gan­ly­gy­ny pug­talan­dyr­ýar. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän şeý­le özgertmeler bi­zi ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­ne özü­mi­ziň my­na­syp goşandymy­zy goş­mak­da ir­gin­siz zäh­met çekmä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Eziz Di­ýa­ry­my­zy ösüş­le­re bes­le­ýän, halk­la­ryň ara­synda dost­-do­gan­ly­gy pugta­lan­dyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra beslen­sin! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

 

30.12.2024 Details

ÝYLLARYMYZ BEREKETLI BOLSUN!

 

Biziň ýurdumyzda milady ýyl hasaby ulanylýar. Bu sene hasaby boýunça 31-nji dekabr gijesi 2025-nji ýyla gadam basylar. Täze ýyly dabaraly garşy almak, birek-biregi gutlamak, Täze ýyl arzuwlaryny aýtmak türkmen halkynda hem ajaýyp däbe öwrüldi. Gök öwsüp duran arça agajyny bezemek, Aýazbabany, Garpamygy çagyrmak bilen dabaralandyrmak her bir maşgalanyň höwes edýän baýramçylygyna öwrüldi. 

Türkmençilikde Täze ýyl haýsy haýwanyň ady bilen gelýän bolsa, şol haýwanyň häsiýetine görä, ýylyň nähili boljakdygy barada çaklama ýörelgesini ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri dowam etdiripdirler, bu ýagdaý däbe öwrülipdir. Gündogar ylmynda ýylan ýyly berekediň, paýhasyň ýyly hasaplanýar. Her bir tutan döwletli işiniň başyny Aý-Gün hasaby bilen başlamagy türkmen halkynyň has gadymy adatydyr. Gündogar senenamasynda geljek ýylyň reňki ýaşyl reňk hasap edilýär. Şundan çen tutsaň geljek ýyl şowlulygyň we abadançylygyň ýyly bolar. 

Agzybir, zähmetsöýer halkymyz ahyrlapbarýan 2024-nji ýyly «Pänim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünlikleri bilenjemläp, Täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamaga ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär. 

Pähim-paýhasdan, rysgal-bereketden ugur alýan Täze ýylymyz bolçulygyň ýyly bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl şanly senelere baý, üstünlikleriň ýyly bolar. Taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak beýik ösüşleriň dowamy bolar. 

Täze — 2025-nji ýylda hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň at-abraýyny mundan beýläk hem ýokary götermek üçin alypbarýan ýurt ähmiýetli, dünýä bähbitli ähli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, başlarynyň belent bolmagyny arzuwedýäris! 

Hormatly ildeşler, Täze ýylyňyz gutly bolsun! Täze ýyl her bir ynsana bagt, şatlyk getirsin! 

 

Maral GARAGULOWA, 

Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň 

türkmen dili we edebiýaty mugallymy,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

28.12.2024 Details

JEBISLIGIŇ HEM ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY

 

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilen Watanymyzda ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň sagdynlygy ýurduň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyryldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak, ildeşlerimizi sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýärler. 

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini rowaçlandyrýan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşi hem-de sport ulgamyndaky üstünliklerimiziň ykrarnamasy boldy. Bu çözgüt sagdynlyk we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna iki gezek saýlanmagy hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar. 

Ýurdumyzda sporta diňe bir ussat türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän ýaryşlar däl, eýsem, jemgyýetde we halkara derejede abadançylygy, jebisligi berkidýän gymmatlyk hökmünde-de uly ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagynda bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şanly wakalara, uly üstünliklere beslän mähriban il-ulsumyz täze – 2025-nji ýyly garşylaýar. Bu ýyl hem türkmen sportunyň taryhyna altyn sahypalary ýazyp, ähli babatda belent sepgitlere ýetilsin! Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun! 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

28.12.2024 Details

ARASSA AGYZ SUWY BILEN ÜPJÜNÇILIK—ABADAN DURMUŞYŇ MÖHÜM ŞERTI

 

Oraz­gel­di­ SA­PA­ROW,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­­ de­pu­ta­ty, Türkmen­ga­la­­ et­ra­byndan:

— Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlary häzirki eşretli döwürde öz aýdyň beýanyny tapýar. Munuň nobatdaky güwäsini etrabymyzda açylyp ulanmaga berlen agyz suwuny arassalaýjy desganyň mysalynda gördük. Täze desganyň abzal ýabynyň suwuny ýokary hil derejesinde arassalap halka ýetirmegi biziň arzuwlarymyzy wysal etdi. Desgada gurnalan suwy durlaýjy howdanlarda, oturdylan daşary ýurtlaryň suw arassalaýjy enjamlary-da kämil enjamlardyr. Şolara öz ýigitlerimiz we gyzlarymyz ussatlyk bilen erk edip, ildeşlerimizi ekologik taýdan arassa, durnanyň gözi ýaly dury agyz suwy bilen üpjün edýärler. Desganyň gurulmagy bilen, etrabymyzyň obalarynyň ençemesi arassa agyz suwy bilen üpjün ediler. Döwrebap agyz suw desgasyny gurduryp, Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat eden hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

26.12.2024 Details

TOPRAK HASYLYNY EÇILENDE

 

Täze ýyl gapymyzy gowulyklar bilen kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize süýji arzuwlarymyzy aýdýarys, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Iň gowy ýeri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda önümleriň bolçulygynyň döredilmegidir. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär. 

Bu görnüşler ýurdumyzda ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik durmuş harytlarynyň bolçulygynyň dörändigine şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly goldawa eýe bolan türkmen daýhanynyň yhlasly zähmeti bilen oba hojalyk önümleriniň bolçulygy emele getirilýär. Üstümizdäki ýylda bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň döwletimiz tarapyndan satyn alyş bahasy ep-esli ýokarlandyryldy. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döwletimiz tarapyndan goldawlaryň sanawy yzygiderli giňelýär. Şolaryň netijesinde şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ýaly öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetilýändigini görýäris. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde täze kärhanalaryň birnäçesi işe girizildi. Bu bolsa müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegini üpjün etdi. 

Tamamlanyp barýan ýyl welaýatymyzyň ykdysady durmuşynda gök önümlerdir miweleriň has köp öndürilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. Daýhanlarymyz ýeralma ekilen ýerleriň her gektaryndan 140 sentnerden geçirip, hasyl ýygnadylar. Soganyň, pomidoryň her gektaryndan ýygnalan hasyl bolsa 250 sentnerden geçýär. Käşirden hem her gektara düşýän hasyl 180 sentnere barabar boldy. Çörek we çörek önümleri hem geçen ýyldakylardan has köp öndürildi. Bu bolçulygyň çeşmesi ak bugdaýyň ýeterli hasylynyň ýygnalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylyň galla oragynda welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary 130 müň gektar meýdanda azyklyk bugdaýyň 310 müň tonnasyny ýygnadylar. Bu bolsa halkymyzyň esasy ýaşaýyş-durmuş ölçegleriniň biri bolan çörek we çörek önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmak üçin ýeterlidir. Edermen şalyçylarymyz hem ildeşlerimiziň saçaklarynda tüwüden taýýarlanylýan tagamlaryň bolçulygyny üpjün etdiler. Olar 10200 gektar meýdanda şalynyň 47400 tonnadan gowrak hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünligini gazandylar. Aralyk ekinleriň mäş, noýba we beýleki görnüşlerinden öndürilen önümler hem Täze ýyl saçaklarynyň tagamlaryny has baýlaşdyrýar. 

Hoşlaşýan ýylymyzda welaýatymyzyň işewürleri azyk bolçulygyny döretmäge has-da işjeň çekildiler. Olar tarapyndan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen gök we bakja önümleri, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynda öndürilen ýokary hilli önümler ildeşlerimiziň saçaklaryny ýylyň bütin dowamynda bezeýär. Bu önümler Täze ýyl tagamlarynyň hem üstüni ýetirýär. Welaýatymyzyň çäginde önüm bolçulygyna goşantlaryny goşýan daýhan hojalyklarydyr hususy kärhanalaryň sany bu gün barmak büküp sanardan köpeldi. Welaýatymyzyň ähli etraplary bilen bir hatarda Çärjew etrabynyň çäginde «Tebigy ekin» daýhan hojalygy, «Altyn bürgüt», «Atamyrat-Ali» hususy kärhanalary, «Parahat» daýhan birleşiginiň çägindäki guş etini we ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy we başga-da azyklyk önüm öndürýän hususy kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň 

Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki 

galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.12.2024 Details

ÖSÜŞLI GELJEGIMIZIŇ ÖZENI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň täsirli guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. 

Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň, sanly ykdysadyýetiň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat başçykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Sowatly ýaşlary kemala getirmekde mekdepleriň mugallymlaryna uly jogapkärçilik düşýär. 

Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýokary hilli bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.12.2024 Details

GADYMY HEŇŇAMYŇ MÜDIMI OWAZY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýapylan ajaýyp serpaý boldy. Kitapda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň gözbaşynda duran Oguz hanyň kämil durmuş ýörelgeleriniň beýany bolan «Oguznamanyň» mazmuny açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyzyň nesillerine goýan gymmatly mirasy bolan «Oguznamadaky» agzybirlik, öý-ojak mukaddesligi, adalatlylyk ýaly esasy ýörelgeler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 

Agzybirlik halkymyzyň döwletliliginiň gözbaşydyr, ilkinji durmuş ýörelgesidir, jemgyýetçilik kadasydyr. Agzybirlik Oguz hanyň öz kowumyna ündän baş ündewidir, nesihatydyr, nusgalyk göreldesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir» diýip bellemek bilen, döwletiň berkararlygynyň, jemgyýetiň asudalygynyň, her bir öý-ojagyň, maşgalanyň bagtyýarlygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär. 

Gahryman Arkadagymyz Oguz hanyň mizemez durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen öý-ojak mukaddesligi barada hem söz açýar. Ynsanyň durmuşa, daş-töwerege bolan garaýşynyň, özgeler bilen gatnaşygynyň, gözelligine ymtylyşynyň örki baglanan mukaddes öýünden-ojagyndan başlanýandygyny jaýdar aýtgylara esaslanyp, çeper beýan edýär. Ähli ýakyn mähribanlarynyň jemlenen mesgeni bolan öý-ojagy her bir ynsana rahatlyk berýär, özüne bolan ynamyny berkidýär. 

Oguz han atamyzyň türkmen kowumyna goýan ruhy mirasy barada jikme-jik söz açýan «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen bölümde Gahryman Arkadagymyz «Oguznamada» öňe sürülýän Ogzuň adalatlylyk ýörelgesiniň ähmiýetini belleýär, şeýle-de häzirki döwürde Esasy Kanunymyzyň adalatly ýörelgeleriň synmaz sütünidigini buýsanç bilen nygtaýar. «Adalat jemgyýetiň berkligini alamatlandyrýan düşünjedir. Adalat bagtly ýaşaýşa eltýän iň dogry hem ygtybarly ýoldur» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz adalatlylyk düşünjesini lebzihalallyk, dogruçyllyk, asyllylyk, göwnaçyklyk, mertlik ýaly häsiýetler bilen baglanyşdyrýar. Döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, dost-doganlygy berkitmekde, halklaryň jebisligini gazanmakda, dünýä jemgyýetçiliginiň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, ählumumy bähbitleri gazanmakda halkara derejede alnyp barylýan işlerde Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary halkymyza mahsus ynsanperwerlik, adalatlylyk we ynsana hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelere esaslanýar. 

Gadymy oguz ýörelgelerini, agzybirlik, adalatlylyk taglymatlaryny dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt Maýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, 

bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

26.12.2024 Details

TÄZE ÝYLYŇ ÝALKYMY

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şat­lyk-şow­hu­ny çar tarapa ýaň sal­ýar. Tä­ze ýyl ar­çala­ry­nyň owa­dan be­zeg­le­ri ýürekleri buýsandyrýar. Dür­li gör­nüş­li oý­nawaç­lar­dyr çy­ra­lar bi­len be­ze­len ar­ça di­ňe bir ça­ga­la­ryň däl, ulu­la­ryň hem gö­wün­le­ri­ni gö­ter­ýär. Baş ar­ça­nyň da­şyn­da kör­pe­ler üçin Aýaz­ba­ba­dyr Gar­pa­myk hem-de er­te­ki­ler dünýäsi­niň gah­ry­man­la­ry bi­len bi­le­lik­de şat­lan­mak has ýa­kym­ly. 

Şu gün­ler ýur­du­myz­da bo­sa­ga­da du­ran Tä­ze ­– 2025-nji ýy­ly mynasyp gar­şy­la­mak­ üçin ­taý­ýar­lyk iş­le­ri bat­ly dep­gin­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Ta­mam­la­nyp bar­ýan­ 2024-nji­ ýyl mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz, bagtyýar hal­ky­myz üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn üs­tün­lik­li, dü­şüm­li ýyl bol­dy. Her bir baý­ram­çy­lyk­lar­da, şan­ly se­ne­lerde öz­bo­luş­ly toý ly­ba­sy­na beslen­ýän ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bin­de hem go­laý­lap gel­ýän Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öwüş­gi­ni öz­boluş­ly şöh­le­len­ýär. Ak şäheri­mi­ziň bi­na­gär­lik keş­bin­de ýo­ka­ry us­sat­lyk bi­len dö­re­di­len aja­ýyp öwüş­ginler, «Tä­ze ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!», «2025» ýaz­gy­la­ry bol­sa her bir adam­da ýa­kym­ly tä­sir­le­ri dö­redýär, şat­lyk­ly pursatlary bagyşlaýar. Tä­sin gör­nüş­de be­ze­len dür­li öwüşgin­li yşyk­lar, baý­ram­çy­lyk çy­ra­la­ry Tä­ze ýy­lyň tä­si­ri­ni we joş­gu­ny­ny has-da art­dyr­ýar. 

Toý ly­ba­sy­na bes­le­nen Di­ýa­rymy­zyň ak ba­zar­la­ryn­da­ky we söwda no­kat­la­ryn­da­ky ha­ryt bol­çu­ly­gy şat­ly­gy­my­za şat­lyk goş­ýar. Telekeçileri­miz ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len dür­li ha­ryt­lar, şol san­da kon­di­ter önüm­le­ri, daý­han­la­ry­my­zyň yh­las bi­len ýe­tiş­di­ren gök-bak­ja önümle­ri, dat­ly mi­we­ler köp gör­nüş­li­ligi we ba­ha­sy­nyň el­ýe­ter­li­gi bi­len tapawutlan­ýar. We­la­ýat mer­kez­lerin­dä­ki «Türk­me­niň Ak öýi» binasynyň öňün­de gu­ra­lan Baş ar­ça­nyň tö­we­re­gi öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi bilen ýa­şaý­jy­la­ry­my­zyň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­ne öw­rül­ýär. 

Goý, eziz Di­ýa­ry­my­zyň aý­dyň we nu­ra­na gel­je­gi ug­run­da taýsyz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­kada­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömürleri uzak, alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri hemişe ro­waç bol­sun! 

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA, 

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

25.12.2024 Details

BILIM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

 

«Pä­him­-paý­has um­ma­ny Mag­tym­guly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýurdumyz­da bi­lim sy­ýa­sa­ty hal­ky­my­zyň ru­hy dur­mu­şy­nyň kämilleşmegi­ne, ýaş nes­liň hem­me­ta­rapla­ýyn sag­dyn ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nükdi­ri­lip, döw­le­ti­mi­zi ös­dür­me­giň berk hu­kuk bin­ýa­dy, kuw­wat­ly he­re­ket­len­diri­ji güý­jü­dir. Hä­zir­ki wagt­da mil­li ýö­relge­le­re we dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ne laýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. 2021-­nji ýy­lyň­ 5-nji iýunyn­da «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (re­je­le­nen gör­nü­şi) ka­bul edil­di. Bu Ka­nun ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­nyň işi­niň gu­ra­ly­şy­ny, bi­lim ba­bat­da­ky gat­naşyk­la­ryň hu­kuk esas­la­ry­ny düz­gün­leş­dirýär.­ Şeýle­-de bi­lim işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny we döw­let bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni, bu ul­ga­myň mak­sat­la­ry­ny, ýe­ri­ne ýetirýän we­zi­pe­le­rini kes­git­le­ýär. 

Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-­da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelik-de, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejesinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamy kämilleşdirildi. Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim jemgyýetiň durmuş-­ykdysady we medeni-­ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan­da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir. 

Ýurdumyzda sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramakda netijeli bolup durýar. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilen we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr. 

Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Täze bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy milli bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il­-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

 syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

25.12.2024 Details
1 ... 25 26 27 28 29 ... 90