Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ÝYLYŇ ADY — BELENT MAKSATLARYŇ MYRADY

 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýy­lyň aýa­gynda, has ta­ky­gy, 27-nji dekabr­da hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. «Pä­him-paý­has umma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň özboluşly jemlemesine öwrülen bu mej­lisde döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz üçin iň­ňän uly ähmi­ýe­te eýe bo­lan me­se­lä se­ret­di hem-de 2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we ynanyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleri durmuşa geçirmek işi üstünlikli dowam etdirildi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy halkara derejede giň­den toýlanyp geçildi. Ýylyň üstünlikli jemlenmegi bilen bagly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy, ony ýüzümize sylmagyň bize nesip edendigi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Hormatly Prezidentimiz bu eserinde akyldar şahyryň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy baradaky öz çuň­ňur pikirlerini okyjylar bilen paýlaşýar, söz ussadynyň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleri giň­den beýan edýär, ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemini jemleýär. 

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde her ýyly döwrebap atlandyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. 

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu günki döwlet syýasatymyzyň özenine siňendir. Dünýäde biziň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar, çuň­ňur many-mazmuny barha aýdyň açylýar. Deň­hukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär we dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. 

2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly köp işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, zähmetkeş toparlarynyň, raýatlarynyň teklipleri öwrenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgynyň çuň­ňur many-mazmunyna aýratyn üns berlip, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk ge­ňeşiniň öň­de ýatlanylan gi­ňişleýin mejlisiniň dowamynda şol karar we 2025-nji ýylyň nyşany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiziň ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklibi goldap, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi. 

2025-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol başlangyçlar dünýä derejesinde ykrar edilýär, iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde, BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. 

Ýeri gelende aýtsak, parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk ýörelgeleriniň çuň­ňur kökleri bardyr. Ata-babalarymyz müň­lerçe ýyllyk taryhy ýolunda bu ýörelgeleri gorap, ösdürip, ýaşaýşyň kada-kanunyna öwrüp gelipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şol gadymy, çuň köklere esaslanyp öňe süren, döwletara gatnaşyklara girizen «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň logiki dowamydyr, iş ýüzünde mundan beýläk-de durmuşa geçirilmesidir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda bolşy ýaly, täze ýylymyzda ýurdumyzda örän uly, möhüm wakalar bolup geçer. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sözi ýene we ýene dünýäniň belent münberlerinden ýaňlanar, halkara gi­ňişlikde hemmeleriň goldawyna mynasyp bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giň­den bellenilip geçiler. 

Hormatly Prezidentimiz ýakynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Bu günki türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deň­hukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesiniň bütin adamzat üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir gezek mälim eder. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

10.01.2025 Giňişleýin

RAÝATLARYŇ DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY kämil hukuk binýadyna daýanýar

 

Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler halk hoja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­ga, halkymyzyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gönük­di­ri­len­dir. Dür­li ul­gam­la­ra de­giş­li ka­bul edil­ýän maksatnamalar­da göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çirmek, alnyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bolma­gyn­da gal­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­bul edýän res­mi­na­ma­la­ryn­da hem ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny berkit­mek, hal­kyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne aýratyn üns be­ril­ýär. 

Her ýyl Döwlet býujeti işlenip düzülende, onuň serişdeleriniň uly bölegi durmuş ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda-da il-ýurt bähbitli kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun hem bar. Bu hukuk resminamasynyň möhüm wezipesi halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan hem-de ähli pudaklary depginli ösdürmegiň we esasy serişdelere maýa goýmagyň, häzirki zaman bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmekden ybaratdyr. Şo­ňa görä-de, şu ýylyň býujetinde pul serişdeleriniň esasy bölegi durmuş üpjünçilik ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirildi. 

Adatça bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň baş maliýe resminamasy hem many-mazmuny boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda berkidilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup durýar. Şonuň bilen bagly geljek ýyl üçin býujetde depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, bazar ykdysadyýetiniň usullaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş maksatly ykdysady syýasaty dowam etdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini hasda ýokarlandyrmak, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barmak üçin ýeterlik maliýe serişdelerini bölüp bermek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak ýaly möhüm meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Düýpli hasaplamalara esaslanýan, döwletiň hem-de jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilen we halkyň bähbitlerine, onuň durmuş abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bu resminama döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzy durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen yzygiderli öňe ilerletmek boýunça öň­de goýan wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam eder. 

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bellenilen çäreleriň çäklerinde HZG tarapyndan dürli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça berlen maslahatlary göz öňünde tutup, şeýle-de zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak babatda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini nazara alyp, Zähmet kodeksine degişli üýtgetmeler hem girizildi. «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan hususy notariuslaryň işe başlamagy hem-de hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslary, şol sanda hususy notariuslary iş beriji fiziki şahs hökmünde ykrar etmek bilen baglylykda, kodeksiň zähmet depderçelerini resmileşdirmekde, olara maglumatlary girizmekde gatnaşyklary düzgünleşdirýän maddalaryna degişli üýtgetmeler girizildi. Zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmakda kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary hem-de çaga zähmeti we mejbury zähmet bilen bagly kadalar halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirildi. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat berlende, wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işleýän işgäre, şol döwürde göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat bermegiň düzgünleri mazmun taýdan aýdyň­laşdyryldy. 

Raýatlaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak, durmuş taýdan goraglylyk çygrynda kanunçylygyň dogry berjaý edilişini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine-de goşmaça we üýtgetme girizildi. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, pensiýa bellemek barada arza bilen ýüz tutan adamyň atly hasabyndaky maglumatlary takyklamak zerurlygy ýüze çykan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň raýatdan, şeýle hem kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da arhiwlerden goşmaça resminamalarydyr maglumatlary talap etmäge haklydygy, şol edara-kärhanalaryň bolsa kanunçylykda kesgitlenen möhletiň dowamynda talap edilýän resminamalary we maglumatlary bermäge borçludygy bellenen. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine girizilen üýtgetmä we goşmaça görä, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň wekilleri raýatlara pensiýa bellemek üçin kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da arhiwlerden goşmaça resminamalarydyr maglumatlary talap edip almagyň möhletiniň bozulandygy üçin administratiw temmi çärelerini belläp bilýärler. Bu resminamalardaky kadalaryň milli kanunçylygy kämilleşdirmekde we raýatlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmekde ähmiýeti örän uludyr. 

Ýurdumyzda her bir raýatyň, maşgalanyň abadançylygyny, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny hemme zatdan ileri tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Gurbanmyrat AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

09.01.2025 Giňişleýin

ВО ИМЯ ИДЕАЛОВ МИРА И ГУМАНИЗМА

 

Знаковым шагом для всего мирового сообщества на пути к достижению устойчивого мира, всестороннего прогресса и в целом сохранения человеческой цивилизации является проведение на глобальном уровне 2025 года под девизом «Международный год мира и доверия». Знаковым потому, что это не только наполнит конкретными делами отношения между странами, но и заложит платформу для возвращения международных отношений в позитивное русло на долгосрочную перспективу. А проведение под этим девизом 2025 года в Туркменистане подчёркивает роль нашей страны в формировании новой архитектуры мира и сотрудничества. 

2025 год объявлен Международным годом мира и доверия в соответствии с Резолюцией Генеральной Ассамблеи ООН. Проголосовав за неё, Сообщество Наций выразило поддержку усилиям нейтрального Туркменистана для активного использования мирных политико-диплома­тических методов урегулирования конфликтов и споров, развития конструктивного диалога в духе взаимопонимания и доверия. 

«Единогласное принятие Генеральной Ассамблеей ООН по инициативе Туркменистана Резолюции «2025 год – Международный год мира и доверия» – яркое подтверждение международного признания внешней политики Отчизны, основанной на миролюбии и взаимопонимании. Также по предложению нашей страны Генеральная Ассамблея ООН единогласно приняла Резолюцию «Центральная Азия – зона мира, доверия и сотрудничества». Это ещё раз доказывает, что Ваша политика, базирующаяся на принципах добрососедства, становится всё более популярной на мировой арене», – отметил в своём Обращении к Президенту Туркменистана Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Герой-Аркадаг Гурбангулы Бердымухамедов. 

Сегодня уже ни у кого не вызывает сомнения, что одной из ключевых проблем современной мировой политики является дефицит доверия и взаимопонимания в межгосударственных отношениях, уважения национальных интересов. Всё это сказывается на геополитической ситуа­ции. Особенно важен фактор доверия в контексте разви­вающихся интеграционных экономических процессов, стремления народов мира к достижению к 2030 году Целей устойчивого развития. Поэтому проблема доверия, как необходимое условие для сохранения мира и устойчиво­го развития, обсуждается на различных международных площадках, на уровне поли­ тиков и экспертов. 

В этом контексте прове­дение 2025 год под девизом «Международный года мира и доверия» можно сказать в высшей степени своевремен­но и призвано стать важным событием в жизни мирового сообщества. Это подтверж­дает тот факт, что соавто­рами Резолюции выступили 86 государств-членов ООН. В документе отражены основополагающие цели и принципы Устава ООН, прежде всего обязательства по урегулированию споров мирными средствами и методами. 

В свою очередь, как подчеркнул уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов в Новогоднем обращении к народу Туркменистана, наша страна и впредь продолжит свою деятельность по поддержанию мира и доверия на планете, достижению Целей устойчивого развития. 

Как показывает мировая история, разные государства имеют разный потенциал фор­мирования отношений с дру­гими странами, основанных на доверии. И в этом плане мы по праву констатируем, что Туркменистан обладает уникальным потенциалом для развития мирных и доверительных межгосударственных отношений. 

Прежде всего доверие к туркменскому народу поддерживается благодаря нашим культурным традициям, которые формировались всем ходом истории. На туркменской земле зародилась древняя земледельческая цивилизация, наш народ отличается своим трудолюбием, приверженностью семейным ценностям, которые служили фундаментом для мира и согласия в семье и обществе, а также всегда стремился жить в мире и согласии с соседними народами. Духовно-нравственные и культурные ценности, открытость и доброжелательность по отношению к другим народам передавались от поколения к поколению. 

С обретением независимости это послужило сохранению политической стабильности в стране и нашло отражение во внешней политике. Её венцом стало признание мировым сообществом за Туркменистаном статуса постоянного нейтралитета. Осознав себя как часть взаимозависимого мирового сообщества, нейтральное Туркменское государство определило стратегическим направлением своего внешнеполитического курса активное сотрудничество с ООН для поддержания международного мира, добрососедства, предотвращения распространения конфликтов. 

Суверенный Туркменистан имеет весомые полномочия, чтобы выступать в качестве жизнеспособного сторонника мира и укрепления мер доверия между государствами. За годы независимости наша страна выстроила с соседними государствами надёжную систему добрососедских отношений, установила и развивает конструктивное сотрудничество со странами Европы, Азии, Америки. Туркменистан является принимающей стороной Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии. Этот уникальный форпост Организации Объединённых Наций, созданный в 2007 году, успешно служит региону в урегулировании ситуаций путём превентивной дипломатии и укрепления мер доверия между странами Центральной Азии. Исходя из объективных реалий и тенденций современного геоэкономического и геополитического развития Туркменистан стал инициатором принятия Генеральной Ассамблеей ООН резолюций по глобальным проблемам современного мира. В 2024 году по инициативе Туркменис­тана, помимо Резолюции «2025 год – Международный год мира и доверия», были приняты Резолюции «Игры дружбы Организации Объединённых Наций», «Договор о зоне, свободной от ядерного оружия, в Центральной Азии» и Резолюция «Центральная Азия – зона мира, доверия и сотрудничества». 

В результате вот уже многие годы наша страна чётко позиционирует себя как ав­торитетный и надёжный пар­тнёр, убеждённый сторонник мира, опора региональной стабильности и проводник международного диалога. 

Практическая реализация принятых по инициативе Туркменистана резолюций придаёт импульс междуна­родному взаимодействию в целях выработки конкретных мер по снижению напряжён­ности, мирному, политико-дипломатическому урегулированию споров и противоречий, преодолению кризиса доверия и взаимопонимания, упрочению мира на планете. Туркменистан признан стратегическим партнёром ООН в деле обеспечения мер доверия на основе диалога по таким направлениям, как энергетическая безопасность, устойчивый транспорт, охрана окружающей среды, гуманитарная сфера. При этом ключевыми при решении всех проблем Туркменистан неизбежно считает такие важные составляющие международных отношений, как мир и доверие. 

Непреходящее значение имеет запущенная Туркменистаном с опорой на Организацию Объединённых Наций политико-философская доктрина «Диалог – гарантия мира». Она выдвинута Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Героем-Аркадагом и принимается сегодня мировым сообществом как новая философия межгосударственных отношений. 

Уверенно продвигая миролюбивые инициативы, Туркменистан проявляет ответственный подход к реализации заложенных в них гуманистических идей. Под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, последовательно и целенаправленно продолжающего курс Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Героя-Аркадага Гурбангулы Бердымухамедова, осуществляется комплекс мер, направленных на сохранение стабильности и устойчивое социально-экономическое развитие в мире. Особенно государственные, общественные деятели мирового уровня, политики и эксперты отме­чают роль Туркменистана в деле укрепления мира, под­ держания добрососедских отношений, формирования климата доверия в регионе Центральной Азии и Каспий­ского бассейна. 

В частности, ключевым вопросом для государств Центральной Азии является стабилизация ситуации в Афганистане и вовлечение этой страны в реализацию крупных транспортных, энер­гетических и коммуникаци­онных проектов на правах равноправного и полноценного партнёра. Последовательно работая в этом направлении, Туркменистан успешно реализовал ряд региональных, транспортных, энергетических и коммуникационных проектов. 

С гордостью надо сказать, что Туркменистану принадлежит несомненная заслуга в разработке и принятии Конвенции о правовом статусе Каспийского моря, подписан­ной всеми пятью прикаспий­скими государствами. Пятисторонний формат встреч на различных уровнях стал эффективным механизмом со­трудничества, позволяющим комплексно рассматривать возникающие в регионе проблемы с прицелом на выработ­ку совместных путей их раз­ решения с учётом интересов друг друга. 

В контексте продвигаемой философии «Диалог – га­рантия мира» Туркменистан придаёт большое значение эф­фективному задействованию механизмов парламентской дипломатии, Диалогу жен­щин, вовлечению молодёжи и бизнес-сообщества в развитие межгосударственных связей. 

Многообразие и сложность задач, стоящих сегодня перед государствами-членами ООН, очевидны. Их решение воз­ можно только коллектив­ными усилиями и на основе осознания ответственности каждой страны, авторитет­ных международных органи­заций за сохранение мира и безопасности на нашей пла­нете. Неизменная позиция нашей страны заключается в содействии укреплению роли ООН на мировой арене в деле установления равноправных и взаимоуважительных отношений между странами и народами, достижения устой­чивого развития всех госу­дарств. Проведение 2025 года как Международного года мира и доверия под эгидой ООН служит наращиванию миротворческого потенциала этой организации. Цели и задачи Резолюции указы­вают вектор направлений развития сотрудничества и конструктивного диалога во имя мира. 

Туркменский народ высоко ценит мирную и счастливую жизнь, которую обеспечил своей мудрой политикой Герой-Аркадаг и продолжает Аркадаглы Герой Сердар, и желает им здоровья и долгих лет жизни. 

Своим высоким долгом Партия промышленников и предпринимателей считает проведение на высоком уровне пропагандистской работы по разъяснению внутренней и внешней политики, начатой Героем-Аркадагом и успешно ныне реализуемой Аркадаглы Героем Сердаром, во имя даль­ нейшего укрепления единства и нового трудового и патриотического подъёма народа. 

 

Сапармырат  Овганов, 

председатель партии промышленников и предпринимателей Туркменистана, 

депутат меджлиса Туркменистана

09.01.2025 Giňişleýin

PARAHATLYK — BÜTINDÜNÝÄŇ GEREGI

 

Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen eziz Diýarymyz ähli ulgamlarda çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň aýdyň netijeleridir. 2024-nji ýylda ýetilen sepgitler eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejede tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi geçen ýylyň täze taryhymyzy has-da şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasyny döretdi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa has-da buýsançlydyr. Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Watana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen bu Karar ildeşlerimiziň arasynda gyzgyn goldaw tapyp, ählimiziň göwnümizi ganatlandyrdy. Gadam basylan 2025-nji ýyl halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak ýyl bolar. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşen bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34  ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 30  ýyllygynyň toýuny toýlar. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Permana gol çekdi. Şanly ýyl bilen bagly dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň düzümini tassyklamak wezipeleri bellenildi. Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler bellenildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna beslenen 2025-nji ýylyň dowamynda geçiriljek dürli çäreler ählumumy parahatçylygyň, halkara ynanyşmagyň hem-de durnukly ösüşiň berkemegine, dünýä giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ösmegine, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam eder. 

Biz ulus-ilimiz bolup, ata Watanymyzyň berkararlygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34   ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30  ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamalydyrys, şanly ýylymyzy ähli ugurlarda üstünliklere beslemelidiris. Täze ýylyň şygary bolsa biziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterip, döredijilikli zähmete, beýik işlere hyjuw döredýär. Şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

 Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

 

09.01.2025 Giňişleýin

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY: belent maksatlar bilen aýdyň geljege

 

Geçen ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda we dünýäde ýokary derejede belläp geçen bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda jebis bolup, täze, 2025­-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny garşy aldy. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda «Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-­da rowaçlandy. Hoşniýetli arzuw­umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-­berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-­dowam bolsun!» diýmek bilen, geçen ýyl durmuşa geçirilen işlere uly baha berdi hem­-de täze ýylda­-da belent sepgitlere ýetmek ugrundaky köpugurly işleriň dowam etdiriljekdigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim­-parasady bilen täze taryhy eýýamda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasyny mundan beýläk­-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýaşaýyş­-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň halkara abraýyny has hem berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhyndan, ýeten belent sepgitlerinden, halkara gatnaşyklarda gazanýan üstünliklerinden ugur alyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak we ýylyň nyşanyny döretmek indi däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-­nji ýyla at bermek hem-­de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygy barada wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar halkyň arasynda bolup, raýatlarymyz bilen maslahatlaşyp, olaryň tekliplerini aldylar. Ýeri gelende aýtsak, raýatlarymyz, şol sanda ýaşlar hem ýyly atlandyrmaga uly gyzyklanma bildirdiler hem-­de işjeň gatnaşdylar. 2025-­nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerip we ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna esaslanyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp hem­-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025­-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleri, zähmet toparlary we raýatlarymyz tarapyndan köp sanly teklipler öňe sürüldi. Halkymyzyň erk-­islegini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň ýene­-de bir gezek aýdyň subutnamasydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-­da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk­-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen tagallalary hem­-de abadançylyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlary rowaçlyklara, üstünliklere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegi esasynda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegi, dürli halkara guramalary, döwletler we halklar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna getirýär hem-­de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bu beýik taryhy işler täze ýylymyzy hem bagtyýar zamana öwrer hem-­de her bir ynsanyň kalbyny joşdurar. 

Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar diýip hasaplaýaryn. Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilendigine buýsanýarys» diýip bellemegi ýurdumyzyň halkara arenasynda ägirt uly hormatyň eýesidigini ýene­-de bir gezek subut edýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň özara baglanyşykly 17 maksadyndan durýan ugurlar boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň we dabaralarynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk wezipeler goýuldy. Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meseleleri hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, 2025­-nji ýylyň syýasy-­jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek hem­-de many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek ugrunda deputatlar bütin täze ýylyň dowamynda gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekerler. 

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem­-de bütin türkmen halky üçin täze, 2025-­nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. 

 

Gah­ry­man ­RO­ZY­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň­  Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň­ orun­ba­sa­ry.

 

09.01.2025 Giňişleýin

ÝYLLARYMYZ ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere ruhlandyrýar. 

«Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024­-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslendi. Ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem giň gerime eýe boldy. 

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden öwrenmekde, halk köpçüligine ýetirmekde, halkara derejesinde ylmy esasda açyp görkezmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna «Magtymguly» atly uly göwrümli ajaýyp kitap halkymyza gowuşdy. «Magtymguly Pyragy» medeni­-seýilgäh toplumy hem­-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu bolsa belli bir şahsyýetiň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmek, medeni mirasyny ebedileşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň milli kanunçykaryjylyk tejribesinde ilkinji gezek kabul edilen Kanundyr. 

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-­de geljekki nesillere ýetirmekde, ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlaryny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda ildeşlerimiziň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy. 

Türkmenistanyň BMG­-niň çäklerinde sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça öňe sürýän netijeli teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, möhüm resminamalarda öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda 2024­-nji ýylyň 21-­nji martynda BMG-­niň Baş Assambleýasynyň 78-­nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-­nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek. Bu resminama ýüze çykýan gapma-­garşylyklary parahatçylykly, syýasy-­diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu şygar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy, BMG-­niň döredilmeginiň bolsa 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi hem ajaýyp sazlaşygy döredýär. Bu şanly sene ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypa bolup ýazylar. 

Ata Watanymyzyň abraý-mertebesini halkara derejesinde has-­da belende göterip, ýurdumyzy dünýä tanatmakda gije­-gündiz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

07.01.2025 Giňişleýin

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARYNA SÖZDEN DIKILEN HEÝKEL

 

Ýaz­po­lat KE­RI­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy, Mej­li­siň de­pu­ta­ty: 

 

— Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik şahyrymyz barada söz açyp: «Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip belleýär. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby bolsa Magtymguly Pyraga, onuň baý we köptaraply döredijiligine düşünmekde, eserleriniň manysyna çuň­ňur akyl ýetirmekde ähli halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. 

Hakyky watançy, ilhalar ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek beýik eždatlarymyzyň wesýetlerine eýerip, miras goýan gymmatlyklaryna, şöhratly ýoluna mynasyp bolmakdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň, şeýle-de olaryň özboluşly dowamy bolan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eseriniň ähmiýeti örän uludyr. Olar ýaşlary watansöýüjilige, beýik işlere, belent maksatlara ruhlandyrýan ýolgörkeziji şamçyragdyr. Çünki bu kitaplarda şöhratly taryhymyzyň, bagtyýar şu günümiziň we röwşen geljegimiziň bir bitewi baglanyşygy, milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, döwletli ýörelgelerimiz, beýik maksatlarymyz giň­den we çeper beýan edilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen paýhasyny dünýä ýaýan akyldar şahyrymyza, onuň umumadamzat ähmiýetli baý döredijiligine bagyşlanyp, halkymyzda mukaddeslik saýylýan keremli söze goýulýan belent hormatyň aýdyň güwäsidir. Munuň özi kitabyň gymmatyny has artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu çeper we ylmy-filosofik eseri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuşda we döredijilikde şamçyragdyr. Şeýle eserler ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. 

«Hakykat birdir, emma oňa eltýän ýollar dürlidürlüdir» diýen düşünje bar. Magtymguly — özboluşly bir dünýä. Magtymguly — barlygyň bir ummany. Magtymgulynyň hakykatyna göz ýetirmek üçinem biziň şol düşünjä görä hereket etmegimiz akyla laýyk bolardy» diýýän döwlet Baştutanymyz bu günki gün türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny çuň­ňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň ýiti, çuň­ňur pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara watansöýüjiligi ündeýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

04.01.2025 Giňişleýin

EŞRETLI ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

 

Ýurdumyzda zähmeti guramagyň hem-de goramagyň hukuk esaslaryny döretmek we kämilleşdirmek arkaly zähmet kanunçylygyny emele getirmegiň we ösdürmegiň ýolunda amal edilýän işler her bir raýatyň mynasyp, öndürijilikli zähmet çekmegine ýardam edýär. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny nobatdaky gezek dabaralandyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyna täze usullaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar. 

Zähmet çekmäge bolan hukugyň esasy Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda, soňra Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar barada halkara Ylalaşygynda ykrar edildi. Şunlukda, bu hukuk esaslar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilip, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda giňeldilýär we üpjün edilýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2023-nji ýyl üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinde, guramanyň taýýarlan netijenamasyndaky teklipler esasynda, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Hususan-da, şu Kodeksiň mejbury hem-de hökmany zähmetiň gadagan edilmegini beýan edýän 8-nji maddasynyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde «raýatlaryň adaty raýat borçlarynyň bir bölegi bolup durýan islendik iş (gulluk)» we 7-nji bendinde «ownuk jemgyýetçilik işleri, ýagny zähmetkeşler köpçüliginiň agzalary tarapyndan şol zähmetkeşler köpçüliginiň göni peýdasy üçin ýerine ýetirilýän we şoňa görä-de zähmetkeşler köpçüliginiň agzalarynyň adaty raýatlyk borçlary hasap edilip bilinjek işler» diýen görnüşde beýan edilen kadalaryň raýatlaryň mejbury zähmete çekilmegine mümkinçilik döredip biljekdigi nazara alnyp, ady agzalan bentler güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi. Munuň özi şol kadalarda agzalýan «ownuk jemgyýetçilik işleri», «adaty raýatlyk borçlary hasap edilip bilinjek işler» diýlip işiň haýsy görnüşlerini göz öňünde tutup bolar, «zähmetkeşler köpçüliginiň agzalary» diýip kimleri degişli edip bolar diýen düşünişmezlikleriň ýüze çykmasyny aradan aýrar. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň mejbury hem-de hökmany zähmetiň gadagan edilmegini beýan edýän 8-nji maddasynyň üçünji böleginiň 2-nji we 7-nji bentleriniň Kodeksden aýrylmagy teklip edilýär. 

Zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmakda kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary bilen bagly degişli üýtgetmeler girizildi. Has takygy, Halkara Zähmet Guramasynyň mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça beren tekliplerini göz öňünde tutup, Kodeksiň 8-nji we 23-nji maddalaryna hem-de kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary bilen bagly 406-njy maddanyň üçünji, dördünji böleginde beýan edilen kadalara «Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler, olara bolsa Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalarda göz öňünde tutulan ygtyýarlar berilýär» diýen kada degişli üýtgetmeler girizildi. Has takygy, halkara tejribesinde kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet kanunçylygyna döwlet tarapyndan gözegçiligini amala aşyrýan gurama bolup bilmeýändigi, olar öz ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýändigi bellenilýär. Şu nukdaýnazardan, bu beýan edilýän kadanyň mazmunyna «Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler. Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň çäk birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler» diýen görnüşde üýtgetmeler girizildi. 

«Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan hususy notariuslaryň işe başlamagy hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 12-nji maddasyna 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda girizilen üýtgetmä laýyklykda, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslaryň, şol sanda hususy notariuslaryň iş beriji fiziki şahs hökmünde ykrar edilmegi, olaryň zähmet depderçelerini resmileşdirmek, maglumatlary girizmek bilen bagly Kodeksiň 30-njy we 293-nji maddalaryna degişli üýtgetmeleriň girizilmegi maksadalaýyk hasaplandy. 

Zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Kodeksiň 241-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy bentlerine girizilen üýtgetme bolsa, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat berlip, wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işleýän işgäre şol döwürde göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat bermek bilen bagly kadalary kämilleşdirmegi maksat edinýär. Şunda esasy işgär işe çykanda, onuň ýerine işleýän wagtlaýyn işgär göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsatda (112 gün wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwründe) bolsa, birinjiden, bir wezipe birliginde iki işgäriň saklanmagy nädogry bolýar, ikinjiden, bir wezipe birligi üçin iki işgäre şol bir wagtda töleg etmeli bolýar we bu ýagdaý iş berijä maliýe kynçylygyny döredýär (iş tejribesinde bu ýagdaý işgärleriň köp böleginiň aýal maşgalalar bolup durýan kärhanalarynda (dokma fabriklerinde we ş.m) yzygiderli ýüze çykyp durýar). 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň häzirki zaman hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine uly goşant bolar.

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

 

03.01.2025 Giňişleýin

ŞANLY ÝYLYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

 

Tamamlanan 2024-nji ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­lere baý bol­dy. Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edi­len 2024-nji ýyl­da welaýaty­my­zyň ila­ty tä­ze des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si­niň açy­lyş daba­ra­la­ry­na şa­ýat bol­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gatnaş­ma­gyn­da Bä­her­den se­ment zawody­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň hem-de Ýaş­lyk suw aras­sa­laý­jy desgasynyň toý ru­hun­da açy­lyp işe gi­ri­zil­megi şan­ly ýy­la şan go­şan buýsanç­ly wa­ka­lar hök­mün­de ta­ryh sa­hypa­la­ryn­da aý­ra­tyn orun alar. Şol iri des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­rynyň çä­gin­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň we­la­ýa­ty­my­zyň ila­ty­na döw­re­bap ýo­lag­çy awtobuslarynyň 200-e go­la­ýy­ny sow­gat et­me­gi adam hak­da­ky ala­da­nyň rowaç­lan­ýan­dy­gy­ny da­ba­ra­lan­dy­ran wa­ka­lar hök­mün­de ýat­da gal­dy. 

Şan­ly ýyl­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Änew şä­he­rin­de tä­ze metji­diň açy­lan­dy­gy­ny, Gah­ry­man ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy we tek­li­bi esa­syn­da bu met­ji­diň «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny hem gu­wanç bilen bellemelidiris. 

Ak bug­daý hem-de Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da et­rap Po­li­si­ýa bölümle­ri­niň po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň aw­tou­lag­la­ryň tehni­ki ýag­da­ýy­ny anyk­la­ýyş we ha­sa­ba alyş to­par­la­ry­nyň eda­ra binalarynyň, Gök­de­pe, Ak bug­daý, Ka­ka etrap­la­ryn­da kuw­wat­ly­gy degiş­li­lik­de bir gi­je-gün­diz­de 20; 15; 10 müň kub­met­re deň bo­lan la­gym su­wuny aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň, Te­jen et­ra­by­nyň Te­jen şä­he­rin­de kuwwat­ly­ly­gy bir gi­je-gün­diz­de 30 müň kub­metr bo­lan suw aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň, Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­leri­ne de­giş­li bo­lan po­lat tur­ba­la­ry we pro­fil­le­ri ön­dür­ýän, ko­fe we ko­fe önümle­ri­ni ön­dür­ýän, şeý­le-de nah ýüp­lük ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň açylyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi şan­ly wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da ag­zal­ma­ga myna­syp­dyr. Şeý­le des­ga­la­ryň açyl­ma­gy bi­len we­la­ýa­ty­my­zyň ýaşlarynyň ýüz­ler­çe­si üçin döw­re­bap iş orunlary emele geldi. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Kara­ry esa­syn­da Ak bug­daý et­raby­nyň Bo­kur­dak şä­her­çe­sin­de 1200 orun­lyk tä­ze, döw­re­bap or­ta mek­de­bi we 120 orun­lyk umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýy gur­lup ula­nyl­maga be­ril­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­dä­ki bu sowgady di­ňe bir bu şä­her­çä­niň ila­ty­nyň däl, we­la­ýa­ty­my­zyň ag­zy­bir ýaşaý­jy­la­ry­nyň her bi­ri­niň göw­nü­ne ga­nat ber­di. Buý­san­dy­ran zat­la­ryň bi­ri-de 2024-2025-nji okuw ýy­lynyň ba­dal­ga alan şol toý gü­nün­de welaýa­ty­my­zyň ak mek­dep­le­ri­niň bosagasyndan ätlän 1-nji synp okuwçy­la­ry­nyň äh­li­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan kompýuterle­riň sow­gat edil­me­gi­dir. 

We­la­ýa­ty­myz­da se­na­gat puda­gy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da gaza­ny­lan üs­tün­lik­ler, oba ho­ja­lyk toplumynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjydyr, buý­san­dy­ry­jy­dyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymgu­ly Py­ra­gy» ýy­ly şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen şan­ly ýyl­da welaýatymy­zyň gal­la­çy daý­han­la­ry dä­ne ýe­tiş­di­rilen 195 müň gek­tar­dan ha­sy­lyň 400 müň ton­na­sy­ny alyp, bu ba­bat­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny üstünlikli ber­jaý et­di­ler. We­la­ýa­ty­my­zyň «ak al­tyn» us­sat­la­ry go­wa­ça ýe­tiş­di­ri­len 135 müň gek­tar meý­da­nyň ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap aldy­lar. Gök-bak­ja eke­ran­çy­la­ry­myz, mal­dar­la­ry­myz, ýüpekçileri­miz bol­sa şan­ly ýy­ly ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler bilen jemlediler. 

Ge­çen ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri tä­ze — 2025-nji ýy­ly ýag­şy ar­zuw­lar bi­len gar­şy­lap, tä­ze-tä­ze zäh­met ýeňişlerini ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyrdy. Aja­ýyp pur­sat­dan peý­da­la­nyp, berka­rar Wa­ta­ny­my­zy, bag­ty­ýar ulus-ili­mi­zi be­dew bat­ly ösüş­le­riň ak ýo­lun­dan eş­ret­li gün­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­rynyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bolmagyny, döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­ny ar­zuw edýäris. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

02.01.2025 Giňişleýin
1 ... 24 25 26 27 28 ... 90