Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.08.2025

MILLI TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Şunda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine, il-güne, Watana wepaly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Baý medeni mirasy bolan türkmen halky adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan millet hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Hut şonuň üçin hem milli medeniýetimiz täze taryhy döwürde giňden dünýä ýaýylýar. 

     Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi «Kowusnamada», «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly şadessanlarda, şeýle hem halk döredijiliginde doly beýan edilýär. Akyldar Magtymgulynyň, Döwletmämmet Azadynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasynda terbiýeçilik baradaky pikirler öň hatarda goýulýar. «Görogly» şadessanynda pähimdar Jygalybeg özüniň toplan durmuş, terbiýeçilik tejribesini, akyl-paýhasyny dürli ýagdaýlaryň, usullaryň üsti bilen agtygy Görogla geçirýär. Paýhasly Oguz handan, Gorkut atadan, pähimdar Jygalybegden, Göroglydan gözbaş alýan türkmen milli 

terbiýeçilik mekdebi wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, çeper edebiýatda öz giňişleýin beýanyny tapýar. Terbiýeçilik tejribesiniň gymmatly hazynasynyň köp bölegi dilden-dile geçip, biziň günlerimize gymmatyny birjik-de ýitirmän gelen halk döredijiliginde jemlenendir. 

     Nakyllar, dana sözler, rowaýatlar, tymsallar nesilleriň durmuş paýhasynyň çäjiniň içinden elenip alnan tylla dänejiklerdir, olarda yrýa söz ýok. Ata-babalarymyzyň bu gymmatly mirasy bahasyna ýetip bolmajak gollanmalardyr. Rowaýatlardaky, tymsallardaky, nakyllardaky durmuş tejribelerini jaýdar, ýerlikli ulanylmagynyň halkyň aňyna, ýaşlaryň terbiýeçilik işine edýän täsiri islendik döwürde hem netijeli häsiýete eýe bolýar, terbiýeçilik işinde deňsiz-taýsyz öwüt-nesihat guralyna öwrülýär. Adamzat durmuşynda gabat gelýän dürli ýagdaýlardan, meselelerden söhbet açýan rowaýatlardaky wakalaryň köpüsi iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, yzygiderli taraşlanyp, diýseň çuň manylary özünde jemleýär. Olardaky düşünjeleriň, pikirleriň aglabasynda ynsan gatnaşyklary, halallyk, dogruçyllyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ilkinji orunda durýar. Belent adamkärçiligi öwüt edýän rowaýatlaryň, tymsallaryň düýp manysy, esasan, milli ýörelgä esaslanýan terbiýe mekdebini kemala getirmek bolup durýar.

     Ýüzýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýan milli däp-dessurlarymyzdaky asyllylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik ýaly ýörelgeler ýaşlaryň durmuşyna özboluşly şugla saçýar. Halallyk, edep-terbiýelilik baradaky paýhas ummanyny emele getirýän rowaýatlardyr tymsallar, nakyllar her bir ynsan üçin nusgalyk mekdepdir.

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA,

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.