Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

POLAT ÝOLLAR ALYSLARY ÝAKYNLADÝAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz üçin ösüş-özgerişleriň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen halky Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde tutan ýerli zähmet çekýär. 

Şeýle ösüş depgininiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da dowam edýändigi belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, ulag ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hemişe möhümdigine galýar. Ulag ulgamynda “Demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine jogapkärli wezipe düşýär. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň durnukly işine mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz döwletimiziň ulag ulgamynyň, aýratynam, ýokarda ady agzalan paýdarlar jemgyýetiniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen wajyp wezipeleriň çözgüdine badalga berilýär. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň polat ýollaryndan dürli görnüşli ýükleri bellenilen ýerlere ýetirmekde gowy görkezijiler gazanylýar. Demir ýolçularymyzyň birleşen tagallalary bilen dürli maksatly ýükleriň öz wagtynda bellenilen nokatlara ýetirilmegi ygtybarly üpjün edilýär. Elbetde, bu wezipäniň aladasam, jogapkärçiligem ýetik. Şeýle-de bolsa, demir ýolçular öz öňlerinde durýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. 

“Demirýollary” AGPJ-niň 31-nji şahamçasynyň Mary stansiýasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýoly boýunça nobatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

04.04.2024 Giňişleýin

TELEKEÇILIK YKDYSADYÝETIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

Türk­me­nis­tan­da bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. 2024-nji ýylda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, sebitleriň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, maýa goýumlaryň netijeliligini, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň, hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, kiçi hem orta telekeçiligiň işini ilerletmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. 

Maksatnamada daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly, ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna seredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlary köpeltmek, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. 

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmaga, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we hyzmatlar böleginiň işini ilerletmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalarynyň, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak hakynda-da belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak maksady bilen, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek; döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak; Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly wezipeler öňde goýulýar. 2024-nji ýyl üçin degişli Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, hususy pudagyň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, zenanlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça-da amatly şertler döredilýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de maslahat guralyp, bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Geçen döwrüň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bolsa bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzalary bazar ykdysadyýetine esaslanýan giň gerimli özgertmeleri, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegi, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmegi, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmek arkaly, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy nazarlaýan döwletli tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we telekeçiler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

03.04.2024 Giňişleýin

ŞÄHERE GÖRK GOŞAN MUKADDES YMARAT

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etra­bynyň Änew şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy we ol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň agzaçar sadakasyny bermegi täze taryhy döwrümizde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýmak, ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de däplerini baýlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Mukaddes Oraza aýynyň nurana günlerindäki bu waka Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin-medeni çärelere baý öwüşgin çaýdy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2022-nji ýy­lyň 3-nji ma­ýyn­da san­ly ul­gam arkaly ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň we­laýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri ila­tyň ha­ýy­şy­ny na­za­ra alyp, se­bit­ler­de met­jit hem-de onuň ýa­nyn­da sa­da­ka ber­mek üçin ni­ýet­le­nen ja­ýy gur­mak ba­ra­da­ky tek­lip bilen döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýüz­len­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow met­ji­di we onuň ýa­nyn­da sa­da­ka be­ril­ýän ja­ýy gurma­gyň so­gap iş­leriň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­mak bi­len, we­la­ýat­la­ryň häkimle­ri­niň tek­lip­le­ri­ni ma­kul­la­dy. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şol ýy­lyň 24-nji iýu­nyn­da we­la­ýa­tyň il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ry­dyr din wekil­le­ri­niň gatnaş­ma­gyn­da Änew şä­he­ri­niň çägin­de, «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­sy­na alyp bar­ýan tä­ze aw­tou­lag ýo­lu­nyň ug­run­da, te­bi­ga­tyň ba­gy-bos­san­ly­ga bürenen gö­zel kün­je­ginde tä­ze met­ji­diň düý­bi da­ba­ra­ly ýag­daý­da tutuldy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­keçi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Aga gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk­çy-hü­närmen­le­ri met­ji­diň we sa­da­ka ja­ýy­nyň gur­luşy­gy­ny ýo­ka­ry ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýetirip, bel­le­nen möh­let­de ta­mam­la­dy­lar. Mu­kad­des Ora­za aýy­nyň şu so­gap­ly gün­le­rinde - 27-nji mart­da tä­ze met­ji­diň açy­ly­şy­na ha­jy Arkadagy­my­zyň gat­naş­ma­gy we ag­za­çar sa­da­ka­sy­ny ber­me­gi welaýatymy­zyň ila­tynyň şat­ly­gy­ny has-da go­şa­lan­dyr­dy. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze metji­de aý­la­nyp gördi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne ­Ar­ka­dag­ly hajy Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň adyn­dan tä­ze met­ji­diň hyz­mat­la­ry üçin ni­ýetle­nen aw­tou­lag­la­ryň açar­la­ry­ny gow­şur­dy. 

Met­ji­diň daş­ky gör­nü­şin­de bol­şy ýa­ly, onuň iç­ki ti­mar­la­ýyş işlerinde mer­mer, gra­nit ýa­ly gym­mat ba­ha­ly se­riş­de­ler ýoka­ry de­re­je­de peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ke­ra­mat­ly Gur­ha­nyň sü­re­le­ri­ni be­ýan ed­ýän ýaz­gy­lar met­ji­diň be­ze­gin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz met­ji­diň açy­ly­şy my­na­sybet­li eden çuň ma­ny­ly çy­ky­şyn­da bu hak­da aý­ra­tyn durup geç­mek bi­len, şan­ly gün­ler­de mu­kad­des Änew top­ra­gyn­da gadymy hem-de hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik däp­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze, döw­re­bap met­ji­diň ulan­ma­ga be­ril­me­gi parz iş­le­ri­mi­ziň do­wa­mat dowam­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu met­ji­diň umu­my meý­da­ny 6 gek­ta­ra ba­ra­bar. Bu ýerde bir wag­tyň özün­de 500 adam namaz okap bil­ýär. Dört mi­na­ra­sy­nyň her bi­ri­niň bo­ýy 50 met­re deň­dir. Güm­me­zi­niň be­ýik­li­gi bol­sa, 30 met­re deň bo­lup, ol bir aýyň gün sanyny aňlad­ýar. Uly güm­me­ziň gy­ra­syn­da 24 pen­ji­re bo­lup, ol bir gi­je-gün­di­zi ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Met­jit­dä­ki we bu ýer­de gur­lan 500 orunlyk sa­da­ka ja­ýyn­da­ky çyrala­ryň şe­kil­le­ri, güm­me­zi­niň we di­war­la­ry­nyň na­gyş­la­ry bugdaý şeki­lin­de bo­lup, ol Äne­wiň ak bug­da­ýyň we eke­ran­çy­ly­gyň il­kin­ji mekan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Met­ji­diň we sa­da­ka ja­ýy­nyň içi­niň gök na­gyş­la­ry Se­ýit Je­ma­leddin met­ji­din­de ula­ny­lan şe­kil­le­riň reň­ki­dir. Di­war­la­ry­na ne­sil­ba­şy­myz Oguz ha­nyň ny­şa­ny­ny aň­lad­ýan sekiz burç­ly na­gyş­lar çe­ki­len met­ji­diň mäh­ra­by­nyň ýo­kar­syn­daky ýa­şyl reňk­li uly yşyk­lan­dy­ry­jy­da arap­ça «Al­la» di­ýen ýaz­gy bar. Met­ji­diň we sa­da­ka ja­ýy­nyň için­dä­ki ha­ly­lar­da­ky na­gyş­lar hem Oguz ha­nyň nyşanlaryn­dan alyn­dy. 

Gah­ry­man ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­dy­my top­rak­da ýer­leş­ýän, halk ara­syn­da «Se­ýit Jema­led­din met­ji­di» ady bi­len bel­li bo­lan metji­diň öň ýü­zün­dä­ki, Mer­ke­zi Azi­ýa­da baş­ga ýer­de ga­bat gel­me­ýän meň­zeş aždarha­la­ryň şe­ki­li­niň nus­ga­sy ba­ra­da aý­dan­la­ry, şeý­le-de bu yma­rat­da şe­ki­li çe­ki­len až­dar­ha­lar ba­ra­da gür­rüň be­ren ro­wa­ýa­ty uly tä­sir­le­ri döret­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, ro­wa­ýat­da až­dar­ha­lar Äne­wiň ila­ty­na hos­sar­lyk eden jan­dar­lar hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Şo­nuň bilen bag­ly­lyk­da, ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň geç­miş mi­ra­sy­my­za sar­pa goý­mak, taryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­ri­mi­zi hor­mat­la­mak däp­le­ri­mi­ze eýe­rip, ke­ra­mat­ly top­rak­da bi­na edi­len tä­ze met­ji­di «Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di» di­ýip at­lan­dyr­mak bo­ýun­ça or­ta atan tek­li­bi gyz­gyn gol­daw tap­dy.

 Ora­za aýy hal­ky­myz­da sa­ha­wa­tyň we kana­ga­tyň, ha­lal­ly­gyň we ha­ýyr­ly tu­tum­la­ryň aýy hök­mün­de de­re­je­len­ýär. Bu aý­da Be­ýik Biribaryň ke­la­my bo­lan mu­kad­des Gur­hany-Ke­ri­me uý­lup, di­ni adat­lar ber­jaý edil­ýär, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän aja­ýyp ýö­rel­gele­re eýe­ri­lip, Ora­za tu­tul­ýar, agyz bek­len­ýär, sa­da­ka­lar be­ril­ýär, ýag­şy do­ga-di­leg­ler edilýär, so­gap­ly iş­le­re giň orun be­ril­ýär, met­jitler­de ta­rawa na­ma­zy okalýar. Şeý­le mü­bä­rek gün­ler­de «Al­la­nyň öýi» ha­sap­lan­ýan met­ji­diň açyl­ma­gy we ol ýer­de ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň be­ril­me­gi pa­ra­sat­ly ata-baba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ha­ýyr­ly iş­le­ri ýag­şy gün­ler bi­len baglanyşdyr­mak, mu­kad­des­lik­le­ri sar­pa­lamak ýa­ly däp­le­ri­mi­ziň rowaçlan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny bol­dy. Aý­ra­tyn be­gen­dir­ýän zat­la­ryň biride, mu­kad­des Ga­dyr gi­je­si­niň hor­ma­ty­na ýur­du­my­zyň beý­le­ki welaýat­la­ryn­da hem tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lary, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çözgütleri özün­de jem­le­ýän, ys­lam me­de­niýe­ti üçin hä­si­ýet­li bo­lan bezeg esas­la­ryn­dan ugur al­nyp bi­na edi­len met­jit­le­riň açy­lyp, ulanylmaga be­ril­jek­di­gi­dir. 

«Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di» diý­lip at­landy­ry­lan tä­ze met­ji­diň açylma­gy my­na­sy­bet­li Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ren ag­za­çar sadaka­sy­nyň, edi­len aýat-tö­wir­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny arzuw ed­ýä­ris. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

03.04.2024 Giňişleýin

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW: — ÖSÜŞ BIZIŇ ALYP BARÝAN SYÝASATYMYZYŇ BAŞ MAKSADYDYR

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenildi. Öňde durýan aýdyň wezipeleri üstünlikli amal etmekde bagtyýar türkmen ýaşlaryna-da uly orun degişlidir. Çünki durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler, giň gerimli işler, ilkinji nobatda, halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň röwşen geljegini gurmaga gönükdirilýär. Bildirilýän belent ynam, döredilýän döwrebap mümkinçilikler bolsa ýaşlarymyzy täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. 

«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, beýik işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna uzak möhletleýin ösüş maksatnamalary ägirt uly täsirini ýetirýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň özeninde halkyň bähbidini ýokary derejä göterip, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşy hem Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigini ýene bir ýola äşgär görkezdi. Jemgyýetimiziň agzybirligi, jebisligi, ähli ulgamlarda joşýan döredijilikli, öndürijilikli zähmet Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp döwrüniň häsiýetli aýratynlygydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary esasynda alnyp barylýan beýik işler arkaly has-da berkidilýän, nusgalyk derejä göterilýän agzybirligiň, jebisligiň, joşgunly, döredijilikli zähmetiň netijesinde, ýurdumyzda geljegi uly, milli bähbitlere gönükdirilen hem-de umumadamzat ähmiýetli iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda adam, onuň bagtyýar, abadan durmuşy hakyndaky alada esasy üns merkezinde durýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ilatyň iş üpjünçiligini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmagynda, ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde hem-de özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly wezipeleriň bu Maksatnamada esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky güwäsidir. Bu bolsa gönüden-göni ýaşlaryň hukuklary, durmuş taýdan goraglylygy we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Maksatnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçiriler. Häzirki wagtda onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary hem alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň bu hakda aýratyn nygtamagy özboluşly many-mazmuna eýedir. Ynsanperwer durmuş syýasaty esasynda ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy doly üpjün edilýär. Milli Liderimiz çykyşynda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek işini mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmagy, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi döwrüň derwaýys meseleleri hökmünde kesgitledi. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen haýyr-sahawat işine uly ähmiýet berilýändigi, şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň saglygyny goramak, berkitmek bilen bagly edilýän tagallalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

Ýaşlary durmuş taýdan goldamak, olara dürli ugurlarda goldaw bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Mejlisde Milli Liderimiz kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň derwaýysdygyny nygtady. Şunda ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek baradaky meselä hem aýratyn üns çekildi. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde ýurdumyzyň ýaşlarynyň syýasy-ykdysady, medeni özgertmelere has giňden goşulyşmagyny, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler bilen bir hatarda, ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklarynyň doly ýüze çykmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek ýaly wajyp wezipeler durýar. 

Milli Liderimiziň ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky aýdanlary hem hut şeýle belent maksatlary nazarlaýar. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriň, kabul edilen resminamalaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklary, maslahatlary geçirip, halky olar barada gyzgyny bilen habarly etmegiň, döredijilikli işlere ruhlandyrmagyň zerurdygy barada-da aýratyn bellenildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsirli çykyşlary guramak, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy, jemgyýetçilik ahlagyny wagyz-nesihat etmek işlerini dowam etdirmek bilen bagly hem anyk tabşyryklar berildi. Elbetde, şunda ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşiklerine, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hem möhüm orun degişlidir. Çünki guramanyň ýaş nesilleriň bilim-terbiýesi, olary sagdyn durmuşa ruhlandyrmak bilen bagly alyp barýan işleri kämil jemgyýeti gurmakda uly ähmiýete eýedir. 

Ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmatyny giň jemgyýetçilige, esasan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek, olarda Watana bolan beýik söýgini, ene-ata çäksiz hormat-sarpany, nesilleriň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemek biziň jana-jan borjumyz, esasy wezipämizdir. Milletiň ykbaly göterilen bu ajaýyp döwürde amala aşyrylýan her bir iş Watanyň, halkyň bähbidine gönükdirilýär. Mejlisde Milli Liderimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan: «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr» diýen ajaýyp jümlesini mysal getirmegi ýaşlaryň watansöýüjilik duýgularyny has-da belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen dürdäne sözleri bolsa maksatly menzillerde hemmämize çelgidir. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,

 Mejlisiň deputaty

 

03.04.2024 Giňişleýin

GENDER EQUALITY IS A FACTOR IN ACHIEVING SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS

The social status of a woman in every country is assessed by a number of indicators, one of which is equal rights and opportunities for women and men. The term of gender equality implies a society with equal opportunities, rights and responsibilities for men and women in all areas of life. It is now widely accepted that gender equality is a key aspect of sustainable development strategies. 

Turkmenistan under the leadership of esteemed President Serdar Berdimuhamedov is pursuing the gender policy that promotes the equal participation of women in all spheres of political, economic, social and cultural life of the country. Our state creates conditions under which women can take an active part in the life of the country and society. Today, women of Turkmenistan demonstrate their best professional and personal qualities in a variety of spheres, hold key positions and work in advanced areas of activity. One of the striking examples of the high results and international prestige of Turkmen sports is the successful performance of a Turkmen athlete Polina Guryeva at the XXXII Summer Olympic Games in Tokyo, who won a silver Olympic medal for the first time in the history of Turkmen sports.

A high state award – the Order «Zenan kalby» is awarded to women who have showed outstanding results in professional and social activity. The state is taking comprehensive measures to support large families and improve their living and working conditions. The honorary title «Ene Mähri» is conferred on mothers of many children. Women are entitled to up to 3 years of an unpaid infant care leave with job preservation, nursing mothers are entitled to shortened workdays and a staggered work schedule, mothers of many children are entitled to the early retirement age and state child benefits. 

The signing of the Sustainable Development Cooperation Framework for 2021-2025 is fully consistent with the goals of strategic partnerships with the UN and its agencies. The Cooperation Framework is closely linked to the national social and economic development programmes and testifies to the commitment of our country to the 2030 Agenda for Sustainable Development and its international obligations on human rights and gender equality. 

Achieving gender equality in all spheres of life of the country remains an important milestone on the path of sustainable development of Turkmen society. 

 

Jennet OVEKOVA, 

A member of Mejlis of Turkmenistan, 

a member of the Committee on legislation and legal 

norms of Mejlis of Turkmenistan

03.04.2024 Giňişleýin

ARKADAG ŞÄHERI — SPORT ŞÄHERI

Gözellik — gudrata eýe bolan täsin güýç. Arkadag şäheri barada-da gözelligiň nusgasy hökmünde gürrüň edip bolar. Bu şähere gadamyňy basyp, görkanalyk şalygynyň ýesirine öwrüleniňde, kalbyňy sansyz pikirler eýeläp alýar. Şonda: «Arkadag şäheri ajaýyp zamanamyzyň waspyny gözelligiň üsti bilen ýetirýän ajaýyp eser» diýen pikir seriňe dolýar. Çünki ol ýöne bir şäher däl, eýsem o başyndan bu başyna edil gyzykly kitap kimin okap gidip oturmaly ajaýyp eser. 

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti sagdyn adamlaryň kemala getirýändigi barada aýdanlary bu günki gün durmuşymyzyň keşbine öwrüldi. Sebäbi ähli başlangyçlarymyzyň özenini halkyň sagdyn durmuşyna gönükdirilen işler düzýär. Muňa ekologiýanyň goragynda amala aşyrylýan işleri-de mysal getirip bolar. Sagdyn durmuşyň bu Diýarda ýörelgä öwrülendiginiň nyşany bolup ady dünýä dolan Arkadag şäheri bu günki gün köňüllerde görkanalyk döretmek bilen bir hatarda sportuň üsti bilen bagt paýlaýar. Köpetdagyň eteginiň tämiz howasy, elektromobillerdir elektrobuslaryň hereket etmegi, bagy-bossanlyklar, iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin döredilen amatlyklar, döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary gözel Arkadagy sagdynlygyň mekanyna öwürdi.

 Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylhamyndan ýyldyrym tizliginde kemala gelen ajaýyp eserdir. Ol eseri synlamak üçin dünýäniň çar künjünden müňläp ynsan gadymy Ahalyň ertekilerdäki ýaly özgerişe eýe bolan künjeginde jemlendi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň, Sport merkeziniň (Suw sport toplumynyň) binalarynyň, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, häzirki zaman sport meýdançalarynyň gurulmagy ilatyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sport hem-de ylym bilen meşgullanmaklary üçin şertleri döredip, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerinde örän ähmiýetlidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport babatda durmuşa geçiren işleri dogrusynda söz açylanda, ilki bilen türkmeniň göz guwanjy bolan bedew atlarymyz ýada düşýär. Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri ahal teke bedewleri baradaky aladalary täze derejä çykardy. «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan kemal tapan Arkadag şäheri hem ahalteke bedewlerimize bolan söýginiň gülleýän mekanyna öwrüldi. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin Halkara ahal teke atçylyk sport toplumy bilen ýanaşyp oturan Arkadag şäheriniň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döwrebap binalaryna baryp görmek hem ýeterlik. Sebäbi ol ýerlerde bedewlere esewan bolmakda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň peýdalanylmagy göwün guşuňy ganatlandyrýar. Hut şonuň üçin-de gözelligi, döwrebaplygy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän Arkadag şäheri gysga wagtda halkara sport we medeni çäreleriň, dabaralaryň geçirilýän şäherine öwrüldi. «Arkadag» futbol toparynyň ady bolsa gysga wagtda dünýä janköýerlerine mälim boldy. Ýurdumyzyň futbol boýunça çempiony, şeýle-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlygyň çäginde hem ildeşlerimize şatlykly pursatlary bagyş etdi. Taýýarlyk döwründe BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren «Arkadag» topary Russiýanyň premer ligasynyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy, Sankt-Peterburgyň «Zeniti» bilen bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnamagy türkmen futbolynyň belent derejelere galýandygynyň buýsançly duýgusyny kalplarda doldurdy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň özeninde durmuşyň täsin sazlaşygy bar. Arkadag şäheri bolsa sportuň gülläp ösýän mekany hökmünde ady dünýä dolýan Garaşsyz Türkmenistanyň sport merkezi hökmünde halkymyzyň ykraryna eýe bolýar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

03.04.2024 Giňişleýin

СЛЕДУЯ ДОБРОЙ ТРАДИЦИИ

 

Стало уже хорошей традицией Меджлиса и общественно- политических организаций давать старт презентациям книг уважаемого Героя-Аркадага и Аркадаглы  Героя Сердара. Ведь кому как не народным избранникам и активу политических партий, профсоюзных, женских и молодёжных организаций, которые напрямую работают с людьми, ведут разъяснительно-пропагандистскую работу по вопросам внутренней и внешней политики нашего государства, быть в авангарде всех общественных начинаний. А книги Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова и уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова – это очень хорошее подспорье в нашей работе с населением. 

Презентация новой кни­ги уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова «Анау – культура из глубин тысячелетий» прошла на высо­ком патриотическом подъёме. Выступавшие с гордостью го­ворили о Президенте, который в своём очень напряжённом рабочем графике, продолжая дело своего отца Героя-Аркадага, находит время для написания таких фундаментальных трудов. А то, что проделана огромная работа, говорит богатый фактаж исторических данных, приведённых в книге. Большой интерес представляют также авторские суждения уважаемого Президента, его мысли и заметки из своего дневника. Чувствуется, что они имеют глубоко личностный характер и всесторонне продуманы.

Представляя новую книгу Аркадаглы Героя Сердара, выступавшие подчёркивали бесценность огромного труда, вложенного уважаемым Президентом. Только истинный патриот своей Родины, высоко оценивающий роль туркменского народа в развитии человеческой цивилизации, мог написать такую книгу, вложив в каждую строку любовь к Отчизне. 

Воспитание гордости за свою страну, её историю и культуру, за достижения независимости – это сегодня приоритет пропагандистско-разъяснительной работы, которую ведут депутаты Меджлиса, члены халк маслахаты всех уровней и члены общественно-политических организаций. Для нового этапа развития Туркменского государства – эры Возрождения новой эпохи могущественного государства – очень важно, чтобы молодёжь почувствовала не только величие прошлого туркменского народа, но и впитала дух достижений независимости и стремление к новым вершинам прогресса. В этом плане книга Аркадаглы Героя Сердара «Анау – культура из глубин тысячелетий», описывая страницы истории, обращена и в будущее, к тем, кто продолжит нести знамя независимости. 

Презентация новой книги пройдёт сейчас во всех велаятах, и депутаты Меджлиса примут в этом самое активное участие. 

 

Байрамгозель Мырадова, 

депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по охране окружающей среды, природопользованию и агропромышленному комплексу.

02.04.2024 Giňişleýin

ENÄNIŇ ALKYŞY — WATANYŇ RYSGALY

 

Ber­ka­rar­ döw­le­tiň ­tä­ze­ eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy ­döw­rün­de hormatly ­Pre­zi­den­ti­miz­ Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň,­ Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň­ taý­syz­ ta­gal­la­la­ry ­bi­len ­mu­kad­des ojak­la­ryň­ eýe­si bolan ­mäh­ri­ban ­ene­le­ri­mi­ziň ­my­na­syp ­ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ­ýe­tiş­dir­me­gi, şeý­le hem­ ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny­ we­ bähbit­le­ri­ni, ­maş­ga­la­ny­ gol­da­mak, ene­li­gi­ we ­ça­ga­ly­gy­ go­ra­mak,­ dur­muş ­taý­dan ­go­rag­ly­ly­gy­ny ­üp­jün etmek ­ba­bat­da ­ýur­du­myz­da mak­sat­na­ma­la­ýyn ­iş­ler­ al­nyp ­ba­ryl­ýar. 

Enä, zenana hormat goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby nusgalyk ýörelge bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde çuňňur many bar: «Ene — ynsanyň kemala gelmegi üçin ýaradylan beýiklik. Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar». Mähriban Arkadagymyzyň kämil eserinde beýan tapan bu ajaýyp pikirler, ynsan üçin iň eziz bolan ene mukaddesligini Arşa göterýär. 

Zenanlar häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, olaryň aladaçyl eneler, wepaly ýan ýoldaş, mähirli uýalar, gyzlar hem­-de maşgala ojagynyň eýesidigini bellemek gerek. 

Türkmenistan döwletimiziň milli senenamasynda mynasyp orun alan Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Bahar paslyna meňzedilýän zenanlarymyzyň baýramynyň baharyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özünde uly many bar. Halkara derejede giňden bellenilýän 8-­nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-­gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal­-gyzlaryna, talyp gelin-­gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara pul sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi körpeje gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň aýratyn alada bilen gurşalyp, olara uly hormat goýulýandygyndan nyşandyr. 

Ata­-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda mukaddeslige deňelýän ene mähremligine aýratyn hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur­-gaýratyna uly hormat goýup, 2008-­nji ýylyň 3­-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady döredildi. 

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edilenden bäri sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde bir wagtlaýyn baýrak tölenilýär. «Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda ýüzlerçe enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak barada hormatly Prezidentimiz Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň ýa­-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär. 

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden, olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý ­jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige esaslanýan durmuş syýasaty halkymyzyň ähli toparlaryny gurşap alyp, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kanunçylyk binýadymyz ilatymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň berk hukuk esasy bolup hereket edýär. Sebäbi Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. 

Döwletimiz tarapyndan zenanlara berilýän ýeňillikler, olaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän zerur şertler, kanuny kepillikler bagtyýar zenanlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ýurdumyzda durmuş taýdan goraglylygyň köp dürli görnüşleri zenanlara maşgala aladalaryny we hünär borçlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga, öý ojagyny saklaýjynyň wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaga, çagalary terbiýelemäge we ýurdumyzyň önümçilik hem­-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga doly mümkinçilik berýär. 

Döwletimiziň dürli pudaklarynda işjeň zähmet çekýän zenanlarymyzyň zähmetine döwletimizde ýokary baha berilýär. Munuň şeýledigini 2014-­nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem subut edýär. «Zenan kalby» ordeni bilen ýurdumyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan aýratyn goşandy, döwletimizde hereket edýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde aýratyn hyzmatlary, oba hojalygynda, senagatda, aragatnaşykda, lukmançylykda, bilim we ylym ulgamynda, medeniýeti, edebiýaty, sungaty, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri, aýratyn­da, maşgala gymmatlyklaryny, eneligi we çagalygy goramak işinde gazanan üstünlikleri üçin zenanlaryň sylaglanýandygy kanun esasynda berkidilen. Kanun kabul edilenden bäri ýylyň­-ýylyna zenanlarymyzyň zähmetine ýokary baha berlip, «Zenan kalby» ordeni bilen birnäçe zenanlarymyz sylaglanylýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan eneligi we çagalygy goramaklygyň hukuk esaslaryny düzýän häzirki wagtda döwletimizde birnäçe kanunlar hereket edýär. Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksleri, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kanunçylyk namalaryny bellemek bolar. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 125 deputatyndan 32-­si, ýagny 26 göterimi zenanlardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetiň başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-­ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi, çagalygy goramak hem­-de sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine aýratyn uly üns berilýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany hem-­de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň kabul edilmegi döwletimizde sagdyn geljegiň berk binýadynyň döredilýändiginden nyşandyr. Biziň döwletimizde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde sagdyn maşgalanyň orny uludyr. Welaýatlarda hereket edýän «Ene mähri» merkezleriniň ählisi «Enä we çaga mähirli gatnaşyk» diýen halkara güwänamanyň eýesidir. Bu babatda alanymyzda hem maşgalanyň hemme taraplaýyn kämil bolmagynda zenanlaryň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Döwlet eýesi mähriban enelerimiziň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr».

 

Ba­har­ Seýidowa, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­ Ylym,­ bi­lim,­ 

me­de­ni­ýet­ we ­ýaş­lar ­sy­ýa­sa­ty ­ba­ra­da­ky 

­ko­mi­te­ti­niň ­baş­ly­gy

 

01.04.2024 Giňişleýin

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni belent maksatlara we beýik tutumlara alyp barýar. Berk hukuk binýatly döwletimizde halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe haky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygarynyň esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. 

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynda geçiren giňişleýin mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Maksatnama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze önümçilik kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. 

Şol mejlisde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 -2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada Karara gol çekdi. Bu bolsa, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçilere we daýhanlara berýän goldawynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Biz hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bolup, milli kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini halkyň arasynda wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

28.03.2024 Giňişleýin
1 ... 20 21 22 23 24 ... 53