Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

EKOLOGIK ABADANÇYLYGA GÖNÜKDIRILEN KÖPUGURLY TAGALLALAR

 

Ylmyň we tehnikanyň yzygiderli ösüşi, energiýa serişdeleriniň juda köp ulanylmagynyň täsiri ekologik abadançylygy üpjün etmekde kynçylyklary döredýär. Howa bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak meselesi dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ählumumy derejede kesgitli çözgütleri talap edýän çagyryş bolup, her bir döwletiň ykdysadyýetinden başlap, saglygy goraýyş ulgamynda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňde durýan wezipelerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem adamzadyň geljegine jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir. 

Dünýäniň ekologiýa ulgamynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän halkara ylalaşyklaryň kadalarynda oňa gatnaşyjylar tebigatdan rejeli peýdalanmagyň we ony goramagyň obýektlerini (ýer­ suw serişdeleri, tebigy baýlyklar, tokaýlar, ösümlik, haýwanat dünýäsi, Ýeriň atmosferasy, kosmiki giňişlik we beýlekileri) kesgitlediler. Şular bilen birlikde, döwrüň talabyna görä, köptaraply, ýagny yklymlaryň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, sebitleýin, halkara hukuk resminamalary kabul edilýär. Ekologiýa babatda dünýäde ýüze çykan tebigy wehimleri ara alyp maslahatlaşmak, daşky gurşawy zyýanly täsirlerden goramak boýunça bilelikdäki ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek maksady bilen, döwletleriň, aýratyn­da, Birleşen Milletler Guramasynyň teklibi esasynda köptaraplaýyn hem-­de sebitleýin halkara maslahatlar geçirilýär. 1972­-nji ýylyň iýunynda taryhda ilkinji gezek adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça BMG-­niň Stokgolm maslahatynyň guralmagy we onda ara alnyp maslahatlaşmalaryň ählumumy häsiýetde işjeň geçmegi ekologik meseleleri dünýä derejesinde çözmegiň ähmiýetini has­-da artdyrdy. Maslahatyň çäklerinde kabul edilen «Adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça» Jarnama hem­-de degişli meýilnama döwletleriň köpüsiniň ekologiýa babatda milli kanunçylygynyň binýadyny berkidip, olaryň ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, daşky gurşawy goramak boýunça halkara şertnamalary işläp taýýarlamaga düýpli täsirini ýetirdi. 

Stokgolm maslahatynda döwletleriň daşky gurşawy goramak boýunça meýilnamalaýyn hereketlerini ugrukdyrýan, bu ugurda halkara ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berýän BMG­-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyny (ÝUNEP) döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu düzümiň esasy wezipesi ekologik abadançylyga howp salmazdan, häzirki we geljek nesilleriň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, halkara kadalaryň täsiridir teklipler esasynda, halkara hyzmatdaşlygyň hem­-de her bir döwletiň çäginde tebigaty goramak wezipelerini amala aşyrýan edaralar we guramalar döredilip, daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk ulgamynyň binýady berkidildi. 

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hem ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerine gözegçiligi amala aşyrmak we ýurduň çäginde ekologik abadançylygy berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňligini gazanmak boýunça möhüm işleri durmuşa geçirýär. Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini abat saklamaga, yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän döwletara gatnaşyklaryň jemini düzýän halkara ekologiýa hukugy boýunça hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda döwletimiz Pariž ylalaşygyna esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hukuk binýadyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň ähmiýetini nygtaýar. Şol bir wagtda, bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-­niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-­nji maslahatynda (СOP28) eden çykyşynda belleýşi ýaly, jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk­de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara goşant goşmak ýurdumyzyň aýratyn ünsde saklaýan meseleleriniň hatarynda durýar. Şoňa görä­de, döwlet Baştutanymyz «СOP28» maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsiriniň öňüni almaga, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmäge, howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen wezipeleri çözmegiň işjeň häsiýetini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geljekde energetika pudagyny innowasion esasda ösdürmekde ulanyljak täze tehnologiýalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyna, arassalygyna we energiýa serişdeleriniň netijeli hem­-de tygşytly peýdalanylmagyna aýratyn üns berler. 

Umuman, ilatyň ekologiýa we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna az galyndyly, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmakda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny peýdalanmak, galyndylaryň mukdaryny azaltmak üçin çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini ýola goýmak, önümçilik hem-de hojalyk işlerinde galyndylary iň pes derejä çenli düşürmek, bu babatdaky işleri ykdysady taýdan düzgünleşdirmek wajyp wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň möhüm ekologik meselelerini netijeli çözmegi gazanmak, munuň üçin döwletleriň tagallalaryny bir maksada gönükdirmek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrmaga mynasyp goşantdyr. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

16.04.2024 Giňişleýin

MÖHÜM PUDAKDA DERWAÝYS WEZIPELER

 

Düzüminde 29 müňe golaý agzany birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. Ykdysadyýetiň hususy bölegini höweslendirmek we goldamak wezipesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini ösdürmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak ýaly ugurlarda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» telekeçilik ulgamyny mundan beýläkde ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek arkaly, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny 71,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. 

Döwlet goldawynyň esasynda türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünliklerini 2023-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri hem subut edýär. Geçen ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniňki bolsa 106,7 göterime ýetdi. 

Ykdysadyýetiň söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, mebelleriň, gurluşyk materiallarynyň, azyk önümleriniň, hojalyk harytlarynyň önümçiligi, halk senetçiligi ýaly ugurlarynda ýöriteleşen türkmen telekeçileri tarapyndan hödürlenilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşleri barha artyp, hili yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hiline, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi diňe bir importyň möçberini azaltmaga däl-de, eýsem, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň, ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendigini belläp, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmegi möhüm wezipe hasaplaýar. 

Garaşsyz Watanymyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça özgertmeleriň amala aşyrylmagy, degişli ugurdaky kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine itergi berer.

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.

16.04.2024 Giňişleýin

BEÝIK GELJEK KÄMIL NESILLER BILEN GURULÝAR Türkmen ýaşlary sportda, ylymda we beýleki dürli ugurlarda ýurt hem-de halkara derejelerinde uly üstünlikleri gazanýarlar

Türk­men ýaş­la­ry Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny bar­ha be­lent­lik­le­re gö­ter­mek ugrun­da yh­las­ly oka­ýar­lar, zäh­met çek­ýär­ler, ylym­da, bi­lim­de, sport­da, dö­re­di­ji­li­giň dür­li ugur­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­le­ri bo­lup, bi­ziň her bi­ri­mi­zi, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň äh­li iş­jeň ag­za­la­ry­ny buý­san­dyr­ýar, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, üs­tü­miz­dä­ki «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýaşla­ry­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne gys­ga­ça na­zar aý­la­ma­gy ma­kul bil­dik. 

Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Bu jümleler, bildirilen beýik ynam türkmen ýaşlarynyň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Şol wezipeleriň maksadalaýyk ýerine ýetirilmeginde, ýaşlary jemgyýetçilik durmuşyna, ylmyň ilkinji gözleglerine, döredijilik ýoluna, sportuň şanly menzillerine atarmakda ylym-bilim edaralary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyza uly orun degişlidir. Şoňa görä-de, biz — guramamyzyň agzybir işgärleri hem-de işjeň agzalary bolup, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzdan ugur alyp, dürli ugurlara degişli bäsleşikleri, ýaryşlary, medeni-köpçülikleýin, wagyz-nesihat häsiýetli çäreleri yzygiderli guraýarys we geçirýäris. 

Şol çäreler arkaly ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanýan ýurt we halkara derejelerdäki üstünliklerini dowamly wagyz edýäris. Çünki hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar. Şeýle paýhasly pikirden ugur alsak, häzirki wagtda türkmenistanly ýaş türgenler iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler, ata Watanymyzyň ýaşyl tuguny asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta barha höweslenýändigini görkezmek bilen, oňa 7-nji aprelde — Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenen gününde nobatdaky gezek göz ýetirmek mümkin boldy. 

Ilki bilen, şol gün paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilendigini, oňa-da dürli kärdäki raýatlar bilen birlikde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň diňe birinji çärýeginde türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda jemi 97, şol sanda 34 altyn, 29 kümüş, 34 sany bürünç medala mynasyp boldular. Dabaranyň dowamynda ýaş türgenler Watanymyzyň adyndan wekilçilik etmegiň özleri üçin belent mertebedigini, ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň gazanýan üstünlikleriniň döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, Milli Liderimiziň gurduran, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlarynda, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçirilen türgenleşikleriň miwesidigini bellediler. 

Dogrudan-da, ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş we atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. 

Aýratyn bellemeli zat, geçen ýylda Arkadag şäheriniň futbol toparynyň döredilmegi Diýarymyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu ýerde sportuň Türkmenistanda meşhur bolan dürli görnüşlerini, şol sanda futboly hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Eýýäm ilkinji ýyldan «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň Kubogyny gazandy. Şoňa görä-de, sport ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanylýar. Sebäbi türgenlerimiz dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen ýokary hoşniýetlilik taglymlaryny berkarar edýärler. 

Esasy bellemeli zat, sport äleminde uly sepgitleri nazarlamak bilen birlikde, türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar» diýen parasatly sözlerini özlerine nusga edinip, ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy gözlegleri alyp barýarlar. Şu jähetden, ylma höwesli ýaşlaryň ilkinji ädimlerini höweslendirmek, olary ylma çekmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şeýle möhüm wezipeleri oňyn çözmekde her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige aýratyn orun degişlidir. Nesip bolsa, şu ýylda hem ýaşlarymyz bu bäsleşik arkaly ylmyň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary boýunça täzeçil garaýyşly, döwrebap hem-de amaly ähmiýetli işleri bilen ata Watanymyzyň ylmy binýadynyň pugtalanmagyna öz saldamly goşantlaryny goşarlar. 

* * *

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle rowaýat beýan edilýär: «Rowaýatlara görä, akyldarlaryň biri: «Haýsy daragt has köp wagtlap hasyl berýär?» diýip sorapdyr. Şägirtleriniň hersi bir pikiri orta oklapdyr, ýöne jogaplaryň hiç biri akyldary kanagatlandyrmandyr. «Iň bereketli hasyl diňe nesil daragtynda bolar. Sowatly, terbiýeli, düşünjeli bir nesil ýetişdirip bilsek, halkyň onlarça asyrlyk bagtly ykbalyny kepillendirdigimizdir. Sowatly nesil geljegi sowgatly halkdyr» diýip, akyldar jogap beripdir». Rowaýatda beýan edilişi ýaly, özümizden soňa müdimilik galjak miras, dowamat-dowamymyz ýetişdiren nesillerimizdir. Şoňa görä-de, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlar baradaky alada döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Bu aladalaryň miwelerini bolsa biz ýaşlarymyzyň sportda, ylymda we beýleki dürli ugurlarda ýurt hem-de halkara derejelerindäki uly üstünlikleriniň mysalynda aýdyň görýäris. Diýmek, biz bu günki kämillige ymtylýan gujurly, sowatly, pikirlenip bilýän nesillerimiz bilen beýik geljegimizi gurýarys, ata Watanymyzyň ösüşlerini dowamat-dowama atarýarys. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

13.04.2024 Giňişleýin

ABRAÝY ARŞA GALÝAN WATANYM

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýan ýurdumyzyň at-abraýy dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat parahatçylygy, howpsuzlygy, sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki durnuklylygy üpjün etmekde ileri tutulýan maksatlary we wezipeleri özünde jemleýär.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz dün­ýä ýurtla­ry bi­len dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­talan­dyr­ýar. Şeý­le-de, hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da oňyn tek­lip­le­ri, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän ýurt hök­mün­de tanal­ýar. Dün­ýä­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, halk­la­ryň ara­syn­da yna­nyş­magy ber­kit­mek, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da döw­le­ti­mi­ziň öňe sürýän tek­lip­le­ri­niň ja­han iç­re yk­rar edil­ýän­di­gi­ne bol­sa Birle­şen Milletler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­nama­nyň ka­bul edil­me­gi­niň mysa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tirdik. Bu Ka­rar­na­ma­nyň kabul edil­me­gi kal­by­my­za eg­sil­mez şat­lyk paý­lap, gö­wün­le­ri­mi­zi galkyn­dyr­dy, ata Wa­ta­ny­my­za, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk ýo­lu­ny my­nasyp do­wam etdir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za bo­lan buý­san­jy­my­zy, guwan­jy­my­zy has-da art­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, hemi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz Dur­nuk­ly ösüş maksat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýetirmä­ge, ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy, durnuk­ly ulag ul­ga­my, ho­wa­nyň üýtge­me­gi ýa­ly ugur­lar bo­ýunça hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn ähmi­ýet ber­ýär hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek ar­ka­ly umumadamzat ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de kö­pu­gur­ly dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny ulan­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň esa­syn­da ýur­du­myz­da Birleşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bar­ha ös­dü­ril­me­gi ýur­du­myzyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýandy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­nama­sy­dyr. 

Türk­me­nis­tan Ýer ýü­zün­de asu­da­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň, agzybirligiň nus­ga­sy bo­lup, para­hat­çy­lyk sö­ýü­ji we yla­laş­dyry­jy mer­kez hök­mün­de yk­rar edil­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy­nyň Baş Assambleýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji plenar mej­li­sin­de Türkmenis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra parahatçy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rarna­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup da­ba­ra­lan­dy. Hoş­ni­ýetli hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyny, öza­ra bäh­bit­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ösdürmäge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän hormatly Prezidentimiziň bü­tin adam­za­dyň aba­dan, bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ama­la aşyr­ýan dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri bol­sa biziň her bi­ri­mi­zi buý­san­dyr­ýar, guwan­dyr­ýar. 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

13.04.2024 Giňişleýin

ПРОЧНАЯ ОСНОВА КОНСОЛИДАЦИИ ОБЩЕСТВА

 

Вся страна сегодня живёт в ожидании предстоящего 24 сентября очередного заседания Халк Маслахаты Туркменистана. Повсеместно развёрнута большая подготовительная работа с целью проведения заседания на высоком организационном уровне, в активном ключе в трудовых коллективах, средствах массовой информации идёт разъяснение роли и исторического значения проведения заседания Халк Маслахаты. 

Высший представительный орган народовластия, представляющий интересы народа Туркменистана, – Халк Маслахаты Туркменистана создан по инициативе и под непосредственным руководством Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага. В основу этого института народовластия заложены традиции народа и богатый опыт, накопленный нашими предками в деле управления обществом, а также принципы современного демократического правового государства – гарантирование прав и свобод человека, в том числе права граждан на участие в управлении делами государства. Таким образом, главная отличительная черта Халк Маслахаты – это отражение и сочетание современных форм народного представительства в демократическом правовом светском государстве и исторически сложившейся модели национальной демократии. 

Говоря о значении создания Халк Маслахаты Туркменистана, надо отметить, что это положило начало новому этапу в укреплении общественно-политических отношений, совершенствовании деятельности представительных органов власти и в создании условий для воплощения в жизнь перспективных целей и задач Президентских программ, направлен- ных на процветание родной Отчизны и обеспечение благополучной жизни народа. «Участие представителей различных слоёв общества, старшего поколения, особенно молодёжи, в работе этого органа, которому предоставлены широкие полномочия, призвано сыграть большую роль в принятии решений по важнейшим вопросам государственной и общественной жизни», – подчёркивает Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедов. 

Таким образом, Халк Маслахаты Туркменистана укрепляет и развивает отношения между государством и народом, осуществляет связь с местными представительными и другими органами государственной власти, а также с политическими партиями, профессиональными союзами и другими общественными объединениями. 

В целом правовая реформа, нацеленная на последовательную модернизацию политической системы страны и развитие традиций народной демократии, исходит из принципа политики уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, сформулированного как «Родина является Родиной только с народом! Государство является государством только с народом!». 

В этом контексте надо сказать, что создание Халк Маслахаты Туркменистана укрепило целостность системы представительных органов. Халк Маслахаты Туркменистана – высший представительный орган народовластия, Меджлис является представительным органом, осуществляющим законодательную власть, халк маслахаты велаятов, этрапов, городов – местные представительные органы государственной власти. Генгеши – это органы территориального общественного самоуправления. Местными органами исполнительной власти являются хякимлики велаятов, этрапов, городов. 

Деятельность Халк Маслахаты Туркменистана основывается на принципах демократии, гласности, справедливости, верховенства закона, приверженности общепризнанным нормам международного права, уважения прав и свобод человека, свободного обсуждения и принятия решений, всестороннем учёте общественного мнения, обеспечении участия широких слоёв населения в принятии наиболее важных общественно-политических решений. Деятельность велаятских, этрапских, городских халк маслахаты также основывается на принципах коллегиальности, гласности, учёта общественного мнения, ответственности. 

Деятельность Халк Маслахаты Туркменистана, а также велаятских, этрапских, городских Халк Маслахаты осуществляется в форме заседаний. Решения Халк Маслахаты Туркменистана и всех других уровней принимаются самым демократичным способом, а именно – открытым голосованием, простым большинством голосов от общего числа членов, участвующих в заседании. 

К полномочиям Халк Маслахаты Туркменистана относятся: рассмотрение и одобрение предложений по вопросам принятия Конституции и Конституционных законов Туркменистана, внесение в них изменений и дополнений; рассмотрение и одобрение основных направлений внутренней и внешней политики государства, а также программ и законов политического, экономического, социального и культурного развития страны; заслушивание ежегодного послания Президента Туркменистана; рассмотрение вопросов мира и безопасности; осуществление права законодательной инициативы; осуществление иных полномочий, предусмотренных законами Туркменистана. Как видно, к полномочиям Халк Маслахаты Туркменистана отнесены важные конституционные, политические и социально-экономические вопросы страны и внешнеполитической деятельности Туркменистана. 

Местные представительные органы в рамках своих полномочий участвуют в организации выполнения программ экономического, социального и культурного развития на соответствующей территории, в утверждении местного бюджета и отчёта о его исполнении, заслушивают информации руководителей местных органов исполнительной власти о деятельности, осуществляемой в области экономического, социального и культурного развития территории, обеспечивают соблюдение законности и охраны общественного порядка, защиту прав и законных интересов граждан, улучшение социального положения населения на соответствующей территории, изучают предложения граждан и представляют их в соответствующие органы. 

Постановления, принятые Халк Маслахаты Туркменистана, имеют обязательную силу на всей территории Туркменистана, исполняются Президентом Туркменистана, Меджлисом Туркменистана, Кабинетом Министров Туркменистана и иными государственными органами в соответствии с их полномочиями, установленными национальным законодательством. 

В контексте целей и задач Президентских программ на заседании Халк Маслахаты Туркменистана, состоявшемся 20 апреля 2023 года, Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов поставил чёткие задачи перед органами представительной и местной исполнительной власти по повышению эффективности их деятельности в управлении государственными делами. 

Подчёркивая, что каждый из этих уровней действует самостоятельно, в строгом соответствии со своими правами и полномочиями, Герой-Аркадаг указывает на то, что вместе с тем они должны решать каждый вопрос посредством обсуждения в тесной связи с Халк Маслахаты и Меджлисом Туркменистана. Кроме того, направлять на рассмотрение Халк Маслахаты и Меджлиса Туркменистана наиболее значимые предложения по основным направлениям экономического, социального и культурного развития соответствующих территорий. А нам, депутатам, надлежит постоянно находиться в эпицентре событий и жизни общества. 

В настоящее время в рамках подготовки к очередному заседанию Халк Маслахаты Туркменистана вопросы повестки дня и проекты документов для рассмотрения на заседании Халк Маслахаты Туркменистана обсуждаются на собраниях организационного комитета по проведению на высоком уровне заседания Халк Маслахаты Туркменистана. Проводится соответствующая работа по рассмотрению предложений и других обращений, поступивших от граждан, их учёту и обобщению. Аппаратом Халк Маслахаты Туркменистана совместно с Меджлисом Туркменистана оказывается организационно-методическая помощь велаятским, этрапским и городским Халк Маслахаты в работе, связанной с подготовкой и проведением заседания Халк Маслахаты, а также осуществляется общая координация данных процессов. 

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства демократическим процессам, начатым по инициативе Героя-Аркадага Гурбангулы Бердымухамедова, придан качественно новый импульс. Очередное заседание Халк Маслахаты Туркменистана и принятые решения, несомненно, послужат на благо народа и страны. 

 

ДЖЕННЕТ ОВЕКОВА, 

депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета Меджлиса Туркменистана по законодательству и его нормам.

13.04.2024 Giňişleýin

TARYHA DAÝANYP, TÄZE GÖZÝETIMLERI AÇÝAN ESER

Türkmenistan — şöhratly taryhy, adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine goşant goşan baý medeni mirasy bilen tanalýan ýurt. Biziň topragymyzda geçmişde dünýä ýaň salan hadysalar bolup geçipdir, beýik döwletler gurlupdyr. Diýarymyzyň çar künjegindäki arheologik ýadygärlikler hem muňa şaýatlyk edýär. Dürli ýyllarda bu ýerde tanymal alymlardyr arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirip, Türkmenistanyň adamzat ýaşaýşynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigini ylmy taýdan subut edipdirler. Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ady buýsanç bilen göterýän ýylda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bolsa bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Üs­tü­miz­dä­ki ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy watandaşlarymyzyň kalbynda uly ruhy joşgun döretdi. Biz bu gün müň ýyllyklaryň baý taryhyna sarpa goýup, beýik Magtymgulynyň parasady bilen aňymyzy durlaýarys, beýik ösüşleri gazanýarys. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejä mynasyp bolupdy. 2024-nji ýylda bolsa bu abraýly ady gadymy Änew şäheri göterýär. Şu şanly waka mynasybetli myhmansöýer türkmen topragyna dostlukly ýurtlardan köp sanly myhmanlar gelýär. Türkmen topragynyň beýik taryhy, şöhratly Änew medeniýeti bilen gyzyklanyp, dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlaryň sany bu ýyl diňe artmak bilen bolar. Munuň özi Türkmenistanyň ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha ösdürýändiginiň, Watanymyzyň ähli babatda dünýäniň üns merkezindäki ýurda öwrülýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasynyň giňden ýaýbaňlandyrylan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň elimize gowuşmagy şanly ýylymyzy, döwrümizi bezän ajaýyp waka öwrüldi. 

Täze kitaby okap, hormatly Prezidentimiziň ony türkmen topragynyň taryhyna, şol sanda Ahal welaýatynyň, onuň köp sanly ýadygärliklerine ozaldan gyzyklanmalary netijesinde özünde dörän pikirlerine daýanyp ýazandygyny duýmak bolýar. Dürli ýyllarda zähmet ýolunda toplan tejribeleri, halypalardan eşiden, öwrenen zatlary, durmuş wakalaryna şahsy garaýyşlary bilen birlikde, atasy Mälikguly aganyň öwüt-ündewleri, kyblasy Milli Liderimiziň beýik taglymatlary bu işde döwlet Baştutanymyza ýakyndan kömek edipdir. Bular barada hormatly Prezidentimiz eserinde aýratyn minnetdarlyk bilen ýatlaýar. «Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belleýär. Şunda nesil terbiýesi, nesilleriň özara gatnaşygy, ata bilen ogluň arasyndaky gatnaşyk, ogluň öz pederine ynamy, söýgüsi, hemişe hoşallyk duýgusy üns çekilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň öz atasyna, kakasyna hormaty hemmeler üçin, her bir maşgala, her bir perzent üçin nusgadyr, beýik mekdepdir. Çünki diňe şeýle hormat-sylagyň, nesilleriň arasyndaky pugta gatnaşygyň, mähriň hem söýginiň bar ýerinde maşgala mäkäm bolýar, peder ýoly dowamata uzaýar. Ahyrky netijede, munuň özi milletlik derejesi, döwletlilik bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Änew medeniýetine bagyşlanan eserinde ýörite maksatnamalar esasynda ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin maglumat berýär. 2017-nji ýylda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» kabul edilipdi. Maksatnama laýyklykda, türkmen alymlary, hünärmenleri Diýarymyzyň dürli sebitlerindäki arheologik ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işlerini amala aşyrdylar, halkymyzyň gadymy maddy medeniýeti barada örän köp ylmy maglumatlary topladylar. Bu işler häzirki wagtda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. 

Türkmenistan abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. ÝUNESKO-nyň degişli komitetleri, ylmy-barlag institutlary bilen hem ýurdumyz medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlary boýunça bilelikdäki işiň baý tejribesine eýedir. Türkmen topragynyň örän möhüm taryhy ýerleri, halkymyzyň gaýtalanmajak milli gymmatlyklary ÝUNESKO tarapyndan aýratyn hasaba alnandyr we umumadamzat mirasyna degişli abraýly sanawlara goşulandyr. 

Ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, däp-dessurlarymyza aýawly garamak boýunça uly işleriň bitirilýändigi bizi örän guwandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby bolsa bu babatda bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.

 

Hatyja MUSTAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

12.04.2024 Giňişleýin

KANUNÇYLYGYŇ DÖWREBAP UGURLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Durmuş, ykdysady we medeni meseleleriň üstünlikli çözülmegi her bir döwletiň baştutanlarynyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna, ykdysady kuwwatyna we kämil kanunçylygyna bagly bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň kanunçylygy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, jemgyýetiň ähli agzalarynyň, ýagny raýatlaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň kanunalaýyk hereketleriniň üpjün edilmeginiň, kanunyň kadalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň hukuk binýadydyr. 

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly» diýip nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşy durmuşyň ähli meselelerini öz içine almak bilen, her bir ugurda öňde durýan wezipeleri, nazarlanýan ösüşleriň kanunçylyk esaslaryny kesgitledi. 

Elbetde, türkmen jemgyýetindäki ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda gazanylýar. Şeýle taryhy döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek maksady bilen, täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak ugrunda Türkmenistanyň Mejlisinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy we kabul edildi. 

Maslahatda ara alyp maslahatlaşylmaga birnäçe kanunlar bilen birlikde, Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologik gözegçilikleriň globallygy, toplumlaýynlygy, ulgamlylygy we üznüksizligi berjaý etmek, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumatyny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanunda gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem Kanunda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulmagydyr. Olaryň kabul edilmegi bu pudakdaky işleriň döwrebap alnyp barylmagynda we täzeçil guralmagynda, gözegçilikler esasynda alynýan maglumatlaryň anyk we dogry bolmagynda hem-de degişli peýdalanyjylara wagtynda ýetirilmeginde oňyn netijesini berer. Şeýle hem Kanuna gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini ygtyýarlandyrmak, maliýeleşdirmek, gidrometeorologiýa işi babatda jedelleri çözmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak barada kadalar hem girizildi. Bu Kanun ýurdumyzda gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa işi we tebigy gurşawyň ýagdaýy baradaky anyk maglumatlar bilen üpjün etmekde ýüze çykjak gatnaşyklary düzgünleşdirmekde döwrebap hukuk binýady bolup hyzmat eder. 

Geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryna hem garaldy. Bu kabul edilen kanunlaryň ählisi ýurdumyzyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. 

Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 Jennet ÖWEKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

12.04.2024 Giňişleýin

DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGYNDA

 

Halkymyzda bag ekmek, idetmek sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Bag barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler köp. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky taryhy Kararyna laýyklykda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk ýazky bag ekmek dabarasy giňden geçirildi. Asylly däp ýurdumyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly belent maksatlara gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak, onuň baýlygyny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet hukuk ulgamymyzyň binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy arkaly bellenen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň tebigaty goramaga gönükdirilen 53-nji maddasynda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugynyň bardygy kepillendirilýär. Şeýle hem, döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilen daşky gurşawy goramak hakyndaky esasy ýörelgeler ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Döwletimiziň ekologiýa kanunçylygynda «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn orun tutýar. «Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipeleridir, ähli halkyň işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr» diýip bellenilen esasy wezipeler bu kanunyň guramaçylyk, ykdysady we terbiýeçilik ähmiýetini görkezýär. Ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygynyň esaslaryny düzýän kanunlar örän giň häsiýete eýedir. Olar ekologiýa hukugynyň çeşmeleri bolup çykyş edýärler. 

Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz tebigy gurşawy goramak boýunça halkara-hukuk resminamalarynyň we halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup çykyş edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ählumumy ekologik meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlarydyr çemeleşmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dünýä derejeli forumlarda öz beýanyny tapýar. Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary artdyrmak, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň geljekde has-da gülläp ösmegi üçin olary rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýär. Sagdynlygyň ýurdy bolan Watanymyzda tebigaty goramak bilen bagly meseleleriň toplumyny çözmek üçin hemme mümkinçilikler döredilendir. Türkmenistanyň her bir raýaty daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyzy aýap saklamaga şahsy goşandyny goşmalydyr. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

 

11.04.2024 Giňişleýin

ÄNEW MEDENIÝETI ÄLEME ÝAÝYLÝAR

 

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çärelere badalga berilmeginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etdi. Toý şatlygyny artdyran gymmatly serpaý döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, nesilleriň ruhy we ahlak kämilliginde baý medeni-taryhy gymmatlyklarymyzyň möhüm orna eýedigini ýene bir gezek tassyklady. 

Täze eser ady äleme dolan Änew medeniýetini, onuň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp ornuny ylmy maglumatlara salgylanmak arkaly beýan edýär. Üç dilde çap edilen kitabyň dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekligi hem şol anyk taryhy maglumatlar bilen berk baglydyr. Sebäbi halkymyzyň şöhratly geçmişinden, gurmak, döretmek ýaly sogaply ýörelgelerinden söhbet açýan ylmy maglumatlaryň her biri ylmy jemgyýetçiligi täze taryhy açyşlara çagyrýar. Änewiň taryhy gymmatlyklary başga ýerlerde duş gelmeýän özboluşly sungat eserleri bolup, olar ata-babalarymyzyň dünýäniň medeni ösüşine goşan ummasyz goşantlarynyň buýsançly tassyknamasydyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap özüniň çuňňur many-mazmunynda şunuň ýaly mizemez durmuş hakykatlaryny jemlemek bilen, şöhratly geçmiş taryhymyza, keremli topragymyza, gülläp ösüşiň nurana ýolundan okgunly öňe barýan berkarar Watanymyza bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy has-da artdyrýar. 

Şöhratly taryhymyzy, milli ruhy-medeni mirasymyzy äleme ýaýyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä dolan abraý-mertebesini has-da belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döräp, giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolýan şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

11.04.2024 Giňişleýin
1 ... 25 26 27 28 29 ... 60