Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda halk demokratiýasy barha dabaralanýar. Bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanyp, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr
Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiň, rowaçlygyň pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da, adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär.
Il bähbitli meseleleriň maslahatlaşylyp çözülmegi gadymdan gözbaş alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň döwlet gurluşy babatda toplan tejribelerini, döwrüň talaplaryny, taryhy däp-dessurlary özünde jemlemek bilen, asylly ýörelgeleriň häzirki zaman dowamatyny alamatlandyrýar.
Döwleti dolandyrmakda, ýurdy gülledip ösdürmekde demokratiýa, hukuk we döwletlilik ýaly özara sazlaşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän, berk sütünli, çuň manyly ýörelgelere daýanýan döwlet syýasaty, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda bolsa halkyň we döwletiň birligi esasy şertleriň hatarynda öňe çykýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz halk bilen bitewüligiň aýdyň nusgasyny kemala getirýärler. Her bir işi «ýedi ölçäp, bir kesip», örän sabyrlylyk, yhlaslylyk bilen ýerine ýetirýän, Türkmenistany gülläp ösýän ýurda öwren halkymyzyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda türkmen topragynda ajaýyp şäherler, şäher bilen bäsleşýän obalar, yklymlary birleşdirýän döwrebap ulag ýollary, demir ýol, awtomobil, howa menzilleri, dünýä derejeli ylym-bilim ojaklary gurlup ulanmaga berildi we bu beýik işler batly depginde dowam etdirilýär. Halkymyzyň abadan, asuda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, ýurdumyzyň sebitlerini gurşap alýan toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde obalar özgerýär, senagat önümçiligi giňeldilýär. Türkmenistan ösen senagat ýurduna öwrülýär.
Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar. Döwlet häkimýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Olaryň agzalary degişli dolandyryş çäk birliklerinde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar. Býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar. Kanunçylygyň berjaý edilişine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna ýardam edýär. Şol bir wagtda onuň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşygynyň ýola goýulmagy-da üns berilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ildeşlerimiz häzirki günlerden bu iri syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýarlar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýar.
Kakamämmet NEPESOW, Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.