Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ŞATLYKLY WAKANYŇ GUWANJY

 

Asly Oguz handan gaýdýan merdana türkmen halkynyň toýdur baýramlary goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary netijesinde ujypsyzja zähmetimize, şeýle uly baha berilmegi örän buýsandyrýar. Bu bolsa, gije-gündiz arman-ýadaman halal zähmet çekmäge, ýaşlarymyzy watançylyk we millilik ruhda terbiýelemäge ruhlandyrdy. 

Zähmetsöýer halkymyza şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýaryn! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Maksat JANMYRADOW. 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 

ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi.

12.12.2024 Giňişleýin

PARLAMENTARA DIALOG – NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRY

 

Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Bilelikdäki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Türk­me­nis­tan ­da­şa­ry­ ýurt­lar,­ şeýle­ hem­ hal­ka­ra ­gu­ra­ma­la­r ­bi­len dostluk­ly,­ deň­hu­kuk­ly,­ öza­ra­ bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­ ös­dür­mä­ge­ hem­-de­ giňelt­mä­ge,­ dün­ýä­niň­ yk­dy­sa­dy,­ mede­ni­-yn­san­per­wer­ gi­ňiş­li­gi­ne deňhukuk­ly­ go­şul­ma­ga,­ bu­ gat­na­şyk­la­ryň mun­dan ­beý­läk­-de ösdürilmegi­ne ­we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na­ ýardam­ ber­jek­ ze­rur­ şert­le­ri­ dö­ret­mä­ge yg­rar­ly­ly­gy­ny ­aýan ­ed­ýär.­ He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ döwletimi­ziň­ pa­ra­hat­çy­lyk,­ howp­suz­lyk ­we­ hyz­mat­daş­lyk ­me­sele­le­ri­ boýun­ça­ öňe­ sür­ýän ­baş­lan­gyçla­ry­ dün­ýä­de­ uly gol­daw ­tap­ýar. 

Mä­lim­ bol­şy­ ýa­ly,­ Türk­me­nistan­ 1992­-nji­ ýyl­dan­ bä­ri­ Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk­ we­ Hyz­mat­daş­lyk­ Gura­ma­sy­nyň­ ag­za­sy­ bo­lup­ dur­ýar.­ Bu gu­ra­ma­ Demir­ga­zyk­ Ame­ri­ka­dan,­ Ýew­ro­pa­dan,­ şeý­le­-de­ Mer­ke­zi­ Aziýa­dan­ 57 ýur­dy­ özün­de­ bir­leş­dir­ýär.­ 1999­-njy­ ýyl­da­ Aş­ga­bat­da­ Türk­menis­tan­da­ky­ ÝHHG-­niň­ Mer­ke­zi­ resmi­ taý­dan­ işe­ baş­la­dy.­ 2021-nji­ ýyldan ­bä­ri bu gu­ra­ma­nyň­ Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň­ baş­ly­gy­nyň­ wezi­pe­si­ni il­çi­ Jon­ MakG­re­gor ­ýe­ri­ne­ ýe­tir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si 2014-­nji ýyl­da ÝHHG-­niň Par­la­ment Assamble­ýa­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup, şon­dan bä­ri hem, Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri bu gu­ra­ma­nyň işi­ne iş­jeň gatnaşýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 27­-28­-nji noýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len ÝHHG­-niň Par­la­ment Assamble­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «ÝHHG-­niň çä­gin­de parlament dip­loma­ti­ýa­sy: dia­log­—­aba­dan we asu­da gel­jek üçin hyzmatdaş­ly­gy ýo­la goýma­gyň gu­ra­ly» at­ly ikin­ji Aş­ga­bat masla­ha­ty ge­çi­ril­di. Bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň hem­-de ÝHHG-­niň Par­la­ment Assambleýasynyň Baş­ly­gy, Par­la­ment Assambleýasy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li, As­samb­le­ýa ag­za ýurt­la­ryň par­la­ment edaralarynyň, hal­ka­ra gu­rama­la­ryň ýurdumyzda­ky we­kil­ha­na­lary­nyň we­kil­le­ri, pro­fes­sor ­- mu­gal­lymlar hem­de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. 

Mas­la­hat­ iki­ gün ­do­wam­ edip,­ üç sa­ny­ mowzuk­la­ýyn­ mej­lis­ boýun­ça ge­çi­ril­di.­ Bi­rin­ji­ mej­lis­ «ÝHHG-­niň çägin­de­ par­la­ment­ diploma­ti­ýa­sy:­ hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­ly­gy­ we­ howpsuzlygy­ sak­la­mak­ üçin­ dia­log­ we­ hyzmat­daş­ly­gyň­ üs­ti ­bi­len­ berk bin­ýa­dy gur­mak»­ ady­ bi­len­ ge­çi­ri­lip,­ on­da Türk­me­nis­tan­ ta­ra­pyn­dan­ durmuşa­ ge­çi­ril­ýän­ da­şa­ry­ syýa­sa­tyň­ dünýä­ döw­let­le­ri,­ hal­ka­ra­ guramala­r­ bilen­ iki­ta­rap­la­ýyn­ we­ köp­ta­rap­la­ýyn öza­ra­ bäh­bit­li­ hyzmatdaş­lyk­ gat­naşyk­la­ry­nyň­­­ has-­da­ berki­dil­me­gi­ne hem­-de­ ösdürilme­gi­ne ­oňaý­ly ­şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi nygtal­dy. 

Ikin­ji mej­lis «Geljek ne­sil­le­riň abadan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin howanyň üýtgemeginiň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne we kyn­çy­lyk­la­ry­na gar­şy göreş­mek» at­ly mow­zuk­da do­wam edip, çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­ta­nyň go­şu­ly­şan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça konwensiýalarynyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öňün­de durýan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge iter­gi ber­ýändi­gi­ne we döw­le­ti­mi­ziň Mer­ke­zi Aziýa­da howanyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­kezi­ni dö­ret­mek ba­ra­da Bir­le­şen Mil­letler Gu­ra­ma­syn­da öňe sü­ren tek­li­bi­ne örän ýo­ka­ry äh­mi­ýet ber­di­ler. Şeý­le­-de ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa we daş­ky gurşa­wy go­ra­mak ba­ba­tyn­da ka­bul edi­len ka­nun­lar hem­-de olar­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler dog­ru­syn­da çy­kyş­lar edil­di. 

Mas­la­ha­tyň üçün­ji mej­li­si «Deň müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün et­mek: abadan gel­je­gi gur­mak­da ýaş­la­ryň we ne­sille­riň raý­daş­ly­gy­nyň or­ny» ady bi­len ge­çi­ril­di. Çy­kyş eden­ler ýaş­lar ba­rada döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sat­la­ryny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýörelgeleri­ni, esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýän, şeý­le hem ýaş­la­ryň hukuklary­nyň we azat­lyk­lary­nyň üp­jün edil­me­gin­de hem­-de olaryň kämil şah­sy­ýet­ler hök­mün­de kema­la gel­me­gin­de döw­let gol­da­wy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty hakynda», «Ýaş­la­ryň zäh­met çek­mä­ge bo­lan hu­ku­gy­nyň kepillen­dir­me­si ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň äh­miýe­ti­ni bel­le­di­ler. Ýurdumy­zyň ýaş­lar ba­ra­da alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­saty­nyň Türkmenista­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň işi bilen aý­ryl­maz bag­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nip, ýaş­la­ryň ara­syn­da duşuşyklaryň, wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­le­riniň, okuw sa­pak­la­ry­dyr dür­li bäsleşik­le­riň yzy­gider­li ge­çi­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. 

Mow­zuk­la­ýyn ­mej­li­siň do­wa­mynda ­ýaş­la­ryň ­hä­zir­ki­ dö­wür­ bi­len gelje­gi­ bir­leş­dir­ýän ­ne­sil­ bolup ­dur­ýandy­gy,­ par­la­ment­ diplomatiýasynyň ne­sil­le­riň­ raý­daş­ly­gy­ny­ ga­zan­ma­ga giň­ mümkinçilikle­ri­ dö­red­ýän­di­gi bel­le­nip,­ bu­ ugur­da ýaşlaryň­ hu­kukla­ry­ny­ we­ azat­lyk­la­ry­ny­ go­ra­mak hem­-de ­iler­let­mek, hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­let­ gol­da­wy­ny,­ be­den­ taý­dan sag­dyn­ ne­sil­ler­ bolup­ ýe­tiş­mek­le­ri­ni üp­jün­ etmek,­ ra­ýat ­iş­jeň­li­gi­ni­ ýo­karlan­dyr­mak­ boýun­ça­ top­la­nan­ mil­li tejribeler ­ba­ra­da ­pi­kir­ al­şyl­dy.­ Par­lamen­ta­ri­ler­ ýaş­la­ryň­ gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän­ hal­ka­ra­ fo­rum­la­ryň­ we­ ylmy­-ama­ly­ mas­la­hat­la­ryň­ äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek bi­len,­bu­ ugur­da ­Par­la­menta­ra­ Bileleşi­giň­ Ýaş­ par­la­men­ta­ri­ler fo­ru­my,­ ÝHHG­-niň­ Par­la­ment­ Assamble­ýa­sy­nyň­ Ýaş­ par­la­men­ta­ri­ler to­ry­ bi­len­ hyz­mat­daş­lyk­ gatnaşyk­lary­nyň­ ös­dü­ril­me­gi­niň­ mümkinçilikle­ri­ni­ ara ­alyp maslahatlaşdy­lar. 

Mas­la­hat­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň,­ howpsuz­ly­gyň­ üp­jün edilme­gi­ne,­ durnukly­ ösü­şiň­ ga­za­nyl­ma­gy­na,­ se­bit­le­ýin we­ äh­lu­mu­my hyzmatdaşlygy­ ber­kitmek­ ug­run­da­ ÝHHG-­niň­ Par­la­ment Assambleýasy­nyň­ ag­za­la­ry­nyň­ özara ­tej­ri­be­ alyş­mak­la­ry­na­ hem­-de ­tä­ze tek­lip­le­ri­ni­ be­ýan­ et­mek­le­ri­ne­ gö­nükdi­ril­di.­ Bu­ hal­ka­ra­ çä­re­de­ dün­ýä­de ýü­ze­ çyk­ýan­ äh­lu­mu­my­ me­se­le­le­riň oňyn ­çöz­güt­le­ri­niň­ ta­pyl­ma­gy­na, geljek­de­ hem­ köp­ta­rap­la­ýyn­ hyz­matdaş­ly­gyň­ has­-da­ gi­ňel­dil­me­gi­ne­ uly ynam ­bil­di­ril­di. 

 

Ene­jan­ ATA­ÝE­WA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we 

parlamen­ta­ra ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.

 

12.12.2024 Giňişleýin

HOŞNIÝETLI ÝÖRELGELERI DABARALANDYRYP

 

Türk­me­nis­ta­nyň­ üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa­ ge­çir­ýän­ «Açyk­ ga­pylar»­ syýa­sa­ty­ dün­ýä­ döw­let­le­ri,­ ab­raý­ly­ hal­ka­ra­ gu­ra­ma­lar­ bilen ­iki­ taraplaýyn­ we ­köp­ ta­rap­la­ýyn ­öza­ra­ bäh­bit­li ­hyz­mat­daş­lygyň­ yzy­gi­der­li­ ös­dü­ril­me­gi­ni ­üp­jün ed­ýär.­ Ýur­du­myz­ he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ­hu­kuk­ ýagda­ýy­na yg­rar­ly ­bol­mak ­bi­len,­ bu ­ugur­da hal­ka­ra­ res­mi­na­ma­la­ra goşu­lyş­ma­ga­ we ­şert­na­ma­la­ýyn ­hu­kuk bin­ýa­dy­nyň­ ber­ki­dil­me­gi­ne uly üns ­ber­ýär. 

Türk­me­nis­tan ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmek bilen, şunda parlament diplomatiýasyna möhüm gural hökmünde garaýar. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-­de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly diplomatiýanyň bu görnüşini işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklar kanun çykaryjylyk we parlament işlerinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 27-­28­-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda, halkara guramalaryň, Ýewropa hem­-de Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «ÝHHG­-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahat hem bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Parlamentara forum ýurdumyzyň dünýä döwletlerini dialoga, ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek giňden açyp görkezdi. 

Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerine esaslanyp, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy pugtalandyrmak, dürli milli aýratynlykly we syýasy garaýyşly halklaryň hem­-de döwletleriň arasynda deňhukukly, özara hormat goýmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edýän köpugurly tagallalaryna dünýä jemgyýetçiligi ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem Türkmenistanyň hoşniýetli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegini, parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadynyň pugtalandyrylmagyny, syýasy-diplomatik, söwda-­ykdysady, medeni­-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň döredilmegini hem-de durmuşa geçirilmegini maksat edinýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda özara ynanyşmagyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplygyň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagyny teklip edýär. 

Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň barha ösýän döwründe halkara hukuk we milli kanunçylyk boýunça dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, bu ugurda parlamentara gatnaşyklaryň ornunyň güýçlendirilmegi derwaýys bolup durýar. Şuňa görä, Türkmenistan halkara konwensiýalara we ylalaşyklara gatnaşmagyny giňeltmäge, goşulan halkara resminamalarynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-­njy sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG­-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Türkmen döwletiniň Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-­de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek ýaly köp sanly başlangyçlary ählumumy bähbitlere laýyk gelmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. 

Ýurdumyzda BMG-­niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen yzygiderli we netijeli hyzmatdaşlykda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-­nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirildi. Amala aşyrylan işleriň çäklerinde bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk kämilleşdirildi. Ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 5 müňden gowragyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. BMG-­niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalary doly we üstünlikli berjaý edilýän ýurdumyzda dünýäde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlygyň soňuna çykyldy. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG­-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-­nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen hem ajaýyp sazlaşygy döredýär. Bu şanly sene ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypa bolup ýazylar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň depginli ösüşlerini üpjün etmek, halkara at-­abraýyny has­-da belende galdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-­durmuş derejesini mundan beýläk­-de ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Maksat KULYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara 

we parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň başlygy.

 

 

09.12.2024 Giňişleýin

WATANYMYZYŇ GELJEGI ÝAŞLAR BILENDIR

 

Ýur­du­myz­da ýaş türk­me­nis­tanly­la­ryň sag­dyn ös­me­gi hem-­de kämil şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi, aň-­paý­has, dö­re­di­ji­lik, ru­hy müm­kinçi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de dur­mu­şa geçir­mek­le­ri, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çilik­-sy­ýa­sy, dur­muş­-yk­dy­sa­dy, me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gatnaş­mak­la­ry üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýurdu­my­zyň sy­ýa­sy­jem­gy­ýet­çi­lik durmu­şy­na da­hyl­ly mö­hüm me­se­le­ler­de uly iş­jeň­lik görkez­ýän türk­men ýaşla­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne, dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne öz go­şant­la­ry­ny goş­ma­gy wa­jyp ha­sap­laýar­lar. Ola­ryň öňün­de äh­li gu­jur­-gaýra­ty­ny, bi­lim­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ba­şy baş­la­nan ägirt uly özgertmeleri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­mek, öň­de goýlan we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­mek, Wa­tany­my­zyň mun­dan beý­läk-­de gül­läp ös­me­gi­ne gönükdirilen uzak möhlet­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ry, gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry, me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek we­zi­pe­le­ri dur­ýar. Bu wezi­pe­le­ri durmu­şa ge­çir­mek­de, öň­de goý­lan be­ýik mak­sat­la­ra ýet­mek­de ýaş­la­ra, hu­su­san­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­rama­sy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 

1991-­nji­ ýy­lyň­ 16-­njy­ no­ýab­ryn­da dö­re­di­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Magtymgu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­ häzir­ki ­wag­ta­ çen­li­ öz­ wezipele­ri­ni­ üstün­lik­li ­ýe­ri­ne­ ýe­ti­rip­ gel­ýär.­ Gu­ra­ma ýaş­la­ryň­ jemgyýetçi­lik­-sy­ýa­sy­ iş­jeňli­gi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak­da,­ ola­ryň­ döre­di­ji­li­ge, sun­ga­ta, ­yl­ma,­ spor­ta­ bo­lan ukyp­la­ry­ny­ ýü­ze­ çy­kar­mak­da­ hem ne­ti­je­li işleri­ dur­mu­şa ­ge­çir­ýär.

Gu­ra­ma in­di 33 ýyl­dan bä­ri öz ag­za­la­ry­ny jebisleş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ola­ryň ukyp-­ba­şar­nyk­la­ry­ny, bilimleri­ni Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge gönükdir­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ruhun­da ter­bi­ýe­le­mek, ola­ryň ýo­ka­ry hil­li bilim al­ma­gy, döre­di­ji­lik we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, ukyp­-başarnyk­la­ry­ny do­ly ýü­ze çy­kar­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek, giň göz­ýe­tim­li, ösen tehnolo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çykar­ýan hü­när­men­le­riň nes­li­ni ke­ma­la getir­mek, ýaş ne­sil­de ha­lal­lyk, maş­gala gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­lyk ýörelge­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek gu­ra­ma­nyň belent bor­jy we baş mak­sa­dy­dyr. 

Şu­nuň­ bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ «Türkme­nis­tan­da­ ýaş­lar­ ba­ra­da­ky­ döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň­ 2021­ –­ 2025-­nji­ ýyl­lar üçin­ Döw­let­ maksatnamasyny»­ we ony­ ama­la­ aşyr­mak­ bo­ýun­ça­ ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­ çäre­le­riň­ me­ýil­na­ma­sy­ny dur­mu­şa­ ge­çir­mek,­ gu­ra­ma­nyň­ agza­la­ry­nyň­ öň­de­ba­ry­jy­ tej­ri­be­le­ri­ni,­ endik­le­ri­ni­ we­ bi­lim­le­ri­ni­ Türk­me­nistan­da ýaýrat­mak­ we ­tej­ri­be­ alyşmak,­ ýaş­ nes­liň­ ah­lak­ taý­dan­ aras­sa,­ ru­hy taýdan­ sag­dyn­ bol­ma­gy­ny­ ga­zanmak,­ me­de­ni,­ aň­-bi­lim,­ yl­my-­bar­lag,­ dö­re­di­ji­lik­ we­ ne­şir­ iş­le­ri­niň­ ama­la aşy­ry­ly­şy­na­ we­ ös­dü­ri­li­şi­ne­ ýar­dam ber­mek,­ ýaş­la­ryň­ ara­syn­da­ sag­dyn dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ wa­gyz­ ne­si­hat et­mek,­ öz­ mag­lu­mat­ we­ enjam­la­ýyn gaz­na­la­ry­ny­ ös­dür­mek,­ şol­ gaznalara gu­ra­ma­nyň­ agzalarynyň ­el­ýe­ter­li­li­gini­ üp­jün­ et­mek,­ mil­li­ we hal­ka­ra ­yl­my-maslahat­la­ry,­ sim­po­zi­um­la­ry, ­fo­rumla­ry,­ ser­gi­le­ri­ we­ duşu­şyk­la­ry­ gurna­mak­ gu­ra­ma­nyň­ ter­tip­na­ma­la­ýyn mak­sat­la­ry­ny­ ýe­ri­ne­ ýe­tir­mek­ üçin esa­sy­ we­zi­pe­le­riň ­ha­ta­ryn­da ­dur­ýar. 

Türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­myz «Ömrümiň ma­ny­sy­nyň­ dowamaty»­ at­ly ­ki­ta­bynda:­ «Ata-­ba­ba­la­ry­my­zyň­ bi­ze­ mi­ras go­ýan­ gymmat­ly­ edep­-ter­bi­ýe,­ durmuş­-mek­de­bi­niň ­äh­li­ ynsana­ mah­sus gel­ýän­ ýö­rel­ge­le­ri­niň­ ma­ny­sy­ örän çuň­dur.­ Oňa­ nä­çe­ içgin­ ara­laş­dygyň­ça,­ bu­ ýö­rel­ge­le­riň­ adam­za­dyň gel­je­gi­ ba­bat­da­ al­nan­da­ hem­ gymma­ty­nyň­ artýan­dy­gy­ny ­duý­mak­ bolýar»­ di­ýip­ bel­le­ýär.­ Şu­ jähet­den,­ biz döw­re­bap­ ylym-­bi­lim­ler­den­ çuň­ňur baş­ çy­kar­ýan,­ ýo­ka­ry ah­lak­ly­ ne­sil­leri­ terbiýele­jek­ bol­sak,­ on­da­ «Ata­la­ryň ýo­ly­—­al­tyn ­ýol,­ ony­ sö­ýen­ Wa­ta­ny sö­ýer»­ diý­li­şi­ ýa­ly, ­il­kin­ji ­no­bat­da,­ peder­le­ri­mi­ziň­ mi­ras­ go­ýan­ gymmatly ýö­rel­ge­le­ri­ne ­da­ýan­ma­ly.­ Bu ­ba­bat­da alym­ Arka­da­gy­my­zyň­ hem-­de­ «Häzir­ki­ wagt­da­ ýaş­la­ra­ «Wa­tan»­ di­ýen be­ýik­ dü­şün­jä­niň­ mukad­des­li­gi­ni dü­şün­dir­mek,­ ony­ gö­züň­ gö­re­ji­ ýa­ly goramagy ­we ýürek­den ­söý­me­gi­ terbi­ýe­le­mek­ örän­ mö­hüm­ we­zi­pe­le­riň bi­ri ­bo­lup durýar» ­diý­ýän­ Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň ­be­lent­ taglymatlary­ny,­ dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni özü­mi­ze­ nus­ga ­edin­ýä­ris. 

Şu­nuň­ bi­len­ bir­lik­de,­ ýaş­la­ry­myzyň ­şah­sy­ jem­gy­ýet­çi­lik başlangyç­lary­ny,­ edebi­ýat­ we ­sun­gat, ­ylym­ bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny höwes­len­dir­mä­ge,­ ola­ryň­ jem­gy­ýet­çi­lik­ bir­leş­me­le­ri­ne iş­jeň­ gatnaşmagy­ny­ üp­jün­ et­mä­ge,­ giň­ göz­ýe­tim­li,­ ösen­ teh­no­lo­gi­ýa­lardan­ oňat­ baş­ çy­kar­ýan­ hü­när­men­leriň­ tä­ze ­nes­li­ni­ ke­ma­la­ ge­tir­mä­ge­ aýra­tyn­ äh­mi­ýet­ ber­ýä­ris.­ Şu­ jä­het­den,­ «Pä­him-­paý­has­ um­ma­ny­ Mag­tymgu­ly­ Py­ra­gy»­ ýy­lyn­da­ «Ta­lyp­ gö­zeli­ –­ 2024»­ at­ly­ gö­zel­lik­ bäs­le­şi­gi­niň,­ ki­çi­ ýaş­ly ­okuw­çy­ gyz­ja­gaz­la­ryň arasyn­da­ yg­lan ­edi­len­ «Iň­ eý­je­jik­ gyz­jagaz­–­2024» ­at­ly­ şa­dy­ýan­ bäsleşigi­niň,­ ýo­ka­ry­ okuw­ mek­dep­le­ri­niň­ çe­per höwes­jeň­ ta­lyp­ ýaşlarynyň­ ara­synda­ yg­lan­ edi­len­ «Pä­him­-paý­has­ ummany­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy»,­ «Ta­lyp joş­gu­ny­–­2024»­ at­ly ­dö­re­di­ji­lik festiwal­la­ry­nyň,­ ta­lyp ýi­git­le­riň ­ara­syn­da yg­lan­ edi­len­ «Ber­ka­rar döwletiň ­tä­ze eý­ýa­my­nyň bag­ty­ýar­ ger­çek­le­ri» ­at­ly dö­re­di­ji­lik bäsleşiginiň,­«Ne­sil»­ ga­zeti­niň­ redak­si­ýa­sy­ bi­len­ bi­le­lik­de­ her ýyl­da­ yglan­ edil­ýän­ «Ber­ka­rar­ döwle­tiň yl­ham ­joş­gu­ny»­ at­ly­ bäs­le­şi­gi­niň ýoka­ry­ gu­ra­ma­çy­lyk­ de­re­je­sin­de­ geçiri­len­di­gi­ni­ bel­le­mek ­bo­lar.

Bu­lar­dan baş­ga­-da, ede­bi­ýat­da, sun­gat­da, me­de­ni­ýet­de, oba hojalygyn­da, ylym­da, teh­ni­ka­da, sport­da, sag­ly­gy gora­ýyş­da, bi­lim we ter­bi­ýeçi­lik iş­le­rin­de üs­tün­lik ga­za­nyp, ýurdumyzyň içe­ri we da­şa­ry syýa­sa­ty­ny, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik özgert­me­le­ri wa­gyz ­ne­si­hat etmek­de ýo­ka­ry dö­redi­ji­lik ba­şar­ny­gy hem­de iş­jeň­li­gi bi­len tapawutlanan ýaş­lar Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar. 

Türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Arkadag­ly ­Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy­ bi­len­ ke­ma­la­ gel­ýän­ täze­ ne­sil­ bu­ ke­rem­li­ Di­ýa­ryň­ par­lak gel­je­gi­niň­ mi­ze­mez­ bin­ýa­dy,­ nu­rana­ ertir­le­riň­ ak­ da­ňy­dyr.­ Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­  «Ýaşlar­ –­ Wa­ta­nyň daýan­jy»­ at­ly­ ki­ta­byn­da:­ «Ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuwwat­ly ­güý­jü­dir,­ halky­my­zyň ­be­lent­ mak­sat­la­ra ­ýug­ru­lan nu­ra­na gelje­gi­dir.­ Ýaş­lar­ türkmen­ halky­nyň­ döw­let­li­lik­ ýol ­ýö­rel­ge­si­niň mizemez­ mer­te­be­si­dir,­ ba­ky­ do­wama­ty­dyr»­ diý­lip,­ aý­ra­tyn ­nyg­tal­ýar. 

Hä­zir­ki­ döw­rüň­ mö­hüm­ me­se­lele­ri­ bo­ýun­ça­ köp­ta­rap­la­ýyn­ gepleşik­le­ri­ ös­dür­mek­de­ giň­ göz­ýe­tim­li,­ uly­ dur­muş­ müm­kin­çi­li­gi­ne­ we­ dünýägaraýşa­ eýe,­ tä­ze­çe­ pi­kir­len­mä­ge ukyp­ly­ ýaş­la­ra­ aý­ra­tyn­ orun beril­ýär.­ Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz:­ «Hem­me­tarap­la­ýyn­ bi­lim­li, ­be­den,­ ruhy­ taý­dan sag­dyn,­ yn­san­per­wer­ gym­mat­lykla­ra,­ dost­luk,­ hoş­ni­ýet­li­ goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na­ yg­rar­ly­ ýaş­la­ry­ terbi­ýe­läp­ ýe­tiş­dir­mek­de,­ ola­ry­ döw­let we­ jem­gy­ýet­çi­lik­ dur­mu­şy­na­ iş­jeň çek­mek­de­ ýaş­lar­ gurama­la­ry­nyň ugry­ bo­ýun­ça­ hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne­ aý­ra­tyn­ üns­ be­ril­meli­dir»­ di­ýip­ nyg­ta­ýar.­ Dog­ru­dan­-da,­ ýur­du­my­zyň­ bag­ty­ýar­ ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra­ gu­ra­ma­la­ryň,­ fo­rum­la­ryň,­ ylmy­ maslahatlaryň­ we­ fes­ti­wal­la­ryň işi­ne­ iş­jeň­ gat­naş­mak­la­ry ­öza­ra ­dostluk gat­na­şyk­la­ry­ny ­pug­ta­lan­dyr­makda­ äh­mi­ýet­li­dir. 

Şo­ňa­ gö­rä-­de,­ bu­ babatda­ al­nyp ba­ryl­ýan­ iş­le­re­ ÝU­NES­KO­-nyň­ Bütin­dün­ýä­ Ýaş­lar­ jemgy­ýe­ti­niň­ res­mi ag­za­sy­ Mag­tym­gu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaşlar­ gu­ra­ma­my­zyň­ hü­när­men­le­ri­dir iş­jeň­ ag­za­la­ry­ yzy­gi­der­li­ gatnaşýarlar.­ Şu­ ýyl­da­ hem­ «Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň­ hal­ka­ra­ hyzmat­daş­lygy­nyň­ 2023­ —­ 2030­-njy­ ýyl­lar­ üçin Stra­te­gi­ýa­sy­na»­ laýyklyk­da,­ gu­rama­my­zyň­ we­kil­le­ri Hytaý ­Halk ­Respub­li­ka­syn­da,­ Ameri­ka­nyň­ Bir­leşen­ Ştat­la­ryn­da,­ Türkiýe,­ Hin­dis­tan,­ Öz­be­gis­tan,­ Gaza­gys­tan,­ Gyr­gyz Res­pub­li­ka­la­ryn­da,­ Rus­si­ýa­ Fe­dera­si­ýa­syn­da­ iş­ sapar­la­ryn­da­ bolmak­ bi­len,­ dür­li­ duşuşyklara,­ masla­hat­la­ra,­ fes­ti­wal­la­ra­ gat­naş­dy­lar,­ öza­ra­ tej­ri­be­ alyşdylar.­ Mu­nuň­ özi Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik­ başlangyçla­ry­ny­ hal­ka­ra de­re­je­de­ äh­li­ta­rap­la­ýyn­ gi­ňelt­mä­ge äh­mi­ýet­ beril­ýän­di­gi­ni­ bü­tin­ aý­dyňly­gy ­bi­len su­but­ ed­ýär. 

Umu­man,­ Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ täze ­eý­ýa­my­nyň ­Gal­ky­ny­şy döwründe ýur­du­my­zyň­ bag­ty­ýar­ ýaş­la­ry­ hormat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ öňe­ sür­ýän her­ bir­ baş­lan­gy­jy­ny­ tüýs­ ýü­rek­den gol­dap,­ öz­le­ri­niň­ ha­lal­ zähmet­leri­ bi­len­ ýur­du­my­zyň­ ösüş­le­ri­ne­ goşant­la­ry­ny­ goş­ýar­lar.­ Bu­ türk­men ýaş­la­ry­nyň­ dür­li­ ugur­lar­ bo­ýun­ça­ gazan­ýan ­üs­tün­lik­le­ri­niň,­ ýetýän ­be­lent sep­git­le­ri­niň­ my­sa­lyn­da­ hem­ aý­dyň gö­rün­ýär. ­Bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz ­türkmen hal­ky­nyň ­Mil­li ­Li­de­ri­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de türk­men ýaş­lary bi­len ge­çi­ren umu­my sa­pa­gyn­daky ta­ry­hy çy­ky­şyn­da­ky: «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýo­ly bi­len, öňe, öňe, diňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» di­ýen ganat­ly jüm­le­le­ri­ni ýö­rel­ge edinip, Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­jek kämil şah­sy­ýet­ler bo­lup ke­ma­la gel­ýär­ler. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky 

Ýaşlar­ gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň 

başlygy, Mejlisiň deputaty. 

09.12.2024 Giňişleýin

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

 

Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eýýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ pa­rasat­ly­ baştutanlygynda­ eziz­ Wa­ta­nymy­zyň­ dün­ýä­ döw­let­le­ri­ bilen­ alyp bar­ýan­ hoş­ni­ýet­li­ goň­şu­çy­ly­ga,­ para­hat­sö­ýü­ji­li­ge­ esas­lan­ýan­ da­şary­ sy­ýa­sa­ty­ tä­ze­ ma­ny-­maz­mu­na eýe­ bol­ýar.­ «Pä­him-paýhas­ um­many­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy»­ ýy­ly­nyň 23-24­-nji­ okt­ýab­ryn­da­ Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň­ Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň­ Ka­zan­ şä­he­rin­de ge­çi­ri­len­ «BRICS­ goş­mak»/«autriç»­ for­ma­tyn­da­ky­ BRICS­ sam­mi­ti­ne hor­mat­ly­ myh­man­ hök­mün­de ­il­kin­ji ge­zek­ gat­naş­ma­gy­ şeý­le­ buý­sanç­ly ha­ky­ka­tyň­ no­bat­da­ky­ su­but­na­ma­sy bo­lup­ dün­ýä­ dol­dy. Döwlet­ Baş­tu­tany­my­zyň­ sam­mit­de­ eden­ çuň­ mazmun­ly ­çy­ky­şy ­ber­ka­rar ­Di­ýa­ry­my­zyň ab­raý­ mer­te­be­si­ni,­ şan-­şöh­ra­ty­ny­ has be­lent­ de­re­je­le­re­ göter­di.­ Mu­nuň­ özi ýur­du­my­zyň­ dün­ýä­ döw­let­le­ri­ hem-de­ ab­raý­ly­ halka­ra­ gu­ra­ma­la­r­ bi­len alyp­ bar­ýan­ hoş­ni­ýet­li­ hyz­mat­daşly­gy­ pugtalandyr­ma­gy­ ile­ri­ tut­ýandy­gy­ny­ tas­syk­la­ýar.­ Şol­ bir­ wag­tyň özün­de­ hem­ öza­ra­ bäh­bit­li­ yn­sanper­wer­ hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­mek­de,­ dost­-dogan­ly­gy­ ber­kit­mek­de,­ dün­ýä halk­la­ry­ny­ bi­rek­-bi­re­ge­ ýakynlaşdyrmak­da ­döw­le­ti­mi­ziň­ alyp ­bar­ýan oňyn­ da­şa­ry ­sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä ­jemgy­ýet­çi­li­gi­ ta­ra­pyn­dan­ yk­rar­ edil­ýändi­gi­ni­ ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Ata­ Wa­ta­ny­my­zyň­ hal­ka­ra­ de­reje­de­ ga­zan­ýan­ şeý­le­ üs­tün­lik­le­ri­niň,­ eýe­le­ýän­ be­lent­ sep­git­le­ri­niň­ bin­ýadyn­da­ BMG­-niň­ Baş­ Assambleýasynyň­ ýö­ri­te­ Re­zol­ýu­si­ýa­la­ry­ esa­syn­da yk­rar­ edi­len­ hemişelik­ Bi­ta­rap­ly­gymyz­dan­ ge­lip­ çyk­ýan­ giň­ müm­kinçi­lik­le­riň­ durandy­gy­ny­ nyg­ta­mak ge­rek.­ Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň sam­mit­de­ eden­ ta­ry­hy­ çy­ky­şyn­da:­ «Hä­zir­ki­ ýag­daý­lar­da­ Bi­ta­rap­ly­gyň esa­sy­ ýörelgeleriniň­ örän ­ze­rur­dy­gyna­ hem­-de­ dün­ýä­ jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň goldama­gyn­da­ äh­lu­mu­my­ howp­suzly­gy­ üp­jün­ et­mek ­işin­de­ anyk­ peý­da ge­tir­mä­ge ­ukyp­ly­dy­gy­na­ ynan­ýa­rys.­ Şu­nuň­ bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ BMG­-niň Mer­ke­zi­ Azi­ýa­ üçin­ öňü­ni­ alyş­ diplo­ma­ti­ýa­sy­ bo­ýun­ça­ se­bit­ mer­ke­zi­niň alyp­ bar­ýan ­işi­niň­ aý­ra­tyn­ äh­mi­ýe­tini­ we­ ne­ti­je­li­li­gi­ni­ bel­le­mek­ ge­rek. Bu mer­ke­ziň­ ştab­ kwar­ti­ra­sy­ Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýär»­ di­ýip, ­aý­ra­tyn nygtama­gy aý­dy­lan­la­ry­ do­ly ­tas­syk­la­ýar. 

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bu­ öň­den­gö­rü­ji­lik­li­ garaýyşla­ry­ hemi­şe­lik­ Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň­ hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy­ny­ açyp gör­kez­ýär.­ Çünki­ bu­ hu­kuk­ de­re­jesi­ di­ňe­ bir­ mil­li bäh­bit­le­ri­mi­ze­ hyz­mat­ et­mek­ bi­len çäk­len­män,­ eý­sem,­ dün­ýä­ halk­la­rynyň­ bäh­bit­le­ri­ bi­len­ hem­ aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.­ Dur­nuk­ly­ ösü­şi ga­zan­mak­da,­ se­bit­de­ parahat­çy­lygy,­ howp­suz­ly­gy­ pug­ta­lan­dyr­mak­da ýur­du­my­zyň­ giň­ ge­rim­li­ ta­gal­la­la­ry mu­ňa­ aý­dyň­ gü­wä­na­ma­ bo­lup­ durýar.­ Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň­ giň müm­kinçi­lik­le­ri­ni­ gol­dan­mak­ ar­ka­ly ­üs­tün­likli­ ama­la­ aşy­ryl­ýan ­döw­let­li­ tu­tum­lar mäh­ri­ban­ Wa­ta­ny­my­za­ äh­lu­mu­my bäh­bit­le­re­ gö­nük­di­ri­len­ oňyn­ başlan­gyç­la­ry­ öňe­ sür­mä­ge­ iter­gi­ berýär.­ Şeý­le­ hem­ dost­luk­ly,­ hoşni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry­ pug­ta­lan­dyr­mak­ bi­len bir­lik­de,­ ýaş­ ne­sil­le­ri­ watan­sö­ýü­ji­lik,­ be­lent­ ah­lak­ly­lyk­ ru­hun­da­ ter­bi­ýele­mä­ge­ hem­ mümkinçi­lik­ dö­red­ýär.­ He­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň­ pa­rahat­sö­ýü­ji­lik­li tag­ly­mat­la­ry­ Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň­ bu­ iş ­sa­pary­nyň­ çägin­de ­BMG-­niň­ Baş ­sek­re­tary­ bi­len ­bo­lan­ du­şu­şy­gy­nyň­ maz­munyn­da aý­ra­tyn­ öz ­be­ýa­ny­ny ­tap­dy. 

Bu­lar­dan baş­ga­-da, üs­tün­lik­li geçen iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ta­ta­rys­tan Respub­li­ka­sy­nyň «Dus­lyk» ordeniniň gow­şu­ryl­ma­gy se­bit­le­riň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň gül­läp ösýändi­gi­niň da­ba­ra­lan­ma­sy­na öw­rül­di. Mu­nuň özi döw­let Baştuta­ny­my­zyň se­bi­ta­ra dost­lu­gy we hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry­nyň, iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki, dur­muş­-mede­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge go­şan uly go­şan­dy­nyň ýe­ne bir aý­dyň su­butna­ma­sy bo­lup dur­ýar. Dün­ýä döw­letle­ri bi­len hoşni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­mek bol­sa he­mi­şe­lik Bitaraplyk hu­kuk de­re­jä­mi­ziň aý­ra­tyn ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň biridir. 

Şu­ ýer­de­ ýe­ne­ bir­ mö­hüm­ äh­miýet­li ­pur­sa­ta ­ün­s­ ber­mek­ ge­rek. Ýag­ny hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ şol ­ge­zek­ki iş ­sa­pa­ry­nyň­ çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Hö­kü­met­ we­ki­li­ýe­ti­niň­ ag­za­la­ry­ Russi­ýa­ Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan­ Respub­li­ka­sy­nyň­ ýo­ka­ry­ okuw ­mek­deple­rin­de­ bi­lim ­al­ýan türk­men ­ta­lyp­la­ry bi­len­ du­şuş­dy­lar.­ Ýe­ri­ ge­len­de ­bel­lesek,­ ýur­du­my­zyň­ ze­hin­li­ ýaş­la­ry­nyň se­kiz­ müň­den ­gow­ra­gy ­Ta­ta­rys­tan­da bi­lim­ al­ýar.­ Duşu­şy­ga­ gat­na­şan­ talyp­la­ra­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ doglan ­gü­nü­niň 300 ­ýyl­ly­gy ­my­na­sy­bet­li ne­şir­ edi­len­ goş­gu­lar­ ýy­gyn­dy­sy­nyň sow­gat­ be­ril­me­gi­ çuň­ňur­ ma­na­ eýe bol­dy.­ Se­bä­bi­ be­ýik­ söz­ us­sa­dy­nyň gymmatly­ ede­bi­ mi­ra­sy­ he­mi­şe­ halky­myz­ üçin­ my­na­syp­ ne­sil­le­ri­ terbiýe­le­me­giň­ ba­ha­syz­ mek­de­bi­ bo­lup gel­ýär.­ Şeý­le­-de,­ dün­ýä­ halklary­nyň şa­hy­ry­ hök­mün­de ­yk­rar­ edi­len ­da­na Py­ra­gy­nyň­ el­my­da­ma­ pa­ra­hat­çy­ly­ga,­ dost­lu­ga­ we­ yla­la­şy­ga­ ça­gyr­ýan­ döre­di­ji­lik ­we­ fi­lo­so­fik mi­ra­sy­ ba­ky ­Bita­rap ­Di­ýa­ry­my­zyň ­pa­ra­hat­çy­lyk ­söýü­ji­lik­li­ da­şa­ry­ syýasy­ ug­ru­nyň­ hem esa­sy­ny­ düz­ýär. 

Şu­nuň­ ýa­ly ­buý­sanç­ly ­dur­muş ­haky­kat­la­ry­ her­ bi­ri­mi­ziň ­he­mi­şe­lik Bita­rap­ly­gy­my­za,­ äh­li­ ta­gal­la­la­ryn­da bu­ hu­kuk­ de­re­jä­mi­ziň­ yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ni­ naý­ba­şy­ orun­da ­goý­ýan Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man­ Serdarymyza, türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan buýsan­jy­my­zy has-­da be­len­de gö­ter­ýär.

 

Gu­wanç­ ÇEN­DI­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky 

Ýaş­lar ­gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan­ we­la­ýat­ Ge­ňe­şi­niň­

baş­ly­gy,­ Mej­li­siň­ deputa­ty.

09.12.2024 Giňişleýin

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: ÝAŞLAR SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY

 

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgä eýerip, baş baýramymyzyň öň ýanynda geçirilen, türkmen demokratiýasynyň özboluşly mekdebine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ähli halkymyzy bir maksadyň daşyna jebisleşdirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyny diňlän ähli halkymyzda taryha buýsanç, şu güne guwanç, geljege beýik ynam döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, halkymyzyň zähmetine ýokary baha bermegi döwlet bilen halkyň jebisligini aýan etdi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, ýaşlarymyz baradaky alada bir pursat hem ünsden düşürilmeýär. Kämil nesilleriň kemala gelmegi üçin maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, maşgalanyň abadançylygy üçin durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, körpelerimiz üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup, ýylyň-ýylyna dabaraly ýagdaýda açylmagy röwşen geljegimiziň aladasydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterleriň sowgat hökmünde gowşurylandygy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmeklige badalga berlendigi barada aýdanlary ýaş nesilleriň bilim derejesi babatda aýratyn alada edilýändiginiň güwäsi boldy.

 «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip, Gahryman Arkadagymyzyň beren gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, geljekde öňümizde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekligi her birimiz mukaddes borç hökmünde kesgitlemelidiris. 

Halkymyzyň, döwletimiziň bähbidini ähli zatdan ileri görýän, ýaşlary beýik geljege ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşy milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleri, şol sanda geljekde öňde durýan wezipeleri anyk kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň anyk maglumatlara esaslanýan, beýik geljegi nazarlaýan taryhy çykyşyny diňläniňde, türkmenligiňe buýsanýarsyň. Çünki her başlangyçda, ýerine ýetirilen her bir beýik işlerde, öňde durýan wezipelerde türkmen halkynyň, ata Watanymyzyň çuňňur bähbidini görmek, röwşen geljegine ynam etmek bolýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda» gol çeken Permanlary ähli halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Çünki hormatly Prezidentimiziň kabul eden taryhy resminamalarynyň özenini uzak geljegi nazarlaýan aýdyň maksatlar, beýik işler, uly ösüşler, belent üstünlikler düzýär. Watan öňünde bitirilen işlere ýokary baha berlip, watandaşlarymyzyň ýüzlerçesiniň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlaryň dakylmagy ýurdumyzda ynsan mertebesiniň sarpalanýandygynyň, çekilen göreldeli zähmete ýokary baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris» diýen ganatly jümleleri watansöýüjiligiň beýik mekdebini ündeýär, Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň, beýik geljege ynamly garamagyň nusgasy hökmünde ähli halkymyzy, aýratyn hem, ýaşlarymyzy bir maksadyň daşyna jebisleşdirýär. 

Watanymyzyň berkararlygy, döwletimiziň mizemezligi, halkymyzyň röwşen geljegi, abadançylygy, asudalygy, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, 

medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky

 komitetiniň başlygy

06.12.2024 Giňişleýin

ULGAMYŇ ÖSÜŞLI MENZILLERI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köp taraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalara, öňde baryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa », «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «2021-2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» ýaly maksatnamalardyr strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur işler amala aşyrylýar. 

Iri halkara guramalar hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we dürli keselleri bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa raýatlaryň saglygyny berkitmäge we ömrüni uzaltmaga, howply ýokanç keselleriň birnäçesini doly aradan aýyrmaga şert döredýär. 

Ynsan saglygy ýurduň baýlygyna deňelýän berkarar döwletimizde milli saglygy goraýyş ulgamyny galkyndyrmak babatynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Arazmyrat HANGELDIÝEW, 

Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we 

keselleriň ýaýramagyna garşy 

göreşmek gullugynyň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

05.12.2024 Giňişleýin

GELJEK ÝYLYŇ DÖWLET BÝUJETI: OÝLANYŞYKLY ÇÖZGÜTLER, MÖHÜM WEZIPELER

 

30-­njy no­ýab­rda Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siniň VII ça­gy­ry­ly­şy­nyň ýe­din­ji mas­la­ha­tyn­da de­pu­tat­lar ýur­du­my­zyň esa­sy ma­li­ýe res­mina­ma­sy bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň 2025-­nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­lahat­laş­dy­lar hem­-de bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu mö­hüm res­mi­nama gol çek­di. Hal­ky­my­zyň ­aba­dan,­ bo­l e­lin ­dur­muş­da­ ýaşamagy,­ iş­le­me­gi,­ dynç­ al­ma­gy­ üçin­ amatly­ şert­le­ri­ dö­ret­mek­de­ wa­jyp­ orun­ eýe­le­ýän,­ döw­le­ti­mi­ziň ­mö­hüm­ we­zi­pe­le­ri­ni ­ber­jaý­ et­megi­ň ­gu­ra­ly­ bo­lan­ Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-­nji­ ýyl üçin ­Döw­let ­býu­je­ti ­ha­kyn­da­ Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­de­pu­tat­la­ry ­bi­len­ taý­ýar­lan ­söh­betdeş­li­gi­mi­zi­ oky­jy­la­ra ­ýe­tir­ýä­ris.

 —­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-­nji­ ýyl­ üçin Döw­let­ býu­je­ti ­ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň­ Ka­nu­ny­nyň­ Hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk we­ yna­nyş­mak­ ýylyn­da­ hem ­dün­ýä­niň dost ­do­gan­lyk,­ yla­laş­dy­ry­jy­lyk ­mer­kezi­ bo­lan­ paý­tag­ty­my­zy­ ös­dür­mek­dä­ki or­nu­na,­ Aş­ga­bat­ şä­he­ri­niň­ býu­je­ti­ne syn ber­se­ňiz! 

Sa­par­my­rat­ OW­GA­NOW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­­ deputaty, Türk­me­nis­ta­nyň­­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çi­ler­­ par­ti­ýa­sy­nyň­ Mer­ke­zi­­ geňe­şi­niň ­baş­ly­gy­­ (Aş­ga­bat ­şä­he­rinden): 

— Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde düýpli ösüşler gazanylýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijilerini ýerine ýetirmek boýunça işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda geljek ýylda hem paýtagtymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäheriniň býujeti 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan syýasy, ykdysady, medeni çärelerden, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanyldy. Aşgabady has-da ösdürmek boýunça ýylyň-ýylyna giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylda 5000 orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Stomatologiýa merkeziniň, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barlar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler 2025-nji ýylda hem göz öňünde tutulan. Paýtagtymyzda ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak, şeýle hem Aşgabat şäherini özgertmek boýunça beýleki desgalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýyl üçin býujeti 2 739,6 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12% ýokarydyr. Çykdajylaryň 84,1%-i jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilendir, şol sanda 47,9%-ni bilime, 8,7%-ni saglygy goraýşa, 1,7%-ni medeniýete, 41,5%-ni ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdirmek meýilleşdirilen. 2025-nji ýyl üçin Aşgabat şäheriniň býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugruny görkezýär we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkitmäge mümkinçilik berer. 

—­ «Ar­ka­dag­ şä­he­ri­ni­ 2024­-2052­-nji ýyl­lar­da­ ös­dür­me­giň­ Konsepsi­ýa­synyň»­ tas­syk­lan­ma­gy ­döw­let­ äh­mi­ýet­li şä­he­riň­ äh­li­ ulgamla­ry­ny­ saz­la­şyk­ly we­ dur­nuk­ly­ ös­dür­mek,­ ila­tyň­ ýa­şama­gy­na,­ zähmet­ çek­me­gi­ne,­ dynç­ alma­gy­na­ gö­nük­di­ri­len ­amat­lyk­la­ry­ yzygi­der­li­ üp­jün­ et­mek­ bo­ýun­ça­ mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ öň­de­ goý­ýar.­ Şu­lar­ bi­len baglylyk­da,­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ gel­jek ýyl ­üçin ­býu­je­tin­de­n nä­hi­li­ özgertme­ler göz ­öňün­de ­tu­tul­ýar? 

Aý­sol­tan­ ŞA­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ deputa­ty­­ (Ar­ka­dag ­şä­he­rinden): 

— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalaryndan kemala gelen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri sanly, «ýaşyl» tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde dowam etdirilýär. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanylanda, bu işleri 2026-njy ýylda dowam etdirmek we öz wagtynda tamamlamak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda umumy bilim berýän orta mekdepleriň 5-siniň, çagalar baglarynyň 9-synyň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň, häkimligiň edara binasynyň, «Saglyk» seýilgähiniň, 2 gatly, 5 gatly, 7 gatly, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 182-siniň, agyz suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň, sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygy we beýlekiler amala aşyrylar. Täze önümçilik kärhanalary hem peýda bolar. Geljek ýylda Arkadag şäherinde bellenilen taslamalary, şeýle hem «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Arkadag şäheriniň býujeti 283,2 mln. manat möçberinde meýilleşdirilen. Şäheriň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 94,7%-ni durmuş-medeni ulgamy maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol serişdeleriň 30,8%-i bilimi, 45,2%-i saglygy goraýşy, 8,8%-i medeniýet ulgamlaryny, 14,9%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Býujetde şäheriň durmuş-ykdysady wezipelerini durmuşa geçirmäge zerur bolan serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

—­ Hor­mat­ly­ de­pu­tat­lar,­ döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ ýyl ­üçin ­esa­sy ­ma­li­ýe res­mi­nama­syn­da­ se­bit­ sy­ýa­sa­ty­na­ nä­hi­li­ üns ber­len­di­gi,­ ýur­du­my­zyň­ sena­gat­ we oba­ ho­ja­lyk ­ba­bat­da ösen­ se­bit­le­ri­niň bi­ri­ bo­lan­ Ahal­ welaýa­ty­nyň­ býu­je­ti ­hakyn­da ­söh­be­ti­mi­zi ­do­wam ­et­di­räý­sek! 

Ma­ýa ­HO­JY­ÝE­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty­­ (Ahal­ we­la­ýa­tyndan): 

— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy hakynda, ýagny «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we onda sebit syýasatyna aýratyn üns berilmegi guwandyryjydyr. Ahal welaýaty ýurdumyzyň senagat we oba hojalyk babatda ösen sebitleriniň biri bolup, welaýatyň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, işçi güýjüniň mümkinçilikleri sebitde ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Sebitiň senagatynyň esasyny gaz, elektroenergetika, himiýa, ýeňil senagat, gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalar emele getirýär. Geljek ýylda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşlerini we sanawyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylda Ahal welaýatynda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilen. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy bar. Welaýatyň önümçilik kuwwatlylygyny ösdürmek maksady bilen, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň düzüminde karbamidli-formaldegid konsentratyny öndürýän desgany gurmak, Ak bugdaý etrabynda 11 gektar meýdanda Köpugurly dokma fabrigini gurmak, Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany we bakja ekinleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Ahal welaýatynyň býujeti 1 828,6 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,2% ýokarydyr. Çykdajylaryň 88,6%-ni durmuş-medeni ulgamlary maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol serişdeleriň 68,9%-ni bilimi, 16,9%-ni saglygy goraýşy, 2,3%-ni medeniýeti, şeýle hem 11,7%-ni ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda welaýatda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

—­ Bal­kan­ we­la­ýa­ty­nyň­ 2025-­nji­ ýyl üçin­ býu­je­ti­niň­ gör­ke­zi­ji­le­ri,­ dur­muş yk­dy­sa­dy­ ug­ra­ gö­nük­di­ri­len­ se­riş­de­leri ­ha­kyn­da­ aý­daý­sa­ňyz! 

We­zir­gel­di­ AŞY­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty­­ (Balkan­ we­la­ýa­tyndan): 

— Balkan welaýaty ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýän sebitleriň biri bolmagynda galýar. Welaýatda ýangyç, energetika, himiýa toplumlarynyň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçiliginiň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde we netijeli peýdalanmakda Balkan welaýatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Welaýatda durmuş ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylda durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylda Balkan welaýatynda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär. Balkan welaýaty boýunça maýa goýum taslamasyny ýerine ýetirmegiň çäginde durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda hassahanalaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriň we medeniýet öýüniň gurluşyklary bar. Şeýle-de, Balkanabat şäherindäki Jebel menzilinde täze döwrebap binalary gurmak, kuwwatlylygy 1574 MWt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar sorujy bekediniň, deňiz suwuny süýjediji desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň, «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» döwrebap awtomobil ýolunyň, suw we lagym geçirijileriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulan. Balkan welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 1 657,4 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 7,7% ýokarydyr. Çykdajylaryň 87,8%-niň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu çykdajylaryň 54,1%-i bilime, 17,2%-i saglygy goraýşa, 2,7%-i medeniýete, 25,6%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 2025-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ugra gönükdirilendigini we munuň üçin zerur bolan serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. 

—­ Da­şo­guz­ we­la­ýa­ty­nyň­ gel­jek­ ýyl üçin­ býu­je­ti­ nä­hi­li­ meýilleşdirilen,­ sebi­ti­ dur­muş­-yk­dy­sa­dy­ taý­dan­ ös­dürmek­de­ nä­hi­li­ taslama­lar­ dur­mu­şa­ geçi­ri­ler? 

Ýa­kup­ ATA­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty­­ (Daşoguz­ we­la­ýa­tyndan): 

— Daşoguz welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat hem-de oba hojalyk pudaklary düzýär. Welaýatyň oba hojalygynda pagtaçylyk we däneçilik ileri tutulýan ugurlardyr. Welaýatyň agrosenagat toplumynda, şol sanda ekerançylykda, maldarçylykda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Daşoguz welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy sebiti mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Geljek ýylda welaýatda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilen. Welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň içinde saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, suw we lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklary bar. Geljek ýylda welaýatda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam etdiriler. Aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin welaýatyň çäginde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin serişdeler hem Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan. Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda iri dokma toplumynyň, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç etrabyndaky haly önümhanasynyň gurluşygy, Şasenem akabasynyň durkuny täzelemek hem-de umumy göwrümi 90 mln.m3 bolan suw howdanyny gurmak, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini bina etmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 780,2 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12,2% ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 91,5%-i durmuş-medeni maksatly ulgamy maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Çykdajylaryň bu möçberinden 69,7%-i bili me, 17,7%-i saglygy goraýşa, 2%-i medeniýete we 10,3%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

—­Le­bap­ we­la­ýa­ty­nyň­ 2025-­nji­ ýyl­ üçin býu­je­ti­niň­ gör­ke­zi­ji­le­ri, gün­do­gar­ se­bitiň ­uly­ yk­dy­sa­dy­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ­laýyk­lyk­da meýilleşdi­ri­len ­iş­ler ­ha­kyn­da gür­rüň ­be­räý­se­ňiz!­ 

Aman­gel­di­ HEZ­ZI­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty­­ (Lebap­ we­la­ýa­tyndan):

 — Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň bolmagy onuň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine giň ýol açýar. Sebitiň gaz, nebit, energetika, himiýa senagatlary, oba hojalygy düýpli özgerýär. Ýangyç-energetika pudagy welaýatyň senagatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 2025-nji ýylda Lebap welaýatynda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklary amala aşyrylar. Hassahana gurmak, durkuny täzelemek, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň we medeniýet öýüniň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Döwlet býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin welaýatyň çäginde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutuldy. Welaýatyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak üçin senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda Köýtendag nebit kärhanasynyň durkuny täzelemek we ony giňeltmek, Lebap Döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň II nobatdakysynyň hem-de täze suw ýatagynyň gurluşygy, Saýat etrabynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen suwaryş, zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Lebap welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 3 084,3 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,9% ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 92,2%-ni durmuş ulgamlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol çykdajylaryň 69,5%-i bilime, 18,4%-i saglygy goraýşa, 2,3%-i medeniýete, 9,5%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

—­ Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-nji­ ýyl­ üçin Döw­let­ býu­je­ti­niň­ Ma­ry­ wela­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň­ mun­dan­ beý­läk­ hem dur­nuk­ly­ ös­me­gi­ne­ ýar­dam­ et­jek,­ il-ýurt­ bäh­bit­li ­iri ­tas­la­ma­la­ry ­ma­li­ýe­leşdir­jek­ se­riş­de­le­ri ha­kyn­da ­pi­kir­le­ri­ňi­zi paý­laşaý­sa­ňyz! 

Şi­rin­ BAÝ­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ deputaty­­ (Ma­ry ­we­la­ýa­tyndan): 

— Mary welaýaty Türkmenistanyň tebigy baýlyklara baý senagat agrar sebiti bolmak bilen, elektroenergetika, gaz, himiýa, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary onuň ykdysadyýetiniň esasy bölegini düzýär. 2025-nji ýylda Mary welaýatyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw hem-de lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklary bar. 2025-nji ýylda welaýatyň çäginde birnäçe iri möçberli taslamalar boýunça düýpli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaryny özleşdirmek, Baýramaly şäherindäki menzilde täze döwrebap binalary, Mary — Maşat aralygynda güýjenmesi 500 — 400 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy we bekedi, Mary şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki birnäçe gurluşyklar dowam etdiriler. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklary bilen bir hatarda aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyz üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler bölünip berilýär. Mary welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 2 933,7 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12% ýokarydyr. Çykdajylaryň 91,9%-i durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge, şol sanda 65,3%-i bilime, 19,1%-i saglygy goraýşa, 2,8%-i medeniýete, 12,4%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýan şeýle giň gerimli ösüş-özgertmeleriň başynda duran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

—­ Hor­mat­ly­ de­pu­tat­lar,­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti re­je­le­me­giň­ mö­hüm­ döw­let­ gu­ra­ly­ —­ Türk­me­nis­ta­nyň ­2025­-nji­ ýyl­ üçin­ Döwlet­ býu­je­ti­ ha­kyn­da­ beren­ gi­ňiş­le­ýin we­ gy­zyk­ly ­gür­rüň­le­ri­ňiz ­üçin ­köp ­sag bo­luň!­ Ýurdumy­zyň­ hu­kuk­ bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek,­ mil­li­ ka­nun­çy­lyk ­ul­ga­my­ny döw­rüň­ ta­lap­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da­ yzy­gider­li­ kä­mil­leş­dir­mek,­ döw­let­ syýasaty­ny­ we­ mak­sat­na­ma­la­ýyn­ öz­gert­mele­riň­ äh­mi­ýe­ti­ni­ giň­den­ wagyz­ et­mek,­ ka­bul­ edi­len ­ka­nun­la­ryň ­ma­ny­ maz­muny­ny­ halk­ köpçüligi­ne­ dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça­ iş­le­ri­ňiz­de­ gel­jek­de­ hem­ uly üstünlikle­ri ­ar­zuw­ ed­ýä­ris.

04.12.2024 Giňişleýin

GELJEK ÝYLYŇ DÖWLET BÝUJETI: OÝLANYŞYKLY ÇÖZGÜTLER, MÖHÜM WEZIPELER

 

30-­njy no­ýab­rda Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siniň VII çagyrylyşynyň ýe­din­ji mas­la­ha­tyn­da de­pu­tat­lar ýur­du­my­zyň esa­sy ma­li­ýe res­mina­ma­sy bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň 2025-­nji ýyl üçin Döwlet býu­je­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­lahat­laş­dy­lar hem­-de bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di­ler. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu mö­hüm res­mi­nama gol çek­di. Halkymyzyň ­aba­dan,­ bo­l e­lin ­dur­muş­da­ ýaşamagy,­ iş­le­me­gi,­ dynç­ al­ma­gy­ üçin­ amatly­ şert­le­ri­ dö­ret­mek­de­ wa­jyp­ orun­ eýe­le­ýän,­ döwle­ti­mi­ziň ­mö­hüm­ we­zi­pe­le­ri­ni ­ber­jaý­ et­megi­ň ­gu­ra­ly­ bo­lan­ Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-­nji­ ýyl üçin ­Döw­let ­býu­je­ti ­ha­kyn­da­ Türkmenis­ta­nyň Mej­li­si­niň ­de­pu­tat­la­ry ­bi­len­ taý­ýar­lan söhbetdeşligi­mi­zi­ oky­jy­la­ra ­ýe­tir­ýä­ris.

 —­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-­nji­ ýyl­ üçin Döw­let­ býu­je­ti hakynda» Türk­me­nis­tanyň­ Ka­nu­ny­nyň­ Hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk we­ yna­nyş­mak­ ýylyn­da­ hem ­dün­ýä­niň dost ­do­gan­lyk,­ yla­laş­dy­ry­jy­lyk mer­kezi­ bo­lan­ paý­tag­ty­my­zy­ ös­dür­mek­dä­ki or­nu­na,­ Aş­ga­bat­ şäheri­niň­ býu­je­ti­ne syn ber­se­ňiz! 

Sa­par­my­rat­ OW­GA­NOW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­­ deputaty, Türk­me­nis­ta­nyň­­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çi­ler­­ par­ti­ýa­sy­nyň­ Mer­ke­zi­­ geňe­şi­niň ­baş­ly­gy­­ (Aş­ga­bat ­şä­he­rinden):

— Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde düýpli ösüşler gazanylýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijilerini ýerine ýetirmek boýunça işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar. 

«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda geljek ýylda hem paýtagtymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäheriniň býujeti 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan syýasy, ykdysady, medeni çärelerden, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanyldy. Aşgabady has-da ösdürmek boýunça ýylyň-ýylyna giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. 

Geljek ýylda 5000 orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Stomatologiýa merkeziniň, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barlar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler 2025-nji ýylda hem göz öňünde tutulan. Paýtagtymyzda ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak, şeýle hem Aşgabat şäherini özgertmek boýunça beýleki desgalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. 

Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýyl üçin býujeti 2 739,6 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12% ýokarydyr. Çykdajylaryň 84,1%-i jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilendir, şol sanda 47,9%-ni bilime, 8,7%-ni saglygy goraýşa, 1,7%-ni medeniýete, 41,5%-ni ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdirmek meýilleşdirilen. 

2025-nji ýyl üçin Aşgabat şäheriniň býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugruny görkezýär we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkitmäge mümkinçilik berer. 

—­ «Ar­ka­dag­ şä­he­ri­ni­ 2024­-2052­-nji ýyl­lar­da­ ös­dür­me­giň­ Konsepsi­ýa­synyň»­ tas­syk­lan­ma­gy ­döw­let­ äh­mi­ýet­li şä­he­riň­ äh­li­ ulgamla­ry­ny­ saz­la­şyk­ly we­ dur­nuk­ly­ ös­dür­mek,­ ila­tyň­ ýa­şama­gy­na,­ zähmet­ çek­me­gi­ne,­ dynç­ alma­gy­na­ gö­nük­di­ri­len ­amat­lyk­la­ry­ yzygider­li­ üp­jün­ et­mek­ bo­ýun­ça­ mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ öň­de­ goý­ýar.­ Şu­lar­ bi­len baglylyk­da,­ Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ gel­jek ýyl ­üçin býujetinde­n nä­hi­li­ özgertme­ler göz ­öňün­de ­tu­tul­ýar? 

Aý­sol­tan­ ŞA­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ deputa­ty­­ (Ar­ka­dag ­şä­he­rinden): 

— Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalaryndan kemala gelen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri sanly, «ýaşyl» tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan «akylly» şäheriň nusgasydyr. 

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde dowam etdirilýär. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanylanda, bu işleri 2026-njy ýylda dowam etdirmek we öz wagtynda tamamlamak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda umumy bilim berýän orta mekdepleriň 5-siniň, çagalar baglarynyň 9-synyň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň, häkimligiň edara binasynyň, «Saglyk» seýilgähiniň, 2 gatly, 5 gatly, 7 gatly, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 182-siniň, agyz suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, awtomobil ýollarynyň, sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygy we beýlekiler amala aşyrylar. Täze önümçilik kärhanalary hem peýda bolar. 

Geljek ýylda Arkadag şäherinde bellenilen taslamalary, şeýle hem «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyl üçin Arkadag şäheriniň býujeti 283,2 mln. manat möçberinde meýilleşdirilen. Şäheriň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 94,7%-ni durmuş-medeni ulgamy maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol serişdeleriň 30,8%-i bilimi, 45,2%-i saglygy goraýşy, 8,8%-i medeniýet ulgamlaryny, 14,9%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Býujetde şäheriň durmuş-ykdysady wezipelerini durmuşa geçirmäge zerur bolan serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

—­ Hor­mat­ly­ de­pu­tat­lar,­ döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ ýyl ­üçin ­esa­sy mali­ýe res­mi­nama­syn­da­ se­bit­ sy­ýa­sa­ty­na­ nä­hi­li­ üns ber­len­di­gi,­ ýurdu­my­zyň­ sena­gat­ we oba­ ho­ja­lyk ­ba­bat­da ösen­ se­bit­le­ri­niň bi­ri­ bo­lan­ Ahal­ welaýa­ty­nyň­ býu­je­ti ­hakyn­da ­söh­be­ti­mi­zi ­do­wam etdiräý­sek! 

Ma­ýa ­HO­JY­ÝE­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty­­ (Ahal­ we­la­ýa­tyndan): 

— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy hakynda, ýagny «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we onda sebit syýasatyna aýratyn üns berilmegi guwandyryjydyr. 

Ahal welaýaty ýurdumyzyň senagat we oba hojalyk babatda ösen sebitleriniň biri bolup, welaýatyň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary, işçi güýjüniň mümkinçilikleri sebitde ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Sebitiň senagatynyň esasyny gaz, elektroenergetika, himiýa, ýeňil senagat, gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalar emele getirýär. Geljek ýylda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşlerini we sanawyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. 

2025-nji ýylda Ahal welaýatynda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilen. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy bar. 

Welaýatyň önümçilik kuwwatlylygyny ösdürmek maksady bilen, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň düzüminde karbamidli-formaldegid konsentratyny öndürýän desgany gurmak, Ak bugdaý etrabynda 11 gektar meýdanda Köpugurly dokma fabrigini gurmak, Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany we bakja ekinleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 

2025-nji ýyl üçin Ahal welaýatynyň býujeti 1 828,6 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,2% ýokarydyr. Çykdajylaryň 88,6%-ni durmuş-medeni ulgamlary maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol serişdeleriň 68,9%-ni bilimi, 16,9%-ni saglygy goraýşy, 2,3%-ni medeniýeti, şeýle hem 11,7%-ni ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar. 

Döwlet syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda welaýatda ýaşaýyş jaýyna aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

—­ Bal­kan­ we­la­ýa­ty­nyň­ 2025-­nji­ ýyl üçin­ býu­je­ti­niň­ görkezijile­ri,­ dur­muş yk­dy­sa­dy­ ug­ra­ gö­nük­di­ri­len­ se­riş­de­leri hakyn­da­ aý­daý­sa­ňyz! 

We­zir­gel­di­ AŞY­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty­­ (Balkan­ we­la­ýa­tyndan): 

— Balkan welaýaty ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýän sebitleriň biri bolmagynda galýar. Welaýatda ýangyç, energetika, himiýa toplumlarynyň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçiliginiň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde we netijeli peýdalanmakda Balkan welaýatynda giň mümkinçilikler döredilýär. 

Welaýatda durmuş ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylda durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. 

2025-nji ýylda Balkan welaýatynda uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär. Balkan welaýaty boýunça maýa goýum taslamasyny ýerine ýetirmegiň çäginde durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda hassahanalaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriň we medeniýet öýüniň gurluşyklary bar. 

Şeýle-de, Balkanabat şäherindäki Jebel menzilinde täze döwrebap binalary gurmak, kuwwatlylygy 1574 MWt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar sorujy bekediniň, deňiz suwuny süýjediji desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menziliniň, «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» döwrebap awtomobil ýolunyň, suw we lagym geçirijileriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 

2025-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutulan. 

Balkan welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 1 657,4 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 7,7% ýokarydyr. Çykdajylaryň 87,8%-niň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu çykdajylaryň 54,1%-i bilime, 17,2%-i saglygy goraýşa, 2,7%-i medeniýete, 25,6%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

2025-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujetiniň görkezijileri onuň durmuş-ykdysady ugra gönükdirilendigini we munuň üçin zerur bolan serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. 

—­ Da­şo­guz­ we­la­ýa­ty­nyň­ gel­jek­ ýyl üçin­ býu­je­ti­ nä­hi­li­ meýilleşdirilen,­ sebi­ti­ dur­muş­-yk­dy­sa­dy­ taý­dan­ ös­dürmek­de­ nä­hi­li­ taslama­lar­ dur­mu­şa­ geçi­ri­ler? 

Ýa­kup­ ATA­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty­­ (Daşoguz­ we­la­ýa­tyndan): 

— Daşoguz welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat hem-de oba hojalyk pudaklary düzýär. Welaýatyň oba hojalygynda pagtaçylyk we däneçilik ileri tutulýan ugurlardyr. Welaýatyň agrosenagat toplumynda, şol sanda ekerançylykda, maldarçylykda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. 

Daşoguz welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy sebiti mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Geljek ýylda welaýatda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilen. 

Welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň içinde saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, suw we lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklary bar.

Geljek ýylda welaýatda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam etdiriler. Aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin welaýatyň çäginde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin serişdeler hem Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan. 

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda iri dokma toplumynyň, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç etrabyndaky haly önümhanasynyň gurluşygy, Şasenem akabasynyň durkuny täzelemek hem-de umumy göwrümi 90 mln.m3 bolan suw howdanyny gurmak, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini bina etmek göz öňünde tutulýar. 

2025-nji ýyl üçin Daşoguz welaýatynyň býujeti 2 780,2 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12,2% ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 91,5%-i durmuş-medeni maksatly ulgamy maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Çykdajylaryň bu möçberinden 69,7%-i bili me, 17,7%-i saglygy goraýşa, 2%-i medeniýete we 10,3%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

— ­Le­bap­ we­la­ýa­ty­nyň­ 2025-­nji­ ýyl­ üçin býu­je­ti­niň­ görkezijileri, gün­do­gar­ se­bitiň ­uly­ yk­dy­sa­dy­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ne laýyk­lyk­da meýilleşdi­ri­len ­iş­ler ­ha­kyn­da gür­rüň ­be­räý­se­ňiz!­ 

Aman­gel­di­ HEZ­ZI­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty­­ (Lebap­ we­la­ýa­tyndan):

 — Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň bolmagy onuň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine giň ýol açýar. Sebitiň gaz, nebit, energetika, himiýa senagatlary, oba hojalygy düýpli özgerýär. Ýangyç-energetika pudagy welaýatyň senagatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

2025-nji ýylda Lebap welaýatynda uly möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklary amala aşyrylar. Hassahana gurmak, durkuny täzelemek, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň we medeniýet öýüniň gurluşyklaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Döwlet býujetinde aýratyn mätäçlik çekýän raýatlarymyz üçin welaýatyň çäginde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin serişdeler hem göz öňünde tutuldy. 

Welaýatyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak üçin senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda Köýtendag nebit kärhanasynyň durkuny täzelemek we ony giňeltmek, Lebap Döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň II nobatdakysynyň hem-de täze suw ýatagynyň gurluşygy, Saýat etrabynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen suwaryş, zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasyny gurmak göz öňünde tutulýar. 

Lebap welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 3 084,3 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 10,9% ýokarydyr. Welaýatyň býujetiniň girdejileri doly geçirilýän salgytlaryň we tölegleriň, şeýle hem merkezleşdirilen býujete doly gelip gowuşýan umumy döwlet salgytlaryndan ýerli býujetlere geçirimleriň hasabyna emele getiriler. Çykdajylaryň 92,2%-ni durmuş ulgamlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilen. Şol çykdajylaryň 69,5%-i bilime, 18,4%-i saglygy goraýşa, 2,3%-i medeniýete, 9,5%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

—­ Türk­me­nis­ta­nyň­ 2025-nji­ ýyl­ üçin Döw­let­ býu­je­ti­niň­ Ma­ry­ wela­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň­ mun­dan­ beý­läk­ hem dur­nuk­ly­ ösmegi­ne­ ýar­dam­ et­jek,­ il-ýurt­ bäh­bit­li ­iri ­tas­la­ma­la­ry maliýeleşdirjek­ se­riş­de­le­ri ha­kyn­da ­pi­kir­le­ri­ňi­zi paý­laşaý­sa­ňyz! 

Şi­rin­ BAÝ­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ deputaty­­ (Ma­ry ­we­la­ýa­tyndan): 

— Mary welaýaty Türkmenistanyň tebigy baýlyklara baý senagat agrar sebiti bolmak bilen, elektroenergetika, gaz, himiýa, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary onuň ykdysadyýetiniň esasy bölegini düzýär. 

2025-nji ýylda Mary welaýatyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek ýylda welaýatyň çäginde birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary amala aşyrylar. Olaryň hatarynda hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw hem-de lagym geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklary bar. 

2025-nji ýylda welaýatyň çäginde birnäçe iri möçberli taslamalar boýunça düýpli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaryny özleşdirmek, Baýramaly şäherindäki menzilde täze döwrebap binalary, Mary — Maşat aralygynda güýjenmesi 500 — 400 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy we bekedi, Mary şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki birnäçe gurluşyklar dowam etdiriler. Geljek ýylda welaýatyň çäginde durmuş maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşyklary bilen bir hatarda aýratyn mätäçligi bolan raýatlarymyz üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler bölünip berilýär. 

Mary welaýatynyň 2025-nji ýyl üçin býujeti 2 933,7 mln. manat möçberinde meýilleşdirilip, bu görkeziji, 2024-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasy bilen deňeşdirilende, 12% ýokarydyr. Çykdajylaryň 91,9%-i durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge, şol sanda 65,3%-i bilime, 19,1%-i saglygy goraýşa, 2,8%-i medeniýete, 12,4%-i ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdiriler. 

Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýan şeýle giň gerimli ösüş-özgertmeleriň başynda duran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

—­ Hor­mat­ly­ de­pu­tat­lar,­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti re­je­le­me­giň­ mö­hüm­ döw­let­ gu­ra­ly­ —­ Türk­me­nis­ta­nyň ­2025­-nji­ ýyl­ üçin­ Döwlet­ býu­je­ti­ ha­kyn­da­ beren­ gi­ňiş­le­ýin we­ gy­zyk­ly ­gür­rüň­le­ri­ňiz ­üçin ­köp ­sag boluň!­ Ýurdumy­zyň­ hu­kuk­ bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek,­ mil­li­ ka­nun­çy­lyk ­ul­ga­my­ny döw­rüň­ ta­lap­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da­ yzy­gider­li­ kämilleşdirmek,­ döw­let­ syýasaty­ny­ we­ mak­sat­na­ma­la­ýyn­ özgertmele­riň­ äh­mi­ýe­ti­ni­ giň­den­ wagyz­ et­mek,­ ka­bul­ edi­len kanunla­ryň ­ma­ny­ maz­muny­ny­ halk­ köpçüligi­ne­ dü­şün­dir­mek boýun­ça­ iş­le­ri­ňiz­de­ gel­jek­de­ hem­ uly üstünlikle­ri ­ar­zuw­ ed­ýä­ris.

04.12.2024 Giňişleýin
1 ... 18 19 20 21 22 ... 81