Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

WATAN GÜLLEÝÄR, HALK BAGTYÝAR

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, hemi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň ag­zy­bir hem­-de mer­da­na hal­kynyň tu­tan­ýer­li we yh­las­ly zäh­me­ti bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň ­Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň­ her­ bir­ gü­ni­ uly ­üs­tün­lik­le­re,­ şan­ly­ wa­ka­la­ra ­bes­len­ýär.

 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­dary­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bilen Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­nyp taýýar­la­nan we ka­bul edi­len Mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da giň möç­ber­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş öz­gert­me­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar. Ata Wa­tany­my­zyň her bir se­bi­tin­de, her bir şä­her­dir oba­syn­da hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gelýän me­de­ni­-dur­muş mak­sat­ly tas­la­ma­lar ama­la aşyryl­ýar. 

Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň ­hut­ özü­niň­ gatnaş­ma­gyn­da ­şu ­ýy­lyň ­8­-nji­ ma­ýyn­da ­ýyl­da 1 ­mil­lion ­ton­na­ se­ment­ ön­dür­mä­ge­ ukyp­ly Bä­herden se­ment­ za­wo­dy­nyň­ ikin­ji­ tap­gy­rynyň,­Ýaş­lyk ­şä­her­çe­sin­de ­kuw­wa­ty­ bir gi­je gün­diz­de 30 ­müň ­kub­ met­re­ deň­ bo­lan­ suw aras­sa­laý­jy des­ga­nyň açy­ly­şy ­uly­ da­ba­ra­la­ra bes­len­di.­ Bu­ des­ga­la­ryň ­iş­läp­ baş­la­ma­gy­ bilen gur­lu­şyk ­önüm­le­ri­ni­ we ­ilat­ üçin ­aras­sa agyz su­wu­ny ön­dür­mek bi­len bir ha­tar­da tä­ze ­iş­ orun­la­ry ­açy­lar,­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ­uly ösüş­le­re eýe bo­lar, ila­tyň ýa­şa­ýyş-­dur­muş de­re­je­si ­has-­da­ ýo­kar­la­nar. 

Ýol çek­mek, köp­ri gur­mak hal­ky­myz­da so­gap­ly,­ mu­kad­des ­iş­ hasap­la­nyl­ýar.­ Şu ­ýörel­ge­ler­den ugur al­nyp, ýur­du­my­zy goň­şy ýurt­lar bi­len bir­leş­dir­ýän tä­ze döw­re­bap, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýän awtomo­bil ýol­lar,­ köp­rü­ler­ gu­rul­ýar.­

2019-­njy ýy­lyň ýan­war aýyn­da Gahryman­ Ar­ka­da­gy­my­zyň ­ak­ pa­ta­ ber­me­gi bi­len­ ýur­du­my­zyň­ çä­gin­de­ se­bit­de ­iri ­tas­lama­la­ryň ­bi­ri­ bo­lan Aş­ga­bat­—­Türk­me­na­bat ýo­ka­ry ­tiz­lik­li­ aw­tou­lag­ ýo­lu­nyň­ gur­lu­şy­gyna­ ba­dal­ga­ ber­lip­di.­ 2021-­nji­ ýy­lyň­ 29­-njy okt­ýab­ryn­da Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat­—­Türk­me­na­bat ýo­ka­ry ­tiz­lik­li aw­to­mo­bil­ ýo­lu­nyň­ Aş­ga­bat­ —­Te­jen­ bö­le­gi­ da­ba­ra­ly ­ýag­daý­da ­açy­lyp,­ ula­nyl­ma­ga ­be­ril­di.­

2024-­nji ýy­lyň 17­-nji ap­re­lin­de bol­sa ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nyň ikin­ji tap­gyry­nyň, ýag­ny Te­jen­—­Ma­ry bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy do­ly tamamla­nyp, hormatly Pre­zi­dentimiziň gat­naş­ma­gyn­da ula­nyl­ma­ga beril­di. Bu ýo­luň açy­lyş da­ba­ra­syn­da düzüm­le­ýin­ ýol­ ulag­ des­ga­la­ry­ny gü­wä­na­malaş­dyr­mak ­işi­ne­ ýö­ri­te­le­şen ­ab­raý­ly ­hal­ka­ra dü­züm­le­riň­ wekil­le­ri­niň ­bir­nä­çe ­hal­ka­ra güwä­na­ma­la­ry­ny­ ber­mek­le­ri­ hem­ ýo­ka­ry tizlik­li ­aw­to­mo­bil ­ýo­lu­nyň­ ýo­ka­ry­ hil­ de­re­je­de gur­lan­dy­gy­na­ ke­pil­ geçýär. 

Ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň açylyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­len gü­ni Ma­ry we­la­ýaty­nyň Ma­ry şä­he­rin­de Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny goraýyş mer­ke­zi­niň,­ 2­ gat­ly ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň 59­-syndan yba­rat ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi hem «Pä­him-­paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ta­ry­hy wakalary­nyň ha­ta­ry­ny art­dyr­dy. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ma­ry welaýa­tynyň ila­ty­na ýo­ka­ry hil­li hyz­mat et­jek tä­ze, döw­re­bap ýo­lag­çy aw­to­bus­la­ry­nyň 200­-e go­la­ýy­ny sow­gat ber­me­gi we­la­ýa­tyň halky­ny has­-da be­gen­dir­di. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem­-de hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tagal­la­la­ry bilen ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şan-­şöh­ra­ty­ny di­kelt­mä­ge, dünýä­dä­ki at­-ab­ra­ýy­ny has­-da be­len­de gö­ter­mä­ge, ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk­de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler yzygider­li dur­muşa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän döw­re­bap at­çy­lyk sport toplum­la­ry­nyň, yl­my mer­kez­le­ri­niň gu­rul­magy at­şy­nas­la­ry­my­zyň netijeli, ýa­daw­syz çek­ýän zäh­me­ti­ni döw­re­bap de­re­je­de gu­ra­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy üçin ýo­ka­ry dere­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ar­ka­dag şä­he­rin­de Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň açyl­ma­gy bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

 Ahal­te­ke be­dew­le­ri ba­ra­da­ky «Ahal­teke be­de­wi­ - bi­ziň buýsanjymyz we şöhra­ty­myz», «At­da we­pa­da bar, sa­pa­da» at­ly aja­ýyp ki­tap­la­ryň aw­to­ry, tej­ri­be­li ha­ly­pa we us­sat ça­pyk­su­war Gah­ry­man Arkadagymyzyň mak­sa­da ok­gun­ly, dö­redi­ji­lik­li işi aras­sa gan­ly bedewle­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ýö­rel­ge­le­ri­niň di­kel­dil­me­gi­ne, aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy­na hem­-de ös­dü­ril­megi­ne uly ýar­dam ed­ýär. 

Ahal­te­ke­ be­de­wi­niň­ dün­ýä­dä­ki­ şan­-şöhra­ty­ny ­has ­hem ­art­dyr­mak bo­ýun­ça ­türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň ba­şy­ny baş­lan iş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li­ do­wam ­et­di­ril­ýär.­ Mu­ňa «Pähim-paý­has­ um­ma­ny­ Mag­tym­gu­ly ­Py­ra­gy»­ ýylyn­da tä­ze dog­lan taý­ça­nak­la­ra Gahryman Arkadagymy­zyň Şa­hyr, Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdary­my­zyň Yl­ham di­ýip at dak­mak­la­ry ­hem­ şa­ýat­lyk ­ed­ýär.­ 

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my myna­sy­bet­li­ Hal­ka­ra­ at­çy­lyk­ aka­de­mi­ýa­sy­nyň pro­fes­sor­ mu­gal­lym­la­ry­na, At­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň ­alym­la­ry­na, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň at­şy­nas­la­ry­na Ar­kadag şäherinde gur­lan döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­dan 120 ­maş­ga­la­ ni­ýet­le­nen­ tä­ze ­jaý­la­ryň ­açarla­ry­ny gow­şur­ma­gy bol­sa, Ar­kadag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň­ hal­ky­myz ­ha­kynda,­ hu­su­san­da,­ at­şy­nas­la­ry­myz ­üçin­ edýän nus­ga­lyk ­iş­le­ri­niň­ ýe­ne­-de ­bi­ri­ bol­dy.­ 

Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­my­zyň tagal­la­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler, gurulýan aja­ýyp des­ga­lar we yma­rat­lar, Ga­raş­syz­ly­ga guwan­ma­gyň,­Wa­ta­ny,­ hal­ky­ söý­me­giň kämil nusgasyna ­öw­rül­di.­ 

Hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­magy,­ön­dü­ri­ji­lik­li ­zäh­met çekme­gi,­oka­ma­gy we dynç al­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­leri dö­red­ýän Gah­ry­man  Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadag­ly Gah­ry­man­ Serdarymyzyň janlary ­sag,­ ömür­le­ri­ uzak, ­be­lent­ baş­la­ry­ aman bol­sun,  äh­li tu­tum­ly işle­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

11.05.2024 Giňişleýin

GOŞA BAÝRAM — GOŞA TOÝ

 

Üstünliklere, taryhy wakalara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesine göterilmegi, ýurdumyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr.

Ýene-de sanlyja günlerden agzybir hem-de zähmetkeş halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýene-de bir şanly senäni, milli senenamamyzda orun alan goşa mukaddesligiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygyny döwlet derejesinde belläp geçerler. Türkmen halkynyň milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ädilen aýgytly ädimlerdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Esasy Kanunymyzyň döredilen gününiň Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygy bilen utgaşdyrylyp bellenilmeginde hem çuň many-mazmun jemlenendir. Özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilmegiň esasy şertleri hasaplanylýan Esasy Kanunymyzda we Döwlet baýdagymyzda halkymyzyň çäksiz buýsançlary öz beýanyny tapýar. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, rejelenilip, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady hökmünde raýatlarymyza ynsanperwerligi, ruhubelentligi ündeýär, halkymyzyň kalbynda ajaýyp geljege berk ynam döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçiren we geçirýän özgertmelerini, ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň ýeten belent derejelerinde, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýylsaýyn ýokarlanyp barmagynda, halkara derejede döwletimize berilýän belent bahalarda aýdyň görmek bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mizemez hukuk binýady hasaplanylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. 

Gadymy hem müdimi türkmen halkynyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýen dana pähiminiň dabaralanmasy bolup, ýaşyl Tugumyz zemine ýalkym saçýar. Döwlet baýdagymyz halkara guramalaryň edara jaýlarynyň hem-de dünýäniň çar-künjeginde ýerleşen ilçihanalarymyzyň öňünde parahatçylygyň we ösüşiň nyşany hökmünde buýsançly parlaýar. Mukaddes Tugumyz dünýäniň dürli yklymlarynda öz başarnyklary, üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzy şöhratlandyrýan sport ussatlarymyzyň hormatyna yzygiderli belende galdyrylýar. Dünýäde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň dabaralanmasydyr, halkymyzyň erkinliginiň, mizemezliginiň şöhlelenmesidir. 

Goý, Döwlet baýdagymyz mundan beýläk hem al-asmanda türkmen halkynyň synmajak ruhy bolup belentde parlasyn! 

 

Kakamämmet NEPESOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

10.05.2024 Giňişleýin

DÖWRÜMIZIŇ RUHUNDA ÖSÜŞLERIŇ BADY BAR

 

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýän meseleler bilen bir hatarda geljekde milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmeklige, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

 Şuňa laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna muwapyk, döwrümiziň döredijilik ruhuna mynasyp işler amala aşyrylýar. Binýady berkden tutulan tutumlar, başyna barlan asylly işler we ýetilen belent sepgitler giň gerimliligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Muňa anyk mysal hökmünde: şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurlup, ulanylmaga berlen köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, Lebap sement zawodynyň, «Şir ýag» haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglary öndürýän hususy kärhananyň, şeýle-de ähli amatlylyklary özünde jemleýän 300 orunlyk metjidiň eçilýän eşret-höziri häzirki günlerde ildeşlerimiziň bagtyýarlygyna bagtyýarlyk gatýar, galkynyşdan ganatlanan döwrümiziň ösüşine ösüş goşýar. Häzirki günlerde welaýat merkezimizde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 100-den gowragynyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy bolsa ykdysady taýdan kuwwatly ýurdumyzyň gurujylyk güýji bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hem barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar. 

Milli Liderimiziň düýbüni mäkäm tutan döwletli ýörelgeleri esasynda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe ulgamyny düýpli özgertmek boýunça makro ykdysady syýasaty ähli döwlet maksatnamalaryny doly durmuşa geçirmäge hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Ykdysadyýetiň ösüşine oba ýerleriniň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler hem öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalarynyň gurluşygyna ummasyz köp möçberde pul serişdelerini goýbermäge göwnejaý şert döredýär. Milli ykdysadyýetimiz innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde täze belentliklere galýar. Abadan ýurdumyz çalt ösýär, onuň belent sepgitleri nazarlaýan bady durmuşymyzyň, bagtyýarlygymyzyň ygtybarly hem egsilmez çeşmesidir. 

Hormatly Prezidentimiziň dana tabşyryklary, kabul edýän kararlary alys geljegi nazarlaýar, döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Täze taryhy eýýamymyzda gurmak gudratyny sungat derejesine ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli ajaýyp çözgütleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

09.05.2024 Giňişleýin

MERDANA PEDERLERIMIZE TAGZYM

 

Ata Wa­ta­ny­myz­da 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy bel­lenil­ýär. Ýur­du­myz­da bu ur­şa gatna­şan we­te­ran­la­ra, sö­weş­de we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na, tyl­da zäh­met çe­ken­le­re uly sar­pa go­ýul­ýar. Halk gah­ry­man­la­ry döwletimiz ta­ra­pyn­dan hemme­ta­rap­la­ýyn üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Wete­ran­la­ryň sag­ly­gy, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň gowulandyrylma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar. 

9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. Taryha ýüzlenenimizde, XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalaryna çuňňur aralaşýarys. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şol ýyllarda urşa gatnaşan ildeşlerimiz agyr synaglara döz gelip, Beýik Ýeňiş üçin batyrgaý söweşdiler, tylda zähmet çekenler bolsa uly edermenlik görkezdiler. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi. 

Adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we olaryň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirildi. 

Ýeňiş güni — ynsanyýetiň parahatçylyk söýüjilik, dostluk baradaky duýgy-düşünjelerini has-da rowaçlandyrýan, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýeleýän senedir. Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan uly sarpa bolsa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. 

Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzda milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanymyzyň edermen gerçeklerine hormatyň nyşany hökmünde gül desseleri goýulýar. Biz şol gün ähli doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryna mertlik bilen döz gelen Watan gerçeklerimizi ýatlaýarys. Şu mynasybetli watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan dabaralar geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi uruş weteranlaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. 

Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly ýitgi getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi. Merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

 

Sahyberdi JEPBAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

07.05.2024 Giňişleýin

ENELIGIŇ WE ÇAGALYGYŇ GORAGLYLYGY— ýagty ertirleriň aladasy

 

Maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy, sagdyn nesliň kemala getirilmegi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijilerini kesgitleýär. Sagdyn, bagtly enelik we çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty döwrüň ösen talaplaryny nazarlaýar. Munuň özi her bir ojakda maşgala gatnaşyklarynyň has-da berkemegine täsir edip, hut şu gymmatlyklaryň sarpalanmagy bilen, berk binýatly geljegi gurmagyň ähmiýetiniň aýratyn ünsde saklanýandygyny görkezýär. Çünki maşgalalaryň abadançylygy bilen jemgyýetiň jebisligi, halkyň döwletliligi pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda, bu umumymilli gymmatlyklar esasynda Watanyň daýanjy bolan ýaşlaryň belent ahlak sypatlary-da kemala gelýär. 

Şu ýylyň fewralynda Milli Liderimiziň başlyklygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda durmuş syýasaty ulgamynda iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyş ýaly meselelere degişli kanunçylyk seljerilip, zerur işler bellenildi. 

Täze taryhy döwürde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini has ösdürmek, her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky tagallalar ynsanperwerligiň belent nusgasyny, durmuş syýasatynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna lukmançylyk hyzmatlarynyň hödürlenendigi we nesilleriň ýagty geljege umydyny pugtalandyrmaga goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen bu merkeziň netijeli işine halkara derejede ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara geçirilen operatiw bejergiler, edilen saglygy goraýyş hyzmatlary durmuş syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Howandarlyga mätäçlere berilýän ýardamyň mugt görnüşde amala aşyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny, sazlaşykly ösüşini hem şöhlelendirýär. 

Islendik döwletiň tejribesini seljersek, durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary görkezijileri gazanmagynyň şertlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleriniň, jemgyýetde kömege mätäç toparlara durmuş taýdan berilýän goldawyň zerurdygy ýüze çykýar. Has takygy, ýurtda eneligiň we çagalygyň, maşgalanyň goraglylygyny, durmuş üpjünçiligini, saglygyny, mynasyp zähmet çekmäge we dynç almaga hukugyny üpjün etmek wajyp wezipeleriň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz milli döwletliligiň berkarar bolmagynda maşgala gymmatlyklarynyň sarpalanmagyna aýratyn üns berýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, bagtyýar, ynsanperwer, milletiň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirýändigi üçin sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Häzirki wagtda çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi her bir çaga onuň üç ýaşy dolýança binýatlyk ululygynyň 75 göterimi möçberinde bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyz çykyşlarynda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmekde, onuň hukuk binýadyny berkitmekde halkara tejribä aýratyn ähmiýet berýär. Hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, kabul edilýän döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleri wagtynda durmuşa geçirmek amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan, maşgala gatnaşyklary babatdaky kanunçylyk namalary yzygiderli berkidilýär. 

Maşgala kodeksine girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar çagalygyň goralmagy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň umumadamzat gymmatlyklary ruhunda kemala gelmegi üçin şertleriň hukuk kepilliklerini döredýär. Kodeksiň 3-nji maddasynda eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmeginiň, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmeginiň bu kanunçylygyň maksady bolup durýandygynyň bellenmegi maşgalanyň hukuk gatnaşyklarynyň kanun arkaly kepillendirilýändigini aňladýar. 

Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hukugyň ykrar edilen ýerinde, elbetde, borjuň hem ýüze çykýandygyny bilýäris. Çagany ekläp-saklamak, edep-terbiýeli, bilimli-hünärli edip ýetişdirmek, öýli-işikli etmek ýaly jemgyýet tarapyndan ykrar edilen kadalar milletimiziň ata-baba dowam etdirilip gelinýän asylly ýörelgesine esaslanýar. Her bir ata-ene öňden ýörelgä öwrülen milli gymmatlyklary çelgi edinip, perzendini jemgyýetçilik ýaşaýşyna ýaramly, ukyply şahsyýet edip ýetişdirmegi bilen bagly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýär. Çagalara mertlik, edeplilik, watansöýüjilik ýaly türkmeniň ganyna siňen belent adamkärçilik sypatlary, ilki bilen, maşgalada öwredilýär. 

Döwlet aladalarynyň her biri ýaş nesilleriň geljegini, maşgalalaryň abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň täze belentliklerini nazarlaýar. Munuň şeýledigine mähriban enelerimiziň alkyşlaryndan we zenanlaryň buýsanjyndan joşgun alyp, bagtyýarlyk aýdymy bolup ýaňlanýan hüwdülere diň salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

 

07.05.2024 Giňişleýin

ŞYGYRLARY BAGŞYNYŇ AÝDYMLARYNDA

 

Akyl­dar­ şa­hy­ry­myz­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­ny­ öw­re­ni­ji­ alym­lar,­ mirasgär­ler,­ ýa­zy­jy­lar,­ heý­kel­ta­raş­lar,­ su­rat­keş­ler,­ bag­şy-sa­zan­da­lar... söz­ us­sady­nyň ­di­ňe ­özü­ni­ däl,­ eý­sem,­ dö­re­di­ji­li­gi­ni hem­ dün­ýä tanatdylar. ­Mu­ňa­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň­ Ber­di­ Ker­ba­ba­ýew tarapyndan re­dak­tir­le­nen­ il­kin­ji­ goş­gu­lar­ ýy­gyn­dy­sy,­ Türk­me­nis­ta­nyň halk­ ar­tis­ti­ Nu­ry ­Hal­mämme­do­wyň­ akyl­da­ryň­ «Pu­ka­ra­ýam»­ at­ly goşgusy­na ­dö­re­den ­ro­man­sy,­Türk­me­nista­nyň ­halk ­ar­tis­ti­ Al­ty Garlyýewiň­ su­ra­ta dü­şü­ren­ «Mag­tymgu­ly»­ at­ly­ çe­per ­fil­mi,­ ha­ly­pa­ ýazyjy­myz Ber­di­ Ker­ba­ba­ýe­wiň goş­gy­ bi­len­ ýa­zan­ «Mag­tym­gu­ly»­ at­ly dra­ma­sy­nyň­ Türkme­nis­ta­nyň­ halk­ artis­ti­ Aman­ Gul­mämme­dow­ tarapyndan il­kin­ji­ ge­zek ­sah­na­laş­dy­ryl­ma­gy,­Türk­menis­ta­nyň­ halk­ ar­tis­ti­ We­li­ Mu­ha­do­wyň ­il­kin­ji bo­lup,­ «Mag­tym­gu­ly­nyň­ ýa­dy­gär­li­gi­ne»­ at­ly­ sim­fo­ni­ýa­sy­nyň­ dö­re­dil­me­gi­ my­sal bo­lup ­bi­ler.­ Py­ra­gy­nyň ­şygyrlaryny sa­za sa­lyp, ­il-gü­nü­mi­ze­ ýaý­mak­da ­go­şant­ goşan­ us­sat­la­ryň ­bi­ri­ hem Türk­me­nis­ta­nyň halk ­ar­tis­ti,­ Mag­tym­gu­ly­ adyn­da­ky­ hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň ­eýe­si­ Sa­hy­ Jep­ba­row­dyr. 

Gar­ry atam ­Sa­hy­ Jep­ba­row­ Ahal ­bagşy­çy­lyk ­ýolunda ­il­kin­ji­le­riň bi­ri ­bo­lup, ­halk aý­dym­la­ry­my­zyň­ dü­zü­mi­ne­ tä­ze­lik­le­ri gi­ri­zipdir.­ Ozallar­ di­ňe­ saz­ hök­mün­de çal­nyp­ gel­nen­ «Gy­zy­lin­jik»,­ «Gy­zyl­ börük»,­ «Şi­rin-şe­ker»,­ «Ýu­sup ­ow­gan»­ ýa­ly du­tar ­saz­la­ry­nyň­ he­ňi­ne ­bag­şy «Oýan»,­ «Düş­di­ na­za­rym»,­ «Ogul­bi­ke»,­ «Bu ­gün»­ ýa­ly­ uly meş­hur­lyk­ ga­za­nan­ aý­dym­la­ry dö­re­dip­dir.­ Şeý­le­lik­de,­ tä­ze ­bir­ ym­ty­ly­şa ga­dam­ basan­ Sa­hy­ Jep­ba­row­ ha­ly­pa şa­hyr­la­ryň­ goş­gu­la­ry­na ­aý­dym­la­ry ­dö­redip ­baş­lap­dyr.­ Be­ýik ­Mag­tym­gu­ly­nyň ­şygyr­la­ry ­ja­dy­ly sa­zyň syr­ly­ mukamla­ryn­da he­ňe­ gel­mek­ bi­len,­ Sa­hy­ Jep­ba­ro­wyň ýe­ri­ne­ ýetirmeginde aý­dym ­bo­lup­ dö­räpdir. ­«Ýu­sup­ ow­gan»,­ «Tap­ma­dym»,­ «Ýarahym»,­ «Ýan­dym»,­ «Ky­ýa­mat ­per­de­si»,­ «Sa­par­mäm­met»,­ «Pe­lek­ öm­rüm »,­ «Ýow­ bag­şy»,­ «Ha­tyr­jeň»,­ «Now­gül»­ ýa­ly­ on­lar­ça­ halk­ sazlary­nyň­ gym­ma­ty has-da­ ar­typ­dyr. ­Oňa ­Sa­hy­ Jep­ba­row ­tara­pyn­dan akyl­dar­ şa­hyr­ Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­den­ aja­ýyp ­şy­gyr­la­ry­nyň­ şol ­saz­la­ra sal­nyp ­aý­dym ­edil­me­gi ­se­bäp ­bo­lup­dyr.­ Mu­ňa­ «Bu ­gün»,­«Är­ ýa­nyn­da bel­li­dir», ­ «Gö­zel­sen», ­«Gö­rü­ner»,­ «Py­gan­ eg­lenmez»,­ «Yk­bal­ bolmady»,­ «Daş­ dö­ker»,­ «Jem­ bo­lup» ­ýa­ly­ en­çe­me ­goş­gu­lar­ de­lil bo­lup bi­ler. 

 

Sahyberdi JAFAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

02.05.2024 Giňişleýin

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

 

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynda özara düşünişmek arkaly tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Şunda halklaryň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. 

Zandynda dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak ýaly häsiýetler jemlenen halkymyz birek-birege ynanyşmak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar, ýagny gepleşikler arkaly çözmek ýörelgesine ygrarly bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz parahatçylygy gazanmak medeniýetiniň mazmunyny kämilleşdirip, türkmen Bitaraplygynyň berk binýadyny emele getiripdirler. Islendik çylşyrymly meselede türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjiligi çelgi edinen maksatlarynyň syýasy jedellerde, düşünişmezliklerde, döwletleriň birek-birege garşy ulanýan hukuk taýdan gadaganlyklaryndan ýa-da ýaragly güýçlerinden rüstemdigi, onuň parasada, adamzadyň abadançylygyna gulluk etmäge daýanýandygy biziň günlerimizde hem nusgalyk mysala öwrüldi. 

Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylýandygy hakynda Kararnamanyň kabul edilendigi barada hoş habar aýdyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi dialog arkaly parahatçylygy berkitmegi nobatdaky gezek öňe sürýän Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan ykrar edilýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Täze taryhy eýýamda türkmen Bitaraplygynyň nusgasynda parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, ählumumy çylşyrymly meselelerde ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde işjeň we netijeli dialogy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurtlaryň özbaşdaklygyny, adam hukuklaryny hormatlamak, durnukly ösüşi goldamak ýaly gymmatlyklarydyr maksatlary ilerletmekde-de möhüm orny eýeleýär. 

Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, döwletiniň syýasy gurluşyna, ilatynyň sanyna, ykdysady mümkinçiliklerine garamazdan, adamzadyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge Milletler Bileleşiginiň agzalary deň derejede gatnaşýarlar. Şunda senagat önümlerini öndürmegiň çaltlandyrylan usullarynyň ýüze çykarylmagy, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tygşytlylyk hem-de ekologiýa abadançylygy, ynsan saglygy ýaly dünýäde barha giň gerim alyp, goldaw tapýan ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi bagtyýar ýaşaýşy nazarlaýar. Bu geoykdysady we geosyýasy gatnaşyklarda ýurtlaryň arasynda öňe sürlen dürli garaýyşlaryň, bähbitleriň umumylygyny gazanmakda türkmen Bitaraplygy jedelleriň gepleşikler, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine itergi bermäge ukyplydyr. 

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoly bolup, ol dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar. Döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyga netijeli goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini geçen ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Kararnamalar hem aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2020-nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýyl saýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr. 

Geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary türkmen Bitaraplygynyň mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyň ýüze çykardy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şonuň ýaly-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigini, Türkmenistanyň hyzmatdaşlaryny oňa girişmäge hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady sebit ýurtlarynyň hem-de dünýä bileleşiginiň, halkara guramalaryň, dünýäniň iri maýadarlarynyň, kompaniýalarynyň bähbitlerini utgaşdyrmakdan, sebiti durnukly ösdürmegi üpjün etmekden we döwrüň ählumumy meselelerine gönükdirilen çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ilkinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi. 

Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlaryň halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna-da oňyn täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

02.05.2024 Giňişleýin

BILIM BINÝADY BERKEÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda bagtyýar çagalarymyza döwrebap ylym-bilim bermekde degerli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bagtyýar nesillerimize dünýä ölçeginde ylym-bilim, asylly terbiýe bermek üçin ähli şertler döredilýär. Hut şu maksat bilen biz — mugallymlar bilim ulgamynda ajaýyp zamanamyzyň bezegi bolan ýaş nesliň erkana ösmegi, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, kämil nesiller bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen janaýamazakly zähmet çekýäris. 

Ajap eýýamymyzda mekdebimiziň agzybir mugallymlary bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegimiz bolan bagtyýar çagalar üçin edýän bimöçber aladalaryny, öwüt-ündewlerini, sargytlaryny ýaş nesle giňden düşündirýäris. Mugallymlar we okuwçylar üçin döredilýän ajaýyp şertlere jogap edip, biz ýaş nesle bilim-terbiýe berlişini ýokary derejä çykarmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Bu ugurda bizde öz işine berlen, kämil mugallymlaryň ençemesi bar. Olaryň birleşen tagallasy bilen mekdebimiz ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde göreldeli mekdep hökmünde tanalýar. 

 

Aýjemal ALLANOWA. 

                                                                                                              Murgap etrabyndaky 28-nji 

                                                                                                orta mekdebiň iňlis dili mugallymy,                                                                                            Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

02.05.2024 Giňişleýin

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň möçberli döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan goldamak, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şol işler, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu babatda aýdylanda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça birnäçe kanunlar kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 

Maşgala ynsan durmuşynyň gözbaşy hasaplanýar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Şonuň üçin il arasynda agzybir maşgala döwletli maşgala hasaplanýar. Türkmen halkymyz maşgala bitewüligini ähli zatdan ýokary goýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. 

Her bir maşgala jemgyýetimiziň gülläp ösmegine uly goşant goşýar. Şonuň üçin sagdyn pikirli, sagdyn bedenli maşgala sagdyn jemgyýetiň gözbaşynda durýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «Jemgyýetiň bir bölegi bolan her bir türkmen maşgalasyndaky saklanyp galan däp-dessurlar biziň döwletimiziň milli medeni gymmatlyklary bolup durýar». 

Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik raýat jemgyýetiniň agzybirliginiň gözbaşydyr. Şahsyýetiň ahlaklylygynyň, edebiniň hut maşgalada düýbi tutulýar we onuň jemgyýetde özüni alyp barmagynyň, medeniýetli gylyk-häsiýetiniň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Çagany ösdürip ýetişdirýän we terbiýeleýän ýaş maşgala uly durmuş ýüküni çekýär. Şol esasynda ýaşlary durmuşa taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyga, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip durulýar. 

Türkmen maşgalasynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. 

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

02.05.2024 Giňişleýin
1 ... 22 23 24 25 26 ... 60